17:35
Naýbaşy aýal
Bu aýallar hiç wagt ärleriniň ýagdaýyny bilip bilmeýärler. Olaryň ýa düşünjesi ýetenok, ýa-da mylaýymlygynyň ugry ýok, ýa-da olar gaharjaň, yrsaragan, müňkür bolýarlar.
Ine, şonuň üçinem ärler naýbaşy aýally bolmagy arzuw edýärler. Erkek adamlaryň islegine görä olar nähili bolmaly:

1-nji ýagdaý: Är-aýalyň işden öwrülip öýlerine gelen wagty.
AÝALY. Sen ýadansyň meniň kepderijigim, oýun-oýunjakmy, işde ýedi sagatlap stola bagryňy berip oturmak! Bar, çagalar bagyna git, men seniň üçin örme sallançak asyp goýdum. Üwräp bilmeýänime gaharlanma, men seniň gowy görýän böregiňi taýynlajak. Näme? Gazet satyn almagy ýadyňdan çykardyňmy? Edil göz açyp-ýumasy salymda kioska gidip gelerin. Köp gepläp, ýüregiňe düşýänimi bagyşla, belki, sen şu ýyrtyk jorabyňy çykararsyň, nahardan soň gap-gaçlary, poly ýuwup bolamsoň olaryň ýyrtygyny torlap düzederin. Geň-enaýy gürrüň edip, göwnüňi açar ýaly, goňşulary çagyraýynmy? Indi men podwaldan kömür getirmäge gideýin. Seniň arkaýyn, rahat dynç alýanyňy görenimde, maňa işlemek ýakymly bolýar.

2-nji ýagdaý: Äri serhoş halda öýüne gelýär.
AÝALY. Gör, nähili gowulyk, sen azaşman geläýipsiň, meniň laçynym. Seniň ýeňiňi ýyrtan, arkaňa hek çalan kimkä meniň bagtygarajygym! Getir arassalaýyn. Wah, sen zordan aýak üstünde dursuň, otur, otur, ezizim, ine ýumşajyk ýassygyň üstünde otur. Dur, men saňa gatyjak getirip bereýin. A belki duzluja hyýar iýersiň? Wah, gör sen nähili hynçgyrýarsyň, öýkeniňe zeper bir ýetäýmäwersin! Kellejigiňi kreslonyň söýesine ýaplaý. Gel, men seni öpeýin. Meniň heserlijäm, sen ýene «Moskowskiý» aragyndan içdiňmi? Sen nämüçin gidýäniňi maňa aýtmaýarsyň, aýdan bolsaň, konýak içeriň ýaly, bäşligi oklardym ahbeti...

3-nji ýagdaý: Äri daňdanlar niredendir bir ýerden gelýär.
AÝALY. Ahyry yzyňa dolandyňmy, meniň merhemetlim. Ýok, ýok, düşündirjek bolma. Men seniň nirede bolandygyňy soramok ahyryn, o zatlar seniň öz işiň! Sen nämüçin gelişmeýän galstugy dakyndyň? Aýallaryň üýşmeleňine gideniňde, hemmeleriň gözi gider ýaly, oňat geýinmeli ahyryn! Ýeke gideniň gowy boldy, äkiden bolsaň, azar bolardym. Penjegiňdäki uzyn owadan gyly aýyrmaga rugsat et. Esasy zat, indi sen dynç almaly. Bir sagatjygam bolsa, iş wagtyň bolýança ýatyp dynjyňy al. Men ýanyňda oturyp, siňegiňi goraryn...

4-nji ýagdaý: Aýaly äriniň tanyşlary bilen gürleşýär.
AÝALY. Meniň ärimmi? Ol tüýs erkek adam! Ol şeýle bir mylaýym, şeýle bir medeniýetli, bir eserdeň, hiý goýaý! Myhmançylykda hyzmat edişiniňem, öýüne ýakymlylygynam aýdyp tükeder ýaly däl! Çagalar hakda alada edişini görsediň! Ol biçak gönümel, okaýyşlygyny has giňeltmek üçin ähli gazetleri, iň galyň žurnallary okaýar, çeper sergileriň hemmesine baryp görýär, simfoniki sazyň bolsa muşdagy! «Içýärmi» diýdiňizmi? Gybatdyr. Käte bir owurtjyk piwo ýa-da limonad içäýmesi bar, ahlak taýdan şeýle bir arassa, edil altynyň bar-da! Bagtymyň nädip şeýle çüwenine hiç düşünip bilmeýärin. Nämüçin maňa gyzyl ýaly naýbaşy är sataşdyka (begençden ýaňa aglaýar).

5-nji ýagdaý: Nikalaryny bozanlarynda.
AÝALY. Meniň mähribanym, rast sen aýrylyşmagy ýüregiňe düwdüňmi, ol seniň eldegirmesiz erkiňdir, aýrylyşmaly. Sen meniň üçin mydama mähribanlygyňda hem merhemetliligiňde galarsyň...Ýok, ýok, element hakynda alada etme! Bir plitkejik şokolad satyn alyp berseň bolýa. Içeriniň mebellerinem şeýle böleris: Saňa telewizor bilen holodilnik, maňa bolsa çaga krowatjyklary bilen çaga oýunjaklary. Jaýy hem saňa galdyraryn-da, men ejemiň ýanyna gidäýerin. Seň ýagdaýyň gowy bolsa, menem ynjalýaryn. Iş ýeriňde ediljek hyşy-wyşylardan gorkma. Aýalym gykylykçy, galmagalçy, tüýs bir albassy diý, wessalam! Indi bolsa, meniň pişijegim, ýanymda janyňy ýakyp durma-da, perizadyňa tarap eň. Ýöne seretgin, ol menden ýaş hem owadan bolawersin! Oňa gül satyn almagam ýadyňdan çykaraýmagyn...
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 48 | Добавил: Arzyman | Теги: Witaute Žilinskaýte | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: