12:56
Süleýman patyşa hem ikatýok hakynda hekaýat
SÜLEÝMAN PATYŞA HEM IKATÝOK
HAKYNDA HEKAÝAT

Süleýman şa oýananda ir bilen,
Dürli guşlar onuň ýanyna gelen.

Guşlaň dili hökümdara aýanmyş,
Oň başga-da artyk tarapy känmiş.

Eger-de ýürekler bolanda ýakyn,
Düşünişmek düşenogam beýle kyn.

Kalplar bir-birine bolanda bendi,
Arkaýyn düşünşer türk bilen hindi.

Ýürekleň urgusy çapraz bolanda,
Düşünişmez öz dogany bilen-de.

Yns-jyns goýjak bolsa bir-bire gadyr,
Esasy zat - ýürek ýakynlygydyr.

Şoň üçinem, guşlar dost-dogan deýin,
Patyşaň ýanyna barýar arkaýyn.

Guşlaryň her biri şanyň öňünde
Öz başarnygyny magtap öwündi.

Ahyr Ikatýogyň gezegi geldi:
«Meniň duýgurlygym bar kişä belli.

Zeminiň teýinde nirde suw baryn,
Bulaň arasynda bir men bilýärin.

Uçaýyn ha pesden, ha-da belentden,
Ýerasty suwlara diýseň belet men.

Sen çöle çykaňda ýa-da ýörişde,
Halasgäriň borun göýä perişde».

Süleýman seslendi: «Bu örän gowy,
Tapyp bilýän bolsaň tenekar suwy,

Bizden asla hyzmatyňy gaýgyrma,
Çöle çyksak, ýanymyzdan aýrylma.

Gara Gargaň içi köýüp bu hala,
Gagyldady: «Şahym, gurýar ol hile.

Bolýan bolsa beýle duýgur, üşükli,
Oň çirtmege düşmejegi düşnükli.

Başarsa-da öwnüp, bogaz ýyrtmagy,
Saýgaranok ýerde gurlan çirtmegi!»

Bu sözleri eşdip, oýa batdy şa:
«Olam beýlekiler ýaly bir guş-a.

Ýalan bolup barýar çyndyr öýdenim...»
Diýip, makullady Gargaň aýdanyn.

Ikatýok duýup öz agyr ýagdaýyn,
Diýdi: «Şahym, saňa bir zat aýdaýyn.

Pähim et-de, düşün şeýle bir zada:
Sözden gudratly zat ýokdur dünýäde.

Çyn dostuň agzyndan çyksa ol eger,
Ýalan däldir, gulak asanňa deger.

Görüplikden Gargaň içi çürüşdi,
Aramyzy bozmaň kül-külne düşdi.

Onuň ýalan gagyldysyn diňläniň
Bela duçar boljagyny bilýärin.

Onsoňam, bir men däl, gezek-gezegne
Düşýäris barymyz pelek duzagna.

Berlenok hiç kime ebedi ömür,
Saýgaranyň, saýgarmanyň bary bir...»
Категория: Goşgular | Просмотров: 52 | Добавил: Güllericre | Теги: JELALETDIN RUMY | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Onda sorañ...

0
3 Güllericre   [Mowzuga geç]
Poisk gowy işlänok öýdýän, mende görkezmeýä. book

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hormatly agzalar, gayrat ediñ, ilki tema açanyñyzda öñ barmy yokmy saytyñ poiskine basyp barlap görûñ. wink

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: