20:11
Käbir dindarlaryñ jedelli sözleri
KÄBIR DINDARLARYÑ JEDELLI SÖZLERI

Käbir dindar wekilleriñ sosial mediýada gowur turzan “Ahyret ynanjy bolmadyk adamdan islendik erbetlige garaşybermelidir” jümlesi barada birnäçe hususyñ üstünde durup geçmek isleýärin. Käşgä, taryhy tejribe bu aýdylanlary tassyklaýan bolsa bolmaýarmy. Gaýtam tersine, adaty ýagdaýlarda edip bolmajak erbetliklerem Tañrynyñ adyna perdelenip edildi we mundan beýlägem ediljege meñzeýär. Ýüzlerçe ýyl dowam eden haçly ýörişleri gurnan añyýetiñ astky böleginde öldüren pidasyny dowzaha ugradýandyryn öýden ahyret ynanjy ýokmy näme? ABŞ başlyklaýyn, Günbatar ýurtlarynyñ eksplutatirleýän ýurtlaryna edýän zorluk-sütemlerine dini garaýyşlardan aýry baha bermek mümkinmi?
"Allahü ekber" nedasy bilen kelle goparýan, adamlary diriligine otlaýan, kiçijik gyzjagazlary bazara çykaryp satýan añyýet ahyret ynanjyny götermeýärmi? "Meniñ mezhebime uýanok, meniñ bilen pikirdeş däl, meniñ ynanýan zadyma ynananok, meniñ ýaly geýnenok" diýip “öldürilmesi wajyp” fetwalary çykaranlar ahyrete ynanmaýarmy? Diýjek bolýanym, ýönekeý raýatlardan şular ýaly zalym we ganhor kişileriñ çykmagynyñ düýbündäki tutaryklaram ahyret dälmi? Çünki olar edýän gabahatlygy bilen jennete gitjegine ynandyrylýar. Olar "Tañrynyñ adyna" diýlende özlerini düýbünden başga merbebä göterýärler we “Alla üçin öldürdim!” diýip bilýärler.

ULAMALARA KIÇIJIK MASLAHATYM

Asyl sorag şu bolmaly we ulamalar hut şu gurşawda täze uslyby ýola goýmaly: Tañrynyñ bar durmuşynda bolmaly däl zatlar näme sebäpli bar? Elbetde, bu zatlaryñ Tañrynyñ barlygyna dahyly ýok, gaýtam Tañrynyñ barlygyny ýoýýar. Ulamalar muny belent ses we tutanýerlilik bilen dillenmeli. Dine ynanýanlaram, ynanmaýanlaram indi her bir meselede Tañrynyñ iñ gowy ýoýulýan obýektdigini görmän, bilmän duranoklar. Allanyñ adyna perdelenip, ýönekeý wagtda edip bolmajak, adamkärçilikli we wyždan nukdaýnazaryndan kabul edip bolmajak işler edilýär. Ýogsam bolmasa, üç diniñem umumy şygary şudur: “Allanyñ adyny biderek ýere agzama!” Diýjek bolýanym, dünýäde azyndan iki kişiden biriniñ ahyret ynanjynyñ bardygyna görä, bolup-geçýän zatlar ýokarda aýdylanlary tassyklamaýar. Elbetde, ahyret ynanjy adamy erbetlikden saklamaly, iman muny talap edýär. Emma bütindünýä kartinasy düýbünden başga hili, nebsiñ agyrýar...

YNANMAÝANY-DA ÖZ IÇINE GURŞAP ALÝAN DIL

Ikinji tarapdan, ulamalaryñ öñe çykarmagy hökmany düşünjeleriniñ biri-de akyl-paýhas we wyždandyr. Yslamyñ külli adamzada (ynanýanlardan daşgaryn) gönükdirilen ýüzlenmeleri az däl. Gurhan aslynda adamlaryñ akyl-paýhas we wyždan esasynda durmuşy ýöretmän, çagyryşlara gulak asman biri-birleri bilen özara oñşuksyzlyk döredýändikleri üçin ylahy kitaplaryñ ugradylandygyny ýañzydýar (Bakara/213). Ýagny, ýaradylyşda akyl-paýhas we wyždan birinji orunda goýulýar. Bu dine ynanýan-u-ynanmaýan herkese degişlidir. Adatça, wahyý mejburylyk däl, lutufdyr. Adama jogapkärçilik ýükleýänem akyldyr. Şafylar hernäçe "wahyý mejburylykdyr we jogapkärçiligi wahyý ýükleýär" diýse-de, mutezililer we maturidiler "akyl-paýhas we wyždan mejburylykdyr, jogapkärçiligi akyl ýükleýär, wahyý däl" diýip, akyl-paýhasyñ dogryny we ýalñyşy seljermede esasy zatdygyna ünsi çekýärler. Bu - dini taýdan düşünme biçüwinde uly öwrülişik sepgididir. Diýmek, dini taglymlaryñ şeýlekin ýoýulyp, pese düşen döwründe ulamalaryñ ynandyryjy bolmagy üçin hakykatçyllyk gurşawynda geçmişe we gelejege üns berýän, akyl-paýhasy we wyždany öñe çykarýan täze din diline talaş etmegi zerur.

Aýşe SUJU.

"SÖZCÜ" gazeti, 26.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 85 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýşe Suju | Рейтинг: 0.0/0
Ähli teswirler: 24
1
24 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
@Arzyman seni iki bolup gorkuzdylarmy sördäki "itler" biggrin

0
23 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
Menem baryp göreyyn, giden wagtyñ guk diý smile

0
22 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Sagbol, Inşallah aşgabada baramda baryp görerin.

0
21 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Düşläp, namaz okap geçen yeridigine ynanylýan yer, Nusaý galasynyñ yanynda, Şyh Alow öwlüýäsiniñ we 400 piriñ yatandygy aydylýan we "Kiçi Şam" diyp atlandyrylýan yeriñ guk yanynda (8 km-lik "Saglyk ýolunyñ" ahyrky menziliniñ aşak yanynda) yerleşýär...

0
20 Gurgencli   [Mowzuga geç]
"…hatda düşlap geçen yeri, namaz okan yeri, Düldüliniñ ayak yzynyñ galan yeri …" bular nirelerde bar, Has aga? Ozal eştmändirin.

0
19 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Yokarky makalanyñ awtoryndan, ya terjimeçisinden zyýat erkin pikirli dalsiñiz. Makalada gozgalyan pikirler bilenem birnäçe yñdarma dinçileriñ ylalaşmajagyny bilyän.

0
18 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Mysal getirilen linkden sapak almaly zatlar az däl. Halkyñ müñ yarym ýyllap ganyna damaryna siñio giden gymmatlyklaryna we ol gymmatlyklaryñ gözbaşynda duran beyik şahsyyetlere dil uzadyp özûñizi "erkin" pikirli gorkezip bilmersiñiz. Türkmen aga baryp-ha pygamber zamanynda, Hz.Ebu Bekiriñ dowrunde yorite topar ugradyp yslamy kabul edendikleri barada rowayatpisint maglumatlar bar. Gorkut ata baradaky rowayatlarda onuñ Medinä yorite baryp yslamy kabul edendigi aydylyar. Hz.Alynyñ dowrunde Marynyñ hakimi yorite hat ugradyp yslamy dogry duşundirip biljek adamlary ugratmagy sorapdyr. Diymek pygamberimiziñ we onuñ çaryýarlarynyñ dowrunde din asyl prinsiplerden gyşarman dogry wagyz edilen bolmaly. Sebabi hiç bir syyasat, hiç bir ideologiya zorluk bilen kabul etdirip bolmajagyna (kabul etdirilse-de uzak dowam etmejegine) görä, (munuñ mysaly olardan soñky emewi diktarurasynyñ yslamy basybalyjylykly syyasatlarynyñ ideologiyasyna owrup, turkmenleri we beyleki halklary gyranlarynda aydyñ görüldi) yslam hakykaty dogry wagyz edilse, tagt gurmajak köñli, eyelemejek yurdy, almajak galasy, egmejek boyny yok.. şol oñyn döwür (Asry-sagadat), yagny yslamyñ altyn asyry türkmenleriñem hakydasynda gowy yzlary galdyran bolmaly, yogsam bolmasa, Hz.Aly Turkmenistana gelmedigem bolsa onuñ yurdumyzda zyyarat edilyan ençeme simwoliki mazarlary, hatda düşlap geçen yeri, namaz okan yeri, Düldüliniñ ayak yzynyñ galan yeri we ş.m... ayratyn sylag-hormat bilen garayan yerleri bolmazdy...

0
17 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]

0
16 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Saña Gökböriniñ öz terjimesi b.n jogaphttp://kitapcy.com/news/2020-07-28-12030
Şu makalada hem aydylşy yaly halkyñ hakydasynda ebedilik orun alan beyik şahsyýetlere dil uzadyp köñüllerde tagt gurup bilmersiñiz (siziñ esasy maksadyñyz hem beynileri yuwup, köñülleri "basyp almak" dälmi?) smile

0
15 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Türkmen halky hernąçe erkin we Allanyñ pygamberine (s.a.w), Allanyñ päk Çaryýarlaryna, öwlüyasine-pirine dodak çöwrenlere barlyşykly garamaz. Bäri saña "Charlie Hebdo"-nyñ redaksiyasy däl.

0
14 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Arzyman, jigim, bu barada öñem size göwnüñuze degmejek şekilde çalarak ýañzydypdym öýdýän?...
Biz ilki kimdir birileriniñ täsirine düşüp, kimdir birileriniñ elimize tutduran birtaraplaýyn edebiyatlaryna absolyut hakykatdyr (hut şoñ täsiri b.n şulary aydyañ) öydup "erkin" netijä gelmezden owal öz halkyñ taryhyny, medeniyetini, eldegrilmesiz mûñ yarym ýyllyk medeni kodlaryny seljer.
Türkmen halky hernąçe erkin w pygamberine (s.a.w)

0
13 Gökböri   [Mowzuga geç]
Emma itlere-de söýgi bilen garamagy ýatdan çykarmañ, çünki siziñ diniñiz söýgi dini ahyry smile

0
12 Gökböri   [Mowzuga geç]
Jabjynmakmy? Siziñ gulagyñyza eşdilen it sesleri üçin meniñ günäm ýok. Isleseñiz howlyñyzdaky it ketegini aýryp, uzagrak bir yere gurup bilerdiñiz.

1
11 Arzyman   [Mowzuga geç]
Islendik kişi—islendik kişi, ýa tema barada özbaşdak karara gelmäge haklydyr. Şoň üçin näçe jabjynylsa-da, pikir ýöretmek babatda hiç kim hiç kime gorky serhedini goýup bilmez. Güýjüňizi başga zada sarp ediň.

-1
10 Gökböri   [Mowzuga geç]
"Çyn bolsa..." diýýäñmi? Pis ekeniñaý. Musulmanmy sen özi bajy?

0
9 Gökböri   [Mowzuga geç]
Olañ özlerini özi gorajagyna şek-şübhe bolup bilmez, asyl siz (ýa biz) özüñizi goraga alyp bildiñizmi? (Kelläñi agyrtmaly mesele şu dälmi?)

-1
8 Gökböri   [Mowzuga geç]
@arzyman, asyl beýik şahsyýetlere dil uzatjak bolşuñ birhili dälmaý?

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"bir ýerde gabat geleñde" okan yeke jümle sözüñ bilen pygamberimiziñ (s.a.w) "yslam bir ylym bolsa, Aly onuñ gapysydyr" bahasyny alan Hz.Aly hakda näme bilýändirin öýdýäñ, bu barada kesgitli bir zat aýdar ýaly? Onuñ durmuşy, ömri, geçen ýoly, göreşi... duşmanlary, duşmanlarynyñ oña we tutan ýoluna eden ýamanlygy, garalygy... barada näme bilyäñ?

-2
7 Arzyman   [Mowzuga geç]
Bolýa-la, adamlaň beýik şahsyýetleri gorajak bolmaklary birhili görünýä. Beýikligi çyn bolsa, özlerini özleri gorar.

0
5 Arzyman   [Mowzuga geç]
Bir ýerde gabat gelemde Hezreti Aly hem «Allaň razylygy üçin öldürdim» diýýän ekeni. Nusga edinilýän şahsyýet şeý diýse, beýlekilerden geňem däl-le.

0
4 Dunya   [Mowzuga geç]
“Allanyñ adyny biderek ýere agzama!”

Dogry aýtýa, käbir ýaş ýeleňler iki sözüniň biri "Hudaý kessin" bolup dur.

0
3 Dunya   [Mowzuga geç]
"kiçijik gyzjagazlary bazara çykaryp satýan"

Daş etsin sad

0
1 Gökböri   [Mowzuga geç]
*durup geçmek isleýärin(in) - bolmaly.

0
2 Dunya   [Mowzuga geç]
Düzetdim agam smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: