12:14
"Agsak ördek!"
“AGSAK ÖRDEK!”

Tramp diýilýän adam buz üstünde tozan araýan hakyky oýunbaz eken! Ýeñilmäge takaty ýok!
“Ýeñsem-ä - gep-gürrüñ bolmaz, ýeñmesemem - saýlawyñ netijelerini ykrar edemok!” diyor.
Saýlawlardan ýeñlip çykan ştatlarynda aldaw-hile edilendigini öñe sürüp, dawa üstüne dawa turuzýar.
Trampyñ oýunbazlygy maña Stambul munisipialetiniñ başlyklygyna geçirilen saýlawlary ýada saldy.
AKP hem edil Tramp ýaly oýunbazlyk edip “Hiç zat bolmadygam bolsa, bir zatlar boldy öýdýän” dünýäniñ iñ samsyklaç sözüni öñe sürüp, Ýokary Saýlaw guramasyna ýüz tutup birinji saýlawyñ netijelerini güýçsüz hasap etdiripdi. Gaýtalanan saýlawda ses tapawudy 800 müñe çykdy welin, masgara bolupdylar...
Meñzeşlik täsin, emma bir tapawudy bar:
Amerikan sudlary biziñ Ýokary Saýlaw guramamyz ýaly däl. Olarda hukuga sarpa goýýan asylly we bitarap kazylar bar.
Islese-de, islemese-de Trampyñ soñy geldi.
Ol indi kanun esasynda görkezilen möhlete çenli işläp, 20-nji ýanwarda çarşenbe güni kürsini Jo Baýdene tabşyrmaly bolar.
Şeýle ýagdaýdaky prezidentlere Amerikada “Lame Duck”, ýagny yani “Agsak ördek” diýilýär!
Agsak ördek ýene işlemeli iki ýarym aýynyñ içinde möhüm kararlary kabul edip bilmeýär we täze prezidentiñ öz hökümet düzümini gurup, işe başlamagyna garaşýar.
Trampyñ saýlawlardaky soñky çyrpynyşlarynyñ peýdasyzdygy görülýär.
Türkiýede-de Trampyñ ýeñilmegine gynanýanlar az däl!
Trampyñ dört ýyllap prezidentlik kürsüsinde oturan döwri Türkiýä jinnek ýaly peýdasy boldumy näme?
Gaýtam tersine, edibilen ýamanlygyny etdi, Türkiýäniñ ganym duşmanlary bolan PKK, ÝPG, PÝD ýaly terrorçy guramalara maddy we ýarag goldawyny berdi, halkara konfliktlerde-de hemişe Türkiýäniñ garşydaşlaryny goldady.
Türkiýäniñ prezidentine ýazan pitjiñ atyjylykly hatyny-ha asla undup bolmaz!
Tramp - hem dünýäni, hem Amerikany bulam-bujar etdi. Şindi ştatlar gazan deýin lasyrdap gaýnaýar. Adamlar köçä döküldi!
Ullakan ýurt pyçak sünjülen garpyz ýaly ikä bölündi, adamlar biri-birine ýagy boldy.
Tramp Amerikanyñam, dünýäniñem enesini dula bakdyran adamdyr!
ABŞ-daky bölünişik bilen bizdäki bölünşigiñ arasynda kän-kän meñzeşlikler bar!

Täç geýen baş akyllanar!

Amerikada saýlawlaryñ goh-galmagaly dowam edýär. Netijeler heniz belli däl, emma Jo Baýden ýeñiş gazanana meñzeýär. Trampyñ haly perişan!
Türkiýe nukdaýnazaryndan seredenimizde, Baýdenem Tramp ýaly bize makul adam däl!
Ony Obamanyñ kömekçisi bolup işlän döwründen bäri tanaýarys. ABŞ-nyñ Prezidentiniñ kömekçisi wezipesinde otyrka Türkiýä dört sapar gelip-gidipdi...
Biz bolan niýetiniñ gowy däldigi mälim... Grek we rum tarapdary... Ermeni lobileriniñem az-uçuk täsiri ýetenok... Gündogar Ortaýer deñzinde we Siriýda Türkiýäniñ garşydaşy...
Jo Baýdeniñ prezidentligindäki ABŞ bilen döwletara gatnaşyklarymyz barha-da kynlaşjaga we endişe beriji ýagdaýa öwrüljege meñzeýär. Emma...
“Täç geýen baş akyllanar!” diýen atalar sözi tejribeleriñ içinden geçip gelen meşhur aýtgydyr.
Jo Baýdenem prezident kürsüsine oturansoñ, boýnuna ýüklenjek jogapkärçiliklere çynlakaý garap, öñki zyýanly nysaklaryndan saplanyp, akyllansa gerek!
Çünki ol hemme zatdan ötri Amerikanyñ bähbitlerini öñe tutmaga mejburdyr.
Türkiýe dünýäniñ iñ strategik ähmiýetli ýurtlarynyñ biri bolup durýar.
Türkiýe - Ýakyn Gündogar, Balkan ýurtlary, Ortaýer we Gara deñiziñ çatrygynda möhüm ähmiýetli güýç merkezidir.
Jo Baýden bütin bulara göz ýumup bilmez!

Henek: TRAMPYÑ BAÝDENLI ETSEM-PETSEMI!

Amerikanyñ prezidenti saýlaw bolan gününiñ agşamy egindeşleri bilen gürrüñleşip durka:
- Garşydaşymyz Baýdeniñ adamlary guduzlan ýaly hüjüm edýär - diýýär.
Gep guduz keselinden açylansoñ, heýjanelekçi ýallakçylaryñ biri Trampdan soraýar:
- Hormatly prezident, Hudaý saklasyn welin, birden guduz keseline ýoluksak, siz näderdiñiz?
Tramp:
- Ilki bir kagyz getirdip, sanaw düzerdim - diýýär.
- Wesýetiñizi ýazmak üçinmi?
- Ýok, ilki garşydaşym Baýdeni dişlemek üçin, soñam başgalaryny!

GÜNÜÑ SÖZI

Demokratiýanyñ kemçilikleri ýene demokratiýa bilen düzedilýär.

Rahmi TURAN.

"SÖZCÜ" gazeti, 07.11.2020 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 64 | Добавил: Gökböri | Теги: Rahmi Turan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Beýleki žurnalist, bilermenlerä Baýdeniň orunbasary ýurdy eline alar diýýärler.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: