20:32
Internetli dünýä / hekaýalar toplumy
BOLSADY

Https://paçakçy.wä saýtynda, bikär agzalaryň biri, wagt öldürmäge niýetlenen “Geliň bolsady ekeliň!” diýen at bilen täze tema açdy. Temanyň baş soragy hökmünde-de şuny goýdy:
“EGER-DE SIZ GEÇMIŞE DOLANYP BILSEŇIZ, NÄME EDERDIŇIZ?!”.
Megerem, “internet” diýilýän zadam öz zanny-tebigaty boýunça ýabany arylaryň mesgeni ýaly bir zat bolmaly. Edil aryň öýüne çöp sokup, gorjalandakysy ýaly, internetde-de gije-gündiz diýmän oňa örklenip ýatan netkeşleriň öňüne bir zatjyk oklap bildigiň bolýar. Derrew “wyz-da-wyz” bolşup, her haýsy dumly-duşdan özleriniň alynman ýatan “hakdan içen”, “ajaýypdan gelen üýtgeşik”, “danalyk kärhanasynyň iň soňky önümi bolan”, “adam döräp, ýeriň ýüzünde öň görlüp-eşidilmedik” we ş.m. we ş.m... pikirlerini teswirläp başlaýarlar.
Munuňkam şeýle boldy.
“Paçakçylaryň” öňüne “oklap iberen” sowaly, saýtdaşlaryna edil aryň öýjügi gorjalan ýaly täsir etdi. Onuň uzak wagtdan bäri söhbetdeş-saýtdaşlary, onuň teklip edişi ýaly, ýerli-ýerden bolsady ekip ugradylar.
DINOZAWRLAŇ DÖWÜRDEŞI: Men-ä şu mahal geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyryna dolanyp baryp bilsemdim, onsoň etjegimi bilýän-le!
Şo pille kakamyň sberknižkesinde, takmynan ýigrimi ýyllap galhozyň dahodyndan ýygnalanja otuz müň manadymyz bardy.
Ýatan ýeri ýagty bolsun, bende, hemişe: “Meniň bäş oglum bar. Olaryň hemmesinem öýermeli, öýli-işikli etmeli! Şoňa jemleýärin. Özümiz bolsa, gabahat urşy başymyzdan geçirenimizden soň gaty çöregi dury suwa batyryp iýibem, onuň-munuň egninden çykan ýyrtyk-ýirigi ýamap-ýuwup geýibem günümizi göreris-le!” diýerdi.
Özem hiç zat satyn alman, bizlere-de hiç zat aldyrman, gysymyndan syryganyny ýaladyp, ýykma-ýykylma gün-güzeran aýlar ýörerdi. Men bolsa, şu wagt yzyma bardygym, göni, şol biziň uly-kiçi, tutuş maşgalamyz bolup, depämizden gum sowrupja şonça ýyllap gazanan halalja pulumyzyň köýüp gitmegine ýol bermän, şol otuz müň manady şol durşuna sberkassadan alakga, barysyna otluçöp satyn alardym.
Sebäbi şol döwürleň iň arzan hem iň bol çöpi otluçöp gutusydy. Her gutusynyň bahasy bary-ýogy bir köpükdi. Otuz müň manada bolsa üç ýüz müň guty otluçöp düşýä. Onam şu wagta çenli içki jaýyň duluna basyp saklap, häzir çykaryp satsaňam, her gutusy 50 teňňeden. Üç ýüz müňi ellä köpeldýäňem welin, tes-tegelek on bäş milýon bolýa duruberýä. Onam ýüze bölseň, laýyjak ýüz elli müň manat çykaýýa, hakyýt...
Gördüňmi?
Nä, içiňe depýämi, şo pul?!
Edil, kakam pahyryň göwün ýüwürdişi ýaly, bäş ogluňy öýermäge ýetmese-de, eger-de çakym-çak bolsa, galyň-beýlekidir, toý çykdajysyny biraz gysyp-bogsaň, oba ýerinde bir ogluň-a il deňinde öýermäge ýeter çenräk bolar şo pul!
DÜRSDABAN: Ýak senem-ä, bratello! Arzuwyň dagy nähili-aý, @Dinozawrlaň döwürdeşi? Ýaman maýdaja-laý! Uşajyk! Eliňe geçmişe dolanyp barmak ýaly gudratly güýç berlenden soňam, barça ekýän bolsadyň, otluçöp satyn alyp, satmak bolsa...Men-dä söz ýok. “Bolaýypdyr” diýäýmesem...
DINOZAWRLAŇ DÖWÜRDEŞI: A dagy näme diýeýin-how, jan inim?! Näme: “palaw, palaw” diýip gaýtalanyň bilen garnyň doýýarmy? Onsoňam ata-babalarymyz: “Ýalan sözleseňem ýapa bir degir” diýipdirler ahyry. Şonuň üçin menem, hatda bolsady ekenimde-de örkümi ýerden üzmänjik, öz ýagdaýyma görä arzuw edip, syrtlanyň süňk ýuwutmazyndan öňünçä bolşy ýaly, neme ýerime sygjak zady aýdýan-da! Sebäp diýseň, biz-ä näme, şomadam daýhan, şumadam...
DÜRSDABAN: Onda-da-how, ja-a-a-n bratok jan! Durmuşyň öňki-öňkülik bolsa-da, iň bolmanda arzuwlaryňdyr-bolsadylaryň bir jadyly, üýtgeşik bolsun-a-how!
DINOZAWRLAŇ DÖWÜRDEŞI: Ýeri bolýa, inim, geçmişe dolanmak mümkinçiligiň bolsa, sen näme ederdiň? Hä?!
DÜRSDABAN: Agam, men: “Pylan-pismidan ederdim” diýip güpülämmok. Men asylkysyny aýdýan. Men saňa: “Bolmanda arzuwyňda bir maýda-çüýde bolmasana-aýt!” diýýän. “Napoleon bolardym” diý, “Çingiz han bolardym” diý, halys bolmanda, “Ýagdaýym boldugyndan “Maýkrosoftyň” paýnamalaryny şol wagtky arzanjak bahasyndan satyn alyp goýardym-da, şu mahalky mähnet bahasyndan satybam, Karib adalarynyň iň ajaýybyndanam gözel birinde özüme köşki-eýwan gurnup ýaşardym” diý-dä...
Wah-heý, şu aňymyzyňam, hyýalymyzyňam garyplygy gursun-da!
GYZMA: Eý körzehin @Darsdaban, nä ýigriminji asyryň segseninji ýyllarynyň ahyrynda, Napoleon bilen Çingiz han barmy? 1987-nji ýyla: “Men Napoleon!” ýa-da “Men Çingiz han!” diýip baraýdygyň, bilemok welin, edil Annasoltan Kekilowa bilen goňşy otaga elinjek göçürmeselerem, şoňa ýakynrak bir ýerler-ä eltip düşürerlermikä diýýän. Şuňa bir düşünýäňmi, hä?!
KÖPBILMIŞ: Men-ä soňky ýyllarda tapylan hazynalaryň hemmesi barada maglumaty internetden inderip alardym-da, olary pugta ýat bekläp, aňymda geçen asyryň segseninji ýyllaryna alyp giderdim. Şol ýerde-de hazynalaryň ählisini ýekkeje özüm tapakga, mundan buýanky galanlaryň hemmejesini aňňalak gapdyrardym. Soňam: “Görüp bilmedigiň-ä gözi çyksyn”, “Bizden mesiňem öýi ýykylsyn” diýen, päk niýetdir ýagşy dileg bilenem, müdimilik keýpi-sapada, aşreti-döwran sürüp ýaşardym.
SUS: Wi-i-iý! Men-ä geçen asyryň segseninji ýyllarynda, heniz atam-enemiň çaga öndürmek meýilnamasynda-da ýokdum! Onsoň, indi men näme işlemel-ä? Hä?!
Uly il geçmişe gidip, kellesine gelenini gaýryp, heziller edip ýörkä, meniňem ýekkeje özüm şo ýanlara garşy garamaga-da ýagdaýym bolman, gultunyplar öläýmelimi inni? Hä?!
ŞADYÝAN: @Sus ☺! Gynanma, bratka! “Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen”... Ine, ýakyn günlerde men, ýörite seniň ýaly geçen asyryň segseninji ýyllarynda heniz dogulmaga ýetişmedikler üçin aýratyn niýetläp-hatyralap, şuňa meňzeş tema açyp beräýerin!
Onnoňam, näme-how, @Sus dosty: “atam-enemiň çaga öndürmek meýilnamasy” diýip, näme, siziň maşgalaňyzda şol zatlaram “meýilnamalaýyn esasda” alnyp barylýarmy?!
SUS: Saw bo, @Şadyýan dosty! Sen-ä meni tüýs begendirädiň! ☺
Soragyňa bolsa: “Ýarym-ýalta jogap alasyň gelmese, oňaýsyz sowal berme” diýen aýtgy bilen jogap beräýmesem! ☺
IŞEŇŇIR: Eý dostlar! Bü beýdip, geçmişe gidip, o taýda-da bu taýdaky bilýänleňden peýdalanyp, nämedir bir zatlary öwür-çöwür edişdirip, pul gazanyp baýamak hakda agyr-agyr arzuwlary etjek bolup, kelläňi agyrdyp ýöreniňden, göni şu taýda: “Pelança milýon dollarym bolsady...” diýip, bolsady ekmäge wurughat bermiýäňizmi-aý? Hä?!
Şeýtseň aňsat bolmyýamy?!
Ýohha, “spiçke” diýdiňiz, “Napolýon tort” diýdiňiz, “hazyna” diýdiňiz, “Welli Seýis” (Billi Geýts) diýdiňiz, “paýnama” diýdiňiz...
Şo-o-o-l birgiden ýok zatlary tapyp gidip otyrsyňyz! Hä?!
DÜRSDABAN: Özüňe “Hä?” bro!
GYZMA: Äl-aýt, @Işeňňir inim! Edýän pikirleriň-ä tüýs duwlanýan nikiňe laýyk eken-aý! Özüň-ä özüňe “işeňňir” diýen tahallus dakynypsyň, edýän teklibiňem hut barypýatan ýaltalygyňam gözüni çykarýar.
A-how, ini batyr!
Iň bolmanda durmuşda işeňňir bolmasaňam arzuw-hyýalyňda bir işeňňir bolup, baý ýaşamak üçin birje gezek geçmişiňe gidip geläkge, o ýanlarda düzetmeli zadyňy düzetmek üçin azajygam bolsa biliňe agram salaý ahyry! ☺
IŞEŇŇIR: Yrdyň agam! Bolýa! Gideýin! Dawaý, poýehali! Ugradyň meni, şo ýana!
ŞADYÝAN: Ha-ha-ha... Zaçot, bratello! Çözdüň! Dogry aýdýaň! Hany, ugradyň-da ugradyp bilýän bolsaňyz? Hä?!
DÜRSDABAN: Özüňe “Hä?” bro!
DINOZAWRLAŇ DÖWÜRDEŞI: Arada bir üýşmeleňde jahyllar, iki sözleriniň birinde: „çözýä-de-çözýä“ diýşip, gepleşýärmişler. Olary diňleýän garrylaryň birem, sakgaldaşyndan: „Halypa, bi ýaş-ýeleňleriň bu gürrüňleri nämäni aňladýarka? Ýöne, agyn bolmasa: “çözdi-de, çözdi” bolşup otyrlar-la. Bular beýdip üznüksiz bu sözi hetjikläp, nämäniň çözülendigine beýle begenişýärkäler?“ diýip sorasa, ýoldaşy: „Gardaş, birmahallar bizem dogumly-döwrebap geplejek bolup, kilçerişip: „daňýa-da-daňýa“, “daňdy-da, daňdy” boluşýardyk. Indi bi soňkularam biziň şol birmahalky „daňanlarymyzy“ „çözýändirler-dä“!“ diýip, jogap beripdir.
Seniňkem şoňa bardy, @Şadyýan inim! ☺
KÖŇLI PÄK MUSLIM: Eý-a Huda bendeleri! Munuň ýaly boggusyz, iman üçin wäjibi bommadyk kesafatlary, bu ýanda tefsirlemäňler!
Eý-a musulman doganlar!
Eý-a mömin doganlar!
Eý-a jewan doganlar!
Kim eýtse-de sizler wir weýtmaňler!
Çünki şu kibi öteniňi üýtgetmek ýalaky uşbu ymmata, kada hem kowahata sygmajak zatlary ýazmak birle, sizler wir imanyňyzy harlamaňlar!
Çünki, ýazgyt Alladandyr.
Ony eýdip-beýdip üýtgetjek bolmagam, Onuň Täk Özüniň birligine şirk ýetirip, müşrik hem käfir bolan ýaly bir zatdyr...
GYZMA: Gapylyp otursan-aý, elipden şermendäň biri diýsänim! Nä, özüňe “Köňli tämiz” hem-de “Muslim” diýen lakamlary ýelmäniň bilen, hapa ýüregiň kir ýuwuja salnyp çykarylan ak mäýke ýaly bolaýar öýdýäňmi?!
Siz ýaly nadanlaryňam aýdan gepi, bilýän pohy bolarmy?!
Siz ýaly iliň gözüne mollasyrap ýören, halk arasynda: “Gündiz molla, gije ýolda” diýilýän, ýüregem, göwnem, tenem azgyn, şeýtana sapak beren köpbilmiş, içimtap, ýasama takwalardanam il bizar!
Çala bir bahana tapylsa: “A-how halaýyk, eşitdim-eşitmedim diýmäňler! Bu gün ýa-da ertir, halys bolmasa indiki hepdäň juma güni elinjek kyýamat-ahyr boljakdygyna hut meniň özüm kepil geçýän! Şonuň üçribem bu gutulgysyz ýetip gelýän magşar gününden aman sypyp galmak üçin, aýdan-diýen nämäňiz bolsa, howlugman gyssanyp meniň howlyma daşaberiňler! Biler bolsaňyz, bizlere sadakaňam ýaman beti düşýändir! Sebäp diýseň, bizleriň aňrymyz öňem, atam döwründen bäri, ýamanam bir wäjip, ýanyp duran otdurys!” diýip, gözüňize urlan dek bagyryp, jar çek diýilse, siz ýalylara!
Beýle takwa bolýandan bolsaň, git-de namaz-mynajatyň bilen bol, ile-güne başardygyňdan ýagşylyk edip, o dünýäňi gazan, sogap topla! Bu ýaş-ýeleňleriň arasynda, internetde warsaky urşup, görüň gazyldymy bi ýanda! Hä?!
Nä, ýa, öten agşam Jebraýyl perişde ýanyňa gelip: “Şü, paçakçy.wä köpräk girip, bilýän-bilmeýän gepleriňi dini äheňe ýugrup, lakgyldasaň, eýläk baranyňda Jennetiň elitnyý ýaşaýyş jaýlarynyň birinden nobatdan daşary öý berilmegine ýardam berip biläýjek, arzanjak, ýöne gaty ynamdar tanyş tapyp bereýin!” diýip äht etdimi? Hä?!
DÜRSDABAN: Özüňe “Hä?” bro!
GYZMA: @Darsdaban, walla ynan, senem, şol bir zady yzly-yzyna kopiýalap goýa-goýa, şü paçakçylaň baryny woobçe ýykyp taşladyň-ow! Indi munyň-a düýbünden gülkünç däl-aý!
PÄKGÖWÜN: Eý agzadaş-dostlar! Şü, näme üçinkä, şu adamlar biri-birinden ýüz görmäge ýa-da heder etmäge mejbur däl ýerlerinde, haýsy gepe başlasalar, onuň soňy hökman gykylyk-goha ýazaýýar-aýt?! Heýem bir, birek-birege sylag-hormat goýup, pikir alşyp bolmaýarmyka? Ýa, hökman biri-biriňe gürji güjük deýin üznüksiz “jöw-jöwläp” öz nukdaýnazaryňy subut etmelimikä?!
KÖPBILMIŞ: Bäh, @Päkgöwün, ýaman inçelik bilen agzalaryň arasyndaky sene-menäni hasam tutaşdyrmak üçin, olaryň içi ýangynlylygynyň üstüne nepýag sepýäň-ow!
PÄKGÖWÜN: “Ogram özüne osar, orramsam” diýýärler, @Köpbilmiş!
KÖPBILMIŞ: Menem şony diýýän-dä, @Päkgöwün! Senem hemme kişini özüň ýaly içinden gaty getiren kümsükdir öýdýäň-dä!
PÄKGÖWÜN: Eý adamlar! “Men näme diýýän, bu akmak dutarym näme diýýä”?! Hä?!
DÜRSDABAN: Özüňe “Hä?” bro!
ŞADYÝAN: Drug, şol bir jümläni kopipastlap ýadamadyňmy-aý?! Hä?!
DÜRSDABAN: Özüňe “Hä?” bro!
PÄKGÖWÜN: Äý bolýar-laý! Görýän welin, bu taýdakylardan şeý boljak däl öýdýän. Ine, şu tema ýazylan teswirlerem biz – adamlaryň şu wagtky ruhy ýagdaýynyň aýnasy!
Şu tema işjeň seslenýänleriň hatda birem özüniň bolgusyzja arzuwjyklaryny sereşlemän, eger-de geçmişe dolanyp biläýse, häzirki döwrüň gazananlaryndan bilýänjesini peýdalanyp, umumy adamzat gymmatlyklaryny goramagyň aladasyny etjekdigi hakynda ýazmady.
Şu günler internetem, telewizoram görseň, ýeriň ýüzünde zakguntäç belasyndan millionlap adam jan beripdir, ondanam köp adam üznüksiz açlykdan ejir çekýär...
A siz bolsa, “otlyçöp” diýýäňiz, “paýnama” diýýäňiz... bar gaýgyňyz gara garnyňyz...
KÖPBILMIŞ: @Päkgöwün, beýle päkgöwün hem-de rehim-şepagatly bolsaň, seniň özüň geçmişe gidip, adamzady ýaňky diýýän zatlaryňdan halas etmek barada isledigiňçe arzuw ediber.
Noş bolsun!
Priýatnogo appetita!
Bon apeti!
Näme, şu mahal: “Eýle arzuw etme-de, beýle arzuw et! Ýogsa-da seni bogp öldürýän!” diýip, üstüňe dübläp duran barmy? Ýa, nä iliň agzy bilen öz ham-hyýalyňy aýtdyrar ýaly, klawişa basýan eliňden ýa-da bolgusyzja pikirjikler hyň berýän beýniňden kireý isleýäňmi?!
ŞADYÝAN: Drug, çüýlediň-aý! Dogry-da walla! Ediber özüň nähili-neneňsi arzuw edesiň gelse! Iliň arzuwy bilen nä işiň bar diýsene! Dagam nä, her kim ýagdaýyna görä, kisesine sygaýjak arzuwyny eder-dä! Näme, dagy, jübüňd-ä ýüz manat bolup, özüňem milýon manatlyk arzuw etmersiň-ä! Etseň ýüz manatlygyny edersiň-dä! ☺☺☺...
KÖŇLI PÄK MUSLIM: Paçakçylar! Şu mahal, şu özüni @Gyzma diýip atlandyrýan düňk däli ýalylar, men pakyr-misgin-mazlum-zelil-garyp-kemine bendäniň agzyny ýumdurjak bolup, her niçe jan çekseler-de, men barybir aýtjagymy aýdyp galaryn!
ŞADYÝAN: Aýt, bratok! Göwnüň galmasyn! Aýdyp bilmän gultunyp galsaň, birdenkä nemäňden suwjagaz damyp, soň ulalaňda tök bolup çykaýma!
Eňter senem nemedeniňi!
Barybir bu taýy hemmäň öz nemesini nemedip nemedýän ýeri ahyry!
KÖŇLI PÄK MUSLIM: @Şadyýan! Eý musulman doganym! Özüň ýaly musulman bendesiniň sözüni bölmek ýa-da onuň üstünden güljek bolmak, mömin bendesine gelişýän gylyk däldir. Şuny bilip goýgun! Eger-de sen, şu pisint pisat işlerden gaýra durup, bejit päliňden gaýdyp, yslamyýetiň wäjipden-wäjip ýollary bilen ýöremäge ymtylmasaň, imanyňy ýakarsyň we bakyýetde dowzahy bolarsyň!
KÖPBILMIŞ: Muny saňa kim aýtdy, @Muslim? Ýa, sen Ylahy Arş bilen göni aragatnaşykdamy? Ýa-da sen, perişdeleriň haçan jaň etseň alýan eltelefon belgisini bilýäňmi?!
ŞADYÝAN: @Köpbilmiş, ☺☺☺... Respekt, bratuha!
KÖŇLI PÄK MUSLIM: Diňe bir @Gyzma agza dä, eýsem ki @Köpbilmiş agza-da dowzahydyr we olaryň ikisem ki, nesif bolup, ferişdeler “ämin” diýseler ki, sakar dowzahyň oduna uçrap ki, öz aýdan-diýen sözlerine hem-de bizler kibi päkize göwünli musulman bendeleriň kalbyna kine salanlary üçin ahy-nala dartyp ki, ýamanam ki, erbet ki, puşeýman eýlemişdikler...
Indem ki, men sizler ýaly käfirileň ýoluna ki ümzügini atanlara nämedir bir zatlary düşündirmek eýlejek bolup ki, dynnym ýalyjagam ki, jefa çekmiýän ki...
Wessalam ki, gef tamam ki...
KÖPBILMIŞ: Wah-wah-wah...
Indi senem bizi ýetim goýup gitseň, bi giden bagry birýan ki, gözi girýan ki, paçakçy-wäçiler ki, näme ki, işlärkäler ki?!
Dad-u-bidat ki, gitmäweri ki, perişdelerden pata alyp ki, pir çykmaga bary-ýogy üç-dört metri galan ki, wäjipleriň wäjibinden ki baş çykarýan, eý-a muslim dogan ki, danyşment!...
ŞADYÝAN: Öýkeledi...
ŞADYÝAN: Indi komentlemez...
ŞADYÝAN: Hemmesem senden boldy, @Köpbilýänçi bro! Şü, seňem gerek-gerekmejek ýerinde köp bilen bolmaň bar-da! Hä?!
DÜRSDABAN: Özüňe “Hä?” bro!
ŞADYÝAN: O-how, bro! Dirimiň-aýt?! Şeýdip-how, aram-aram özüňem bardygyňy bir bildirip duraweri-how! Ýogsa: “Ýene-de bir sammyk ýetenog-aý aramyzda!” diýip, ýaman erbet gynanyp ýatyrdyk şumat!
YLYM URAN: Biler bolsaňyz, rus alymy Grigoriý Ýakowlewiç Perelman 1994-nji ýylda differensial geometriýa ylmynda Ruh (kalp) hakynda çaklamany (gipotezany) subut edipdi. Menem şol wagtlar, has takygy 1993-nji ýylda, ýaňy bir, ýigrimi dört ýaşyň dälijesi halyma, ýokary okuw mekdebinden soňky harby gullugy tamamlap gelip, özümiň okan ýerimde matematika mugallymy bolup, talyplary okadyp başlapdym. Göz öňüne getiriň, men şu wagtky bilimlerim bilen şol alysda galan 1993-nji ýyla dolanyp barakga, Ruh hakyndaky çaklamany subut etsem nähili ajap bolar?!
Onsoň Perelman däl-de, men dünýä belli, hakdan içen matematik bolup adamzadyň taryhynda galardym. Hä?!
DÜRSDABAN: Bratok...Wiý, bagyşla! Sen 1993-nji ýylda eýýäm meniň şu wagtkymdan garry bolýandan bolan bolsaň, onda saňa indi: “bratok” diýip däl-de, “dedok” diýip ýüzlenseň dogry gelägejek ýalymy?! Hä?!
ŞADYÝAN: @Dürsdaban, bro, şunuň ýaly ýerde rus kardaşimizlar: “Isleseň hut golça diýägaý, ýöne peje dykmasaň bolýa!” diýýäler...Hi-hi-hi...
DÜRSDABAN: Bolýa-how, @Weselçak bro! Senem-aý, şü “kikirdemeli” diýseň, derrew gözüň ýalpyldaberýä. Şü mahal ünsümi sowmasana. Meniň şü @Ylmyň nokautlany agzadan bir zat sorasym gelýär. Sorasam bolýamy, @Ylym uran ata?!
YLYM URAN: Soraber, kelesaňja köşejik!
ŞADYÝAN: Ha-ha-ha, aldyňmy almytyňy, @Dürsdaban dosty?! Diňe ýeke özüň ýiti dillidirin öýdübem ýörmegil! Jahan giňdir, senden-de has dili duzlular bardyr!
DÜRSDABAN: @Weselçak, bes etsene-how! Ýöne, biderek komentläp gidip oturma-da! Bü taýda bumat ýaman serýoznyý gürrüň gitjek bolup ýatyr-a-how!
ŞADYÝAN: Bolýar, bro, bolýar! Aýt, hany “ýaman serýoznyý gepiňi”! Häzir ýene-de tokly osuran ýaly edip goýberersiň-läý...He-he-he...
DÜRSDABAN: Aýtsam, @Ylym uran ata, ýaňky: “Ruh hakynda çaklamany subut etdi” diýýäniň näme-aý?!
YLYM URAN: Mbäh! Ýaman erbet sorag berdiň-aý! Men bü matematik däl adama ýokary matematikanyň iň agyr formulalarynyň birini nädip düşündirsemkäm-ä?!
DÜRSDABAN: Näme, @Ylym uran ata, göwnümemi ýa-da sen maňa: “tupoý” diýip, bizleri kemsitjek bolup ýatyňmy?! Hä?!
YLYM URAN: Ýok-la, @Dürsdaban, men ýöne: “ýokary matematikadan hemme kişiň başy çykmyýa” diýjek bolýan-la.
DÜRSDABAN: Hä, onda bolýa. Ýöne, onda-da sen bizlere ýaňky aýdanyňy ýönekeýje edip, edil biz ýaly iň aňrybaşy tupoý düňklerdir, şü @Weselçak ýaly waňklaram birinji gezekde düşüner ýaly edip düşündiregaý!
Sen öň mollym bolýandan bolan bolsaň, şunuň ýaly zatlary özlemmiz kibi her öňýeten mahawlara düşündirmäge birmahal ökdeläp giden bolmaly ahyr-a-how!
YLYM URAN: Gysgaça düşündirsem, Grigoriý Perelmanyň subut eden Ruh hakynda çaklamasy şu zatlary ykrar edýär:
1. Her bir köpdürlüligiň (ol M, g belgileri bilen aňladylýar) kalby bardyr. Kalp (S belgi bilen aňladylýar). Ondan başga-da köpdürlülik M, S-niň üstündaki kadaly gatlaklara bölünmegine diffeomorflydyr.
2. Ruh (kalp), köpdürlülik (M, g) bilen çürt-kesik kesgitlenmeýär, ýöne islendik iki sany ruh izometriki häsiýetlidir. Munuň şeýledigini baryp-ha 1979-njy ýylda matematik-alym Şarafutdinow “Şarafutdinowyň retraksiýasyny” düzüp, subut etdi.
Şeýlelikde, Ikileýin ruh hakyndaky çaklama, islendik otrisatel däl seksiýalaýyn gyşyklygyň ykjam köpdürliligini iki sany gatlaklara bölünme bilen disklere örtüp boljakdygyny ykrar edýär.
Nätdi?
Düşnüklimi?!
DÜRSDABAN: Hawa. Sag bol, atam! Ýamanam bet düşündirdiň. Şeýlebir gowy düşündirdiň welin, men-ä däl, hatda heniz gundagda ýatan bäbejigem düşüner ýaly bolaýdy munyň-a...
ŞADYÝAN: @Dürsdaban, ☺.
YLYM URAN: Gyşarylýaňmy, @Dürsdaban?!
DÜRSDABAN: Dagy näme-how, agam? Bu sen näme ýazdyň? Ýazanyňa özüň bir düşündiňmi-aý? Hä?!
YLYM URAN: Aýtdym-a men ýaňy: “Düşünmeýäň” diýip. A sen bolsa gaty görjek bolup ýatyrsyň .
INNOWASION KELLELI: Äý gardaşlar, goýsaňyzlaň-aý bu biderek matematika-satematikaňyzy! Ondana gowusy ýene-de temanyň mazmunyna dolanaýlyň-la! Ine, men-ä şu mahal geçmişe gidip bilýän bolsam, gaty uzaga-da gitjek däl-de, 2010-njy ýyla, bitkoinlaň ýaňy ulanylyp başlanan wagtyna barjak-da, şol pursatky her müň bitkoiniň bahasy 0,3 amerikan sentinden azyndan milýon sanysyny satyn alyp gaýtjak. Şu günlerem bir bitkoiniň bahasy 54 881,31 türkmen manady. Onsoň şol bahadan milýon bitkoini satsaňam: “Şundan özge uçmah gerekmez maňa-a-a...” diýäkge, hiňlenjirän bolup, ýaşap ýörmeli bolýaň...
ŞADYÝAN: Eý @Täzeçil mazgili dostumyz, bu “bet goýun” diýýän zadyň näme-aýt? Eýleki goýunlary süsüp-süsüp iým iýmäge goýmaýan, başbozar, süsek goýunmy?!
INNOWASION KELLELI: At oýnatmasana, @Gamgyn dostum! “Innowasion” sözüni “täzeçillik” diýip terjime etmegi bilýäň-de, indi bitkoiniň nämedigini bilmedik bolýaňmy?! Hä?!
DÜRSDABAN: Özüňe “Hä?”, bro!
GYZMA: Bu işigaýdan-a: “Däliň belläni enesiniň nämesi” diýlenine eýerip, ýene-de başlady-ow!
ÝYMŞAJYK: Bäş ýaşymdakam biziň-ä bir enaýyja güjüjegimiz bardy. Onam ulag kakyp öldürdi. Men-ä şu pille geçmişe gidip bilsemdim. Şojagaz janawerimizi halas ederdim... :-(...
DÖZMEZÇI: Wah, balajyk! Wah-wah-wah, görgülijik! :-( :-( :-(...
KÖPBILMIŞ: Eý, iki sany biri-biriniň sümügini süpürýänçiler, bu saýta ýalňyşyp geldiňiz öýdýän.
Biler bolsaňyz, bu saýta gatnaşýanlara: “paçakçylar” diýilýär. Sebäbi onuň agzalary sähel bahana tapsalar, kähalatda bolsa jinnek ýalam bahanasyz, ýöne, mugtuna hem keýpine, diňe sungatyň hatyrasyna biri-biriniň paçagyna bermegi ýamanam bir oňat görýärler.
Ol size gerek “sümükçi.wä” saýty bolsa, biziňkiň hatap galasynyň uk ýanynda ýerleşýär. Hamsygyşmakdan lezzet alýan bolsaňyz, şol saýta gidiň-de, sümükçileriň arasyna goşulyň...
ŞADYÝAN: Ha-ha-ha...Ýene-de bir gezek respekt bratuha!...
Paçakçy.wä saýtynyň bu temany açan agzasy, teswirleriň şu ýerine gelende, okap-okap ýadady. Şondan soň ol, öz maksadyna ýeten adamyň göwnühoşlugy bilen tüýs ýürekden ýylgyrdy-da, paçakçy.wä saýtynda agzalaryň gaýym harçaňlaşmaklary üçin ýene-de bir sebäpjik tapyp berenine monça bolup, smartfonyny öçürdi.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 114 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 6
0
4 guljancharyberdiyewa   [Mowzuga geç]

0
3 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Kitapçy barada ýazsaň menem goşmagy unutmaweri Serdar aga:)

0
6 Bagabat   [Mowzuga geç]
Sensiz kitapçy hakda ýazybam bolmaz-la, @Gürgençli! cool

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Kitapçy saýtyna-da bir şular ýalyja henek taýýarlap berseñ-ä galan ömrüme alkyş okap geçerdim wacko wink

0
5 Bagabat   [Mowzuga geç]
Nesipdir. cool

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: