20:26
Swastika diñe faşistleriñ belligimi?
Kökler

SWASTIKA DIÑE FAŞISTLERIÑ BELLIGIMI?

Biz,urşyň edil yz ýanyndaky ýyllaryň mekdep okuwçylary, faşizme ýigrenç ruhunda terbiýelendik. Olaryň baýdagynyň ýüzündäki swastikany filmlerden görýärdik. Sowet esgerleri hüjüm edip, faşistleriň swastikaly baýdaklaryny, swastikaly gerblerini jaýlaryň depesinden kakyp düşürenlerinde begenjimizden çapak çalardyk.
Swastika bize zäherli möýi, ýigrenji ataýryny ýatladýardy. Bir gezek garagol klasdaşymyz ýanan töňňäniň kömri bilen mekdebiň diwaryna swastika çekende, barmagyny aldyryp gelen frontçy mugallym onuň gulagyndan mazalyja dartypdy. “Sen faşistleriň obany basyp almagyny isläpmidiň?” diýip, eden işiniň manysyna oňly düşünmeýän çaga watan dönügine ýüzlenýän ýaly, çyny bilen gygyrdy. Swastika biz üçin Gitleriň oýlap tapan nyşanydy, ol Gitlerden öňem bolan däldir, soňam bolmaly däldi. Hakykatda welin, gözümize juda ýakymsyz bolup görünýän bu ýigrenji nyşan biziň enelerimiziň, uýalarymyzyň dokan, dokaýan halylarynda-da bar bolsa nätjek! Bilmändiris, üns bermändiris! Häzirem köpümiz bilemzok. Bir ýagdaýy göz öňüne getiriň. Uruş ýyllary boýnuny büküp haly dokap oturan zena- na: “sen swastikany çitip otyrsyň” diýlen bolsa, agyr daragyň maňlaýyňda ganly nagyş galdyraýmagy-da ähtimaldy. Ýeňşiň hatyrasyna iň soňky şaý-sepini ak ýürekden beren naçarlara mundan artyk kemsitme bolmazdy diýjek. Swastika aslynda faşistleriň nyşany hökmünde döremän ekeni. Faşistler müňlerçe ýyly başyndan geçiren mukaddes belginiň asyl manysyny ýigrenji ideologiýalaryň matlabyna gabatlaşdyrarys öýdüpdirler. Biziň halylarymyzdaky swastika örän gadymy ynançlardan habar berýär.
Ärsary halysyna syn edeliň. Gülli göl, ýa-da oňurga gölüň içindäki sekizburçlugyň ortasynda swastikanyň şekili bar. Beşir topbasynyň orta ornamentinde swastika şekilli nagyşy, has takygy, uçlary döwlen hajy görýäris. “Türkmen amaly-haşam sungaty” diýen albomyň 48-nji illýustrasiýasyndaky keçäniň merkezinde hatar goýlan üç sany swastika şekilli nagyşy synlasa bolýar.
Mundan başga-da, S.Ýesaýanyň “Demirgazyk-günorta Ermenistanda ýaşan taýpalaryň gadymy medeniýeti” diýen ylmy işinde Gündogar Türkmenistandan tapylan gabyň düýbüne swastikanyň çekilendigi aýdylýar. Ýöne alym ony haç bilen manydaşlykda ýer astynyň simwoly hasaplaýar. Galan çeşmelerde oňa başga many berlen.
“Dünýä halklarynyň mifleri” diýen ensiklopediýada “swastika” sözüniň gadymy hindileriň dilinde “rowaçlyk” diýen manyny aňladandygy bellenýär. Bu simwol juda ir döräpdir, ol ýokary paleolit zamanynyň (biziň eýýämimizden öňki 20-10 müňýyllar) şekillerinde duş gelýär. Swastika hajyň uçlarynyň bir tarapa bükülen görnüşi bolup, onuň bilen rowaçlygy, bagtlylygy aňladypdyrlar.
Gadymy hindi mifologik terminlerini öwrenen alym W.Iwanow “swastika” sözüniň gelip çykyşy hakynda aýdanda öňden gelýän bir pikire ünsi çekýär. Ol iki sözüň, ýagny, guşy-SU bilen ýylyň sowuk hem ýyly bölegine ygtyýarly hudaý ASTIKA-nyň atlarynyň utgaşdyrmasyndan ybarat. Eger haç-atanagyň uçlary çep tarapa egreldilen bolsa, bu alamat gün guşunyň güýz hem gyşdaky demirgazyga uçuşyny aňladýar. Eger saga egreldilen bolsa, bu alamat gün guşunyň ýaz hem tomusdaky günorta uçuşydyr.
Ýene bir gyzykly pikiri aýtsa bolar. Haç bilen swastika umuman manydaş, olar Günüň kulty zerarly dörän belgiler. Ýöne onyň parhly ýeri-de bar. Günüň guşa meňzedilen şekilini aňladýan haç onuň bir gije-gündizlik uçuşyny görkezýär, eger ol swastika şekilde berlen bol sa, bu günüň bir ýyllyk uçuşydyr. Gadymy astekleriň iýerogliflerinde haçly tegelek bir güni, swastikaly tegelek bir ýyly aňladýar ekeni.
Swastikanyň simwolika hökmünde döräp başlan ýeri Alynky Aziýa bolmak bilen, ol neolit zamanynyň medeniýetine degişlidir. Kiçi Aziýadan tapylan swastika meňzeş şekilleriň aňyrsy biziň eýýämi- mizden öňki ýedi müňünji ýyllardan gaýdýar. Uçlary toglanan haç şekilli belgiler ekinzarlyk meýdanynyň dört tarapyny görkezýän alamat bolmaly diýip çaklanýar. Edil şular ýaly belgini türkmen keçelerine salynýan nagyşda görýäris. Ol agzalan albomda ýerleşdirilipdir.
Hindistandaky ynançlara görä, swastika nesliň ösňemegine-de
penakärlik edýän simwol bolmaly. Hindileriň aňyrsy ary taýpalaryn-
dan. Olara wedler diýilýär. Suratlarda aýalyň ýatgysynyň swastika bilen bellenmegi hem ýokarky ynanç bilen bagly. Neolit hem eneolit zamanlarynda Alynky Aziýada, aýratynan Eýranda swastika bilen bagly dürli kompozisiýalar giňden ýaýran. Swastikanyň ary taýpalarynyň arasynda meşhurlygy, Eýranyň bolsa arylaryň watany diýip at almagy, onuň köküniň çuňdygyna güwä geçýär.
Ýokarda hindileriň swastikany rowaçlyk, bagtlylyk bilen baglan- dyklaryny aýtdyk. Rowaçlyk maşgaladan başlanýar. Haly, keçe öýüň, ojagyň bezegi, her kim olary eşretli durmuşa ýarasyn diýen niýet bi- len edýär. Belki, biziň ata-babalarymyz gowy niýetlerini sungata siňdirip, şol nagyşlary halylara çitendirler, keçelerimize salandyrlar?...
Indi faşistlere dolanalyň. Germanlaryň asly-da ary taýpasyndan. Swastika biziň eýýämimizden 5-4 müň ýyl ozal Ýewropa-da ýaýran ekeni. 2000-nji ýylyň mart aýynda meşhur fransuz žurnalisti, ýazyjy Lui Poweliň “Msýe Gurdžiýew” diýen kitaby elime düşdi. Ony rus di- linde Moskwanyň “Kron-Press” neşirýaty çykarypdyr. Kitap ýigriminji asyryň iň syrly adamlarynyň biri hasaplanýan Georgiý Iwanowiç Gürjiýewiň täsin şahsyýetine, jadyly taglymatyna bagyşlanýar, Gürji- ýew Ermenistanda doglan. Kakasy Kiçi Aziýaly grek, ejesi ermeni.
Onuň ýoly XX asyryň başynda Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenista nyň hem üstünden düşýär. Ol bu hakda “Ajaýyp adamlar bilen duşuşyklar” diýen kitabynda ýazýar. Bu kitapda Krasnowodsk, Aşgabat, Mary şäherleri hakynda gyzykly sahypalar bar.
Käbir habarlara görä, Gürjiýew Tibetde bolanda “Hakykaty gözleýjileriň jemgyýeti” diýen gurama döredýär. Guramany döretmä-ge Karl Haushofer atly nemes hem gatnaşýar. Olar 1903-nji ýyldan 1908-nji ýyla çenli bile işläpdirler diýen habarlar ýaýradylýar. Karl Haushofer soňra Üçünji reýhiň iň esasy ideology bolýar, Gitler, Gimmlere sapak beren esasy adama öwrülýär. Ana, şol Karl Haushofere faşistleriň, ýagny nasional-sosialistleriň emblema hökmünde swastikany ters öwrülen görnüşde alyň diýipdir. Nemes faşistleri ary jynsyndan bolan germanlary dünýäniň beýleki halklaryndan artykmaç saýyp, swastika diňe özlerine degişli ýaly, ony parhlylygy aňladýan simwol derejesine göterdiler. Simwolyň asyl manysyna mahsus bolan rowaçlygy, bagtly durmuşy diňe nemeslere rowa görýändiklerini ýer ýüzüne tekepbirlik bilen jar etdiler. Haýasyz milletçileriň bet niýetli dünýä gan çaýkady, adamzat bimöçber azaba sezewar boldy. Olar asly mukaddeslikden dörän swastikany-da ýigrenji simwola öwürmegi başardylar.

Tirkiş JUMAGELDI.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 136 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
1
3 ezizh764   [Mowzuga geç]
Haýranym hekgerdi..

0
2 sol-diez-si-fa-diez-mi   [Mowzuga geç]
"Раса" - sözüniñ terjimesi, doly manysynda, "jyns" bolýarmy?

0
1 syrlywakalar   [Mowzuga geç]
"Gitleriň oýlap tapan nyşanydy, ol Gitlerden öňem bolan däldir, soňam bolmaly däldi."
Gitler 1933 nji ýylda hökümede gelýär ondan öñ "Nazi" diýip bir partiýa bardy şo partiýadan gaýdan nyşan bu. Şeýle diýilýär "Swastika gyzyl reňkdäki ak tegelek nagyşda 45 dereje egrelen nyşan". Faşistleriñ 1933 - den 1945 nji ýylda çenli milli we söwda baýdagy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: