20:25
Dini perdelenýänleriñ ýaýýan erbetligi
DINI PERDELENÝÄNLERIÑ ÝAÝÝAN ERBETLIGI

Geçen hepdedäki ýazgymyñ dowamyny soñky hepdä goýanym üçin okyjylarymdan ötünç soraýaryn. Emma bu ýazgymam erbetlik problemasyndan üzñe däl.
Ahlak ýaramazlygynyñ (erbetliginiñ) düýbünde tarapgöýlügiñ, adalatsyzlygyñ, ukyp-başarnyksyzlygyñ, hetdini tanamazlygyñ ýatandygyny görýäris. Ynha, muña tipiki mysal hökmünde "Menzil" tarykatyndan Aly Edizeriñ terbiýesiz we şonçarak derejede jahylçylykly mazmundaky çykyşlaryny görkezmän geçip bilmedim. Bu sähne eýeleýän wezipesinden boşadyldy (munuñ üçin saglygy goraýyş ministrine minnetdarlyk bildireliñ), emma GATA ýaly baýry gurama (belki-de taryhynda birinji gezekdir) şular ýaly biriniñ baş lukmanyñ kömekçisi wezipesine bellenendigi wyždanlarymyzy syzlatdy. Diýmek, menzilçi bolsañ bolany! Hamala lukmanmyş, emma onuñ paýlaşýan wideoroliklerinde lukmançylyk barada kelam agyz söz ýok, aýlyk alýan kärinden başga hemme zady oñarýar: agyzlary alaran är-aýallary birikdirýär, köp aýallygy öñe sürüp Medeni (maşgala we nika) kanunymyza garşy çykýar, Osmanly soltany Mahmyt II-niñ döwrüniñ modernleşme (döwrebaplaşma) syýasatyny ýazgarýar, arap entarisiniñ* üstünden dini hökümler berýär we ş.m. we ş.m. Bu many-müjresiz çykyşlaryñ düýp sebäbi - onuñ hyýalynda döreden şerigat düzgüni.

JAHYLLYGYÑ HÄKIMIÝETI

Ilki bilen şu kesgitlemäni bereliñ: Aly Edizerdir şuña meñzeşleriñ mazamlaýan entarisi pygamberimiziñ (s.a.w) ganym duşmany Ebu Jehiliñem, şol ýurtda ýaşap geçen beýleki müşrikleriñem geýýän eşigi bolandygyny ýatdan çykarmalyñ. Bu eşik biçüwi häzirki wagt türk harytlaryny boýkot edýän araplaryñ öz ýaşaýan ýurtlarynyñ geografiki şertlerine mahsus egin-eşikdir. Ikinjidenem, arap medeniýetinde sakalsyzlyk nogsanlygyñ alamatydyr. Haýsy ynançdan bolsa bolsun, tapawudy ýok, şonuñ üçin araplaryñ ýaşaýan ýurdunda ýaşaýan sakalsyz erkeklere hut şol sebäpli gyýa göz bilen garapdyrlar. Şeýle-de, otparazlar başlyklaýyn ähli ynançlarda selleli-sarykly gezmek adatdyr. Diýjek bolýan zadym, yslam diýlende, öz döwrüniñ medeniýetini alamatlanlandyrýan sakgalyñ, selledir sarygyñ, jüpbäniñ, entariniñ dile getirilmegi diýseñ zyýanlydyr. (Pygamberiñ edim-gylymyny, geýnişini nusga alyp geýinmek, özüñi alyp barmak başga gürrüñiñ temasy).

ABSOLÝUT ERBETLIGIÑ ADY

Geleliñ esasy gürrüñe: modern döwletiñ ähli artykmaçlyklaryndan, nygmatlaryndan peýdalanyp, emma dünýewi döwlet gurluşyna duşmançylyk besleýänlerden halk köpçüligi bizar boldy. Musulmanlyk diñe daşky görnüşe - şahsy bähbitleriniñ hatyrasyna adalat, mynasyplyk (liyakat - laýyklyk, ýagny ukyp-başarnyga görä iş), amanat, meşweret (sala, geñeş manysynda), maslahat ýaly diniñ esasy prinsipleri ýer bilen ýegsan edilen döwründe adamlaryñ ýadyna musulmanlyk düşermi? Dert-aladasy hakykatdanam yslam bolýan bolsa, bu bäş ýörelgä jan-tenleri bilen ýapyşardylar. Olaryñ bar oñarýan zady öz egolaryny kanagatlandyrmak. Egolaryny kanagatlandyryp bilmeýän açgözleriñ hemme zada gözegçilik edesleri gelýär we hiç bir ýagdaýda jogapkärçilige çekilesleri gelenok. "Alla, pygamber" diýip, sarykdyr selleli birküç sany parz ybadaty adamlaryñ gözi üçin amal edip, erbetliklerini örtýändirin öýdýärler.
Bu ýagdaý şahsy adamlary erbetlikden jemgyýetçilik erbetligine, jemgyýetçilik erbetligindenem teologik erbetlige alyp barýar birtopar ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz galmaga iterýär.

MUSULMAN DIÝLENDE GÖZ ÖÑÜNE GELÝÄNLER

Geçmişde musulman diýlende - gybat etmeýän, ýalan sözlemeýän, kişi hakyny iýmeýän, hiç kimiñ mal-mülküne namysyna gözüni dikmeýän adamkärçilikli artykmaçlyklar ýada düşerdi. Şindi gybatyñ iñ lükgesini gaýyrýan, gözümiziñ içine serede-serede ýalan sözleýän, öz tarykatynyñ adamyny çürkeýän, agy-garany seljermeýän, kimdir birine birine gara sürtmek üçin elinden geleni gaýgyrmaýan, adamlaryñ göwnüne degmegi eşege palan atança-da görmeýän, özi bilen deñ pikir ýöretmeýänlere agzyndan gelen hapa-paýyş sözleri ýagdyrýan, edepsiz dil ulanýan, aýal-gyzlara we kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy zorlukly hereketleri etmekde ýaka tanadan kişiler göz öñüñe gelýär.
Bar zat gury söze öwrülipdir, has takygy, teoriýada ynanja wekilçilik edýän, emma, praktikada özüni erbetligiñ batgasyna batyran musulmansumaklar bar.
Iññän gynançly, iññän.
Indi musulmanlyk diýen zat ýok, musulman bar. Elbetde, onu-da tapybilseñiz. Edil ussat şahyr Mehmet Akifiñ aýdyşy ýaly:

“Näçe çyn musulmana duşsam, hemmesi makberdedir,
Musulmanlyk... bilmedim-dä, megerem, göklerdedir.”

Aýşe SUJU.

"SÖZCÜ" gazeti, 12.10.2020 ý.

[i]*entari - araplaryñ milli eşigi, (ýagny, etekli köýnek -t.b.).


Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 65 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýşe Suju | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 6
0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hut şoñ ü.nem hemişe aýdýaryn, ýene-de aýdýan: biziñ dünýewi we demokratik döwletimiziñ hut şu ynanç babatda alyp barýan ugry iñ dogry ugur, iñ dogry ýol, iñ dogry syýasat.

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bir klasdaşym bar... durmuşda il-halkyñ oñlamajak ýaramazlyklaryndan etmedik zady ýok (munuñ û.n ony ýazgaramogam, mazamlamogam, näme etse-de öz işi), emma günleriñ bir güni sakgal goýberdi, häzir ýalpyldap duran gap-gara sakgally ýaş oglan, (käte etekli köynegem geýäýýär), dogrymy aýtsam, toýda-ýasda sataşylsa, yüzbe-ýüz bolsañ iniñ jümşüldäp gidýär), ýaş oglanlara gelşiksiz, gaty gelşiksiz... Märekäni üýşendirýärler...
Aslynda onuñ sakallylygyny ýa sakalsyzlygyny gep etmek däl niýetim, sakal goýbermegam adamyñ öz isleg-meýline bagly. Sakal goyberyan eken diyp adamy yazgaryp, ya-da oña haysydyr bir dini ýöñkemek bolmaz. Iudaizm dininiñ hahamlary hem sakal goýberýär... Marsk, Engels, Engels ýaly meşhur ateistlerem sakally gezipdirler. Sakal goyberyan eken diyp, rayatlara azar bermegem ýalñyş taktika... Gep munda däl. Gep - makalada hem aydylşy ýaly, meniñ hem aytjak bolyanym, yañky klasdaş yaly yaş oglanlaryñ sakgaly, etekli koynegi musulmanlygyñ alamatydyr öydüp, biziñ yaly jinsili, yeñsiz köynekçeli gezip yorenleri dinden daşlaşan hasaplayandyklary...

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Üns berýän bolsañyz, "Pers şazadasy. Wagt çägesi", "300 spartaly", "Hz. Omar" ýaly meşhur kinofilmlerde hem otparaz persler (eýranlylar) hem selleli-saryklydyr.
Sarygy, etekli köýnegi, sakgaly musulmanlygyñ nyşany hasaplaýanlara nebsim agyrýar. Adama daşky keşbi, geýýän eşigi b.n baha bermek pesligiñ alamaty. Gynansak-da, şular ýalylar dürli görnüşli döwrebap eşikleri ýewropalaşmagyñ we azmagyñ alamaty hasaplaýarlar.

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Durmuşda şeýle mollasumaklara az gabat gelemzok, saýtlaram soñky döwür şolar ýalylardan hyñ berýär.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Iññän ýerine düşen makala we biziñ jemgyýetimiz ü.nem aktual meseleleri gozgaýar.

0
1 Gökböri   [Mowzuga geç]
Şu setir şeyle bolmaly, iki sözüñ yeri ûytgapdir, manysy uytgemez yaly duzedip berseñiz minnetdar bolardym, admin aga:

"Bu ýagdaý adamlary şahsy erbetlikden jemgyýetçilik erbetligine, jemgyýetçilik erbetligindenem teologik erbetlige alyp barýar birtopar ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz galmaga iterýär.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: