23:31
(Kemalyma...)
KEMALYMA

Gujagymdan sogrup akja balamy,
Pelek meni goýanynda armana.
Köşegin aldyryp,süýdün seçelän,
Akmaýa deý,küýüm gitdi asmana.

Ummanlary baglan älemgoşardan,
Şonda hakydamda sallançak asdym.
Onda üwräp gaýypdaky balamy,
Hemişe hyýalda bagryma basdym.

Aýdyp ýetişmedik hüwdülerimi,
Ýolladym sabanyñ sergin ýelinden.
Güneşiñ çogundan mähir ýolladym,
Pelek sowursa-da ony elimden.

Hüwdülermi ýelden ýollan ýerimden,
Ahyr bir gün oña sary uçaryn.
Şonda uçgunjygmy hyýalda däl-de,
Hakykat ýurdunda baky guçaryn...

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
0
5 jumagylyjovao   [Mowzuga geç]
Öwez ogluny bersin...
Öwezine ajaýyp gyzlar bilen goç ogul beren Allaha sansyz şükürler bolsun. Sözüm uly bolsa, tobam bile bolsun, ýöne, ene kalbynda öwezini dolup bolmajak ýitgi bu. Seýle ýagdaýda teselli berjek sözleri tapmagam kyn.

0
4 Mahymm   [Mowzuga geç]
Yzy ýarasyn..

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Bagyr awusy juda aýylganç bolýa... Öwez ogluny bersin...

0
2 ezizh764   [Mowzuga geç]
Öwez ogluny bersin..

0
1 Pegas   [Mowzuga geç]
Öwez ogluny bersin...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: