14:05
Baý-bäh / hekaýa
BAÝ-BÄH

Hindistan…
Gubernator we onuň hatyny zyýapat berýär…
Harbylar, ilçihanaň işgärleri, olaryň hatynlary we amerikaly tebigatşynas alym jemi ýigrimi adam ullakan stolda otyrlar.
Bir hatyn bilen polkownik "zenanlar gorkakmy ýa-da erkekler" diýip jedelleşmäge başlady.
Polkownik:
— Hatynlar her hili gorkuly pursatda gygyryp, wägirip başlaýarlar— diýdi — Erkekler bolsa gorkyny jylawlamagy başarýar.
Tebigatşynas jedele goşulman, myhmanlary synlap otyrdy. Birden ol öý hanymynyň ýüzüniň özgerip gidendigini görüp galdy. Hanym gymyldaman otyrdy, göýäki saň-gaty bolup galana çalym edýärdi. Hanym assa-ýuwaşlyk bilen, ümläp hyzmatkär oglany çagyryp, onuň gulagyna nämedir bir zatlar pyşyrdady. Hyzmatkär oglanyň gözleri misli okara kibi ullakan bolup açyldy.
Tebigatşynasdan başga hiç kes ýigidiň eýwana jamda süýt getirip goýandygyny duýmady. Tebigatşynas teşwişlenip başlady. Hindistanda jamda süýt goýmak bir närsäni— ýylan çagyrmagy aňladýardy. Tebigatşynas otagda kepjebaşyň bardygyny duýdy. Ol otagyň burçlaryna, güldanlaryň arasyna seretdi, ýylan görünmedi. Diňeje bir ýer galypdy, stoluň asty.
Ol derrew syçrap turup, otagda ýylan bardygyny duýdurmakçy boldy, emma bijaý hereket etse kepjebaşyň ürküp birini çakyp göýbermeginiň ähtimaldygyny bilýärdi. Ol, hemmäň ünsüni özüne çeker ýaly tiz-tiz gürläp başlady.
— Kimiň çydamlydygyny bilmegiň aňsat usuly bar. Häzir üç ýüze çenli, bäş minut sanaryn, men sanap bolýançam biriňizem gymyldaman oturmaly. Kim gymyldasa, elli rupiýa bermeli bolar.
Stoluň töwregindäki ýigrimi adam daş kimin gatap otyrdy. Tebigatşynas iki ýüz segsene ýetende gözüniň gytagy bilen kepjebaşyň eýwandaky süýtli jama tarap barýandygyny gördi. Ýylan eýwana çykandan derrew böküp turup eýwanyň gapysyny ýapanda hemme kişi elheder almakdan ýaňa doňňara-daşa öwrüldi.
Gubernator:
— Siz hak aýdypsyňyz, polkownik— diýdi— Ine, şu wagtjyk erkek adamyň gorkyny nähili jylawlap bilýändigini gördük.
Tebigatşynas:
— Az-kem sabyr ediň!— diýdi— Hanym Winks, otagda ýylanyň bardygyny nädip bildiňiz?
Hatyn ýylgyryp jogap berdi:
— Ýylan aýagyma çyrmaşypdy…

Mona GARDNER
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 115 | Добавил: Gurgencli | Теги: Mona Gardner | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 16
0
16 Mahymm   [Mowzuga geç]
Gyzykly.

0
15 Gökböri   [Mowzuga geç]
Al, ana smile

0
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Tûrk sözleriniñ aslynyñ türkmen sözüdigine şek-şübhe ýok. Ýöne kartoşkadyr pomidora bir türkmen sözi diýmäñ biggrin

0
10 Bagabat   [Mowzuga geç]
@Haweran, amerikany açan türkmenler bolsa, amerikanyň ýerli ilatam türkmenler bilen bir gan bolsa, onda diýmek badat bilen tomatam türkmen sözi bolar-da wink

0
11 Bagabat   [Mowzuga geç]
Hezillik ahyry! Internetde agzyňa ýapyşýan ýok diýip, kelläňe gelenini şagladyp oturmaly. Potates we Domates... biggrin

0
12 Bagabat   [Mowzuga geç]
Potates bilen Domatesiň tüýs türkmen sözleridigini olaryň ýazylyşyndanam, soňky bogunlaryndanam biläýmeli. Ispanýoles we portugales... biggrin

0
13 Bagabat   [Mowzuga geç]
Şü badat bilen tomat bolsa, biz çagakagam galhozda ekilýädi, bardy. Onsoň olar: "16-17-nji asyrda Amerikadan getirilipdir" diýip kim aýdýanam bolsa ýaňňyş aýdypdyr. biggrin

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Öñem biri Ýaponiya "on yabyñ añyrsyndaky yurt", Pariž - porsy ys, fortuçka - porsy ys çykaryjy... diyşine barya, goýuñ how indi şular yaly gülkünç toslamalary, ili üstümizden güldürmäliñ.

0
7 syrlywakalar   [Mowzuga geç]
Şok diýip söz ýok diýýäniñ şuwagt geçerlidir. Öñ Alp Arslan bizden aýrylyp gidende ençeme adam hem şonuñ bilen gidipdi. Soñam bizi Sowetler basyp aldy. Ýagny diýjek bolýan zadym Türkleriñ köp sözi aslynda Türkmen söz ýöne biz basylyp alynyp ençeme sözleri şolardan aldyk. Olar bolsa unutmadylar. Meselem idam sözi, aslynda Türkmende bolan, ýada "Efendim", "Intihar" ýaly sözler. Patates Domates hem aslynda Türkmen sözi bolandyr soñ orslar gelende biz pomidor kartoska zat diýip ugradyk.

0
6 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Serdar aga, diýmek esasan harp ýalňyşlyklarym bar ekenda. Şonam okap, öwrenip düzetmeli welin ýaltalyk barda, Kakamyrat agaň ugradan kitaby 900 sahypadanam köpräk eken okamaga ýaltanyp henizem okaman gezip ýörün smile .
Wi "Kadadan çykmalar…" diýip ýazanyňyza düşünip bilmedim, kyn görmeseňiz düşündirseňiz!

0
14 Bagabat   [Mowzuga geç]
Türkmen diliniň umumy ýazuw düzgünlerine laýyk gelmeýän käbir sözleriň özboluşly ýazuw düzgünleri bar. Şeýle sözler hem kadadan çykmalar bolup durýar.

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
))

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Terjime gowy. Diliň çeperleşýändigi, baýlaşýandygy ýa-da başgaça aýdylanda: "sözüň tagamyny" duýup başlandygyň bildirýär.
Bellikler:
1. "wägyryp" - "wägirip" (birinji bogunda inçe çekimli bolsa, adatça ikinji bogunda-da inçe çekimli bolýar. Türkmen diliniň dürs ýazuw düzgüni) :D. Kadadan çykmalar: kitap, deslapky, mežnun, şeýda we ş.m. başga dillerden türkmen diline geçen sözler;
2. "çedele" - "jedele";
3. "saň gaty" - "saň-gaty";
4. "kepçebaşyň" - "kepjebaşyň";
5. "syçyrap" - "syçrap";
6. "çakyp goýaýmagynyň" - "çakyp goýbermeginiň" diýip ýazylsa dogry bolardy;
7. "üçýüze" - bu sözleriň arasy açylyp ýazylýar: "üç ýüze" diýen görnüşde;
8. "rupi" - "rupiýa";
9. "ikiýüz" - bu hem "üç ýüz" ýaly ýazylýan bolmaly :-);
10. "turyp" - "turup" (Birinji bogunda dodak çekimli gelse, ikinji bogunda-da adatça dodak çekimli bolýar. Türkmen diliniň dürs ýazuw düzgüni) :-). Kadadan çykmalar: bugdaý we ş.m.;
11. "hemme şok bolup galdy" - "hemme kişi elheder almakdan ýaňa doňňara-daşa öwrüldi" diýip ýazsaň dogry bolardy. Sebäbi türkmen dilinde "şok" diýen söz ýok, ýöne şol sözüň aňladýan manysyny has şireli we täsirli berýän aňlatmalar juda köp;
12. "sabr" - "sabyr";
13. "Missis" - "Hanym" diýip alsaň ýalňyş bolmazmyka diýýärin;
14. "çyrmaşyp alypdy" - "çyrmaşypdy" diýseň hem-ä gysga bolýar, hem-de şol bir manyny berýär.

0
3 Dunya   [Mowzuga geç]
Mbäh, zor hatyn eken

0
2 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Öňki terjimelere görä az-kem ösüş barmy? smile

0
1 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Serdar aga, şunam okap bellikleriñizi ýazmagyñyzy haýyş edýärin!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: