00:40
"Seni unutdyryp bilmedi şäher..."

SENI UNUTDYRYP BILMEDI ŞÄHER

"Ýollarymyz aýra ýaly göwnüme"
— diýip maňa näçe gezek aýdypdyň.
Göwnüňe gelenni alnyma çyrşap,
Men bar zady saňa goýup gaýdypdym.

Soň-soňlaram müň bahana tapyldy,
Ýöne oba hiç aýagym çekmedi.
Seni unutdyryp bilmedi şäher
Hem özümden eden tamam çykmady.

Sen meni bir bagtyçüwene deňäp,
Ynanýarkaň razydygma ykbaldan,
Göwnüňdäkiň bu gezeg-ä alnymda
Çöwreligin bilmekligiň hökmanmy?!

Dostlaryň sataşyp ýatladyp durdy
Agy gatyp näletlenen ykbaly.
Gözlerimiň gussasyny gizledim,
Olar saňa baryp aýdaýjak ýaly.

Syra dönsün hemem saňa ýetmesin
Aýralygyň salan "ahu-waý"-lary.
Tapan bagtym bolup görünsin saňa
Bu şäheriň beýik-beýik jaýlary.

Ogulnur ATAÝEWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 37 | Добавил: Pegas | Теги: Ogulnur Ataýewa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: