18:35
Erbetligi Tañry isleýärmi?
ERBETLIGI TAÑRY ISLEÝÄRMI?

Hemmeler deñgyrañly şertlerde dogulanok. Ilkibaşdan käbir maşgalalaryñ mümkinçilikleri tapawutly: güzeran çeşmesi we bilim derejesi, ýaşaýan ýeriniñ şertleri, ýaşaýan döwletiniñ üpjün edýän howpsuzlyk we jemgyýetçilik hyzmatlary birmeñzeş däl.
Zulumlaryñ, adalatsyzlyklaryñ uruşlaryñ döredýän şerdir erbetlikleri-de her kesi birmeñzeş şekilde uranok: bombalaryñ astynda dünýä inýänem bar, synasynyñ birini ýitirip ömür tanapy üzülýänem bar. Aç-suwsuzlykdan gury ham-gury süñk bolup amanadyny tabşyran çagalar kimdir birileri üçin bary-ýogy gynanç bilen serediljek fotosuratdan başga zat däl. Haýsydyr bir ogrynyñ, ganhoryñ ýa-da neşekeşiñ çagasydygyna garamazdan durmuşda öz ugur-ýoluny tapjak bolup çyrpynýanlaram bar. Hut şolar ýaly ýetginjegiñ dady-perýady häzirem gulaklarymda ýañlanyp dur:
“Halypa, sen haýsy adalatdan söz açýarsyñ, Tañry hakykatdanam barmyka beri?”

GADYMY ÇEKIŞME

Ýokardaky ahy-nalanyñ garşylyklaýyn meselesi filosofiýanyñ we dinler taryhynyñ iñ gadymy çekişmesidir. Birem tebigy ýagdaýlardan we hadysalardan gelip çykýan ýer titremeler, gahatçylyklar, keselçilikler bar, bulam çekişmäniñ başga bir ugry.
Teodiseýa - absolýut ideal Tañry bilen erbetlik düşünjesini nädip bir ýere jemläp bolarka diýen meseläni düşünme taglymydyr.
Ellinistik filosofiýanyñ iñ görnükli wekili Epikur şer problemasyny logiki zemine şeýle oturdýar:

“Tañry ýa-ha erbetlikleri dep etmek isleýär, ýöne güýji ýetenok, ýa-da güýji ýetýär-de, emma Ol muny beýtmek islänok. Ýa-da Ol muny ne isleýär, ne-de muña güýji ýetýär, ýa-da hem-ä isleýär, hemem güýji ýetýär. Eger muny isläp, güýji ýetmeýän bolsa, diýmek Ol güýçsüz bolmaly, bu bolsa Tañra mahsus zat däl, eger güýji ýetip, düzetmek islemeýän bolsa, Ol erbet niýetlidir, bulam edil ýañky ýaly Tañra mahsus gylyklar bilen bir ýere sygyşjak zat däl, eger ne isläp, ne-de güýji ýetýän bolsa, Ol hem-ä erbet niýetli, hemem güýçsüzdir, bu ýagdaýda ol eýýäm Tañry däldir, eger hem isläp, hemem güýji ýetýän bolsa - bu eýýäm Tañra ýaraşýan häsiýetdir. Şeýle bolýan bolsa erbetlik haýsy nireden gelip çykýar ýa-da Tañry neçüýn olary başymyzdan sowanok?”

Şotland filosofy Dewid Ýumyñ soraglary-da şeýle: "Tañry erbetligiñ öñüni aljak bolýar-da, muña güýji ýetenokmy? Eger şeýle bolsa, Ol güýçsüzdir. Ýa-da güýji ýetýär-de, öñüni alasy gelenokmy? Eger şeýle bolsa, Onuñ niýeti gowy däl. Hem güýçli, hem gowy bolýan bolsa, şunça erbetlikler nädip we nireden peýda bolýarka?”

KOGNITIW ÇÄK BÖWEDI

"Tañry absolýut gowy bolsa, näme üçin erbetlige ýol berýär?" soragy ateizmiñem esasy üns berýän argumentidir: erbetligiñ bar bolşy ýaly hemme zady bilýän we sap gowy Tañrynyñ bolmaga haky ýok, onsoñam Tañrynyñ barlygy erbetligiñ barlygy bilen bir ýere sygyşmaýar, çünki bu akla sygjak zat däl. Bu garaýşa garşy çykan teistlerem erbetligiñ Tañrynyñ garşysyna delil bolup bilmejekdigini öñe sürýärler we makul tutaryklat tapmaga çalyşýarlar, şeýlelikde teodiseýa ýörelgesi emele gelýär.
Şu ýerde, rugsat berseñiz, şü pikirimi paýlaşasym gelýär: Tañry rasional zemine çekilmeýär, şol sanda akyl öz çäklerini aşýan transsendental (müteal) barada netijä gelip bilmez. Kognitiw (bilişsel) çäk muña böwetdir. Akyl öz çägini aşýan meselelerde diñe çaklamalary öñe sürüp biler.
Filosoflardyr akyldarlaryñ dürli-dürli çemeleşmelerini muña mysal hökmünde görkezse bolar. Galyberse-de bu garaýyşlaryñ hiç biri absolýut we gutarnykly däldir. Çünki Tañrynyñ myrady diñe Tañra aýandyr. Emma bu ýagdaý pikirlenmäge päsgel berip bilmez. Çekişmelere girmek oý-pikirimizi kämilleşdirmek nukdaýnazaryndan diýseñ möhümdir. Hatda bu imanyñ sagdynlygy üçin gereklidir. Pagta ýüpe baglanan imandan hiç kimse gowulyga garaşmasyn.
Eýsem, akyldarlar erbetligi nähili tutaryklandyrýarlarka? Bu barada indiki söhbetimizde durup geçeris.

Aýşe SUJU.

"SÖZCÜ" gazeti, 05.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Filosofiýa | Просмотров: 55 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýşe Suju | Рейтинг: 0.0/0
Ähli teswirler: 2
0
2 Jeksparro   [Mowzuga geç]
@Arzyman, makalanyñ dowamynam okap görmeli ekemiñ!!!

0
1 Arzyman   [Mowzuga geç]
«Hudaý horluklara nämüçin ýol berýär?»,
«Hudaý biz barada alada edýärmikä?» 2009;
«Horluklar gutararmyka?» 2013;
«Hakykatda kim dünýäniň üstünden höküm sürýär?» 1998;
«Dowzah ody Hudaýyň jezasymy?» 2001;
«Hi bir wagt hemme adamlar bir-birlerini söýerlermikä?» 1997;
«Wajyp soraglara kim jogap berip biler?» 2014;
«Hakykaty bilesiňiz gelýärmi?» 2008;

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: