18:55
Naýbaşy är
(Okyjylaryň islegi boýunça)

Aýallar şeýle ajaýyp, şeýle bir mähriban, ýöne erkek adamlaryň welin naýbaşysy biçak az, dogry dälmi?
— Elbetde—diýip, siz jogap berersiňiz.
—Bu erkek adamlar jähennemiň teýine gitsin-le! Olary naýbaşy etjek bolup, diýip-diýip, dilimiz syrylýa, emma bary ýele gidýä.
—Bilýäňizmi näme—diýip, men dillenýän. —Ähli ärler tagzym eder ýaly, hemme öwredenlerimizi bir ýere ýygnap, geliň, naýbaşy äriň keşbini döredeliň.
Şol naýbaşy är nähili bolmaly?

1. SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILÝÄN ZALDA
Agyr atletika boýunça dünýäde birinjiligi almak ugrunda ýaryş gidýär. Biçak güýçli. Gerkulesiňki ýaly muskullak biri orta çykýar. Ol uludan demini alyp, gapak ýaly döşüni howadan doldurýar. Soňra aýaklaryny ýere berk basyp, aýaklaryna tüýkürýär-de, ştangany gysymlaýar. Birbada galdyrmak. Itekläp galdyrmak. Ýuwaş-ýuwaşdan galdyrmak. Hemmesi oňat! Dünýä rekordy bar! Žabotinskiý bilen Wlasow ylgaşyp gelip, ony gutlaýarlar. A ol bolsa oprawasy aýylganç äýnegini dakynýar. (Sebäbi ol gijeler oturyp, aýalyna dissertasiýa ýazyp berende gözüni zaýalapdy, şeýle betgelşik äýnegi bolsa, oňa aýaly alyp beripdi). Soňra ol aýalyna tarap ýönelýär. Ony öýüne çenli ugratjakdyklaryny aýdan Wlasowdyr zalda oturan Smoktunowskiý hem Žano Mera bilen tanyşdyrýar. Onsoň perişde sypat ejizje aýalyny gollary bilen göterip, pýedestalyň ýanyna eltýär. Onuň döşüne öz altyn medalyny dakýar-da, oňa guwanyp, aýalynyň owadan aýaklaryny märekäniň görmegine päsgel bermejek bolup, edep bilen bir gapdala çekilýär.

2.GULLUKDA
OL. Ýoldaşlar, biz örän wajyp hem-de gaýragoýulmasyz önümçilik meselesini maslahatlaşmak üçin ýygnanyşdyk. Galmagaly goýmagyňyzy, ünsüňizi bir ýere jemlemegiňizi haýyş edýärin. Iş öz geljegimiz barada bolansoň, biçak gyssagly. (Telefon jyňňyrdaýar) Allo, Men işli! A, Elite, bu senmi! Ýok, ýok, işe birjigem päsgel bereňok. Näme täzelik bar, eýjejigim? Seniň täze köýnejigiň nähili bolupdyr? Halamadym? Kime ýaramandyr? Reňki modnyý däl diýýär? Gör, nähili bihaýa! Dur bakaly. Men onuň ärini tanaýan, men onuň gözüne görkezerin!...Başga näme täzelik, meniň naşyjam? Sosiska iýdim diýsene...Örän gowy...Atelýeden çulkimi aldym?...Ajaýyp! Başga ýene näme... Dogrudanam sosiskajyk iýdiňmi?...Hmmm...Näme howlukýaň, bir ýere gitmekçimi? Gürleşeli ahyry entek...Allo, allo!...(Göwünsizlik bilen trupkany ýerinde goýýar.) Ýoldaşlar, biz şu ýere örän wajyp mesele boýunça gyssagly maslahata ýygnanyşdyk...

3. TEATRDA
OL. (Burnunyň aşagyny dyrmaşdyrýar).
Hmm...Göwnüme bolmasa, men öýde bir iş etmegi ýadymdan çykarypdyryn. Ütügi tokdan aýyrman gaýdyberdimmikäm? Gaz pejiň kranyny açyp gaýdyberdimmikäm? Selýotkany suwa ýatyran däl bolaýmaýyn? A belki, hiç zady ýatdan çykaran däldirin? Geň zat, bu Otello entegem gygyrjak ýörjekmikä? (Kresloda oýkanýar) Teatra el işini getirmezlikleri bolmaýar. A belki, men jaýymyzyň töleg puluny tölemegi unudandyryn? (Jübüsini sermeýär) Ýok, beýle däl ekeni. Töläpdirin. Ine kwitansiýasy. (Ony burnuna degirýär) Dokuz manat sekiz köpük. Oho-how! Çyra üçin iki manat üç köpük, hapa-hupalary arassalamak üçinem otuz köpük harçlanypdyr. Bä-ä, men nämäni ýadymdan çykardymkan-aý? (Birden ol doňan ýaly bolup, pikire çümýär, soňra gyssanyp, aýalynyň gulagyna pyşyrdaýar). Elite, köçeden ýangyn söndürijileriň maşyny geçen ýaly boldu-la maňa. Diňleýärmiň! Bu ýerdäki turbalar nähili, eý Hudaý, ýangyn söndürijiler...(Ýene-de gowsunýar) Otello basymrak bu aýaly bir bogsady...(Aýagyny tarpyldatýar) Rahatlanaryň ýaly, bog ony, bog!...

4.KOMANDIROWKADA
OL (awtobusda). Bagyşlaň, baba, siz meniň bilen ýeriňizi çalşyp bilmermisiňiz? Hawa, hawa, meniň ýerimde oturyň, ine, şü ajaýyp ýaş jenanyň ýanynda. Men siziň ýeriňizde, ýanyňyzda oturan keselli garry enäniň ýanynda oturaýaryn. Men öňden bäri şolar ýaly ene bilen ýoldaş bolmagy arzuw edip ýörün. Onuň köne ýaglygynyň ýylysy edil elektrik togy ýaly bütin endamyma ýaýrar. Minnetdar, size minnetdar, atam, meniň gezelenjim indi aňyrbaş gezelenç bolar!

5.NIKALARYNY BOZANLARYNDA
OL. Eger ol...şol-da...täze är boljagyň özüňe mynasyp däldigini aňsaň, derrew maňa guk diýgin! Ýel bolup ýumlugaryn, laçyn bolup uçaryn! Eşiklerim oňa laýyk bolar öýtseň, türsügim bilen diş çotgamdan özgesini oňa goýar ötägiderin, onsoňam seniň suratyňy äkiderin. Edil molla ýaly bolup, meni yzyma çagyrmagyňy diläp, tagat çeker oturaryn. Diňe başyň dik bolsun, meniň madonam, onsoňam ol gelende, ýüzüňe pudur çalmagy unutmagyn. (Aýalynyň elini öpýär) Sen maňa diňe yşarat edäýdigiň, külbikejigiňi gymyldatdygyň besdir, edil guş bolup uçaryn, molla ýaly bolup...tagat çekip...garaş...
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 73 | Добавил: Arzyman | Теги: Witaute Žilinskaýte | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: