22:21
"Mawzoleý" nireden çykan söz?
"Kökler"

“MAWZOLEÝ” NIREDEN ÇYKAN SÖZ?

Mawzoleý diýilse, sowet zamanynda önüp-ösenleriň ýadyna Lenin düşýär. Moskwanyň ortasynda, Gyzyl meýdanda dünýä işçileriniň beýik serdary atlandyrylan adamyň-Wladimir Leniniň jesedi goýlan, aşagy ýaýbaň, ýokary galdygyça çürelýän, gapdallary kemerli jaý göz öňümize gelýär. Biz diňe şu jaý üçin mawzoleý sözi tapylandyr öýdýärdik. Gadymy Maryda – Soltangalada alyslardan howalanyp görünýän Soltan Sanjaryň gubury ýatan ymaratam “mawzoleý” diýen aňlatma degişli ekeni. “Türkmenistanyň arhitektura ýadygärlikleri” diýen kitapda görnükli alym G.Pugaçenkowanyň pikirlerine salgylanylyp şeýle diýilýär: “Orta asyr taryhçylary tarapyndan 14-nji asyryň başynda onuň “dünýäde iň uly jaý” (Reşid ad-din) diýlip, XV asyryň başlarynda bolsa, “munuň” özi älem-jahanda iň uly gurluşyklaryň biridir we ol zaýalanmaga asla sezewar bolup bilmejek derejede mäkämdir” ( Isfizari ) diýlip häsiýetlendirilýän mawzoleýiň metaforik teswir edilmegi tötänden däldir”. Dogrudan hem saragtly arhitektor Muhammet Atsyzyň zehini bilen bina edilen ajaýyp ymarat dünýäde mawzoleýleriň hatarynda mynasyp orun tutýar.
Mawzoleý diýlende şumerler döwründe hramlaryň gapdalynda bina edilen zikkuratlar göz öňüne gelýär. “Mif we simwol” kitabyna salgylanyp aýtsak, olaryň neolit zamanynyň Zemin hudaýynyň kulty bilen baglanyşygy bar. Gadymy Müsürde faraonlaryň mazarlarynyň üstüne basgançakly piramidalar galdyrylypdyr. Olar belentligi, berkligi, monumentallygy bilen müňlerçe ýyl bäri adamlary haýran galdyryp gelýär. Mawzoleýler köplenç ol dünýädäki hudaýlaryň simwollaryna meňzeş formada bina edilýär. Meksikadaky, Kampuçiýadaky basgançakly piramidalar dünýäniň dört tarapyndan ugur alnyp ýerleşdirilipdir: haç görnüşinde bölünen dörtburç meýdan, ortada ýerüsti dünýäniň mifiki modelini aňladýan “mukaddes dag”. Asteklerde basgançakly mukaddes piramidalar “ýylan dagy” diýip atlandyrylypdyr. Basgançakly piramidalaryň formasy nireden gelip çykdyka? W.Mýulleriň pikiriçe munuň aňyrsynda ýatan simwolik many merhumyň ruhunyň basgançaklar bilen asmana göterilmegidir. Emma Ariel Golan piramida formasynyň manysyny düşündirmegiň hakykata has golaý wariantyny getirýär. Neolit zamanynda Kiçi Aziýa-da gönüburçluklary biri-biriniň içinden çekmek arkaly Zemini aňladýan belgi ulanylypdyr. Şynyň sebäbine-de bu sebitde “mukaddes dagyň” basgançak şekilli formasynyň dörän bolmagy juda ähtimal. Kiçi Aziýa daglyk ýurt, daglaryň eňňitlerinde-de ekin ekilýär. Şonuň üçinem mukaddes dag diýlende basgançak eňňitleri ekinzarlyga basyrlan belentlikler göz öňüne gelýär. Zikkuratlaryň görnüşi-de bas- gançak eňňitli daglary ýa-da salýar. Beýle binalaryň Türkmenistanyň territoriýasynda-da gurlandygy “Türkmenistanyň arhitektura ýadygärlikleri” diýen kitapda aýdylýar: “Bürünç zamanynyň Namazga-V- Altyndepe (Mäne bilen Çäçäniň aralygynda) döwrüniň seýrek duşýan ýadygärlikleriniň arhitekturasy ýokarlandyrylan monumentally- gy bilen tapawutlandyrýar, bu monumentallyk bolsa güýçli diwarlarda we hususan-da Zikkurat tipli iňňän uly minara meňzeş desgada äşgär görünýär”.
“Mif we simwolda” Demirgazyk Kawkazda orta asyrlar döwründe mazarlaryň üstüne aşagy dörtburç, ýokarsy basgançakly piramida şekilindäki üçek galdyrylan binalar hakynda aýdylýar. Olaryň depesine daşdan ýasalýan simwolyň şekili goýlupdyr. Biri naýza şekilli ikinjisi şar görnüşinde. Ikisi-de Zemin hudaýynyň simwoly. Olara Siriýada-da, Palestinada-da duş gelinýär. Kiçi Aziýada Mawsolyň mazarynyň üstünde-de şu görnüşdäki ymarat galdyrylypdyr.
2000-nji ýylyň iýul aýynda Moskwada Puşkin adyndaky döwlet muzeýiniň zallaryna aýlanyp ýörkäm, Mawsolyň heýkeliniň üstünden bardym. Biziň eýýämimizden öňki 377-355-nji ýyllar aralygynda Kiçi Aziýanyň Kari welaýatynda patyşalyk eden Mawsol Galikarnas şäherinde bina edilen örän gözel gabyrhanada jaýlanypdyr. Bu ymaratyň dünýäniň ýedi gudratynyň biri hökmünde tanalmagy ýöne ýere däl. Ol grekleriň arhitektura sungatynyň naýbaşy diýlip hasaplanypdyr. Ymaratyň şeýle üns çekendigi üçin hem Mowsolyň guburhanasy onuň ady bilen utgaşdyrylyp, şondan soň dünýä dillerine ornaşan “mowzoleý” sözüniň döremegine sebäp bolýar. Kari welaýatynyň merkezi Galikarnas şäheri Aleksandr Makedonskiý tarapyndan weýran edilýär. Mawsolyň guburhanasynda monumental heýkeller hem onuň bezeg nagyşlary häzir Londonda Britan muzeýinde saklanýar. Mawsolyň Puşkin adyndaky muzeýde goýlan heýkeli Britan muzeýindäki heýkeliň kopiýasydyr.
Köneürgençdäki Tekeşiň, Ilarslanyň mowzoleýleriniň aşagy dörtburçluk bolsa-da, ýokarysy piramida şekilindedir. Leniniň mawzoleýiniň arhitektura gurluşy-da zikkuratlara çalymdaş.
Teke halysyna gaýma üçin salynýan nagyşlaryň arasynda “sallat” atlandyrylýan nagyş bar. Bu adyň soňky döwür berlendigi açyk
zat. S.Myradowanyň “Halyçylyk we el işleriniň sözlügi” diýen kitapçasynda adyň döreýişi hakynda aýdylmaýar, “biri-biriniň üstünden hatar bolup gidýän, uzyn, süýnmek basma “Д” harpyna meňzeş nagyş” diýilýär.
Meniň pikirimçe, nagyşyň hatary soldatlaryň nyzamyna meňzedilen bolmaly. Ony daragta, aýratynam ýolka meňzetse bolar. Emma türkmen nagyşlarynyň juda gadymylygy, aňyrsynyň kulty aňladýan nyşanlardan gaýdýandygyny nazara alyp, men ony zikkurata meňzetdim. Piramida-da meňzeýär. Orta Aziýa sebitinde mawzoleýler galapyn aşagy dörtburç, ýokarsy gümmezli ymaratlardan ybarat nusga hökmünde Soltan Sanjaryň, Emir Temiriň mawzoleýlerini görkezse bolar. Munuň asyl köküni yzarlasak, neolit zamanyndan bärde durmaly däl. Şol zamanlarda Ortaýer deňizi, Kawkaz, Alynky Aziýa sebitlerinde ybadathanalary, ýaşaýyş jaýlaryny inedördül ýa-da tegelek görnüşde salnypdyr. Bu nusga soňra Hytaýa-da ýaýrapdyr.
“Mif we simwol” kitabyndaky pikirlere salgylansak, dini kultlara niýetlenip bina edilen ymaratlara simwoliki forma bermeklik has-da giň ýaýrapdyr. Şunuň sebäbi Ortaýer deňzinden Orta Aziýa çenli gadymy döwürde hramlar köplenç tegelek ýa-da kwadrat şekilde gurlupdyr. Häzirki zamanda bu nusganyň simwolik manysynyň aýry-aýrylykda gabat gelýän ýeri-de Hytaýdyr. Hytaý neolit zamanynda dini ynançlardan dörän elementleri Alynky Aziýadan alypdyr, şolara gö- rä Asmana niýetlehen hram tegelek, Zemine niýetlenen hram inedördül bolmaly. Asman hem Zemin simwollarynyň sepleşiginden biziň sebitimizdäki metjitleriň, mowzoleýleriň, käbir ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň-da häzirki arhitektura görnüşleriniň döredilen bolmagy juda ähtimal. Binanyň aşaky dörtburç bölegi- Zeminiň, ýokarsyndaky gümmez- Asmanyň simwolydyr.
Adatça, gümmezli üçegiň dört burçy biraz galdyrylýandyr. Bu nämäniň alamatyka? Men munuň jogabyny “Mif we simwol” diýen kitapdan tapdym. Ol öküziň şahynyň simwoliki belgisi ekeni. Öküziň şahynyň manysyny bolsa, “Ýer göteren sary öküz” diýen miniatýurada gysgaça beýan edipdim.

Tirkiş JUMAGELDI.
Просмотров: 42 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: