23:43
Duşman Makron!
DUŞMAN MAKRON!

Fransiýanyñ prezidenti Makron durnuksyz, emelsiz, ukyp-başarnygy çäkli syýasatçy!
Bi kemmagal aklynyñ tiñkesini bize dikip, nirde näme işläp ýörenini bilenok!
Gojaman Fransiýada başga adam galmadyk ýaly şeýlekin alasamsyk birini prezidentlige saýlan fransuz halky-da goýberen ýalñyşlygyna düşünen bolarly, Makrondan ýüz öwürmäge başladylar.
Makron prezident Erdogany bahana edip, görnetin türk duşmanlygyny ýöredýär. Bulam az bolýan ýaly musulmanlyga-da dil uzadýar!
Biz bilmesegem, nirededir bir ýerde Makronyñ syrtyna mazaly yza berlen bolmaly! Onuñ türk we yslam duşmanlygyny başga hili düşündirmek mümkin däl!

★★★

Makronyñ şu güne çenli hiç hili gazanan üstünligi ýok. 2022-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlarynda-da onuñ ýeñiljegi görnüp dur!
Şindi ol jüýje-horazyñkyça ýok aklynyñ kesişiçe fransuz halkynyñ dini duýgulary bilen oýnap, saýlawlarda ses gazanmaga jan edýär.
Onuñ degirmenine suw guýýan bir ýagdaý bar: käbir terrorçy guramalaryñ yslamy perdelenip edýän ganhorçulyklary Ýewropada "yslam fobisini" artdyrýar we ganhor terroristler aslynda Makrona hyzmat edýär!
Ýakynda bolup geçen terrorçylykly hadysa hem şuña iñ gowy mysaldyr.
Fransiýanyñ Nissa şäherinde bir buthanany basyp, üç adamy pyçakly dogram-dogram edip öldüren terrorçynyñ ýaraly ele salnandan soñ üç gezek “Allahu Ekber” diýip gygyrandygy mälim edildi. Şular ýaly wagşy terrorçylykly hadysalar yslama duşmançylyk besleýän Makrona tarapdar gazandyrýar.

★★★

Makronyñ terbiýesizligini, yslama duşmançylyk besleýän fransuz žurnalynyñ gödek karikaturalaryny, gan döken terrorçylary gazaply ýazgarýarys. Emma...
Biziñkileriñ “fransuz harytlaryna boýkot” çagyryşyny o diýen bir akylly-başly hereketdir öýdemzok.
Fransiýa türk harytlaryny boýkot edýärmi? Ýok!
Ýeri, onda biz näme üçin boýkota barýarys?
Özümize özümiz zyýan bermek üçinmi?
Daşarky söwdada iñ köp söwda gatnaşyklaryny saklaýan az sanly ýurtlarymyzyñ biri Fransiýadyr.
TÜIK-iñ berýän maglumatyna görä geçen ýyl Fransiýa 7 milliard 900 million dollarlyk haryt satypdyrys. Muña garşylyk Fransiýadan 6 milliard 700 million dollarlyk haryt satyn alypdyrys.
Bu hasaba görä Fransiýa bilen söwdadan 1 milliard 200 million dollar köp girdeji gazanypdyrys.
Şindi muny ýitirmek isleýärismi?

★★★

Hernä, Fransiýanyñ Söwda ministrligi parlañküşlüge özüni aldyrmady.
Söwda ministri Frank Rister "Türkiýede biziñ harytlarymyza boýkot çagyryşyny etdiler, emma biz beýtmekçi däl. Türk harytlaryny boýkot etme pikirimiz ýok" diýip çykyş etdi.
Fransiýanyñ söwda ministrligi parlañküşlik edip garşylyklaýyn boýkot eden bolsady, olary jezalandyrýandyrys öýdüp, özümize "8 milliard 900 million dollarlyk daşarky söwda jezasyny" berdigimiz bolardy.
Şunu-da ýatlatmakda peýda bar:
Hakykatda, soñky döwürlerde türk harytlaryny Saud Arabystan başlyklaýyn (Katardan başgasy) ähli arap ýurtlary haýynlarça boýkot etdiler. Biziñkileriñ oña demi-düýdi çykanok!
Şü köpçülikleýin ýokanç döwründe ykdysadyýetimiziñ 70 sente-de mätäçligi bar!

GÜNÜÑ SÖZI

Diñe tertipli we dogry-dürs ýaşamagam duşman gazanmaga ýeterlik bolýar!

Rahmi TURAN.

"SÖZCÜ" gazeti, 31.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 90 | Добавил: Gökböri | Теги: Rahmi Turan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Onuñ (Makronyñ) yslam duşmançylygy" barada gidýär gürrüñ, Yragyñ, Siriyanyñ kellekeserleri barada däl...

0
3 syrlywakalar   [Mowzuga geç]
"yslam duşmanlygyny başga hili düşündirmek mümkin däl!"
Elbetde mümkin, Yrakda, Siriýada we ş.m ýurtlarda "Allahu Akbar" diýip kelle kesip ýörenler sebäpli musulmanlary terrorçy hasaplaýarlar. Diñe Fransiýa däl, Ýewropanyñ köp ýurdy şeyle pikirde.

0
2 Gökböri   [Mowzuga geç]
Şuñam tegini ýalñyş goýan ekenim. Düzedip beräýiñ agam.. )

0
1 Gökböri   [Mowzuga geç]
Tapdym agam parolymy. Size ugradanymy öçüräýiñ, minnetdar. smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: