23:03
Ne Tramp! Ne Baýden! Biz - bizdiris!
NE TRAMP! NE BAÝDEN! BIZ - BIZDIRIS!

Hawa, global güýç. Bilegi kuwwatly, güýji gudratly. Dünýäniñ hekemi, kartalary çyzyjy, çäkleri üýtgediji.
Goşuny güýçli. Äñ pytradýar, süñk döwýär, atom bombasyny atýar.
Ýapon imperatoryny dyza çökerýär. Gapma-garşylyk çykarýar. Agdarlyşyk geçirýär. Haýsy ýurduñ lideruniñ näçe gizlin baýlygynyñ bardygyny we ogrynça haýsy ýurduñ bankynda näçe pul saklaýandygyny bilýär, wagty-sagady gelende muny olaryñ garşysyna şantaž edip ulanýar.
MRU-sy (CIA)... Pentagony, ýokary okuw jaýlary, Golliwudy... güýçli mediýasy... lobileri...
Düşünjeleri awlaýar. Werziş bolan çäresizlik döredýär. Beýnileri we garaşylýan tamalary boýun egdirýär. Dünýäniñ her ýerine maýa goýumlaryny goýup, haryt öndürip, dünýäniñ çar künjüne önümini satýan läheñ şereketleri, kuwwatly ykdysadyýeti, güýçli merkezi banky, bütindünýä banky, IMF-niñ we NATO-nyñ
'nun patronu olmasından sağladığı güç ile isterse ekonomilerde kriz yaratır, ülkeleri çökertir.
Hem her saýlawdan öñ! Amerikan ýanaşmasy! Bizde depreşýär!
Başlaýar bir başagaýlyk! Obamamy? Romenimi?
"Obama biziñ adamymyz, hem atasy musulman, hem ilkinji ady Hüseýin..." diýip, turuzarlar içerde bir galmagaly... Hamana Obama saýlansa, Türkiýede garyp-gasar hemem bir döwüm çörege adam mätäç galmajak ýaly...
Obama saýlanar. Telefon jañlary, gutlaglar, resmi duşuşyklar, gujaklaşmalar.
Obama palak çykar. Beýsbol taýagyny somlar.
Soñra ýene şol bir depreşme! Trampy? Hillarimi?
“Tramp biziñ adamymyz…” diýip gürlemäge, ýazmaga, uzyn-uzyn öwüp, heniz amerikan saýlawçylary ony saýlamanka başlaýar bir ýaranjañlyk kampaniýasy!
Umytlar galkynar. Tramp saýlanar.
Günaşa telefon jañlary, alty aýda bir gezek gidip görüşmeler, gapyda garşylamalar, egin-egine kakmalar, arasynda bie pitjiñ atyjylykly hatlar, ahyrynda "adamymyz" Trampam palak çykar.
Ýewfratyñ gündogarynda nebot guýularyny ÝPG-niñ ygtyýarlygyna berer we "türk goşuny meniñ çyzan çäklerimiñ daşyna çyksa türk ykdysadyýetini ýok ederin" diýip haýbat atar. Fethulla Gülene howandarlyk eder, yzyna gaýdyp bermez. Ryza Zarraby ulanar.
Şindi ýene şol bir gaýtalanyp duran aýdym! Baýdenmi? Trampmy?
Ýene “adamymyz” atly endik bolan çäresizlik, sygynma, ýallaklama, götergileme dowam edýär.
Ne Tramp! Ne Baýden! Biz - bizdiris!
Haýsysy saýlananda-da: ABŞ-nyñ süñk döwüji, äñ pytradyjy, karta çyzyjy, krizis dörediji, agdarlyşyk gurnaýjy, düşünme (восприятие) awçylygy ilkinji nobatda “amerikan bähbitlerini goramak” üçin hereket etjekdigi köre hasa.
Baýdenmi? Trampmy? Tapawudy näme.
Ýumurtga ýarylmagyñ öñürsyrasynda!

Nejati DOGRU.

"SÖZCÜ" gazeti, 07.11.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 66 | Добавил: Gökböri | Теги: Nejati Dogru | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]
'puppet show'

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: