14:35
Bir žurnalist... bir dawa...
BIR ŽURNALIST... BIR DAWA...

Dostoýewskini bilýänsiñiz - dünýä belli rus ýazyjysy...
Onuñ "Jenaýat we jeza" romanynam bilýänsiñiz - ýazyjynyñ iñ meşhur eseri...
Raskolnikowy-da bilýänsiñiz - bu romanyñ baş gahrymany...
Ýeri, Pýer-Fransua Lasner (1803-1836) diýip eşdipmidiñiz?
Fransuz söwdagäriniñ ogly... şahyr...
Hukuk ugrundan okamak üçin Pariže gelensoñ, maddy kynçylyklar sebäpli okuwyny taşlap, bir bank kurýeri bilen öz ejesini öldüren ogry...
Sowatly, giñ gözýetimli Lasneri belli taryhy şahsyýete öwren mundan soñky eden işleri boldy.
Hawa, F.Dostoýewskiý "Jenaýat we jeza" romanyny Lasneriñ durmuşyndan täsirlenip ýazdy, Raskolnikow aslynda Lasnerdi...
Şeýle-de, Oskar Waýld hem iki goşgusynda Lasneri agzap geçýär.
Şeýle-de, Wiktor Gýugo, Teofil Gotýe dagylar onuñ sud mejlisine gatnaşdy.
Lasner hakynda birgiden kinofilmler surata düşürildi.
Bütin bularyñ sebäbi - Lasneriñ suddaky özüni alyp barşydy. Ol özüni aklajagam bolmady, etmişi döreden adatdan daşary jemgyýetçilik nogsanlygyny-adalatsyzlygy nyşana aldy…
Türmä "jeza uniwersiteti" adyny berip, ondaky gören-eşden zatlaryny "Türmeler we fransuz jeza sistemasy" atly makala ýazdy.
Dawanyñ düzümine girmän, garşylyklaýyn hüjüme geçen Lasneriñ garşylygy jemgyýetçilikden ulu goldaw aldy. Balzakdan Lew Tolstoýa çenli uly ýazyjylara täsirini ýetirdi...
Lasneri jezalandyrmak üçin gilýotin ugradylsa-da, onuñ sud mejlisindäki özüni alyp barşy, hususanam, syýasy sud prosesleriniñ gorag strategiýasyna öwrüldi. Mysal üçin, nemes kommunisti Karl Libkneht 1916-njy ýylda Berlinde "Men özümi goramak üçin däl-de, aýyplamak üçin bärde" diýdi…
Muña “gopuş strategiýasy” diýildi.
Muny ilkinji bolup fransuz aklawjysy Marsel Willard "Aklanma aýyplaýar" kitabynda ýazdy. Başga bir fransuz aklawjysy Žak Weržes "Sud strategiýasy" kitaby bilen muny bütin dünýä ýaýdy.
Sözüme bular bilen başlamagymyñ gürrüñsiz bir sebäbi bar...

AKLAMA ÝOK

Öñümizdäki duşenbe - 9-njy noýabrda Müýesser Ýyldyzyñ sud mejlisi bar.
Kim aýdyp biljek: žurnalistka Müýesser Ýyldyz agyr jeza sudlarynda näçe gezek özüni aklar?
Müýesser Ýyldyzyñ derñew prosesiniñ ýowuzlygyna uçrap ýörmegi ýene näçe wagta çekerkä?
Kim kanunlaryñ güýjüni eýelese, Müýesser Ýyldyza duzak gurup, türmä saldyrýar.
Çünki, onuñ hakykatlary ýazmagyny islänoklar.
Heýhat! Boýunegmezek žurnalistka Müýesser Ýyldyzyñ galamynyñ döwülerine garaşýarlar. Aldanýarlar. FETÖ öñem muña synanşypdy...
FETÖ-nyñ jeza beriji toparyndan bolan polisiýa işgärleri, prokuratura, sudýalar Müýesser Ýyldyzy "terrorçy guramanyñ agzasy" edip görkezjek boldular. Siliwri türmesine atdylar, emma duzaklary öz ellerine, öz aýaklaryna çolaşdy.
Şindem bu dawa - syýasy dawa...
Emma, besdir indi. Bu ýurtda kimdir birileri edil FETÖ ýaly güýji eline geçirensoñ, edesi gelen zadyny etdirýär. FETÖ bulara sapak bolmadyga meñzeýär.
Ýöne şuny gowy bilsinler:
Ýüregi göwresinden uly Müýesser Ýyldyzdan gerekli sapagy almaly bolarlar.
Müýesser Ýyldyz bu sud prosesinde edil FETÖ-nyñ pyrryldakçy sudlarynda bolşy ýaly, özüni aklajagam bolmaz, ol özüne duzak guranlary aýyplap çykyş eder.
Bu sud mejlisi taryhy "gopuş strategiýasyna" şaýatlyk eder...
Aklama bolmaz, taryhda yz galdyrjak garşylyklaýyn hüjüm çykyşyny görerler...

HEMIŞE ŞOL BIR OÝUN

Müýesser Ýyldyza duzak gurlandygyny bilmeýän barmy?
FETÖ-nyñ hemişeki pyrryldaklary Müýesser Ýyldyzly meselede-de ýene garşymyza çykdy.
Bir mysal bermesem bolmaz:
FETÖ duzaklarynyñ birinji belgili hemişelik ädimi galp golly hatlardy.
Hut şu ýerde-de... Durmuş Özkan atly toslama atly şaýat bar! Bu kişi… Stambulda işleýän harby gullukçy E.B.-niñ gizlin maglumatlary berendigi barada Ankaranyñ prokraturasyna hat ugradanmyş.
Şu ýerde bir sorag ýüze çykýar: "harby gullukçy Stambulda işleýän bolsa, näme üçin degişli ýerine däl-de, Ankara hat ugradylýarka?"
Hususanam... Ankara prokraturasy gelip gowşan haty E.B.-niñ işleýän ýerindäki Stambulyñ prokraturasyna degişliligi boýunça ugratmaly dälmi näme? Ugradanok, derñew işi Ankarada açýar!
Şol ikiarada Durmuş Özkan diýilýän adam kimkä diýip, sorag-ideg edilýärmi? Iş toplumy boýunça düşündirişi alynýarmy? Ýok.
Harby gullukça fiziki yzarlama guraýarmy? Ýok. Diñe telefonlary diñlenýär. Maglumat we ş.m. zatlar bermejeguni nirden bilipdirler? Syzma bilen bolarly...
Derñew işini Ankarada alyp barýanlar harby gullukçynyñ diñe Ankaradan kimdir biri bilen gepleşjegini nirden bilýärler. Syzma bilen bolarly...
Toslama önümi bolan habar boýunça açylan derñew işine düýp nyşana belli: Müýesser Ýyldyz!
Özem... “döwlet syry” diýip, aýyplaw işine çatylanlar bolsa "Anadolu Ajansı" habarlar agentliginden TRT-ä, telewizion habarlaryndan gazet sahypalaryna çenli, hemme ýerde çykan habarlar!
Absurdlyk barmak büküp sanardan köp.
Ýagny, hiç kim bu sud mejlisinde Müýesser Ýyldyzdan özüni aklamagyna garaşmasyn.
Sud edaralaryny öz bähbitlerine ulanýanlar wagty-sagady gelende, elbetde, orta çykarylar, paş edilerler, özem bu Müýesser Ýyldyzyñ synmaz galamy arkaly bolar...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 06.11.2020 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 52 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Ähli teswirler: 2
0
2 Allaberdi   [Mowzuga geç]
*bilesim geldi

0
1 Allaberdi   [Mowzuga geç]
8. Iýýun. 2020 - däki tussag edilenimi?!
Ertirki netijäni biledim geldi.
"AKŞAM" - Gazedinde-de işläpdirä. Kariýerasa uly bolmasads ýetik eken.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: