01:32
Erbetligi Tañry isleýärmi? -2/ dowamy
ERBETLIGI TAÑRY ISLEÝÄRMI?

Gurakçylyk, gahatçylyk, ýer-titreme, kynçylyklar, dert-aladalar, keseller, bela-beterler ýaly adamyñ güýjüniñ we erk-ygtyýarynyñ çäginden daşarda bolup geçen hadysalaryñ döreýşiniñ düşündirilişi köplenç diýen ýaly adamlary kanagatlandyrmaýar.
Tebigy erbetlik problemasy ahlak erbetligi problemasyna görä has çylşyrymly we çekişmä açykdyr. Gadymy Gresiýadan biziñ günlerimize çenli dürli pozisiýalardan meseläni jedelleşen akyldarlar kämahal biri-birleriniñ üstüni ýetirýän, kämahalam biri-birlerine çapraz pikirleri orta goýupdyrlar. Ilki musulman dünýäsine ser salalyñ.
Eşariler we mutezililer (şol sanda olara ýakyn maturidiler) Tañry göz öñüne getirmelerinde iki dürli düşünjä wekilçilik edipdirler. Eşarileriñ pikirine görä tebigy hadysalaryñ sebäplerini bilmek mümkin däl.
Tañry öz mülkünde islän zadyny etme ygtyýarlygyna eýedir, Onuñ işlerinden bir hikmet, bir maksat gözlenmeýär.
Adamyñ eradasy Tañrynyñ eradasyndan özbaşdak däldir. "Adam - şemalyñ ugruna galgaýan gury ýaprak mysalydyr" diýen Jebriýäniñ sözi muña pikirdeş jümledir.
Mutezile älem-jahandaky erbetlikleriñ adalat zemininde okalmagynyñ gerekdigini, şeýle-de hiç bir erbetligiñ Tañra ýöñkelip bilinmejegini öñe sürýär. Olar erkin çemeleşmeleri halaýar, adamy adam eden we erada kylan barlykdyr, hususanam eden erbetligiñ özüñkidir diýýär.

KELAMÇYLARA WE PELSEPEÇILERE GÖRÄ

Türk alymy Maturidi ýagşylygyñ we ýamanlygyñ biri-birine eriş-argaçdygyny aýdýar we bu ýagdaýy Tañrynyñ beýikligi bilen baglanyşdyrýar. Onuñ pikiriçe islendik zat sap arassa bolmaýşy ýaly, sap erbedem bolup bilmez. Tebigy hadysalar, heläkçilikler, alada-gaýgylar diñe synagdyr, olarda bu dünýä we o dünýä dahylly hikmetler bar.
Ilkinji yslam filosofy Kindi "Älemdäki düzgün-nyzam onuñ ýaradanyñ hikmetine yşarat edýär" diýýär. Faraby metafiziki erbetligi kabul etmeýär, ol "älemiñ iñ gowy şekilde ýasalandygyny, onda kemçiligiñ we adalatsyzlygyñ ýokdugyny" aýdýar. Farabynyñ pikiriçe "Älem bir kosmosdyr (haosa garşy, kemçiliksiz) birligi we bitewiligi añladýar." Ahlak erbetligini bolsa Faraby adamyñ beden taýdan kemala gelşine we bu bedeniñ düzgüne laýyl hereket etmeýänligine we adam eradasyna baglanyşdyrýar.
Ibn Sinanyñ kesgitlemesi şeýle: “Eger älem içersine ýagşy-ýaman zatlaryñ meýdana geljek hem-de ol ýerdäkilerden, hem-ä dogrulugyñ, hemem pisatçylygyñ emele gelýän gurluşunda döremedik bolsa, älemiñ düzgün-nyzamy asla doly bolmazdy. Çünki bu älemde diñe dogrulyk bar bolan bolsa, bu älem däl-de, başga bir älem bolardy we häzirki gurluşyndan başga bir gurluşda bolmaly bolardy.” Ibn Roştyñ pikiriçe, erbetlik hudawy eradanyñ we adalatyñ amala aşmagynda bir serişdedir. Gazaly "Häzirki bolşundan has gowy, has doly we has ajaýyp zat mümkinçilik dahylynda däldir" diýip, bolup-geçýän hemme zady bitewiligiñ üstüni dolduryjy hasaplaýar. Bu çemeleşme yslam düşünjesinde "bolşundan has gowusynyñ bolmagy mümkin däl" görnüşinde giñden ýaýrapdyr.

TASAWWUFYÑ ÇEMELEŞMESI

Wahdeti-wujut (barlygyñ birligi) düşünjesiniñ öñbaşçysy Ibn Araby ýagşylyk bilen ýamanlygyñ düşündirişini rahmet düşünjesi bilen kesgitleýär. Barlygy tapma, aýan bolma onuñ rahmetiiniñ tejellisidir. “Rahmetim barça zady gurşap alandyr” ayetyndaky rahmetdir şu. Erbetlik bolsa gowulugyñ ýoklugyndan döreýär. "Adamyñ edýän işi gowy ýa-da erbet tapawudy ýok, onuñ nebsiniñ miwesidir, emma külli nebisler ylahy nebis bilen baglanyşyklydyr” diýýär.
Söhbetimizi soñra dowam ederis.

Aýşe SUJU.

"SÖZCÜ" gazeti, 19.10.2020 ý.
Категория: Filosofiýa | Просмотров: 47 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýşe Suju | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Ayşe Sucunyñ makalalary hem ateizme udar bolup deger.... Sag bol @Gökböri... smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: