18:55
Diniñ gelejegi
DINIÑ GELEJEGI

Öñki makalamda gozgaýan meseläme dahylly öz pikirini beýan eden okyjym, meniñ kesgitlemelerimi makullaýandygyny aýdandan soñ: "Özeni jemgyýetçilige esaslanýan din, sosial adalata we deñlige näme üçin şular ýaly aralyk saklaýarka? Munuñ özgerme ähtimallygy barmy we bu özgerişiñ dinamikalary nämeler?" diýip sorady.
Bolan zat bilen bolmagy hökmany zadyñ arasyndaky tapawut şeýle bir açylypdyr welin, bu sowalyñ orta atylmagyna geñläsi iş ýok.
Ýogsam bolmasa, din bilen zulumyñ ýa-da din bilen deñsizligiñ bir ýere sygyşmagy boljak zat däl, başgaça aýdanda oksýumorondyr. Gürrüñi edilýän din Tañra ýöñkelýän bolsa, Tañry El-Adyldyr. Adalatsyz Tañry bolup bilmeýşi ýaly, adalatdan we deñlikden uzakda durýan din bolup bilermi? Wahyý ýadyñyza düşýändir, akyl hemme zatdan öñde. Hususanam "mesele dindemi ýa akyllarda" diýen sowalyny bermelidiris. Muny diñe yslam babatda aýdamok, üç semawy diniñ ruhban synpynyñ (yslamda ruhban synpy ýok, bu diñe sözde atlandyrylyşy) pozisiýasy biri-birinden aýry däl. Italiýada koronawirusdan ölýänleriñ sany çaltlyk bilen artýan wagty, haýsydyr bir popuñ halky koronawirusdan goramak üçin "mukaddes suwy" şol bir käseden we çemçeden onlarça, ýüzlerçe kişä paýlamagy bilen biziñ şeýh ependilerimiziñ, käbir işan-mollalarymyzyñ öz agzyndan galan suwy müritlerine içirmegi bilen arasynda näme tapawut bar? Hereketsiz doganyñ güýjüniñ ýokdugyny ilkinji nobatda şu synpdakylar bilmeli. Başymyzdan geçen heläkçilikleri göz öñüne getiriñ: ýer ýüzüni gan derýasyna gark edenleriñ garşysynda haýsy diniñ wekilleri hemmesi bir ýere jemlenip, etiki garşylyk berip bildiler? Iñ ýokarky derejeden jogapkärçilik ýükleýän "Ertir kyýamat gopjagyny bilseñizem, eliñizdäki nahaly ekmän goýmañ" diýen ündewiñ häzirki musulmanlyga täsir edýänini kim aýdyp biler?
Sözi süýndürip durjak däl, gury şekiliñ (daşky görnüşiñ) hökmürowanlyk edýän ýerinde meseläniñ özeni barada näme aýtsañyzam peýdasyz bolar.

YNANÇ - ZERURLYK

Pandemiýa dünýäniñ ünsüni ylma gönükdirdi.
Metjitleriñ, buthanalaryñ, hawralaryñ gapysuna gulp urulmagy akylyñ orta goýan hakykaty. Nämälimlik bolsa biziñ hemmämizde uly gaýgy-aladalary döredýär. Çagalarymyza nähili dünýä goýup gitjegimiz belli däl. Ine, hut şu ýerde-de adam sygynma zerurlygyny duýýar. Diýjek bolýan zadym, akyl ynanmaga ýol açsa-da, akylsyz ynanç derege ýaramaýar: “Eliñden geleni et soñra boýun sun.” Mesele şu ýagdaýy döredýär: adamyñ mümkinçiligi we duýujylygy dini düşünjäniñ gelejegini-de kesgitleýär.

HEMME ZAT ÜÝTGEMÄGE MAHSUS

Professor tanşym Hakan Poýraz birnäçe ýyl öñ "gelejek üstümize gümmür-gümmür ýetip gelýär" diýerdi we sorardy: "eýsem, biz muña taýýarmy?" Koronawirus belasy elektron eýýamyñ tizligini artdyrdy, söwdadan bilime çenli ähli ugurlardaky werziş bolnan ýörelgeler üýtgemäge başlady. Döwür ynançlarymyzy, dini garaýşymyzy, Tañry düşünjämizi gözden geçirmegimize iterer. Käbirlerimiz üýtgeşmä garşy çykar, käbirlerimiz üýtgeşmä garşy çykanlara garşy çykar, emma hiç zat öñküsi ýaly bolmaz. Etiki kodlary bolan ylym näderejede möhüm bolýan bolsa, adam şekilli ýaşamagymyzy üpjün etjek prinsiplere gönükdirilen ynançlaram şoderejede möhüm. Elektron eýýamyñ täze gumanizmi bize ylym-sungat-filosofiýa ulgamynda adamyñ hakykaty takyklap bilme ýoluny açar.

Aýşe SUJU.

"SÖZCÜ" gazeti, 30.03.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Filosofiýa | Просмотров: 50 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýşe Suju | Рейтинг: 0.0/0
Ähli teswirler: 3
0
3 Mahymm   [Mowzuga geç]
Kän düşünmedim

0
2 syrlywakalar   [Mowzuga geç]
"HEMME ZAT ÜÝTGEMÄGE MAHSUS" gaty dogry söz

0
1 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Berekella @Gökböri, dowam ediber. Terjimäñ gül yaly bolupdyr...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: