01:21
Erbetligi Tañry isleýärmi -3/ dowamy
ERBETLIGI TAÑRY ISLEÝÄRMI?

Izmir ýer titremesi jigerlerimizi paralady. Ýitiren adam pidalarymyza rahmet dileýärin. Hemmämize geçdigi bolsun.
Ýene bir gezek şaýat bolduk: bizi ýer sarsgynlary däl-de, ýer sarsgynyna çydamsyz binalar öldürýär. Bular ýaly heläkçilikleri Tañra ýöñkemek ýa-da her ýer sarsgynynda bolşy ýaly pespaýa dil bilen meseläni adamlaryñ hüý-häsiýetine, geýnişlerine, zyna, spirtli içgilere baglanyşdyryp “Tañry jezalandyrýar” diýen ýaly wagyzlary etmek erbetligiñ añrybaşydyr.
Şeýle çemeleşmede gezýänlere garañ: tebigaty bilenok, tebigatyñ kanunlaryny we işleýşini bilenok, fizikadan ýa-da inženerçilikden başy çykanok, ýer sarsgynlarynyñ iñ köp bolýan Ýaponiýa ýaly ýurtlaryñ ýeten üstünligini bilenok, emma hamana dini bilýärmiş, hamana Tañryny bilýärmiş.
Dine näme ýamanlyk ýeten bolsa, şular ýaly jahyllardan ýetdi.
“Jahyllardan ýüz öwür” aýatyny ýatladyp, üç hepdeden bäri üstünde durmaga çalyşýan erbetlik problemasyna dowam edeliñ.

HRISTIAN TEOLOGIÝASYNDA ERBETLIK

Dini taglymat bu dünýäniñ gurat maşyn ýaly saz işleýändigini öñe sürýär: hemme zat bolmalysy ýaly we belli bir maksada gönükdirilendir.
“Düzgün-nyzam we maksat” delili teist kesgitlemeleriñ iñ möhüm tutarygydyr.
Hristian teologiýasynyñ düýbüni tutujy hasaplanýan Awreliý Awgustiniñ gipotezalary-da iki hepde öñ üstünde durlan musulman teologlaryndan üýtgeşik däldir. Ol şeýle diýýär:

“Ýagşylyk - barlygyñ çöwre ýüzüdir, ýagny, ýagşylyk barlykda geldi-geçer zat bolup bilmez.
Barlyk - hakykat bolşy ýaly-da gowudyr we barlyk diýmäge mynasyp bolan diñe Tañry bolandygy üçin hökmany suratda Tañry gowudyr. Erbetlik barlykda baglanşykly däldir, ýagny, hiç bir närse erbet bolman, hemme zat älemdäki hudawy garmoniniñ bir parçasydyr.”


Günbatar pelsepesiniñ görnükli wekili Leýbnis teodiseýa meselesinde filosofik we teologik hakykatlaryñ bir-biri bilen çapraz gelmeýändigini öñe sürýär. Leýbnisiñ pikiriçe Tañry hemme zadyñ iñ gowusyny saýlapdyr: “Bolup biläýjek dünýäleriñ iñ gowusy hemme zada kadyr Tañrynyñ saýasynda bilnipdir, röwüşsiz gowyny döredip bilmeginden ötri ýaradylmaga saýlanan we hemme zada güýji ýetmesi bilen emele getirilipdir” kesgitlemesi yslam dünýäsiniñ görnükli wekili Ymam Gazalynyñ pikiri bilen meñzeşlik berýär. Jöhit jemagaty tarapyndan aforoz edilen (çetleşdirilen) we "Etikasy" bilen tanalýan Spinozanyñ gelen netijwsi bolsa Ibn Sinañkydan tapawutly däldir, ol: "Närseler Tañry tarapyn ýaradylan terzinden we düzgüninden başga bir terzde we düzgünde ýaradylyp bilmezler” diýýär. Şonuñ üçin Ibn Sina hem "eger şeýle bolýan bolsa, başga bir älem bolardy" diýipdir.

TEISTLER WE OLARYÑ GARŞYDAŞLARY

Soñky dört ýazgymyñ gysgaça mazmunyny aýdar bolsam, Orta asyrlardan modern zamanlara çenli teist akyldarlar erbetligiñ ontologik barlygyny inkär edýärler ýa-da adalatyñ we ýagşylygyñ amala aşmagynda serişde hökmünde kabul edýärler. Umumy netije şu: erbetlik meselesi Tañrynyñ ýokdugyna delil bolup bilmez. Ýöne Dewid Ýum muña garşy çykýar. Ateizm Ýumyñ pikirlerini özlerine esas edip alýarlar we erbetlik bar ýerinde absolýut Tañrynyñ boljagyna ynananoklar. Döwürdeş teistler bolsa bu çemeleşmäniñ garşysynda erbetligiñ barlygyny ykrar edýärler we meseläni erkin erada arkaly çözmäge synanyşýarlar. Erbetligi erkin eradanyñ we jogapkärçiligiñ çäginde okamaga başlasak, islesegem-islemesegem ahlak zemini emele geler. Indiki hepde ahlak erbetliginiñ üstünde durup geçeris.

Aýşe SUJU.

"SÖZCÜ" gazeti, 02.11.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Filosofiýa | Просмотров: 55 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýşe Suju | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Gökböri   [Mowzuga geç]
Haýryny gör smile adymy bukmasañ bolýa cool

0
2 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Şuna oñaraýdyñ @Gökböri, sagja bol. Yene yetirsene elleriñe güller bitsin... Onsoñam bu yazanlaryñ talyplar.comda paylaşyandyryn señ adyñdan. Paylaşanym üçin gatyrganasyñ yokla tongue

0
1 syrlywakalar   [Mowzuga geç]
Köp kişi şeýle pikir etýär "Tañrynyn azaby gelýär" diýip ýöne dogrudanam hemme zady Tañra baglap oturmak dogry dälmikä diýýän. Izmirde aradan çykan 114 Türk gardaşlarymyzyñam ýatan ýeri ýagty bolsun

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: