17:12
Atatürk we Kuran
ATATÜRK WE KURAN

Göýä Çanakkale söweşi bolmadyk ýaly, Stambul basylyp alynmadyk ýaly, grek ordalary Anadolynyñ ortasyna çenli gelmedik ýaly, Atatürk ur-tut Osmanly soltanlygyny agdaryp, öz prinsiplerini girizen deý ony garalaýarlar...
Bu barypýatan naýynsaplyk. Çünki beýik öñbaşçymyz Atatürk Çanakkale söweşinde osmanly ofiseridi. Haçan-da yzly-yzyna gelen masgaraçylykly agyr ýeñlişler we elden giderilen ýerleriñ ýitgisi adamlaryñ umydyny Osmanlydan ymykly üzdi, hut şol wagtam Atatürk gaýduwsyzlyk bilen öñe düşüp, wepaly egindeşleri bilen bilelikde mähriban watany halas edip, respublikany yglan etdi we “türk rewolýusiýalary” diýip taryha giren sosial özgerişleri durmuşa geçirdi.

★★★

Söýgüli okyjylarym!
Ýokarky okan setirleriñiz size öñdenem mälim taryhy hakykatlaryñ beýanyndan ybarat sözler.
Mundan aşakkylar bolsa Atatürke duşmançylyk besleýän sferada ýetişendigine garamazdan, Kurany okadygydaýyn, Atatürke doly we dogry düşünip, oña sylag-sarpasy artmaga başlan suratkeş Mustapa Günene degişli...
Onuñ pikiriçe "Atatürk atatürkçüligi-de, kemalizmi-de öñden meýilleşdirip ýola goýmady. Galyberse-de, bugün adyna kemalizm diýilýän respublikaçylyk, milliýetçilik (nasioalistlik), halkçylyk, döwletçilik, dünýewilik we ynkylapçylyk (rewolýusionerlik) ýaly konsepsiýalar Atatürküñ taryhda ilkinji gezek oýlap tapyp, güýje girizen maddalary-da däl. Bular - adam bilen baglanyşykly ylmy netijeler... Atatürkden öñem bar bolan, bugünki günem birnäçe ýurtda döwletleriñ eýerýän konsepsiýalary... Adam ösüşoniñ tebigy netijesini emele getirýän we jemgyýetçilik durmuşynyñ sowlup geçip bolmajak gymmatlyklary... Onuñ tebigy sazlaşygy...
Şonuñ üçinem Atatürküñ ýörelgeleri haýsydyr bir partiýanyñ içerki tertip-düzgünine ýa-da haýsydyr bir ideologiýanyñ nukdaýnazaryna düşürip seljerip bolmaz, olara ýöne bir “kemalist prinsipler” diýip geçip bilmersiñiz.
Hatda Atatürküñ durmuşa geçiren bu maddalaryny tebigatyñ kanunlaryna meñzetsegem ýalñyş bolmaz…”
Mustapa Günen sözüni Kuran bilen baglanyşdyryp, şeýle diýýär:
“Atatürküñ ýeke-täk we kesgitli prinsipi bardy: añ-düşünjäni, ynanjy we eden her bir işini akyl-paýhasa we bilime esaslandyrmak, hereketlerini wyždany gözden salmazdan etmek.
Atatürkçi bolmak - Atatürk ýaly hereket etmekdir.
Galyberse-de, akyl-paýhas we ylym bilen hereket etmek, şol bir wagtyñ özünde Kuranyñam iñ birinji prinsipidir.
Atatürküñ din boýunça eden ähli üýtgeşmeleri Kuranyñ prinsiplerine bire-bir gabat gelýär...
Mysal üçin, oña garşy çykýan gatlaklaryñ köp tankyt edýän temalary bolan elipbiý çalşygynyñ üstünde durup geçeliñ.
Mälim bolşy ýaly, Kuran - imandan öñ “Oka!” diýip başlaýar. Ýüzlerçe aýatda akyl-paýhasyñy ulanmagy, ylym-bilim öwrenmegi emir edýär, hökmany şert edip goýýar. Eger musulmanlar Kuranyñ bu ündewine aýdylyşy ýaly eýeren bolsadylar, onda bugün bütindünýä ylmy dil iñlis dili däl-de, arap dili bolardy we bütin dünýä arap dilini öwrenmäge jan ederdi. Netijede Atatürkem asla elipbiý çalşygyny geçirmäge mejbur bolmazdy! Çünki, akyl muny talap edýär. Kurana görä bular älemiñ ýaradyjysynyñ goýan kanunlarynyñ netijesidir. "Ýunus" süresiniñ 100-nji aýatynda "Allatagala aklyny ulanmaýanlaryñ üstüne ýaramazlyk ýagdyrar" diýlende, bu aýat musulmanlary, Kurana ynanýanlary bu beladan aman saklajagyna kepillik berýärmi, ýa bolmasa "ynanýanlar muña degişli däldir" diýen aýat ýok.
Gynansak-da, dürli hatalar zerarly yslam dünýäsi Kuranyñ aýdýan bu hakykatyny görüp bilenok ("Furkan" süresiniñ 30-njy aýatyna seret.) Şonuñ üçinem sosial durmuşyñ we ynanç bilen baglanyşykly ösüşiñ öñi petiklenipdir. Ine, Kurany doly we dogry bilýän hem düşünýän Atatürk Allatagalanyñ ýola goýan tebigat kanunlarynyñ talabyna laýyklykda dindäki bu petiklenmeleriñ öñüni açdy. Bolany!
Ine, şu hakykatlar sebäpli Atatürküñ bitiren işlerine ewolýusion göreşler diýio baha berdim. Sözlerimi "tebigy kanunlar" diýip atlandyrdygym Atatürküñ prinsipleri üçin ýygy-ýygydan ulanan meñzetmäm bilen jemläýin:
Hiç kim aladalanmasyn! Tebigatyñ sazlaşygy, ýagny ylmy ady bilen ewolýusiýanyñ öñüne böwet bolmak mümkin däl. Ewolýusiýa käte haýallaýar, hatda käte togtaýar we garaşdyrybam bilýär. Ýöne hiç haçan yzyna gaýtmaýar!..”

Ugur DÜNDAR.

"SÖZCÜ" gazeti, 11.11.2020 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 66 | Добавил: Gökböri | Теги: Ugur Dündar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Muny Azerbaýjanyñ prezidenti Ebulfeýz Elçibeýiñ Atatürküñ mawzoleýindäki ýadygärlik kitabynda "Men Atatürküñ esgeri!" diýip buysanç b.n ýazgy galdyryşy ýaly, Beýik Serdarymyz hem birnäçe gezek nygtapdy...

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Merhum prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyñ binýadyny goýan agzybir, asuda, jebis garaşsyz watanymyzyñ, dünýewi we demokratik döwletimiziñ syýasy ugry Atatürküñ saýlap alan ýolundan, kemalizmden birjigem aýry däl.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden..."

Musulmanlar aklyny işledip bilýän bolsa bir-birlerini küffarlykda aýyplap, ejize ganymlyk edermidiler, bir-biriniñ ganyny dökermidiler... ýa-da bir milleti, bir ýurdy basybalylardan halas edip zamanabap döwleti guran beýik lideri dinsizlikde aýyplarmydylar.... şeýtanyñ oýnawaçlary diýerler bulara. "Atatürk osmanlyny ýykmadyk bolsa, halyflygy ýatyrmadyk bolsa... bumat biz eyle bolardyk, beyle bolardyk..." ýa-da döwrüñ nogsanlyklaryny öz nebisleriniñ ejizilklerinden görmän onuñ dini döwlet gurmadygyndan görýän nadanlar bizde-de az däl...

0
1 Gökböri   [Mowzuga geç]
*söweşi

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: