22:04
Siýer-i Nebi (Hezreti Pygamberiñ Ömri)
SIÝER-I NEBI
(HEZRETI PYGAMBERIÑ ÖMRI)

I BÖLÜM
YSLAMDAN ÖÑKI ARABYSTAN

Temalar:
· Araplaryñ Hal-ýagdaýy
· Mekge we Käbe
· Mekgedäki Wezipeler
· Zemzem Çeşmesiniñ Arassalanmagy
· Ebrehäniñ Käbä Ýörişi

a) Araplaryñ hal-ýagdaýy

Yslam dininden öñ Arabystan ýarymadasynda ýaşaýyş gaty agyr ýagdaýdady, araplar bu döwürde sowatsyzlyk we yzagalaklyk döwrüni başdan geçirýärdiler. Olar özaralarynda birnäçe tirelere bölünip, biri-birlerine garşy çykypdyrlar, tireler arasynda yzygiderli dawa-jenjel edipdirler. Hak dini unudypdyrlar, dürli atlar bilen atlandyrylan butlary tapyp başlapdyrlar, umuman, bu ýerde agyr ýagdaýdaky bir yzagalaklyk dowam edýärdi. Ynsan hukuklaryna we haklaryna hiç hili hormat goýulmaýardy. Hyzmatçy gullar, ýesirler gözgyny, ''it görse, gözi agyrjak'' ýagdaýynda ýaşaýardylar. Aýal maşgalalar ençeme hak-hukuklardan mahrum edilipdi. Täze dogan çaga gyz bolsa, onuñ göbegini kesmekligiñ ýerine boýnuny kesmeklik ýaly adat kök urup başlapdyr, umuman, gyz çagajyklary diriligine ýere gömmeklik tas däbe öwrülmek derejesine baryp ýetipdir. Beýleki ülklerde ýaşaýan ynsanlaryñ ýagdaýy-da Arabystandan kän bir tapawutly bolmandyr. Gepiñ gysgasy, älem-jahan durşuna gatym-garym, bulam-bujar bir garañkylykdady. Ynsanýeti bu ýagdaýlardan azat etmek üçin bir Pygamberiñ gelmegine garaşylýardy. Jöhütleriñ we hristiýanlaryñ kitaplary şeýle bir Pygamberiñ geljekdigini öñünden buşlapdy. Ine, Mekgede doglan zamananyñ soñky Pygamberi (Ahyrzaman Pygamberi diýlip atlandyrylýan) Muhammet Aleýhissalam, hut şol garaşylan, onda-da sabyrsyzlyk bilen uzak wagtlap garaşylan iñ soñky Pygamberdir.

b) Mekge we Käbe

Arabystan ýarymadasynyñ gadymdan bäri iñ ähmiýetli we mukaddes şäheri Mekgedir. Mekge Gyzyl deñizden 80 km töweregi ýarym adanyñ içinde ýerleşýär, daglaryñ we ýollaryñ sepgididir. Käbäni şu günki ýerleşýän ýerinde hezreti Ybraýym bilen onuñ ogly Ysmaýyl dikeldipdir. Şol wagtlarda Käbe bir ybadathana hökmünde ulanylýardy. Emma soñ-soñlar araplar bu ýeri tapyp bilen butlary bilen doldurypdyrlar. Etraplardan gelen zyýaratçylar bulara gurbanlyk beripdirler. Mekge şol wagtarda ýuwaş-ýuwaşdan söwda merkezine öwrülip başlapdyr. Käbä zyýarata gelenler söwda hem edipdirler. Mekgeden Ýemene we Siriýa söwda kerwenleri gidip gelipdir.

j) Käbädäki wezipeler

Käbe araplar tarapyndan mukaddes hasaplanyşy ýaly, ol ýerdäki wezipeler-de örän ähmiýetli hasaplanypdyr. Käbä seretmek wezipesi hezreti Ysmaýylyñ neberesine degişli. Bu wezipeler şular:
1. Hijabet: Ýagny, Käbäniñ açarlaryny elinde saklamak.
2. Sikaýe: Käbä zyýarata gelen hajylaryñ suwuny taýýarlamak, Zemzem çeşmesiniñ suwuna gözegçilik etmek.
3. Rifade: Gelen hajylaryñ hyzmatynda durmak, garşy almak, ýerleşdirmek, ugratmak.
4. Nedwe: Ýygnakdyr maslahatlara başlyklyk etmek: Kilabyñ ogly Kusaý ''DarunㅡNedwe'' atly bir jemgyýet gurupdyr. Kuraýyşlylar bu ýerde ýygnanypdyrlar, ähmiýetli işler hakynda maslahat edipdirler, parahatçylyk we harby meselelerinde hem bu ýerde karara gelipdirler. Hatda nika bu ýerde gyýlypdyr, dürli dabaralar bu ýerde gurlupdyr. Uzak ýola gitjek söwd
5. Litwa: Baýdak bilen baglanyşykly wezipe, söweş wagtlarynda baýdak göterijilik boýunça ýörite wezipeler bolupdyr.
6. Kyýada: Baştutanlyk, serdarlyk diýmekdir.
Bu sanalan wezipeleriñ hemmesi bir hormatly, mertebeli dereje hasaplanypdyr we bular hezreti Muhammediñ (s.a.s) tiresinden bolanlara degişlidi.

d) Zemzem çeşmesiniñ arassalanmagy

Hajylaryñ suw bilen üpjünçiligine we olaryñ myhmanhana işlerine Muttalib seredýärdi. Ol aradan çykandan soñra, bu iş Abdylmuttalibe galypdy. Suw bilen üpjün etmek, suw üpjünçiligi örän kyn işleriñ biridi. Çünki, Zemzem çeşmesi dolan wagtynda ondan suw alynmaýardy. Şoña görä Mekgäniñ etrabyndaky guýulardan, çeşmelerden suw getirmäge mejbur bolunýardy. Bu ýagdaý bolsa uly kynçylyk döredýärlerdi. Muny düzetmek üçin Abdylmuttalibiñ Zemzem çeşmesiniñ gözbaşyny tapyp, ony arassalamagy gerekdi. Sebäbi Mekgä duşman çozan wagtynda, Jürhüm taýpasyndan bolan zyýankeşler gymmatly harytlary Zemzem çeşmesine atypdyrlar. Munuñ üstüni-de daş-toprak bilen dolduryp, ýerini ýitiripdirler. Bu ýagdaý ençeme ýyllap bilinmän gelipdir. Muny ahyrynda Abdylmuttalib bilen onuñ ogly Haris bilip, çeşmäniñ gözbaşyny arassalapdyr. Onuñ içinden gylyçlar, demir donlar, altyndan ýasalan keýik şekilleri çykypdyr. Zemzem çeşmesi arassalanandan soñra, ýene öñküsi ýaly bol-bol suw çykmaga başlapdyr. Abdylmuttalibiñ bu hyzmaty, işi örän şowly geçipdir.
Abdylmuttalybyñ on üç ogly bardy. Olaryñ içinden bäşisiniñ atlary taryhda meşhurdyr: Abu Talib, Abdylla, Hamza, Abbas we Abu Leheb.

d) Ebrehäniñ Käbä Ýörişi

Käbäniñ araplaryñ arasynda örän ähmiýetli we eziz görülýän bir ýerdi. Dini taýdan mukaddes görülmeginden başga-da, ol ýerde ýerleşýän Mekge Arabystanyñ söwda merkezi bolupdy. Her tarapdan adamlar toplum-toplum bolup bu ýere gelýärdiler, bu ýerde söwda ýarmarkasyny, alyş-beriş bazaryny gurýardylar. Halky bu ýere çeken Käbe-i muazzamady (Keramatly Käbedi). Ýemene häkim bolan Hebeş walisi (hökümdary, häkimi) Ebrehe Sanada bir mukaddes ýer gurup, araplary şol ýere çekmek islese-de, bu işiñ hötdesinden gelip bilmändir. Soñundan bolsa Käbäni ýok etmek üçin karar beripdir. Hebeşilerden (Efiopiýalylardan) ýygnan bir goşuny bilen Mekgä tarap ýola düşdi. Goşunyñ öñünde uly bir pil bardy. Söweşde pil ulanmak adaty gaty gadymydyr. Ýerli-ýerden Ebrehe garşy çykyp, oña gaýtawul bermek isleýänler tapylypdyr. Emma olar duşmanyñ garşylygyna çydap bilmändirler. Bölek-büçek bolan bu toparlar Ebreheniñ goşunyna ýesir düşüpdirler. Ebrehe Mekgä ýakynlaşanynda, çaparlaryndan birini gözegçilik üçin öñe iberipdir. Bular kuraýişlileriñ mallaryndan näme tapsalar, ony talap, olja edip Ebrehene getiripdiler. Olja edilen mallaryñ arasynda Abdylmuttalibiñ ýüz (100) sany düýesi hem bardy.
Mekgelilerden bir topar adam Ebrehene haýyş etmäge gidipdir. Bu toparyñ başynda bolsa Abdylmuttalyb durupdyr. Ebrehe haýyş etmäge gelen adamlardan näme üçin gelendiklerini sorapdyr. Abdylmuttalyb alnan mallary, oljalary yzyna gaýtarylyp berilmegini isleýändiklerini aýdypdyr. Muña garşylykly bir jogap hökmünde Ebrehe:
ㅡ Men ''Käbäni ýykmañ'' diýip haýyş etmäge gelensiñiz öýtdüm. A siz bolsa düýelerden derdinýärsiñiz! ㅡ diýipdir.
Abdylmuttalib bolsa Ebrehä şu jogaby beripdir:
ㅡ Men düýeleriñ eýesi, şonuñ üçin hem öz düýelerimi talap edýärin. Käbäniñ bolsa öz eýesi bar. Ony ol gorar.
Ebrehe mallary yzyna gaýtaryp berdi. Soñra bolsa goşunyna ''Atlanyñ!'' diýip buýurdy we goja pili goşunyñ öñüne saldy. Şol wagtyñ özünde hem garaşylmadyk bir hadysa boldy. Tutuş gök ýüzüni ebabil guşlary (dag garlawaçlary) gaplap aldy. Agyzlarynda we aýaklarynda daşaýan kiçijik daşlary esgerleriñ üstüne atýardylar. Daşlaryñ degen ýerleri ýara-ýara boldy. Esgerler perişan bolup dargadylar. Ebrehe janyny zordan gutaryp, Ýemene döndi we şol ýerde-de öldi. Kermatly Gurhan özüniñ ''Pil'' süresinde bu hadysany añladýar.

Osman KESKIOGLY
Terjime eden: Berdi SARYÝEW
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 54 | Добавил: Jeksparro | Теги: Osman Keskioly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 11
0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Gayrat et onda Molla Jûrjanly, agza bolup bilmeyanler kan, ugradaryn ustuñe.. ))

0
10 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Kime profil gerek bolsa maňa aýdaýyň! Özüm agza bolmaga kömek ederin.

0
9 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Uid.me agza bolup şoň üsti bilen bärik girseň bolaram belki. Garaz profil açmak problem zat dälläý biggrin

0
8 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Registrasiýa işlänok eken Has aga. Şumatçyk barladym.

0
7 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Nik açyp bilyän bolsam şeydip yörjekmi biggrin

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Açyp bilseñ, bir nik açyp bersene. @Gökbörem parolyny yitiripdir, tema açyp bilmän maña ugradypdyr.

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Jek, normalny goyup oñarmasañ, gmailime ugraday, beyleki agzalaryñky yaly edip.

0
4 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Şony düzedip bilmedim sen düzedip berermiñ!?

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Belli bir eseri goýup bolansoñ beylekisini goyup başla.. bölek-büçek edip garym-gatym goýýañ, okyja bölümlerden yzygiderli yzarlap okamak kyn bolýar.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Edebi makalalar bölüminde goýuber, onsoñam. Hemme bölûmleri bulaşdyryp çykdyñ.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Dogry goý, Jek. Keskioly däl, Keskiogly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: