16:58
Üçden soň puç / tymsal
ÜÇDEN SOŇ PUÇ

Bir habarçy, äri bilen 50 ýyllap ýekeje gezegem sene-mene etmän ýaşan zenana sowal berýär:
-Hanym, siz nädip öz ýanýoldaşyňyz bilen şunça ýyllap şeýle agzybir we parahat ýaşaşmagy başardyňyz?
-Munuň ullakan bir syry ýok. Biz nikalaşanymyzdan soň ärim meni iki ýaby goşulan paýtunyna mündürdi-de, öz mülküne alyp gitdi. Ýolda barýarkak ýabylaryň biri büdredi welin, ärim jinnek ýalam gaharlanman, asudalyk bilen: “Bir!” diýdi. Soňra biz ýolumyzy dowam edenimizde, takmynan 15 minutdan soň şol ýaby ýene-de büdredi. Ýanýoldaşym: “Iki!” diýdi. Ýöne, ýaby janawere gamçam çalmady, sögünmedem. Haçan-da biz mülkümize ýetip barýarkak ýaňky alaşa üçülenji saparam südenekläp gitdi. Şonda adamym: “Üç!” diýdi-de, kemerine iltelen gabyndan sapançasyny çykarakga, ýaby janaweri atyp goýberdi...Menem elbetde, ol janawere dözmän aglap-eňräp, uly gykylyk turuzdym...
Şu ýerde äri bilen bütin ömrüne agzybir ýaşan hatyn sözüne dyngy berip dymypdyr. Bu wakanyň soňuny bilesi gelip içi byjyklaýan habarçy saklanyp bilmändir:
-Ýeri, onsoň?-diýip sorapdyr.
-Onsoňmy,-diýip göreldeli aýal sogduryp, uludan demini alypdyr:-Ärim şonda maňa garap: “Bir!” diýdi...

ÜÇ ELEK

Bir adam bir akyldaryň ýanyna gelipdir-de, oňa ýüzlenipdir:
-Eý dana! Sen öz “dostum” diýip ýören adamyň sen barada näme diýendigini bilýärsiňmi?
-Az-kem aýtman tagapyl et,-diýip akyldar ondan haýyş edipdir:-Sen maňa aýtmakçy bolýan zadyňy ilki bilen üç sany elekden geçirseň gowy bolar.
-O nähili üç elek?
-Kimdir birine nämedir zat aýtmakçy bolsaň, ilki bilen şol aýtmakçy bolýan zadyňy aklyňdaky üç sany elekde eleseň ýalňyşmarsyň. Birinji elek – hakykat elegi. Sen öz aýtmakçy bolýan zadyň doly we gutarnykly çyndygyny anyk bilýärsiňmi?
-Ýok. Men diňe onuň sen barada ýaman sözleri aýdýandygyny başga birinden eşitdim...
-Bolýar. Diýmek, sen öz aýtmakçy bolýan zadyň çyndygyny ýa-da ýalandygyny takyk bilmeýän ekeniň. Onda seniň aýtmak isleýän habaryňy ikinji elekden – ýagşylyk eleginden geçirip göreli. Sen maňa meniň dostum barada haýsydyr bir ýagşy habary aýtmakçy bolýarsyňmy ýa-da seniň aýtjak zadyň maňa, meniň dostuma ýa-da başga kimdir birine nähilem bolsa bir ýagşylyk getirip bilermi?
-Ýok. Gaýta tersine...
-Onda,-diýip akyldar dowam edipdir:-sen öz aýtmakçy bolýan zadyň gümürtikligine göz ýetirip durkaňam kimdir biri babatda ýaman zatlary aýtmakçy bolýarsyň-da? Şeýlemi? Indi bolsa, seniň diliňi gijedýän zady üçünji elege – peýda elegine salaly. Seniň aýtmak isleýän zadyňy eşitmek maňa zerurmy ýa-da saňa şony maňa aýtmak seniň üçin zerurmy?
-Ýok. Munuň, meniň üçinem, seniň üçinem jinnek ýaly-da zerurlygy ýok.
-Onda,-diýip akyldar sözüni jemläpdir:-eger-de, seniň aýtmak isleýän zadyňda hakykatam, ýagşylygam, bähbidem, zerurlygam ýok bolsa, onuň ýaly zatlary diliňe almak nämä gerek?

Çeşmesi: https://miridei.com/interesnye-idei/life-stories. 03.11.2020ý.
Категория: Degişmeler | Просмотров: 88 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 6
0
4 Dunya   [Mowzuga geç]
Birinjini öň okamandym, ikinji 8. synplaň türkmen dili kitabynda bardy

0
2 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Serdar aga, bular netde okalyp, okalyp ýat beklenen nemelerdä.

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Näbileýin-ä, @Gurgençli, özüm ilkinji gezek şu gün rus dilinde okadym-da, gülkünç hem manyly bolansoň, şakyr-şukur terjime edip, goýaýdym-la! Äý bolýa, bähbit bolsun! Arasynda meniň ýaly dünýeden bihabar, öň okaman indi okanam tapylman durmaz-la!

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
Bir! cool

0
5 Dunya   [Mowzuga geç]
Agam, kime aýtdyň? smile

0
6 Bagabat   [Mowzuga geç]
Kim özüne çekse şoňa! biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: