17:01
"Olar şaýy, biz - sünni"
"OLAR ŞAÝY, BIZ - SÜNNI"

SSSR-iñ dargap barýan wagtydy...
Ermeniler bilen azeri türkleriñ arasynda ganly garpyşma başlady.
1990-njy ýylyñ 15-nji ýanwary.
Ýurt baştutany Mihail Gorbaçýow sebitde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Içeri işler ministriliginiñ aglabasy ermenilerden ybarat ýaragly güýçlerini ugratdy. Bakuda, Genjede köçä çykmak gadagan edildi. Gadagançylyga garşy giden 134 adam öldürildi.
Olaryñ maksady Azerbaýjan Halk Frontunyñ Daglyk Garabagdaky ermeni okkupasiýasyna garşy göreşini syndyrmakdy.
SSSR dargaýardy, azeri türkler diñe adam pidalaryna uçranokdy, olar öýlerinden, ýurtlaryndan jyda düşýärdiler...
Hususanam 1990-njy ýylyñ 20-nji ýanwarynda Garabag-Garaojak gyrgynçylygynyñ yzysüre azerileriñ gözi-gulagy Türkiýeden geljek ýardama dikildi...
1990-njy ýylyñ 15-nji fewraly. Şol gün... ABŞ-da resmi saparda gezip ýören prezident Turgut Özal žurnalistleriñ garşysyna geçip şuny diýdi:
“Olar şaýy, biz - sünni. Olar Eýrana has ýakyn!”
“Olar” diýýäni azeri gardaşlarymyzdy...
Türk daşary syýasaty ilkinji gezek şular ýaly mezhepçi çykyşa şaýatlyk edýärdi.
Azerbaýjan Halk Frontunyñ lideri Ebulfeýz Elçibeý şeýle jogap berdi:
“Hormatly Prezident ýalñyşýar. Biz şaýy-da bolsak, hemme zatdan ötri türkdüris. Biziñ Türkiýeden umydymyz - ermenileriñ garşysynda alyp barýan hakly göreşimizi goldamagydyr…”
Özal muña meñzeş çykyşlary piñine-de almady. Ol ABŞ-nyñ Ýakyn Gündogarda (Saddamdan Hafyz Esada çenli) şaýylara garşy gönükdoren syýasatyna goldaw berdi...
Özalyñ mezhepçi ugry amerikan imperializminiñ sebitdäki bähbitlerine ýaraýardy.
Şeýle-de, 1990-njy ýylyñ 23-nji awgustynda garaşsyzlygyny yglan eden Ermenistan gandöküşikli uruşlar arkaly 1991-nji ýylda Hankendi, 1992-nji ýylda Şuşany we Hojalyny basyp aldy. Has soñra Laçyny, Hojawendi, Kelbejeri we Agderäni ele geçirdi. 1993-nji ýylda Agdama girdi.
Agdamyñ yzysüre Jebraýyl, Fuzuly, Gubadly, Zengilan illeri-de elden gitdi…
Bu günlere gelmänkä ilki size birini tanadaýyn:

ÝAŞAR DEMIRBULAK

1992-nji ýylyñ 25-nji iýuny.
Azerbaýjanyñ prezidenti Ebulfeýz Elçibeý Garadeñiz ýurtlarynyñ ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça ýygnagyna gatnaşmak üçin Stambula gelende otstawkadaky türk serkerdesiniñ özi bilen duşuşmak isleýändigi barada habar berdiler.
Şol türk serkerde Ýaşar Demirbulakdy...
Demirbulak paşa ilkinji duşuşygynda özüni tanatdy:
- Ol häzirki Ermenistanyñ paýtagty Ýerewanyñ Demirbulak raýonundan Karsa göçen bir maşgalanyñ ogludy...
- Howa güýçleri komandowaniýesiniñ kontrrazwedka bölüminiñ başlygy ýaly wezipelerde türk goşunynyñ jogapkärli bölümlerinde işläpdi...
- Otstawka çykansoñ Erdal Inönüniñ SHP-sinden 1991-nji ýylyñ saýlawlarynda Trabzondan halk deputatlygyna dalaşgärligini hödürläpdi...
Şindi onuñ regulýar goşuny bolmansoñ ermenileriñ garşysynda zol-zol ýeñlişe uçraýan Azerbaýjanyñ milli goşunyny döretmäge ýardam edesi gelýärdi.
Elçibeý gepsiz-gürrüñsiz kabul etdi.
Iýulyñ başlarynda Bakuwa giden Demirbulak paşa prezidentiñ harby geñeşçisi bolup işe başlady. Onuñ ilkinji işi Milli Howpsuzlyk doktrinasyny taýýarlamak boldy. Emma... Elçibeý döwlet agdarlyşygy bilen häkimiýetden uzaklaşdyrylandan soñ wezipesinden boşadyldy…
Ýaşar Demirbulak 2014-nji ýylda aradan çykýança meniñem iñ ýakyn dostlarymdandy. Onuñ gyzy Buljanyñ kömegi bilen merhum paşa hassa düşeginde ýatyrka-da telefon arkaly teselli beriji sözleri aýdypdym. (Hiç ýadymdan çykanok, ol hassa düşeginde ýatyrka-da FETÖ pyrryldaklary boýunça açylan sud proseslerine garşy gurnalan “Sessiz nagra” protestlerine gatnaşdy.)
Diýjek bolýan zadym şu:
Bugün… Azerbaýjan hakly dawasyny ýeñiş täçlendiren bolsa, bu göreşe meýletin goldaw beren Ýaşar Demirbulak ýaly (bularyñ hemmesi-de FETÖ-nyñ nyşanasyndaky harby gullukçylar) merdana serkerdeleriñ zähmetini undup bolmaz...

ERDOGANY ALKYŞLAMAK LAZYM

Hakykatçyllyk...
Hak we adalata uýgunlyk - dogrulyk, dürslük diýmekdir.
Hakykatçyllyk žurnalistligiñ ölçegidir.
Şonuñ üçinem žurnalistiñ borjy "mizan terezisinde" çekýän hakykatlaryny halkyñ dykgatyna ýetirmekdir.
Žurnalist “yñdarma” garaýyşlara özüni aldyryp, haýsydyr bir häkimiýetiñ tarapdary ýa-da garşydaşy bolup bilmez - žurnalistiñ durýan ýeke-täk tarapy bar, olam hakykatlary halka ýetirmek.
Men AKP häkimiýetine agyr tankydy bellikleri eden žurnalist. Özem bu boýunça birnäçe kitaplary-da ýazdym. Ýeri...
Hususanam... hem häzirki Siriýa, hem-de häzirki Yrak hökümetlerine garşy alyp baran mezhepçi daşary syýasat ýöreden AKP häkimiýti Azerbaýjan meselesinde nämüçin Özaldan tapawutly syýasaty ýöretdi? Hut şeýle...
Erdoganam “olar şaýy, biz - sünni” sözüni gaýtalasa, hiç kim geñirmenmezdi! Emma, ol beýtmedi. Tersine, bugün Azerbaýjan ýeñiş gazanan bolsa, munda Erdoganyñam goşan ummasyz uly goşandynyñ bardygyna göz ýumup bolmaz…
Bu kesgitli Azerbaýjan syýasaty Türkiýe respublikasynyñ dünýewi binýatly gurulyş pelsepesine laýykdyr. Näçe alkyşlasañam ýeri bar…
Hawa, hakyky žurnalist ýurdunyñ, halkynyñ, hakykatlaryñ tarapyndadyr, ol kör amigo (чирлидер - ýagny, şahsy bähbidiniñ hatyrasyna belli bir tarapa ýallakçylyk edip gün görýän kişi t.b.) bolmaly däldir, hakykatçyllyk terezisinden gyşarmaly däldir. Gerek bolsa döwgüsini, gerek bolsa öwgüsini ýazmagy başarmalydyr-ýazyp bilmelidir...
Azeri türk gardaşlarymyzyñ hakly dawasyny goldan herkesi alkyşlaýaryn...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 11.11.2020 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 90 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
General Ýaşar Demirbulagyñ döwrebap kuwwatly milli azerbaýjan goşunyny döretmäge bolan inisiatiwasy bir ýa iki däl.
Wagtynda Jüneýit han hem öz döwletini yglan edende, Türkmensährada Osman ahun hem Garaşsyz Türkmen döwletini yglan edende täze milli türkmen goşunyny döretmek ü.n Türkiýeden ýörite ofiserler çagyrylypdy...
Taryhda öwrenilmän ýatan gyzykly faktlar kän...
Bize-de birki sany Soner Ýalçyn gerek...

0
3 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Bu gezek Soner ekä iki telpek goýdum:)

0
1 Gökböri   [Mowzuga geç]
*Yaşar Demirbulak 2014-nji ýylda aradan çykýança - bolmaly

0
2 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Düzedildi

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: