13:34
Bular agzalanok
BULAR AGZALANOK

Kyn günlerden geçýäris, jigerimiz paralanýar.
Janypkeş halas ediji toparlarymyzyñ adatdan daşary edýän işlerine tüýs ýürekden buýsanýarys.
Häzirem mugjyzalara garaşýarys...
Ýer titreme ýaly agyr heläkçiligiñ ortasyndaky ogry-jümrülere haýran galmak bilen syn edýäris.
Eýse, biz näçe kişi?
Izmir ýer titremesi sosial mediýanyñ ünsünden bireýýäm düşdi, çünki: millionlaryñ ünsi futboldyr beýleki zatlara sowuldy…
Fransuz sosiology Žan Bodriýýar bu ýagdaýa - mediýatikleşen medeniýete degişli şu mysaly berdi:

“Kişi teleýaýlymda Sudandaky içki gapma-garşylyklara haýsydyr bir hajathana kagyzynyñ mahabaty bilen birlikde şol bir perwaýsyzlykda tomaşa edip bilýär. Ol telewizory öçürenden soñ Sudandaky uruşlar dowam edýänem bolsa, onuñ üçin gutardy hasap. Ine, şahsyñ başdan geçirýän bu ewolýusiýasy simulýasion ewolýusiýadyr. Hemme zat şekillerden ybarat we jansyzdyr…”

Hawa... adam pidalaryna getiren ýer titremeleri nädip şeýle çalt unudyp bolýarka?
Gaty uzaga gidip durjak däl:
2003-nji ýylda Bingölde 176, 2004-nji ýylda Dogubeýazitde 17, 2010-njy ýylda Elazigde 51, 2011-njj ýylda Wanda 644 adamyñ ölen ýer titremeleri. Bu ýyl bolsa ýene 41 adamyñ ömür tanapynyñ üzülen Elazig ýer titremesi…
Bary-ýogy birnäçe sagatlyk gynanç bildirensiräp, soñam hiç zat bolmadyk ýaly gündelik durmuşymyza nädip dowam edip bilýäriskä?
Çak etmek kyn däl: Izmir ýer titremesi-de ýatdan çykarylar.
Ýene ýer titremeler bolar, ýene şuña meñzeş dilujy gynançlar bildirilensoñ, ýene hakydalardan sylynar gider.
Bu göýdük girdap - häzirki ykdysady, sosial we medeni sferada aýlanar-dolanar durar… Tä düýp mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýançak!
Mesele şundan ybarat:

ÝER TITREMÄNIÑ BIR TARAPY

1843-nji ýyl. Karl Marks täze çepçi gazetiñ baş redaktorlarynyñ biri bolup Pariže göçdi. Onuñ 1844-nji ýylyñ aprel-awgust aýlarynda zamanabap industriýalaşmagyñ döreden ýagdaýlaryny analizleýän makalalary “1844-nji ýylyñ golýazmalary” atly kitapda jemlendi. Kitabyñ özeninde “saýrylaşma” düşünjesi işlenýärdi.

Saýrylaşma - adamyñ özi we daşarky dünýä bilen gatnaşyk biçüwi... Adamy başga bir adamdan, başga jemgyýetden uzaklaşdyrýan, başgalara-jemgyýete saýrylaşdyrýan jemgyýeti öwreniş ylmynyñ teoriýasy...

Saýrylaşma - şahsyñ has öñden gyzyklanýan zatlaryna, dost-doganlyk gatnaşygyny saklaýan adamlara-jemgyýete garşy biperwaý galma, sowuk-sala bolma, gyzyklanmazlyk, hatda bizar bolma ýa-da señrigiñi ýygyrma manysyny berýän düşünje…

Saýrylaşma - kişiniñ başgasy bilen ýa-da ony gurşap alan jemgyýet bilen görnetin bähbitçil garaýyşda guran dereksiz gatnaşyk terzi!

Diñe özüni bilmäge werziş eden kişi dünýäni diñe öz dünýäsidir öýdýär. Özi ýa-da ýakyn hossarlary hasrat çekmeýän bolsa, başgalaryñ hasratyna pisint etmän öz durmuşyna-werziş edinen gylyklaryna añsatlyk bilen dowam edip bilýär…


Marksyñ pikiriçe, bu - adamyñ we jemgyýetiñ çüýremeginden başga zat däldi. Munuñ sebäbi bolsa, kapitalizmdi.
Kapitalizm adamyñ hyýaly bähbidini-işdäsini gylawlandyryp, barypýatan egosantriste öwürýärdi.
Kapitalizm - kişini egosantristleşdirip, daşarky dünýä we gatnaşyklara perwaýsyz garatdyrýardy.
Ýagny... tebigatyñ nobatdaky her weýrançylykly adatdan daşary hadysasynda “Heý, sapak alynanokmyka?” diýip, müñlerçe gezek tankydy bellik etsegem, şuña meñzeş ýagdaýy başdan geçirmäge dowam ederis.
Hawa, düýp kökünde ýatan asyl mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýançak!

ÝER TITREMESINIÑ BAŞGA BIR TARAPY

K.Marks düşünje durmuşyna täze adalgalaryñ ýene birini girizdi: metafetişizm!
Kapitalizm baýlygy “çokunarlyk” derejede azgynlyk ýagdaýyna getirdi.
Kapitalizm - adamy meta, ýagny mal-mülke, baýlyga çokunýan "butparaza" öwürdi.
Nemes akyldary Maks Horkhaýmer şeýle diýdi:

“Adamyñ emlägiñ üstünde häkimiýet gurma meýli näçe güýçli boldugyça, emlägiñ hem onuñ üstündäki basyşy şonça agyr bolýar we adam - hakyky şahsy aýratynlyklardanam şonça daşlaşýar, oý-pikiri gitdigiçe biçüwleýin akyl awtomatyna öwrülýär…”

Hawa, kapitalizm mülkiýeti adamlaryñ özara gatnaşyklarynda jemgyýetçilik statusynyñ simwolyna öwürdi.
Zol-zol “has… has…” diýýän, mahabat bilen ş.m. dolandyrylýan sarp edijilik medeniýeti kişini “akıl awtomatyna” öwürdi: “Näme eýelik edýän bolsañ, şolsuñ!”
Lýuks raýondaky binanyñ gurluşyk serişdelerini, ýerleşýän ýerini kim aklyna-oýuna getirip bilerkä: çünki öý däl-de, status alynýar...
Belli bir obýekte-statusa garaşly edilip goýlan kişi binanyñ ýerleşýän ýerine pisint edermi?
A peýda gazanmagyñ ugrundaky postawşikler? Ýa-da syýasaty pul gazanmagyñ çeşmesine öween ýerlerdäki ýa-da merkezi syýasat düşünjesi muña gararmy?
Ýurdumyzdaky ugur-utgasyz kapitalizm gynançly kartinany hasam ulaldýar.
Ýer titremäni hut şu taraplardanam ara alyp maslahatlaşmaga borçludyrys. Düýp mesele - añ-düşünje dünýäsindäki jaýryk atmalarda...
Harabanyñ astynda millionlarça adam halas edilmegine garaşýar!
Kişini saýrylaşdyrýan, zadyñ-emlägiñ ýesirine öwürýän düzgüne düýpli tankydy bellikler edilmese, bu ahy-nalany hasam köp eşderis: “Töwerekde dadymyza ýetjek hiç kim ýokmy?”

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 04.11.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 62 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Ähli teswirler: 5
0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Marksyñ, Engelsiñ, Leniniñ kitaplary gaýtadan neşir edilmäge, öwrenilmäge, degerli kesgitlemelerinden peýdalanmaga degişli hasaplaýaryn.

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Sowet döwründe Marksyñ, Engelsiñ, Leniniñ hemme eserleri diýen ýaly türkmen diline terjime edildi. Milli kitaphana baryp, bularyñ kitaplaryny soraýañ welin, kitaphanaçy gelnejeler Marksyñ Engelsiñ kitaplaryny derrew tapyp getirmek beýlede dursun, adynam eşdip görmedikleri bar. Kitap gelýänçä hem bir sagat dagy garaşmaly.
Garaşdyrýanlaram hiç, olaryñ hünär derejeleriniñ pesligi, bularyñ barsy aýry gürrüñiñ temasy. Ýöne başga bir zat: bularyñ eserlerini okaýan, sorayan, gyzyklanyan okyjylaram ýok bolarly...

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Güler ýüzüñe aşyk boljak gyzlaram ýok indi smile

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Häzir egosantristlerden köp zat ýok, köp adamlar diñe bähbit ü.n gatnaşýar, hatda bähbidi bolmasa salamlaşanoklaram.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bodriýýaryñ kesgitlemesi mañza batnykly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: