23:40
Älemleriñ serweri pygamberimiziñ ömri
ÄLEMLERIÑ SERWERI PYGAMBERIMIZIÑ ÖMRI /1/

BIRINJI BÖLÜM

■ SÖÝGÜLI PYGAMBERIMIZIÑ DÜNÝÄ GELMEGINE ÇENLI BOLAN WAKALAR

RESULY KERIM SERWERIMIZIÑ PÄK ŞEJERESI

Alla tagala ähli ynsanlygyñ atasy Hezreti Adamy ýaradypdy. Başyny galdyryp bakan Adam (aleýhissalam) Arşy aglada ägirt bir NUR bilen bir adyñ ýazylanyny gördi ''Ahmet''Haýran galyp sorady:ㅡ Ýa Rebbi, bu nur nämedir?''Allatagala buýurdy:ㅡ Bu seniñ nesliñden bir pygamberiñ nurudyr. Onuñ ady göklerde ''AHMET'' we ýerde ''MUHAMMETDIR''.Eger ol bolmasady, seni ýaratmazdym!(1)Imanymyz bilen kabul eden bu beýik hakykatymyzy milliardlarça ýyl soñra gelen o Nuruñ eýesi-de doly aýdyñlygy bilen düşündiripdir.Bir gün sahabalardan biri Abdylla bin Jabir (raziýallahu anh):ㅡ Ýa Resulalla, Allanyñ hemme zatdan öñ ýaradan zady nämedir, aýdarmyñ?Şu jogaby berdiler:ㅡ Hemme zatdan öñ seniñ Pygamberiñ nuruny öz nurundan ýaratdy. Nur, Allanyñ gudraty bilen isleýşi ýaly gezerdi. O wagt ne lewk, ne galam, ne jennet, ne jähennem, ne perişde, ne gök, ne ýer, ne Gün, ne Aý, ne ynsan, ne-de bir jyn bardy(2).Ägirt älemleri tutuşlygyna ýagtyldan nur, soñra, ilki bilen, Hezreti Adamyñ alnynda ýalkym saçdy. Soñra pygamberden pygambere geçip, Ybraýym (aleýhissalam) çenli geldi. Ondan hem ogly Hezreti Ysmaýyla geçdi.Pygamberiñ atasy hasaplanan Hezreti Ybraýymyñ iki ogly bardy: Yshak we Ysmaýyl (aleýhissalam). Ogly Yshagyñ neslinden birnäçe pygamberiñ geljegini Allatagala oña bildiripdi. Emma has eý göreni Hajardan dünýä inen ogly Ysmaýylyñ (aleýhissalam) neslinden pygamberiñ gelip-gelmejegi belli däldi.Şol bir wagtda ol Ahyrzamanda beýik bir pygamberiñ geljegini-de bilýärdi. Şonuñ üçin hem iñ soñky pygamberiñ söwer ogly Ysmaýylyñ neslinden gelmegini arzuw edýärdi. Hezreti Adam atanyñ dikelden ýer ýüzüniñ ilkinji ybadathanasy Käbe uzak wagtyñ geçmegi bilen ýykylyp düp-düz bolupdy. Hezreti Ybraýym bu mukaddes öýüñ täzeden gurulmagy üçin, Allatagaladan buýruk aldy we derhal ogly Ysmaýyl bilen gurluşyga başlady.Käbe gurlup gutarandan soñra, ataly ogul ellerini göge uzadyp şeýle dileg etdiler: ''Perwerdigär-ä, nesillerimizden gelýän, musulman ymmat içinden bir pygamber iber, olara aýatlarymyzy düşündirsin, Kitaby - Kurany we onuñ hökümlerini öwretsin we olary päklesin!..(3)Allatagala Hezreti Ysmaýylyñ neslinden pygamberleriñ başy Hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellemi gönderip, bu edilen dogany kabul etdi. Bu hakykaty Älemleriñ Serweri: ''Men atam Ybraýymyñ dogasydyryn (4)'' diýip düşündirýär.Hezreti Ysmaýylyñ nesli gitdigiçe köpeldi we Arap ýarymadasynyñ ähli tarapyna ýaýrady. Olaryñ içinden Adnan ogullary, olardan Mudar ogullary we olaryñ arasyndan-da kureýş taýpasy beýlekilerden rüstem we tapawutly boldy. Kureýş taýpasynyñ içinden bolsa, Haşymiler şahasy ählisinden has uly abraýa, saýlantgylyga ýetdi.Bu hakykata-da Pygamberimiz şeýle düşündiriş beripdir: ''Alla, Ybraýymogullaryndan Ysmaýyly,Ysmaýylogullaryndan Kinane ogullaryny, Kinane ogullaryndan Kureýşi, Kureýşden-de Haşym ogullaryny, Haşym ogullaryndan hem meni saýlady(5)''.Ähli çeşmelerde birmeñzeş görkezilen Älemleriñ Serweriniñ ýigriminji atasyna çenli uzalan arkasy şeýledir:Muhammet sallallahu aleýhi wesellem, Abdylla, Abdylmuttalib (çyn ady Şeýbe) Haşym, Abdi Menaf (Mugire), Kusaý, Kilab, Mürre, Kab, Lueý, Galib, Fihr, Mälik, Nadr, Kinane, Huzeýme, Mudrike, (Amir), Ylýas, Mudar, Nizar, Maad, Adnan''(6).Ynha, Pygamberimiziñ, beýik atalary bulardy. Her biriniñ nesli köpelipdir we her biri örän köp jemagatlaryñ baştutanlary we birnäçe kowumlaryñ kowumbaşylary bolupdyrlar. Diñe, käwagt biriniñ iki ogly bolsa ýa-da bir kowum şaha aýrylsa, söýgüli Pygamberimiziñ arkasy iñ uly we iñ haýyrly bolan tarapyndadyr we her asyrda onuñ beýik atasy kim bolsa, ýüzünde ýalkym saçýan aýratyn nurdan bilinerdi.

Ýigriminji atadan soñraky şejere ýazgysy

Pygamberimiziñ ýigriminji atasy bolan Adnanyñ Hezreti Ybraýymyñ neslindendigi şejereleri yzarlaýan alymlar tarapyndan kabul edilýär. Adnan bilen Ybraýymyñ (aleýhissalam) arasynda uzak ýyllar bardyr. Birnäçe alymlar arada kyrk arkanyñ barlygyny belleýärler(7). Munuñ üsti bilen aradaky ýyllaryñ sanyny takmynan aýtmak mümkindir.Şu sebäp bilen, Pygamberimiziñ ýigriminji atasy Adnandan hezreti Ybraýyma çenli bolan ikinji dereje arkasy, basgançak-basgançak bellenilmeýär. Käbir alymlar ýedi, käbirleri-de dokuz arkada Pygamberimiziñ şejeresini Hezreti Ysmaýyla ýetirýärler. Şeýlelikde, bu arkalykda birnäçe basgançaklardan geçileni belli bolýar.

Adnandan Hezreti Ybraýyma çenli

Käbir alymlar Pygamberimiziñ Adnandan Hezreti Ybraýyma çenli barýan ikinji mertebe şejere arkasyny şeýle yzarlaýarlar:
Adna
Udd (ýa-da Udad)
Mukawwim
Nahur (ýa-da Sarih)
Teýrah
Ýarub
Ýeşjub
Nabit
Ysmaýyl (aleýhissalam)
Ybraýym (aleýhissalam) (8)
Başga-da Ibni Yshak, mundan soñra-da Resuly Kerimiñ şejeresini tä Adam ata (aleýhissalam) çenli äkidýärler (9). Diñe şuny belläliñ, başga çeşmeler bu şejeräniñ üstünde bir pikirde däldirler.

MEŞHUR ATALARY

Şübhesiz Älemleriñ Serweriniñ nuruny Allanyñ amanady edip göterip atalarynyñ hemmesi hakynda kän bir maglumatymyz ýok. Atalaryndan iñ köp bilýänlerimiz wagt taýyndan oña iñ ýakyn bolanlarydyr. Bu ýerde olaryñ ömür we şahsyýetlerine göz aýlasak ýerlikli bolar.

KUSAÝ

Çyn ady Zeýd bolan Pygamberimiziñ dördünji arkadaky atasy Kusaý ähmiýetli şahsyýetdi. Onuñ Zühre atly ýeke erkek dogany bardy.Hz. Adamdan bäri dowam edip gelen Ahmediñ nuruny götermek wezipesi bu iki doganyñ arasynda Kusaýa yhsan edilipdi. Ulusy bolany üçin, maşgalabaşy hem oldy. Kiçiliginden zehinliligi bilen köpüñ ünsüni çeken Kusaý, ulalansoñ Mekgäniñ uly adamlaryndan biri boldy. Ol guramaçylygy, iş dolandyryjylygy, adalatly kararlary bilen gysga wagtda Mekgäniñ halkynyñ arasynda uly abraý gazandy. Şonuñ üçin hem Mekgäni dolandyrmak oña ynanyldy. Ilkinji gezek Mekgäni böleklere ol böldi. Her tiräni özleri üçin saýlanan böleklerinde ol ýerleşdirildi. Mekgäniñ iñ möhüm işleri onuñ öýünde maslahatlaşylardy we belli bir karara gelnerdi. Käbäniñ gapysyny saklamak, hajylaryñ suwa bolan mätäçligini çözmek, olary ýerleşdirmek, söweşe gidilende baýdak dikmek we Mekge mejlisini dolandyrmak ýaly möhüm işler oña tabşyrylypdy. Käbäniñ garşysynda we gapysy Käbä bakýan ilkinji öý onuñ üçin gurlupdy. Bu öý Mekgäniñ bir hökümet jaýy ýa-da içinde Mekge şäher döwletiniñ her dürli iş we meseleleri maslahatlaşylýan parlamentidi. Kusaýyñ bu jaýy taryhda ''Darun-Nedwe'' ady bilen şöhrat gazanyp, Hijretden soñ hem ýarym asyra çenli goralypdyr.Kusaýy Mekgede ähli kişi gowy görerdi. Alnynda ýalkym saçýan pygamberimiziñ nury ony tutuş Mekge halkynyñ söýgüsine we jana-jan dosty derejesine ýetiripdi.Ol garran soñ: ''Söýgüli oglum! Seni bu kowuma ýolbaşçy belleýärin'' diýip, adata görä maşgalabaşy wezipesini uly ogly Abdud-Dara tabşyrypdy.Abdud-Dar bu uly wezipäniñ hötdesinden gelerden ejizdi. Ol kakasynyñ ýerini tutup bilmedi. Çünki Pygamberimiziñ mukaddes nury onda däl-de, kiçi dogany Abdi Menafda ýalkym saçýardy. Onuñ hem dört ogly bardy: Haşym, Abduşşems, Muttalip we Nefwel(10).

HAŞYM

Haşym Pygamberimiziñ ikinji arka atasydyr. Mekgäniñ at-abraýly adamlaryndan biri bolan Haşym söwdegärdi. Pygamberimiziñ dogulmagyna az wagt galandygy sebäpli, Muhammediñ nury onuñ mañlaýynda örän güýçli parlaýardy. Bu oña birnäçe artykmaçlyklary berýärdi.Ol çensiz jomartdy. Bir açlyk ýylynda Mekgede iýere çörek tapylmandy. Şonda ol Damaskdan getiren bugdaý unundan mele-myssyk çörek bişiripdi.Haşym artykmaç häsiýetli, zehinli, jomart, tejribeli we ähli kişiniñ sylaýan adamsy bolany üçin onuñ ady maşgalasyna we nesline at bolupdyr. Bu sebäp bilen içinde Fahry-Kaýynat Serwerimiz hem bolan bu uly tirä il arasynda ''Haşymlar'' diýlipdir.Haşimiñ dört ogly bolupdyr. Şeýbe (Abdylmuttalib), Esed, Ebu Saýfi we Nadle (11)Haşymyñ ogullaryndan diñe Şeýbe bilen Esediñ zürýatlary bolup, Ebu Saýfi bilen Nadleniñ ogullary bolmandyr. Şeýbe pygamberimiziñ birinji arka atasydyr. Esed bolsa Hezreti Aly we onuñ ejesi Patmanyñ daýysydyr. Ýöne Esediñ ogly Huneýniñ hem hiç bir zürýady bolmansoñ, ähli Haşymliler diñe Abdylmuttalibiñ ogullarynyñ şahasyndan köpelipdirler we ýer ýüzüne ýaýrapdyrlar(12).

ŞEÝBE (ABDYLMUTTALIB)

Pygamberimiziñ birinji arka atasydyr. Doglanda ak saçly dünýä ineni üçin, oña Şeýbe diýip at goýupdyrlar.Abdylmuttalib onuñ lakamydyr. Emma ol bu lakam bilen has şöhratly we tanymal bolupdy.Onuñ bu ýörgünli lakamy alşynyñ hekaýaty şeýle:Şeýbe heniz oglanka Medinede daýylarynyñ ýanynda bolýardy.Bir gün ol dostlary bilen meýdanda ok atyşyp oýnaýardy. Ol deñ-duş çagalaryñ arasynda, Älemleriñ Serwerine degişli ýalkym saçýan nury bilen aýyl-saýyl tapawutlanýardy. Çagalaryñ bu ýaryşyny synlamak üçin uly adamlardan hem köpçülik ýygnanypdy. Ok atmak gezegi Şeýbä geldi. Ol okuny ýaýyna saldy, özüne ynam bilen ýaýyny çekdi. Sähel salym demini saklap, ýaýyny goýberdi. Ýaýdan çykan peýkam nyşana göni çümdi. Her kim haýran galyp, oña seredende ol ýeñşini buýsanç we tolgunmak bilen şeýle düşündirýärdi:''Men Haşymyñ ogludyryn! Men (Betha) Beginiñ ogludyryn! Onsañ okum, elbetde, nyşana deger!''Ýygnanan adamlar Şeýbäniñ bu buýsançly sözlerini eşitdi. Haris bin Abdi Menaf ogullaryndan biri ýanyna gelip, onuñ Haşymyñ ogludygyny anyk bildi. Soñra ol Mekgä gaýdanda, görenlerini daýysy Muttalibe gürrüñ berip, beýle zehinli, akylly çaganyñ ýat illerde gezmeginiñ dürs däldigini düşündirdi.Muttalib bu habary alan badyna, derhal Medinä gitdi we Şeýbäni alyp, Mekgä getirdi. Muttalib Şeýbe bilen Mekgäniñ köçelerine gireni bilen: ''Bu çaga kim?'' diýip soradylar.Muttalib hem çaga göz deger gorkusyndan: ''Gulumdyr'' diýip jogap berdi. Öýüne gelende aýaly Hatyja-da onuñ jogaby ''Gulumdyr'' boldy. Ertesi gün daýysynyñ alyp beren owadan eşikleri bilen Mekgäniñ köçelerine gezelenje çykanda, her kim biri-birine ''Bu kim?'' diýişdiler. Owal habary barlar: ''Abdylmuttalib'' (Muttalibyñ guly) diýip jogap berdiler. Şeýlelikde ol günden soñra Şeýbäniñ ady Abdylmuttalib bolup galdy (13).
ABDYLMUTTALIBIÑ DÜÝŞI
Aradan ýyllar geçdi. Alnynda ýalkym saçýan Älemleriñ Serwerine degişli Nur, ony Kureýşiñ ýolbaşçysy etdi...Tomsuñ yssy günleriniñ biridi...Käbäniñ ýanyndaky Hyjr diýen ýerinde salkyn saýada Abdylmuttalib uklap ýatyrdy. Bir düýş gördi, düýşünde kimdir biri oña şeýle diýdi:ㅡ Tur, Taýibäni gaz!Sorady:ㅡ Taýibe nämedir?Emma ol soragyna hiç bir jogap bermän daşlaşyp gitdi.Oýanan Abdylmuttalib tolgunýardy. ''Taýýibe'' diýmek ne?Taýýibäni gazmak nähili bolýar? Ol düýşünden many çykaryp bilmän alada bilen bir gije-gündizini geçirdi.Ertesi gün ol ýene şol ýerde uka gitdi. Şol adam ýene-de düýşüne girdi we seslendi:ㅡ Tur! Berräni gaz!''Haýran galan Abdylmuttalib ýene sorady:ㅡ Berre nämedir?Nätanyş adam ýene hiç hili jogap bermän gaýyp boldy.Abdylmuttalib öñküsinden hem beter tolgunmakdan ýaña tisginip, süýji ukydan oýandy. Emma düýşünden hiç many çykaryp bilmedi. Ol ýene bir gije-gündizi gören düýşüniñ täsirine geçirdi.Ertesi gün Abdylmuttalib ýene-de şol hemişeki ýerinde uklap ýatyrdy. Ýene düÿşünde öñki adam gelip oña:ㅡ Tur, Mednunäni gaz!'' diýdi.Abdylmuttalib ýene onuñ aýdanlaryna düşünmedi. Şol bir soragyny gaýtalady:ㅡ Mednune nämedir? - Emma ol adamdan ýene-de jogap alyp bilmedi.Abdylmuttalibiñ alada we tolgunmasy ýetjek derejesine ýetdi. Üç günüñ dowamynda yzly-yzyna gören düýşüniñ ýöne düýş däldigini, elbetde, ol bilýärdi. Emma düýşünden many alar ýaly sähelçe ilteşere-de zat tapmaýardy. Dördülenji gün ýene öñki ýerinde uka giden Abdylmuttalibiñ düýşi gaýtalandy.Bu gezek ol adam:ㅡ Zemzemi gaz!'' diýdi. Abdylmuttalib ㅡ Zemzem näme? Ol nirede? '' diýip soranda, şu jogaby aldy:ㅡ Zemzem hiç kesilmeýän, düýpsüz suwdyr. Hajylaryñ suwa bolan teşneligini şonuñ bilen gandyrarsyñ. Ol Käbede kesilen gurbanlaryñ ganlarynyñ akan ýeri bilen hapalarynyñ dökülen ýeriniñ aralygyndadyr. Alaja garga gelip şol ýeri gazar. Ol ýerde garynjanyñ hini hem bardyr (14).Ukudan oýanan Abdulmuttalibiñ tolgunjyna bu gezek begenç duýgusy hem goşulypdy. Çünki düýşüñ manysyna düşünmek üçin esas tapypdy. Ol owal hem birnäçe gezek Zemzem guýusy barada gürrüñ edilenini eşidipdi. Çünki Jürhümliler Mekgeden gaçan wagtlary Käbäniñ ähli gymmatly zatlary Zemzem guýusyna atyp, gyýyny hem bildirmez ýaly gömüpdirler. Ol wagtlardan bäri Zemzemiñ ady bar ㅡ özi ýokdy(15)Abdylmuttalib indi özüne Zemzemiñ ýerini tapyp, gazmak işiniñ buýrulandygyna düşünipdi. Ol derhal gözlege başlady. Ol düýşünde aýan edilen ýere gitdi. Şol wagt Abdylmuttalib bir alaja garganyñ hem gonan ýerini gözläninden soñ, uçup gidenini gördi. Abdylmuttalibiñ begenjiniñ çägi ýokdy. Ol nije ýyllardan bäri nirededigi gizlin, ömürler uzaldan guýyny tapan adyna eýe boljakdy. Ol Zemzemiñ ýerini bilýärdi. Indi diñe ony gazaýmalydy. Ol bu abraýy gidermek, syry hiç kime açmak islemeýärdi. Munuñ üçin ertesi gün ýanyna ýalñyz ogly Harisi alyp, bellän ýerine bardy we gazmaga başlady. Bir salymdan Zemzem guýusynyñ agzyna örülen daşlar göründi. Bu guýynyñ agzydy. Abdylmuttalib hem begenýärdi, hem tolgunýardy. Ol öz gözlerine ynanyp bilmeýärdi. Emma ynansa-ynanmasa-da, onuñ öñündäki bir guýynyñ agzydy. Ol tekbir aýtmaga başlady.''Allahu Ekber, Allahu Ekber, Allahu Ekber!''

ABDYLMUTTALIB WE KUREÝŞIÑ KETHUDALARY

Abdylmuttalibiñ bu hereketlerini başdan-aýaga synlap duran Kureýşler işiñ netijesini añan batlaryna ulularyna habar berdiler. Sähel wagtdan Kureýşiñ ygtyýarlylary guýynyñ gazylýan ýerine geldiler we Abdykmuttalibe:ㅡ Eý, Abdylmuttalib! Bu atamyz Ysmaýylyñ guýusydyr. Onda biziñ hem hakymyz bardyr. Bu işe bizi hem şärik et! - diýdiler.Abdylmuttalib:ㅡ Ýok, bolmaz. Arañyzdan bu iş diñe maña buýruldy! - diýdi.Abdylmuttalibyñ bu gönümel jogaby Kureýş baýlarynyñ göwüne ýaramady. Içlerinden Adiýý bin Newfel şeýle diýdi:ㅡ Sen ýerden ýeke çykansyñ. Ýekeje ogluñdan başga arkañda durjak ýok. Sen neneñ bize garşy çykyp, boýun egmezlige het edip bilýärsiñ. Bu söz Abdylmuttalibiñ ýüreginden ok bolup geçdi. Çünki Kureýş kethudalary ony ýekelikde aýyplaýardylar. Bu sözüñ ony gaty ynjydandygyny heteketleri hem aýdyp durdy. Ol esli salym sesini çykarman, gama batyp oturdy. Soñra:ㅡ Diýmek, sen meni ýekelikde aýyplaýarsyñ-da, şeýlemi? ㅡ diýip gaharlandy. Garşydaşyndan hiç hili jogap bolmansoñ, bir müddet pikir edip durdy we soñra aýasy açyk ellerini hem ýüzüni göge tutup:ㅡ Ant içýärin. Alla maña on ogul berse, olardan birini Käbäniñ ýanynda gurban ederin(16).Abdylmuttalibiñ bu sözleri hem dileg, hem wada, hem antdy.

DAMASKA GIDIŞ

Wakanyñ bu ýerde gutarmajagy görnüp durdy. Ýagdaý kyndy. Şeýle wakalar sebäpli uly dawalar turardy. Muña belet Abdylmuttalib gazmagyny goýup, bu meseläniñ bir emin tarapyndan çözülmegini teklip etdi. Teklip kabul edildi.Emin bellediler. Ol Damaskly Sad bin Huzeýmdi.Daýylaryndan birnäçesini ýanyna alan Abdylmuttalib, Kureýşiñ tirelerinden ýygnananlar bilen birlikde Damaska tarap ýola düşdi. Emma Damaska ýetmänkäler ýazgyt olary durmaga mejbur etdi. Yssysy gowrup barýan gyzgyn çölüñ ortarasynda olaryñ suwy gutardy. Bu has uly, has güýçli duşmandan hem howpludy.
Abdylmuttalibiñ suw dilemegine Kureýşiñ kethudalary:ㅡ Suw özümizden artanok - diýip, jogap berdiler.Abdylmuttalibiñ we onuñ ýakyn garyndaşlarynyñ jany howp astynda galdy. Emma olaryñ ellerinden geljek zat ýokdy. Çölüñ ortasynda suw gözlemek, salgymyñ yzyndan ylgamakdan enaýy däldi.

ABDYLMUTTALIBIÑ SUW GÖZLEGINE ÇYKMAGY

Her niçigem bolsa, Abdylmuttalib düýesine mündi we suwuñ gözlegine çykdy. Kureýşler bolsa onuñ ýakyn garyndaşlary bilen birlikde teşnelikden ölerine garaşýardylar.Emma eden umytlary puç boldy. Älemleriñ Serweriniñ mukaddes nuruny alnynda göterýän Abdylmuttalib bir oýtak ýerden geçip barýarka, düýesiniñ aýagy otlaryñ arasynda gömlen bir daşa ilişdi. Düýe büdräp, enterekläp gitdi. Daş hem ýerinden gozgandy. Ýykylmajak bolup düýesinden berk ýapyşan Abdylmuttalib dönüp yzyna seredende gözlerine ynanmady. Gyzgyn çölde, togalanan daşyñ ýerinde Gün şöhlesine ýyldyraýan bir owuç suw göründi. Abdylmuttalib derrew düýeden düşdi. Gylyjy bilen daş oýtumyny giñeltmäge durdy. Çukanak ýer giñeldigiçe suwy köpelmäge başlady. Az wagtyñ içinde çukura ep-esli suw ýygnandy. Abdylmuttalib yzyna dolanyp, garyndaşlaryna begenjini buşlady.''Suw tapdym!'' sesini eşidenleriñ hemmesi täzeden dünýä inen ýaly boldular. Olar suwuñ gözbaşyna baryp, hem özleri gana-gana içdiler hem mallaryny suwa ýakdylar.Abdylmuttalib özüne suw bermedik Kureýşlilere garap:''Suwa geliñ, suwa! Alla bize suw berdi. Hem özüñiz içiñ, hem-de mallaryñyzy gandyryñ! Hany, ýaýdanman, geliñ!'' diýdi.Kureýşliler utana-utana suwuñ başyna bardylar. Gana-gana suw içdiler, mallaryny-da suwa ýakdylar. Köne suwlaryny döküp, täze we durnañ gözi ýaly arassa suwdan suw gaplaryny doldurdylar.Zemzem guýusyny gazan elleriñ özlerine beren bu buz ýaly sowuk hem tämiz suwundan içen batlaryna Kureýşleriñ dünýeleri birden üýtgedi. Utançly hem günäli halda Abdylmuttalibe dönüp:ㅡ Eý Abdylmuttalib, indi saña diýip biljek zadymyz ýok! Zemzemi gazmaga diñe seniñ haklydygyña düşündik.Bu işe täk sen mynasypsyñ. Zemzem meselesinde gaýdyp señ bilen dawa etmeris! Indi mundan añryk gitmäge zerurlyk ýok!'' Bu sözden soñ olar Damaska ýetmän, orta ýoldan yzlaryna ㅡ Mekgä dolandylar(17).Mekgä gelen Abdylmuttalib ogly Haris bilen birlikde guýy gazmagyny dowam etdi we az wagtyñ içinde Zemzem ulus ile äşgär boldy.

GYMMAT BAHALY ZATLAR ÜÇIN BIJE ATYLYŞY

Zemzem guýusyndan birnäçe gymmat bahaly zatlar hem çykdy. Bularyñ arasynda altyndan edilen iki sany keýigiñ heýkeli bilen gylyçlar, sowutlar hem bardy.Zemzemi gazmak hukugyny Abdylmuttalibe beren Kureýşiñ ýaşulylarynyñ bu gymmatly zatlary gören batlaryna nebisleri täzeden oýandy. Olar ýene Abdylmuttalibiñ daşyna üýşdüler:ㅡ Eý, Abdylmuttalib! Bu baýlyklara seniñ bilen birlikde biz hem şärikdiris. Bu zatlarda biziñ hem paýymyz bar! - diýdiler.Jomart we sabyrly Abdylmuttalib ilki bada:ㅡ Ýok. Siziñ bu mallarda hiç hakyñyz ýok - diýip, olaryñ aýdýanlaryny red etdi. Soñra ýene jomartlyk we mertlik edip: ㅡ Ýöne men ýene gowusyny edeýin! Aramyzda bije atalyñ - diýdi. Muña begenen Kureýş ýaşululary: ㅡ Bolýar, biz razy. Bijäni nähili atjak? - diýişdiler. Abdylmuttalib bijäniñ şertini aýtdy: ㅡ Ilki bijäni Käbe üçin, ikisini meñ üçin, ikisini hem siz üçin atarys. Bijede kime näme çyksa, şony alar, bijesine hiç zat çykmadyk hem öz bagtyndan görer.Bu usul ähli kişi üçin deñlik we meseläni oñyn çözmegiñ gowy çäresidi. Bu sebäpden Kureýşler hoşal bolup, Abdylmuttalibiñ bu edýänlerini ýerli-ýerden öwmäge durdylar: ㅡ Dogry, seniñ edýäniñ tüýs ynsaplylyk...Olar Abdylmuttalib bilen birlikde Käbäniñ içindäki Hübel butunyñ ýanyna bardylar we bije atdylar. Bijäniñ netijesi Kureýşiñ öñbaşçylarynyñ bu mallarda haklarynyñ ýokdugyny görkezdi. Altyn Keýikler Käbä, ýaraglar bolsa Abdylmuttalibe düşdi (18) Kureýişlere hiç zat düşmedi, emma indi olaryñ edip biljek zatlary ýokdy, mesele çözülipdi. Abdylmuttalib ýaraglary eredip, ondan gapy ýasatdy we ony hem Käbäniñ girelgesine oturtdy. Şeýlelikde, ol Käbäni altyn bilen bezedi.Abdylmuttalib Zemzem guýusyny tapan wagty kyrk ýaşyna giripdi. Otuz ýyldan soñra, Allatagalanyñ bermegi bilen onuñ ogullarynyñ sany ona ýetdi. Şol wagt hem ol öñki eden wadasyny ýadyna saldy.Ol ogullaryndan birini Käbede gurban etmelidi... Emma haýsysyny? Olaryb hemmesi-de biri-birinden ezizdi. Ýöne Abdylla içlerinde hasam üýtgeşikdi.

ABDYLLA

Abdylla Abdylmuttalibiñ sekizinji ogludy. Ol häsiýeti we syratlylygy bilen beýleki doganlaryndan has hem tapawutlanýardy. Ol dünýä inip-inmänkä, kakasynyñ alnynda ýalkym saçýan Muhammet Nury geçipdi. Bu nur onuñ ýüzüne aýratyn bir nuranalyk we mylaýymlyk çaýýardy. Emma hiç kim ondaky nuranalygyñ we mylaýymlygyñ nireden we näme üçin dörändigini bilmeýärdi.

ABDYLMUTTALIBIÑ OGULLARY BILEN GEÑEŞI

Abdylmuttalibiñ ogullarynyñ onusy-da ýetişipdi. Beren sözüni unutmaýan Abdylmuttalib bir gün olaryñ ählisini bir ýerde jemledi we bir wagtky beren wadasyny olara düşündirdi. Ogullaryñ ählisi hem ikirjiñlenmän, gurban bolmaga razy boldular. Soñra kakalaryndan: ''Bu işi nähili berjaý edeliñ? Kimiñ gurban edilmelidigini nähili anyklalyñ? diýip soradylar. Abdylmuttalib beýle ýagdaýlarda näme edilýändigini bilýärdi. Ol ogullaryna şeýle diýdi: ''Her biriñiz bir ok alyñ-da, ýüzüne öz adyñyzy ýazyñ we maña getirip beriñ!''Edepli ogullar kakalarynyñ tabşyrygyny derhal ýerine ýetirdiler. Her birisi ýanyndan bir ok çykaryp, ýüzüne adyny ýazyp, kakasyna uzatdy. Oklary toplan Abdylmuttalib dogry Käbä bardy. Meseläniñ nähili çözüljegi indi mälimdi. Hübel butunyñ ýanynda oklaryñ biri çekiljek, kimiñ oky çyksa, ol hem gurban edilmelidi. Şeýle ýagdaýlarda Kureýşler bu usuly ulanýardylar.

Bije atylyşy

Käbäniñ ýanyna baran Abdylmuttalibiñ töweregi şäheriñ ilatyndan doludy. Ol Alla beren sözünden dänen adyny almazlyk üçin, elindäki on oky ok çekýän adama uzatdy. Oklaryñ haýsysy çyksa-da, Abdylmuttalibiñ ýüreginiñ bir tary üzüljekdi. Ok çekýän adam oklardan birini alyp, ýüzündäki ady titrewük sesi bilen oklady: ''Ab-dyl-la!''Abdylmuttalib eşidenine ynanmak islemeýän ýaly, oky ol adamyñ elinden aldy, özi gaýtadan okady:''Abdylla...''Onuñ bokurdagy doldy, gözlerinden ýaş paýrap gitdi. Ýüregindäki söýgi we mähir duýgulary oña eýgertmedi. ''Ýok!'' diýip gygyrjak boldy. Emma Alla beren sözüni ýatlap, polat ýaly erkliligi bilen duýgularyna buýurdy. Ol näçe özüne erk etse-de, edil sütüni ýykylan ýaly näumyt, biçäre halda Käbeden öýüne tarap zordan ýöräp gaýtdy. Öýündäkiler oña garaşýardylar. Olaryñ hiçisiniñ bijäniñ netijesinden habary ýokdy. Öýüne giren Abdylmuttalibiñ nazary ýüzünde nury ýalkym saçýan ogly Abdyllada eglendi. Söýgi we mähir duýgulary täzeden möwjäp, özünden erki gidip, duýgy dünýäsine düşüp ugranyny duýan badyna, ol ýüzüni başga tarapa sowdy. Ogullaryny uzak iñkise goýasy gelmedi we bolan işi aýtdy: ''Oglum Abdylla! Alla özüne gurban edilmek üçin seni saýlady. Doganlaryñ arasynda bu abraýy saña berdi''.Abdylmuttalibiñ maşgalasynyñ we içersiniñ ýüregini köze tutan bu habar, şol wagtyñ özünde Mekgäniñ köçelerine ýas baglatdy... Her kim gulaklarynyñ eşidenine ynanmaýan ýaly, biri-birinden gaýtalap-gaýtalap: ''Şol görmegeý, nurana oglan Abdylla gurban ediljekmi?'' diýip soraşýardylar.Abdylmuttalib ýanýan ýüregine, umman tolkunlary ýaly möwjeýän söýgi we merhemet duýgularyna özüni aldyrman, ogly Abdyllanyñ goşaryndan tutdy. Ony Isaf we Naile butlarynyñ ýanyna tarap alyp ugrady. Ýüzi nurly Abdylla edil Hezreti Ysmaýyly ýatladyp durdy. Onuñ ýüzünde sähelçe-de närazylyk görnenokdy.Abdylmuttalibiñ bir elinde pyçak, beýleki elinde ogly Abdyllanyñ goşarydy. Gurban edilmek üçin hemme zat taýýardy. Tutuş Kureýş ilaty bu betbagtlygyñ boljak ýerine gelýärdi. Olaryñ içinden biri seslendi:ㅡ Eý, Abdylmuttalib! Näme etjek bolýarsyñ? Abdylmuttalib ýüzünden nur saçýan ogluna garap: ㅡ Şuny gurban etmek isleýärin - diýdi. Bu jogaby eşiden halk ýene-de bir gezek haýran galmakdan we tolgunmakdan ýaña tolkun atyp gitdi. Muña her kim garşy çykdy.''Eý Abdylmuttalib! Bu nähili bolýar? Sen Mekgäniñ ýaşulysy. Eger sen şeýtseñ, her kes seniñ edeniñi etmek islemezmi? Her kim saña öýkünip, ogluny gurban edip başlasa, onda neslimiz ýitip gitmezmi..?Ähli ilat Abdylmuttalibe diñe duýgy taýdan-da garşydy. Onuñ tarapynda ýekeje zat ㅡ ol hem onuñ beren sözüne polat ýaly berkligidi. Ol Alla wada edipdi we wadasynda-da tapylaýmalydy. Çünki Alla onuñ islegini kanagatlandyrypdy. Oña on ogul bagyşlapdy. Wada edeninden soñ wadañda durmazlyk ㅡ olaryñ birini gurban bermezlik ㅡ Allanyñ öñünde lebziñi ýuwutmak bolýardy...Abdyllanyñ daýysy Abylla b. Mugire orta çykdy we: ㅡ Eý, Abdylla! Walla, makul bir sebäp bolmasa, sen ont gurban edip bilmersiñ. Ony halas etmek üçin, gerek bolsa, bütin maly-mülkümizi bermäge taýýar!Abdylmuttalibiñ ýürek duýgulary, söýgüsi, merhemeti-de birleşip, ony bu işden el çekdirjek bolýardy. Emma onuñ polat ygrarlylygy gowşamaýardy.Kureýşler we Abdylmuttalibiñ ogullary ýalbarmadan netije ýokdugyna gözleri ýetensoñ, başga bir teklibi orta atdylar: ''Eý, Abdylmuttalib! Abdyllany al-da Damaska git! Ol ýerde palçy hem bilgiç bir aýal bar. Ýeriñ dört künjeginden kyn güne düşen her kim ýurt aşyp, şonuñ ýanyna barýar. Ol her kimiñ derdiniñ alajyny tapýar. Elbetde, seniñ üçin hem bir çäre salgy berer. Eger, Abdylla gurban edilmeli diýse, gel-de gurban et. Ýok, eger seni-de, Abdyllany-da, bizi-de bu gynandyryjy işden halas edip biljek, bir çäre aýtsa, şoña görä bolarsyñ'' (19).Bu pikir Abdylmuttalibiñ göwnüne makul göründi. Ol haýal etmän Abdyllany ýanyna alyp, Damaska sary ýola rowana boldy. Olar Medinä gelip, palçy aýalyñ Haýberdedigini anykladylar we Medineden Haýbere gitdiler. Şol ýerden hem Arrafe diýilýän palçy aýaly tapdylar. Abdylmuttalib ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly düşündirdi. Aýal:ㅡ Sizde bir ynsanyñ huny näçedir? diýip sorady. Abdylmuttalib: ''On düýe'' diýip jogap berdi. Palçy aýal:Gidiñ, on düýäni häzir ediñ. Oglan bilen düýeleri alyp, ok çeken ýeriñize baryñ. Bir tarapda ogluñyzy, bir tarapda düýeleri goýup, ýene ok çekiñ. Eger ok düýelere çyksa, oglanyñ ýerine düýeleri gurban beriñ. Ýok, eger ok oglana çyksa, her gezek düýeleriñ üstüne ýene on sanysyny goýup, Rebbiñiz sizden razy bolýança, oklary çekmegi dowam ediñ. Şeýtseñiz hem Rebbiñizi razy edersiñiz, hem-de ogluñyz aman galar'' diýdi (20).Bu tapylan çäre ýüregine jüñk bolan Abdylmuttalib begenjinden uçaýjak bolýardy. Ol wagt ýitirmän, Mekgä dolanyp geldi. Abdylmuttalibiñ maşgalasy we Mekgäniñ halky bu habara çensiz begendiler.

Bijäniñ netijesi

Abdylmuttalib Mekgä gaýdyp gelen gününiñ ertesi ogly Abdyllany we on düýäni alyp Käbä bardy. Palçy aýalyñ maslahatyna görä, Abdylla bilen on düýäniñ arasynda bije atyljakdy. Abdylmuttalib begenç bilen ok çekýäne ''Çek'' diýdi. Çekilen ok Abdylla çykdy. Düýeleriñ sanyny ýigrimä ýetirdiler. Ýene ok çekildi, ýene Abdylla çykdy. Düýeleriñ sanyny otuza çenli artdyrdylar. Emma ok ýene-de Abdylla çykdy. Düýeleriñ sany kyrk boldy. Ok ýene Abdylla çykdy. Ellä ýetdi. Ok bolsa diñe Abdylla çykýardy. San altmyş, ýetmiş, segsen, togsan düýä bardy. Ok welin, edil gaýry älemden buýruk gelýän ýaly, Abdyllany görkezip durdy. Abdylmuttalib bu bolýan işe hem haýran galýardy, hem tolgunýardy. Her gezek ok çekilende, ellerini göge tutup doga edýärdi. Ahyry düýeleriñ sany ýüze ýetdi. Täzeden ok çekilende, keseden seredip duran halk uludan bir dem aldy. Ok ahyry düýelere çykypdy... Hemmeleriñki ýaly, Abdylmuttalibiñ hem göwni begenje gaplandy. Emma onuñ bu begenji uzaga çekmedi. Ol derhal çynlakaý bir görnüşe girdi. Töweregindäkileriñ özüni gutlamagyna üns bermän:Walla, yzly-yzyna ýene üç gezek ok çekjek, tä ýüregim ynjalýança!'' diýdi. Ok çekmek üç ýola gaýtalandy. Her gezekde-de onuñ begenji artýardy. Çünki ok üç gezekde-de yzly-yzyna ýene düýelere çykypdy. Abdylmuttalib ''Allahu ekber! Allahu Ekber!'' diýip, bu şatlygyny daşyna çykardy we dyzyna çöküp doga etdi. Şeýlelik bilen, Abdylla gurban edilmekden halas boldy. Söýgüli oglunyñ gurban edilmän, aman galanyna çensiz begenen Abdylmuttalib ýüz düýäniñ Safa bilen Merwe arasyna äkidilip, ýeke-ýeke gurban edilmegini buýurdy. Buýruk derhal berjaý edildi. Gurban edilen düýeleriñ etleri Mekgäniñ ilatyna bol-elin ýetdi. Artyp galanlaryny-da gurtlar, guşlar, ýyrtyjy we beýleki haýwanlar paýlaşdylar. Şol günden soñra bir adamyñ huny Kureýşler we Araplaryñ arasynda ýüz düýe diýlip kabul edilmäge başlady. Soña-baka bu adata öwrüldi(21). Pygamberimiz hem bu adaty üýtgetmändir(22).

Hezreti Abdyllanyñ päkligi

Şol gündi...Her kim bijäniñ netijesinden razy, yzyna gaýdyp gelýärdi. Käbäniñ deñinden geçiberenlerinde, kakasyndan yza galan Abdyllanyñ öñüni bir aýal bekledi. Bu aýal Abdyllanyñ dillere dessan görmegeýligine haýran galýanlaryñ biri Waraka b. Nefweliñ uýasy Rukiýýedi. Ol hem dogany Waraka ýaly gadymy, mukaddes kitaplary okan zenandy. Ol kitaplaryndan ahyrzamanda geljek Pygamberiñ sypatlaryny okap öwrenipdi... Onuñ içki dünýäsi Abdyllanyñ ýüzünde hiç bir adamda duş gelmeýän aýratyn bir ýalkymy görende muny şol sypatlar bilen baglanyşdyrdy. Bu ýalkyma şärik bolmak mümkinçiligini başga birine gidermezlik üçin buýsanjyny we namysyny unudyp, Abdyllanyñ ýanyna ýakyn geldi. Pyşyrdady:ㅡ Ýaş ýigit, biraz dursana!Abdylla durdy.Aýal:ㅡ Nirä barýañ? diýip sorady. Ýüzündäki nuruñ päkligine gurşalan Abdylla:ㅡ Kakam bilen gidip barýaryn - diýip jogap berdi. Aýal Abdyllanyñ bu türkana jogabyna kän bir üns hem bermän asyl maksadyny aýtdy:ㅡ Abdylla, sen maña öýlenermisiñ?''Abdyllanyñ ýüzi şol bada çym-gyzyl boldy. Ol boý ýigitligini elinden aljak bu teklibi halaman, ýoluny dowam etmek isledi. Emma Rukiýýäniñ ony elinden gideresi gelmeýärdi.Ol Abdyllany göwnetmek üçin başga şert teklip etdi:ㅡ Eger maña öýlenmäge razy bolsañ, seniñ üçin gurban edilen düýelerçe düýelerim bar, olaryñ hemmesini saña bereýin!'' Abdylla başyñy aýlaýjak bu teklibi hem kabul etmedi we päkligini görkezýän şu jogaby berdi:ㅡ Haram şeýle bir ajydyr, özümiñ ajysy hem onuñ ýanynda ejiz görner. Halal bolsa şonça süýjüdir. Eý, aýal! Sen gowusy halaly gözle. Ary-namysy bolanlar namyslaryny we dinlerini gaýym gorarlar. Olar namyssyzlygyñ çala ýokundysy bolsa-da, ol işe neneñ höweslenip, niçik het edip bilerler? (23)Ol bu gutarnykly jogabyndan soñra, Rukiýýäniñ gynanç we geñ galmak bilen seredýän nazarynyñ öñünde ýoluny dowam etdi.Birnäçe wagt geçenden soñ, öýli-işikli bolan Hezreti Abdylla şol aýala Mekgäniñ köçelerinde ýene bir gezek pete-pet gabat geldi. Emma ol büs-bütin üýtgäpdi. Öñküsi ýaly däldi. Öñki hereketlerini hem edenokdy. Abdylla munuñ sebäbini sorady.Rukiýýe:ㅡ Ol gün alnyñda bir nur ýalkym saçýardy. Ol nuruñ öñünde özümden geçdim. Emma häzir sende ol nury görmeýärin ㅡ diýip jogap berdi.Hawa, ýalkym saçýan ol nur indi Hezreti Abdyllada ýokdy. Çünki, ol Älemleriñ Serwerine hamyla bolan Hezreti Eminä geçipdi.Aslynda Hezreti Abdylla aşyk bolan diñe ol aýal däldi. Bet häsiýetlerden daş, arassa we gowy häsiýetler bilen bezelen bu ýaş ýigide Kureýşleñ ähli gyzlarynyñ gözi gidipdi. Emma ýüzündäki ýalkymyñ syryna akyl ýetirmän, Hak tagalanyñ oña ahyrzaman Pygamberiniñ kakasy bolmak ýaly beýik abraý bagyş edenini añman, aşyk bolupdyr.

HEZRETI ABDYLLANYÑ HEZRETI EMINÄ ÖÝLENMEGI

Hz. Abdylla gün geçdigi saýyn ulalýardy, ösýärdi. Ulaldygyça-da ýigitlik joşguny dolup daşýardy. Emma ol ýürek joşuna üns bermän, namysyny arassa saklaýardy. Örän eý gören oglunyñ ýigit çykanyny duýan Abdylmuttalib ony bagtly maşgalanyñ eýesi etmek isleýärdi. Oña ähli tarapdan taý bir gyz maşgala tapmalydy. Abdylmuttalibiñ gözlegi uzaga çekmedi. Ol Beni Zuhre tiresiniñ baştutany Wehb b. Abdimenafyñ ýanyna gidip, gyzy Eminäni ogly Abdylla üçin diledi. Wehb bu teklibi uly razyçylyk bilen iki elläp kabul etdi. Soñra-da şeýle diýdi:ㅡ Eý, doganoglanym! Biz teklibi sizden öñräk aldyk. Eminäniñ ejesi ýakynda bir düýş gördi. Aýdyşyna görä öýümize bir nur giripdir, ýagtysy ýerleri we gökleri ýagtyldypdyr. Men hem şu gün düýşümde atamyz Ybraýymy (aleýhissalam) gördüm. Maña ''Abdylmuttalibiñ ogly Abdylla bilen gyzyñ Eminäniñ nikalaryny men gyýdym, sen hem ony kabul et - diýdi. Ir ertirden bäri bu düýşüñ täsirinden çykyp bilmän, Nä wagt gelerlerkä? - diýip içimi gepledip otyrdym.Bu sözleri eşiden Abdylmuttalibiñ begenjinden: ''Allahu Ekber! Allahu Ekber! Allahu Ekber!'' diýip tekbir getirdi.Wehbiñ gyzy Emine hem owadanlykda, hüý-häsiýetinde, ýerlikliliginde Kureýş gyzlarynyñ arasynda iñ naýbaşysydy. Hemme tarapdan Abdylla taýdy. Şol wagtlar ol on dört, Abdylla bolsa ýigrimi dört ýaşlaryndady.Sähel wagtdan toý edildi we Älemleriñ Serwerini dünýä indirjek bagtyýar maşgala guruldy (24).

HEZRETI ABDYLLANYÑ ÖLÜMI

Durmuş guranlaryndan ýañy sanaýmaly hepde geçipdi. Köplere aýdyñ bildiren geñ bir ýagdaý boldy. Hz. Abdyllanyñ ýüzündäki nur Hezreti Eminede ýalkym saçmaga başlady. Diýmek, Hezreti Emine Älemleriñ Serwerine hamyla bolupdy. Gelniniñ hamylalygynyñ ilkinji aýlarynda Hz. Abdylla söwda kerwenine goşulyp Siriýa gitdi...Onuñ şol gidişi-gidişi boldy. Hz. Abdylla gaýdyp Mekgä gelmedi. Birnäçe aýdan dolanyp gelen kerwende Hezreti Abdyllanyñ ýerine onuñ ajy habary bardy. Hz. Abdylla söwda ýolagçylygyndan yzyna gelýärkä, Medinede keselläpdi we ony şol ýerde ýaşaýan daýylarynda goýup gaýdypdylar. Bu habary alan Abdylmuttalib derhal ogly Harisi Medinä ugratdy. Haris Medinä barynça, boljak iş bolupdy. Hz. Abdylla Älemleriñ Serweri ㅡ oglunyñ didaryny ýekeje gezegem görüp bilmän bakyýete göçüpdi we ol ýerde Adiýý b. Nejjar ogullaryndan Nabiganyñ öýüniñ ýanyndaky bagyñ içinde depin edilipdi.Haris bu ajy habary Mekgä getirdi. Mekge ýas baglady. Ýaşmy sen, ýa garry, ulumy sen ýa kiçi, hiç hili parh goýmaýan ajalyñ Abdyllany diýen wagtynda, duýdansyz penjesine salmagy Abdylmuttalibiñ maşgalasyny çuññur gynandyrdy. Mekgäniñ ilaty hem gözýaşlary bilen olaryñ gynanjyny paýlaşdy. Heniz ýaş gelin Hezreti Eminäniñ halyny ýazyp-diýip beýan eder ýaly däldi. Ol bu ajy habary eşiden gününden bir şem kimin eräp başlady. Uzak günlerini gözýaşlaryny saklap bilmän geçirdi. Aglady... Aglady... Ol aglaýarka, getirjek nury bilen ähli ynsanyýetiñ gözýaşlaryny syljak we agylaryny diñdirjek Ynsanyñ dünýä inmegine bary-ýogy iki aý galypdy. Hz. Emine bu abraýçylykdan çeken pyganyny gözýaşlaryny döke-döke ýazan goşgusynda şeýle beýan edýär:ㅡ Indi Mekgäniñ Betha şahasy Haşym ogullaryndan boş galdy. Mekge Haşym ogullarynyñ şanyndan mahrumdyr indi.Ölümiñ çakylygy bilen öýünden ördi we kepene dolanyp mazara girdi.Ölüm ýer ýüzünde ýyllarça aýlansa-da, ynsanlar arasyndan Haşym ogly ýaly bir ýigit tapyp, gowuzlygyny dolduryp bilmez.Dostlary onuñ tabydyny götermek üçin ylgadylar, ony elden-ele alyp göterdiler.Etjek alajyñ ýok, ajal garaşylmadyk wagt ony girdabyna saldy. Ol bolsa nähili görmegeý, nähili görmegeý, nähili jomart we nähili merhemetlidi!'' (25)

PIL WAKASY

Hidaýat gününiñ (Pygamberimiziñ dünýä injek gününiñ) dogmasyna az wagt galypdy. Haj möwsümi başlanypdy. Ýer ýüzüniñ çar tarapyndan adamlar suw kimin akyp, Käbä zyýarata gelýärdiler. Käbäniñ beýle kän zyýaratçy ýygnanmagyna birnäçe adamlaryñ görüplikden içleri ýanýardy. Bulardan biri hem Hebeş hökümdarynyñ Ýemendäki häkimi Ebrehe Eşremdi.Ebrehe Käbä sary ynsan akymyny duruzmak üçin, Wizantiýa imperatorynyñ kömegi bilen öñürti Sana şäherinde Kulleýs atly bir ybadathana gurdurdy. Uly çykdajylar edip, içini altyn-kümüşe bezedi. Daşyny dürli ýurtlardan getirden gymmat bahaly daşlar bilen timarlady. Şol döwürde onuñ gurduran ybadathanasyna owadanlykda taý gelip biljek ybadathana ýokdy. Ebrehäniñ hyýaly gymmat bezegler bilen halky bu ýere çekmekdi we adamlaryñ Käbä bolan uly akymyny öz islän tarapyna sowmakdy. Ebrehe ybadathana gurlup gutarandan soñra, Hebeş hökümdaryna şeýle mazmunly hat ýazdy:''Hökümdarym! Señ üçin bir ybadathana gurdurdym welin, şu wagta çenli ne Arap, ne-de bir Ajem onuñ ýalysyny gurduran däldir. Araplaryñ hajyny bärik öwürýänçäm asla ynjalmaryn'' (27).Emma Ebrehäniñ ähli eden çykdajylary we aladalary biderek boldy. Hakykatdan hem onuñ gurduran ybadathanasynyñ üýtgeşik owadanlygyny görmek üçin örän köp adam geldi. Emma diñe owadanlygyny we bezeglerini görmek üçin... Käbä zyýaratçylaryñ akymy bolsa, azalmaga beýlede dursun, gaýta öñküsindenem beter köpelmgini dowam edýärdi!

Kulleýsiñ hapalanmagy we Ebrehäniñ gelen karary

Ebrehäniñ Käbe zyýaratçylaryny öz ybadathanasyna sowmak niýeti bilen ullakan we örän owadan ybadathana gurduranyny araplar hem eşidipdi. Şol wagt Kinane tiresinden bolan Nefwel atly biri ybadathanany hapalap harama çykarmagy ýüregine düwdi. Bir gün gijäñ ýarynda gidip, Kulleýsiñ içini-daşyny täreti bilen hapalap harama çykardy. Soñra bolsa gaçyp ýurduna geldi. Bu waka owal hem adamlaryñ öz ybadathanasyna däl-de, Käbä gidýänlerinden kineli Ebrehäni gazap atyna atlandyrdy. Bu işi araplaryñ biriniñ edenini bilen wagty: ㅡ Araplar muny Käbelilerden ýüz öwürdenim üçin edendirler. Menem olaryñ Käbesini ýer bilen ýegsan ederin - diýip, ant içdi(28). Soñra Käbäni ýykmak niýeti Mekgä ýöriş etmäge taýýarlanyp ugrady. Hebeş hökümdaryndan Mahmyt atly meşhur pilini diledi. Hökümdar öz döwründe äpetlikde we güýçlilikde deñi-taýy bolmadyk Mahmyt diýen pilini Ebrehä berip, onuñ dilegini kanagatlandyrdy(29). Ebrehe goşunyny jemläp, Mekgä tarap ýola düşdi. Ol Mahmyt atly pili bilen goşunyñ öñüni çekip Mekgä ýakynlaşýardy. Şol wagt käbir arap tireleri bu uly goşunyñ garşysyna çyksalar-da güýçleri pes bolansoñ, ýeñildiler. Ebrehe ägirt uly goşuny bilen Mekgäniñ alkymynda ýerleşen Mugammis diýlen ýere gelende, atlylarynyñ bir toplumyny öñbaşçy hökmünde atly goşuny iberdi. Bu atlylar Mekgäniñ ýakynyna gelip Pygamberimiziñ atasy Abdylmuttalibiñ iki ýüz düýesi bilen birlikde Kureýşleriñ we Tihameleriñ düýelerini sürüp äkitdi(30). Ol wagtlar Abdylmuttalyp Kureýş tiresiniñ ýolbaşçysydy.

Ebrehe we Abdylmuttalib

Ebrehe bir ilçi bilen Kureýşlere şu habar iberdi: ''Men uruşmak niýeti bilen gelmedim, ybadathanañyzy ýykmak üçin geldim. Eger şoña garşy çykmasañyz ganyñyzy geçýärin.Eger Kureýş tiresiniñ ýolbaşçysy meniñ bilen uruşmak islemeýän bolsa ýanyma gelsin!'' (31)Kureýşleriñ ýolbaşçysy Abdylmuttalibiñ ilçä beren jogaby şu boldy: ㅡ Allanyñ adyna ant içýäris, biz hem uruş islämzok. Şeýle-de biziñ uruşmaga güýjümiz ýok. Onsoñam bu ybadathana Allanyñ öýüdir. Ony weýrançylykdan diñe Alla gorap biler. Eger mukaddes öýüni Özi goramasa, Ebrehäni pälinden gaýtaryp biljek güýç bizde ýokdur''(32).Bu gepleşikden soñra Abdylmuttalib ilçi bilen birlikde Ebrehäniñ ýanyna bardy.Abdylmuttalibiñ sypaty haýbatlydy. Ony bu sypatda gören Ebrehe öz ýanyndan oña hormat duýdy. Ony sylagly myhman derejesinde garşylap, hezzet-hormat edenden soñra, islegini sorady.Abdylmuttalib:ㅡ Nökerleriñiz iki ýüz sany düýämi alypdyrlar. Şolary yzyna gaýtarsañyz bolýar'' diýip, islegini aýan etdi.Bu haýyş Ebrehäniñ göwnünden turmady. Ol onuñ üstünden gülüp:''Seni ilki görenimde uly bir adam saýdyn. Geplemäge başlañda welin, beýle däldigiñe düşündim. Men seniñ we seniñ atalaryñ ybadathanasy bolan Käbäni ýykmaga geldim. Sen bolsa iki ýüz sany düýäñ gürrüñini edýäñ'' diýdi.Abdylmuttalib bu sözlere:ㅡ Men düýeleriñ eýesi. Käbäniñ hem öz eýesi we goraýjysy bardyr. Elbetde, ol ony gorar - diýip, darykman jogap berdi.Ebrehe bu sözleri ýokuş gördi we:ㅡ Indi ony menden hiç kim gorap bilmez! - diýdi. Abdylmuttalib bu sözleriñ hem aşagynda galmady:ㅡ Meni o zatlar gyzyklandyranok. Ynha sen, honha-da ol (33)!Bu iki taraplaýyn gepleşikden soñra Ebrehe Abdylmuttalibib düýelerini gaýtaryp berdi. Abdylmuttalib düýeleri bilen Mekgä gelip, bolan gürrüñi Kureýşlere aýdyp berdi. Yzyna alan iki ýüz düýesini bolsa Alla ýoluna gurban etmek üçin niýetläp goýdy.

Mekgeden çykylmagy

Abdylmuttalib Ebrehäniñ şerinden we zulumyndan goranmak üçin halka Mekgeden çykmagy maslahat berdi. Özi hem töweregindäki adamlar bilen Käbäniñ ýanyna bardy we onuñ gapysynyñ halkasyna ýapyşyp:''Eý Allam! Bir gulam öz öýüni gorar. Sen hem öz öýüñi gora! Tä olaryñ goşunlary we güýçleri seniñ öñüñde ýeñlip boýun bolýança'' (34) diýip, dileg etdi.Mekge boşadyldy. Ilat dag derelerine siñip,Ebrehäniñ goşunlarynyb etjek weýrançylygyna garaşyp oturdy. Mekge gamgyn Käbe gamgyn, Kureýş gamgyndy...

Goşun herekete taýýar, emma...

Ertesi günüñ säheridi. Mekgäniñ üstüne ýöriş edip, Käbäni ýer bilen ýegsan etmek üçin, Ebrehäniñ goşunlary taýýardy. Goşun diñe buýruga garaşýardy. Milady ýyl hasabynda 571-nji ýyl, 17 Muharrem, ýekşenbe günüdi.Goşun herekete girmeziniñ öñ ýanynda Ebrehäniñ ýakyn adamlaryndan biri Nufeýl bin Habib mähnet piliñ ㅡ Mahmydyñ gulagyna şu sözleri pyşyrdady:''Çök, Mahmyt! Sag-salamat gezen ýerleriñe dön. Sen Allanyñ mukaddes gören ýerindesiñ!''(35) Ol bu sözleri aýtdy-da, daga tarap gaçyp gitdi. Nufeýliñ pyşyrdamasyndan soñ, pil duran ýerinde çökdi oturyberdi. Ony turuzmak üçin her zat edip gördüler, emma bolmady. Piliñ ýüzüni Ýemene tarap öwürseler turup ýöreýär. Damaska tarap öwürseler hem gidýär. Gündogara gaýtarsalar hem durmaýar. Diñe ýüzüni Mekgä tarap dönderseler, ysgyny giden ýaly çökýär oturyberýärdi (36).Bu tolgundyryjy wakanyñ şaýady bolan adamlar pil Mahmydyñ bolşuna akyl ýetirip bilmän duran wagtlary Allatagala jelalyny (ezýet, gazap) görkezdi we Kuranda ''Ebabil'' diýip atlandyrylan guşlary deñiz tarapdan Ebrehäniñ goşunlarynyñ üstüne iberdi. Bu garlawaja meñzeş guşlar aýaklary bilen iki sany, agyzlarynda-da mäşiñ ululygyndaky bir daşy getirip, goşunyñ üstüne ýagdyrmaga başladylar. Daş degen esgeriñ şo bada jany çykýardy (37).Daş ýagşynyñ aşagynda galan goşunyñ diñe asmana añkaryp durmakdan başga elinden gelýän zat ýokdy. Ol wagt giden meýdan daş degip ölen esgerleriñ we haýwanlaryñ läşlerinden üst-üstedi. Goşun yzyna gaçmaga başlady. Ebrehe-de gaçyp, zordan janyny gutardy. Emma bet niýetine ýetip bilmedik Ebrehe birnäçe wagtdan soñ daşyñ salan ýarasyndan ölüp gitdi (38).Käbä tarap ýöremedik pil mahmyda welin, hiç zat bolmady.Alla tagala Ebrehäniñ goşunlarynyñ başyna Ebäbil guşlaryny musallat edip inderenden soñra, ýagyş ýagdyryp, sil getirdi. Gelen sil Ebrehe goşunlarynyñ ölülerini syryp-süpürip deñze dökdi (39).Beýik Rebbimiz Kurany Kerimde bu hadysany bize şeýle habar berýär:''Mähriban we rehimli Allanyñ ady bilen:1. (Eý Muhammet), Perwerdigäriñiziñ pil eýelerini nähili (heläk) edenini görmediñizmi?2. Ol olaryñ (Kabeýtullany weýran etmek üçin ulanan barça) hile-usullaryny berbat etmedimi?3-4. Ol olaryñ üstüne gaty daşlary okalýan top-top guşlary iberip;5. Olary (mör-möjek, garynjalar tarapyndan) çeýnäp taşlanan saman ýaly (eleme deşik edip taşlady)(40). Bu hadysa Pygamberimiziñ Pygamberligine bir alamatdy. Çünki bu waka ol dünýä inmegine az wagt galanda bolup geçipdir we doglan ýeri, söýgüli Watany, Kyblasy bolan Mekge hem Käbe aklyñy haýran edýän sebäp bilen Ebrehe ordasynyñ ýykmagyndan goralypdyr.Hawa, Alla Tagalanyñ rahmedi, elbetde, Pygamberimiziñ ýüzüniñ nurunyñ hormatyna, bu beýik ybadathanany Ebrehe goşunynyñ depelemegine ýol bermezdi, bermedi hem!..

__________________________

1. Kastalani el-Mewahibul-Ledunniýýe t-1, sah.6
2. Şol ýerde. sah.7
3. El-Bakara, 129 ayat.
4. Ibni Hişam. Sire, t-1. sah-175, Taberi, Taryh t-2, sah-128
5. Ibni Sad. Tabakat. t-1 sah. 20 Muslim Sanih t-3 sah. 58.
6. Ibni Hişam, Sire t-1 sah.1-3 Ibni Sad. Tabakat. t-1, sah. 55-56. Belazuri, Ensabul-Eşraf t-1 sah.12 w şm; Taberi, Taryh t-2 sah. 172-180.
7. Mewlana Şibli, Asry Saadet t-1 sah.119 terjime Ö. R. Dogrul.
8. Ibni Hişam, Sire, t-1 sah-2. Ibni Sad Tabakat t-1 sah-56
9. Ibni Hişam, Sire, t-1 sah-2-4.
10. Ibni Sad Tabakat t-1 sah-66,70,74; Taberi Taryh t-2 sah. 184-185.
11. Şol ýerde sah. 75-80
12. Şol ýerde sah. 79-80.
13. Ibni Sad, Tabakat t-1 sah. 82-83.
14. Ibn Hişam, Sire t-1 sah. 150-151.
15. M. Dikmen, B. Ateş. Pygamberler taryhy, t-1. sah-229-232.
16. Ibni Hişam, Sire, t-1 sah-160. Ibni Sad Tabakat t-1 sah-88. Taberi taryh t-1 sah-128.
17. Ibni Hişam, Sire, t-1 sah 152-158. Ibni Sad Tabakat t-1 sah-84.
18. Ibni Hişam, Sire, t-1 sah-145-146, Ibni Sad Tabakat t-1 sah-85.
19. Ibni Hişam, Sire, t-1 sah-162. Taberi, Taryh t-2 sah-174.
20. Ibni Hişam, Sire, t-1 sah-162. Taberi, Taryh t-2 sah. 163 we 174.
21. Ibn Hişam, Sire, t-1 sah 164. Ibn Sad Tabakat t-1, sah-88. Taberi, Taryh t-2, sah-174.
22. Ibni Sad Tabakat t-1 sah-89.
23. Ibn Hişam, Sire, t-1 sah-164. Ibn Sad Tabakat, t-1, sah-95-96.
24. Ibn Hişam, Sire, t-1, sah-167. Ibni Sad Tabakat, t-1, sah-94.
25. Ibni Sad Tabakat. t-1, sah-100.
26. Ibni Hişam ag. eser, t-1 sah-167. Ibn Sad ag. eser, t-1, sah-100.
27. Ibni Hişam, Sire, t-1, sah-45. Ibn Sad Tabakat t-1, sah-91. Taberi, Taryh t-2, sah-109.
28. Ibn Hişam, Sire, t-1 sah-47. Ibni Sad Tabakat t-1, sah-91, Taberi, Taryh t-2 sah-110.
29. Ibni Sad Tabakat t-1, sah-91.
30. Ibni Hişam, Sire, t-1, sah-50, Ibn Sad Tabakat t-1, sah-91. Taberi, Taryh t-2, sah-111.
31. Ibni Hişam, Sire t-1 sah-50.
32. Şol ýerde.
33. Ibni Hişam, Sire, t-1, sah-51. Ibni Sad Tabakat t-1, sah-92.
34. Ibni Hişam, Sire, t-1 sah 53. Ibni Sad Tabakat t-1, sah-92.
35. Ibni Hişam, Sire, t-1, sah-54.
36. Ibni Hişam, Sire, t-1, sah-54. Taberi, Taryh t-2, sah-113
37. Ibni Hişam, Sire, t-1, sah-54-55. Ibni Sad Tabakat t-1, sah-92.
38. Ibni Hişam, sire, t-1, sah-56.
39. Ibni Sad Tabakat, t-1, sah-92.
40. Pil süresi.
Pygamberimize wahyý gelmänkä, pygamberligini görkezip, ýüze çykan haýran galdyryjy wakalara ''Irhasat'' diýilýär. Bu wakalar Pygamberimiziñ pygamberligine alamatdyr. Alymlar Pil wakasyny hem Irhasat diýip kabul edýärler.

Salyh Suruç. ''Älemleriñ Serweri Pygamberimiziñ ömri'' atly kitabyndan.Terjime edenler: Hydyr Amangeldi,Nedim Polat, Baky Annadurdyýew.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 97 | Добавил: Jeksparro | Теги: Salyh Suruç | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 6
0
6 Jeksparro   [Mowzuga geç]
@Gökböri, bu roman däl hem bolsa, men muña degişli bölüm tapmanym üçin şu ''Roman'' bölümi saylap almaly boldum... Emma Pygamberimiz hakda hem roman yazyşyp yören yazyjylar bar. Onda ol çeper eserlerem hakykatmyka? Derdiñiz şonuñ Roman bölüminde goyulandygyny soraglayan bolsañyz üytgedip bolyar...
@Gürgençli, yok mende diñe birinji kitaby bar... Nesip bolsa wagt tapsam galanlaryny hem goyarys.

0
5 Gökböri   [Mowzuga geç]
*ömri

0
4 Gökböri   [Mowzuga geç]
Roman bolanda - çeper esere diyilyär.
Pygamberimiziñ (s.a.w) çeper eser dal, hakykat.
Pygamberleriñ ömür beýany barada ýazylan ömûkitaplara pygambernama, siyernama (ömürnama) diyilyär. Ýagny, awtobiografik eser.

0
3 Gurgencli   [Mowzuga geç]
@Gökböri, roman bolmasa onda näme?

0
2 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Şuna oňardyň Jek gardaş. Şu kitabyň türkmençesiniň ikinji jildini tapyp bilmändim. Sende doly bardyra? Saýta dolulygyna goýarsyňa?

0
1 Gökböri   [Mowzuga geç]
Bu roman dal.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: