18:24
Kim müsür goşunynyñ içini köwüp, "kartondan gaplañ" ýasady?
KIM MÜSÜR GOŞUNYNYÑ IÇINI KÖWÜP, "KARTONDAN GAPLAÑ" ÝASADY?

Osmanlyda we Müsürde modernleşme (döwrebaplaşma)-günbatarlylaşma prosesi bir döwürräkde başlady. Iki ýurtda-da goşun modernleşmegiñ we ulus-döwlet gurluşynyñ lokomotiwi bolup hyzmat etdi.
Medisina, inženerçilik, aragatnaşyk ekerançylyk, tekstil, çaphanaçylyk, gazet-žurnallar, terjimeçilik, sungat we döredijilik ulgamlarynda gazanylan sepgitleriñ hemmesi diýen ýaly goşunda geçirilen reformalaryñ gönüden-göni netijesidi. Eýse, türk goşuny bilen müsür goşunynyñ bu meñzeşligi-öñbaşçy özboluşlylygy haçan, nähili tapawutlylyk görkezdi?
Modern Müsüriñ düýbüni tutujy osmanly generaly: Kawalaly Mämmedaly paşa (1769-1849).
Döwrüniñ ähli harby gullukçylary ýaly Kawalaly paşanyñam Napoleona bolan hormaty çäksizdi. Haýran galaýmaly tötänlik, hut Napoleon hem onuñ ykbalyny özgertdi duruberdi!
Fransuzlar Müsüri basyp alanlarynda Osmanly serdary-ekrem Ýusup Ziýa paşanyñ ýolbaşçylygyndaky goşuny Müsüre ýollady. Kömege gelen goşuna Kawalydan 300 adam goşuldy. Bularyñ biri-de Mämmedaly atly bir esgerdi.
Fransuzlar Müsürden çykanda Kawalaly olary uzakdan synlap, Napoleona we düzgün-nyzamly fransuz esgerlerine, olaryñ harby lybaslaryna haýran galdy.
Çuññur akyl-paýhasy we batyrgaýlygy bilen tapawutlanýan Kawalaly Müsüriñ başyna geçende, ilkinji eden işi täze goşuny döretmek boldy. Şu maksat bilen çagyryş boýunça hökmany harby gullugy ýola goýdy, Müsüriñ garyp-gasarlaryny harby gulluga aldy, olara egin-eşik, ýarag, pul we iñ ähmiýetlisi-de şahsyýetnama berdi.
Aslynda bu özygtyýarly we bir bitewi döwlet bolmaguñ ilkinji ädimleridi. Müsüriñ garamaýak halky goşuna alnyp, müñ ýyldan soñ hak-hukuk we borç duýgusynuñ içinde ýurduna arka çykjak milli buýsanja gowuşdy.
Müsürde (pro)nasionalizm duýgulary "döwlet goşunynyñ" döredilmegi bilen, ynha, şeýdip başlady.
Fransiýa nädip korollygyñ soñuna nokat goýup bir bitewi döwlet guran bolsa, Kawalaly-da patyşanyñ boýunturygyndan sypynyp, bir bitewi döwlet gurmalydy.

Müsür goşunyndaky türk ofiserler

Müsürde modern goşunyñ kemala gelmegi bilim ulgamyny-da özgertdi, harby medisina we inženerçilik mekdepleri açyldy, Fransiýadan mugallymlar çagyryldy, Fransiýada okamaga talyplar ugradyldy.
Goşunyñ egin-eşigini üpjün etmek üçin tikinçilik kärhanalary guruldy, wagtyñ geçmegi bilen bu kärhanalaryñ gerimi giñäp, senagatyñ ilkinji ädimleri ädildi. Goşunyñ azyk üpjünçiligi üçin oba hojalyk we maldarçylyk pudaklarynda oñyn özgertmeler geçirildi.
Gepi uzadyp durjak däl. Eýse, modernleşmegiñ iteriji motory bolan müsür goşunynyñ ätiýaçlyk gory nämededi?
Goşun diñe Müsürde ýaşaýan ilatdan döredilmedi. Osmanlynyñ çäginde ýaşaýan türkler-türkmenler, albanlar, kürtler, çerkezler hem bardy. Üstesine Kawalaly esger ýetmezçiligini doldurmak üçin Sudany basyp aldy.
Müsür goşunynyñ düzümi dürli milletden ýygnananam bolsa, Kawalaly Mämmedaly paşanyñ kesgitli buýrugy bardy: Ofiserler türk bolmaly!
Goşunda ýokary wezipelere ýetmek üçin türkçe geplemelidi we Anadoluda, Stambulda, Albaniýada doglan bolmalydy.
Osmanlydan alynan uruş ýesirleri-de, eger isleseler, goşuna girip bilýärdi. Goşunda görkezmeler, buýruklar türk dilinde berilýärdi. Kairiñ harby mekdebinde-de okuw sapaklary türk dilindedi.
Müsürli araplar goşunda diñe ýüzbaşy (kapitan) çinine çenli galyp bilýärdi. Mülazym (leýtenant) we mülazym ewwel (kiçi leýtenant) çinli ofiserleriñ ýarsy türk, ýarsy arap bolmalydy.
Bir batalýonda dörtden köp arap leýtenantynyñ bolmagyna ýol berlenokdy we ş.m.
Bu ýagdaýy Kawalaly şeýle düşündirýärdi: "Men iñlisleriñ Hindistanda edýänlerinden üýtgeşik zat edemok: olaryñ hindilerden düzülen we iñlisleriñ serkerdelik edýän goşunlary bar, meniñem araplardan düzülen we türkleriñ serkerdelik edýän goşunym bar".

Tanzimat mekdebi

Müsür bilen bir döwürräkde birmeñzeş günbatarlylaşma ädimlerini äden Soltan Mahmyt II (1784-1849) bilen başlan döwürde osmanly hem ätdi. Ýanyçarlar ýok edildi, osmanly goşuny täzeden döredildi, Ýewropadan harby hünärmenler çagyryldy, harby medisina-inženerçilik mekdepleri açyldy we ş.m.
Mahmyt II, Abdylmejit, Abdyleziz dagylaryñ döwründe baş wezir Reşit paşanyñ ýetişdiren Tanzimat mekdebini oñlaýan Aly we Fuat paşq dagylar günbatarlylaşma prosesiniñ dowam etdirijileri boldy. Soltan Abdylhamyt II-niñ döwründe "tanzimatçy paşalaryñ" döwrany sowulanam bolsa, Abdylhamyt II reformalara dowam etdi.
Müsürde Kawalalydan soñ gelen Apbas içimtap, hemme zada şübheli garaýan we Günbatardan uzak durmaga çalyşýan biridi. Şonuñ üçinem ol atasyndan miras galan modernleşme däbini dowam etdirmedi.
Apbasyñ yzyndan gelen Said Günbataryñ tarapdarydy, fransuzlara ýakyn durýardy, atasy Kawalalynyñ arasy kesilen döwrebaplaşma maksatnamalaryny gaýtadan janlandyrdy. Mysal üçin Suweýş kanalynyñ gurluşygynyñ taslamasy Saidiñ hemaýatkärliginde taýýarlandy.
Saidden soñ gelen Ysmaýylyñ ýeke-täk maksady bardy: Müsüri Ýewropanyñ bir parçasyna öwürmek! Ol muny Angliýanyñ howandarlygynda amala aşyrjakdygyna ynandy (ynandyrdylar). Ýurdy daşary ýurt kapitalyna açdy, bu pullat bilen möhüm we iri taslamalary amala aşyrmaga synanyşdy. Netijede, Müsür tapgyrma-tapgyr bergä batyryldy we gysga wagtyñ içinde maliýe çöküşligi bolup geçdi. Munuñ yzyndan 1882-nji ýylda ýurdy iñlisler basyp aldy. 1922-nji ýylda Müsür Osmanlydan bölünip, garaşsyzlygyny gazananam bolsa, Fuatdyr Farugyñ döwürlerinde ýurtda iñlis agalygy höküm sürdi.
Şol döwrüñ içinde iñlisler Müsürdäki türk agramyny özlerine bäsdeş hasaplaýandyklaryny üçin köşkde türkçe gürleşilmegine, goşunda türk ofiserleriniñ bolma talabyna, bilimiñ türk dilinde berilmegine inçelik bilen taýýarlan hilegärçilikli oýunlary arkaly soñky nokady goýdurdy...
Garry atasy Kawalaly türk dilinden başga dili bilmese-de, hanedanyñ iñ soñky agzasy Faruk iñlis, fransuz, italýan, arap dillerini bilýänem bolsa, türk dilinde ýeke agyz söz gürlemeýärdi. Iñlisler maksadyna ýetipdi. Häzir Müsüriñ ikinji resmi dili iñlisçe!
Iñlisler we has soñra amerikanlar müsür goşunynu syýasatyñ, söwdanyñ içine sokup, generallygy "synpdan geçmegiñ" serişdesine öwürdiler. Netijede, müsür goşuny “karton gaplaña” öwrülmelidi...

HARBY LYBASLY POSTAWŞIKLER

Müsür Arap respublikasy 1952-nji ýylda şu wagta çenli üç sany ýokary çinli harby gullukçy tarapyndan dolandyryldy: Nasyr, Enwer Sedat, Hüsni Mübärek.
Üç lideriñem synpy gelip çykyşy birmeñzeşdi: Aleksandriýanyñ garamaýak ilatynyñ raýonlarynyñ birinde poçtalýonyñ ogly bolup dünýä inen Nasyr, Manufiýäniñ obalarynyñ birinde doglan Sedat we şol etrabyñ başga bir obasynda doglan Mübärek hut şu ýollar arkalu goşuna giripdiler.
Aslynda geñ galyp oturasy iş ýokdy:
Müsüriñ halky öñdenem garypdy. Garamaýak halkyñ "potansial taýdan aç" çagalary durmuşda rowaçlyk gazanmagyñ ýeke-täk çykalgasy hökmünde goşunyñ hataryna girmegi iñ añsat ýol hasaplaýardylar.
Goşunda gulluk edip başlansoñ, açdyklaryny undup, bu gezek "synpy aşmagyñ" kül-külüne düşdüler.
Nädipmi?
"Sowuk urşuñ" başlangyç ýyllarynda Nasyr bilen SSSR-iñ arasy diýseñ gowudy. Arap Sosialistik bileleşigini gurmak, sosialistik röwüşli arap nasionalizmi ideologiýasyny arap halklaryna wagyz etme ýaly synanşyklary ýaly Nasyr bilen bitewileşen ähli syýasy özgertmeler hemişe şu müsür-sowet gatnaşyklarynyñ netijesinde döredi. Ofiserler idealistdi.
Ysraýyla garşy 1948-nji, 1967-nji, 1973-nji ýyllaryñ uruşlarynda alnan ýeñlişler müsür-sowet gatnaşyklarynyñ arasyny açdy. Sedat ABŞ-na ýakynlaşdy. Ysraýyl bilen gepleşikleri geçirdi we ýaraşyk şertnamasyny baglaşan ilkinji arap lideri hökmünde taryha girdi.
Sedata berlen garşylyklaryñ çägi bolmady we ahyrynda ol harby parad geçirip durka, yslamçy militanlar tarapyndan öldürüldi.
Sedat gitdi, Hüsni Mübärek geldi, emma ABŞ-dyr Ysraýyl bilen gatnaşyklar hasam ýygjamlaşmaga dowam etdi.
ABŞ-na ýakynlaşmak demokratiýa, harby struktura-raýat gatnaşyklary babatda-da Müsüre hiç hili bähbit getirmedi. ABŞ Ýakyn Gündogaryñ köpüsinde bolşy ýaly, Müsürde-de hemişe awtoritar we antidemokratik syýasy gurluşy goldady.
Regiondaky agalygyny hut şu awtoritar režimleriñ başyndaky şahslar bilen aragatnaşyga girmek arkaly gurdy. ABŞ bu kişilere harby we maliýe taýdan her dürli goldawy bermek bilen, bularyñ öwezine olardan özüne hyzmat etmeklerine garaşdy. Bularam öz gezeginde üstlerine ýüklenen wezipäni häzirki wagta çenli birkemsiz ýerine ýetirip geldiler. Bu babatda müsür goşunynda gulluk edýän ýokary çinli ofiserleriñ bu gatnaşyklar netijesinde täsirlerini syýasata aralaşdyrmagy hasam köp ýygjamlaşdy.
We soñ...
Segseninji ýyllarda döwletçi ykdysady gurluşyñ inçelip, neoliberal syýasatyñ agalyk ediji güýje öwrülmegi goşunyñ ýokary wezipeli serkerdelerine maddy taýdan iññän uly täsirini ýetirdi. Ýurt howpsuzlygyny üpjün etmekden daşgaryn, ykdysady ugurlara-da "el uzadyp" baýlyk toplaýan harby lybaslylar topary döredi.
Serkerdeler ilkinji nobatda ýurduñ iñ girdejili ugurlarynyñ biri bolan turizm bilen meşgullanmaga, şereketler gurmaga başlady. Yzyndanam gurluşyk ulgamyna aralaşdylar. Harby lybasly postawşikler döredi. Has soñra bank ulgamynda we oba hojalyk işlerinde-de goşunda gulluk edýän ofiserlere ýygy-ýygydan duş gelindi.
Müsür režiminiñ döredip beren bu ýeñilliginden doly peýdalananlar goşundaky ýokary çinli ofiserlerdi. Munuñ daşynda pes çinli gullukçylara we hatarçylara mundan peýdalanmaga hiç hili ýol berlenokdy!
Ýurduñ harby strukturasyna agalyk edýän, syýasatyna sözüni geçirdip bilýän müsürli ýokary çinli serkerdeleriñ esasy pudaklarda çendenaşa baýamaklary, tütjar durmuşda ýaşamaklary sebäpli belli bir derejede döwletiñ içinde aýry bir "döwleti" orta çykardy.
Harby we syýasy güýje birigen ykdysady güýjüñem täsiri bilen goşun ylla döwletiñ içindäki döwlete öwrüldi.
Ýarym milliona golaý goşuny bilen Afrikanyñ iñ uly, dünýäniñ bolsa on birinji uly goşuny bolan müsür goşunynyñ kimler tarapyndan içi köwülip, boş we pöwhe hala getirilendigi görnüp duran zat gerek?
Eýsem, şol bir taryhy prosesden geçen, modernizasiýanyñ öñbaşçysy bolan türk we müsür goşunyny wagtyñ geçmegi bilen biri-birinden tapawutlandyran parametrler nämede?

■ [b]JHP-niñ ÝEÑŞI[b]

Türk goşuny bilen müsür goşunynyñ arasyndaky düýpli tapawut - Müsüriñ XX asyrda Mustapa Kemal ýaly lideri orta çykaryp bilmänligindedir. Mustapa Kemal syýasy maksatnamasy bolan liderdi. Onuñ bar maksady garaşsyzlyk gazanmak bilen çäklenmeýärdi. Ol turuwbaşdan respublika we demokratiýa üçin ädimleri ätdi. Mysal üçin, "ýa syýasaty saýlañ, ýa-da gulluk ediñ" diýip, goşuny garnizonlaryndan çykarmady.
Emma munuñ tersine, Müsürde iñlislere garşy garaşsyzlyk ugrunda göreşen ähli nasionalistleriñ (Urabi paşa, Mustapa Kamil, Muhammet Ferit dagylar) ýekeje maksady bardy, olam iñlisleri Müsürden çykaryp kowmak. Olaryñ şundan başga göz öñüne tutýan düýpli maksatlary ýokdy.
Mysal üçin, Mustapa Kemal ýaly doly garaşsyzlyk, modern demokratiýa, hemme raýata deñ hak-hukuk berýän respublika inisiatiwasy müsürli nasionalistlerde ýokdy. Has takygy, iñlisler kowlan ýagdaýynda, elbetde, ýurt garaşsyz bolmalydy, kese ýerlilere ýaranlyk eden hanedan agzalary çetleşdirilmelidi ww respublika yglan edilmelidi. Emma nähili respublika gurulmalydy? Gynansak-da, içi mejlis ýaly edaralar bilen, kanun çykaryjy-ýerine ýetiriji we sud edaralary ýaly strukturalaryñ özbaşdaklygy ýaly düýpli demokratik mehanizmi bilen meýilleşdirilen respublikany gurmak maksatnamasy ýokdy. Bu respublikasynyñ bary-ýogy bir ideologiýasy bardy: arap nasioalizmi.
Mustapa Kemal we Türkiýe mysalynyñ iñ uly tapawudy şunda. Müsürdäki "respublikaçylaryñ" hiç haçanam demokratiýany üpjün etmek ýaly alada-gaýgysy bolmady. Hüsni Mübärek hem ýañy-ýakyna çenli öz ýerine ogluny geçirjek bolup jan edýärdi.
Mysal üçin, ikinji jahan urşundan soñ Türkiýe we Müsür iki syýasy akymyñ özara göreşine şaýatlyk etdi.
Müsürde esasy syýasy bäsdeşlik Nasyr we onuñ režimi bilen olaryñ garşydaşy "Musulmn doganlar" guramasynyñ arasynda bolup geçdi. Bu bäsdeşligiñ esasy meselesi nämäniñ üstündedi: ýurduñ agalygyny ele geçirmek! Ýeri, haýsy ýol bilen? Häkimiýetde oturany agdarmak ýoly bilen! Bu döwür her dürli demokratik serişdäniñ we usulyñ dolulugyna çetde tutulan döwri boldy. Nasyr we onuñ režimi üstün çykdy: demokratik ýollar bilenmi ýa-da halkyñ erk-ygtyýaryny añladýan saýlaw sandyklaryñ netijesi arkalymy? Nasyr elindäki döwletiñ güýjüni ulanyp, "Musulman doganlary" basyp ýatyrdy.
Şol döwürräkde Türkiýede köp partiýaly düzgüne geçildi we saýlawlar netijesinde häkimiýet çalyşdy. Muny amala aşyranam soñky döwür ýygy-ýygydan tankyt topuna tutulýan Ismet Inönüdi.
"Sowuk uruş" döwrüniñ global meýilnamalary sebäpli Türkiýede harbylaryñ döwlet agdarlyşygy bolup geçdi. Emma Müsürden ýeke tapawudy, harby gullukçylar haçan gelen bolsa, mümkingadar iñ gysga wagtyñ dowamynda ýerini gaýtadan raýatlara berdi. Şolar ýaly wagt Türkiýede demokratiýanyñam hemişelik döwrany sowulmady. Generallar agdarlyşygy baýamagyñ serişdesine öwürmediler.
Bugün diktatorlyga garşy Müsüriñ Tahrir ploşadyna ýygnananlar, aslynda bize Mustapa Kemalyñ we Ismet Inönüniñ nädereje beýik syýasatçy we döwlet işgäri bolandygyny görkezýär.
Gynansak-da, Türkiýe häzirki günlerde çaltlyk bilen diktatorlyga tarap barýar.

Soner ÝALÇYN.

"HÜRRIYET" gazeti, 13.02.2011 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 36 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: