16:41
Rasionallyk we Tañry ynanjy
RASIONALLYK WE TAÑRY YNANJY

Tañry ynanjy bilen ylym arasynda otrisatel baglanyşygyny guran ateistler rasionallyk (akyllylyk, pähimlilik) meselesinde-de meñzeş pozisiýany tutupdyrlar, ynanýanlary akylly, pähimli (rasional) we logikasynyñ ýoklugy bilen ýazgarypdyrlar. Göýä pähimli we logikaly bolmagyñ esasy şerti ynançsyz bolmak ýa-da dini red etmekmiş, şeýdibem bu düşünjäni öz tarapynda ulanýarlar. Aslynda, şeýle çekeleşme bilen asyrlar boýy özleri garşyladylar we bu çekişmäniñ agyrlygyny öz gerdenlerinde ýaly duýýarlar. Ýöne gürrüñi edilýän çekeleşmede reaksion görnüşiñ netijesi orta çykaýypdyr. Gynansak-da, bu hilli herekete ýykgyn edýän ideologiýalaryñ arasynda ýygy-ýygydan gabat gelmek bolýar.
Tañry ynanjynyñ akyl bilen baglanyşykly esasynyñ bolup-bolmajagy filosofik çekişme meselesidir. Ýöne bu çekişmäniñ netijesinde hökmany suratda Tañrynyñ barlygynyñ kabul edilmegi ýa-da red edilmegi günlük tertibimize laýyk gelýän däldir. Munda diñe ynanjyñ akyl-pähim esasynyñ bolup-bolmajagy bilen baglanyşykly ideýa gözlegleri geçirilipdir. Meselem Kant ýaly bu meselede otrisatel netijä gelenler hem ateizme barmandyr, diñe ynanç bilen akyl arasyndaky baglanyşygyñ häsiýetine üns beripdirler. Şonuñ üçin ynanjyñ akyl bilen gurulmazlyk garaýşy bilen, ýagny örän köp dindar adam hem şeýle düşünjededir. Tañry ynanjynyñ akyl daşy (irrasional) bolýan çekeleşmesi biri-birinden tapawutly zatlardyr. Bu ýerde tankytlaýan meselämizem ikinji ýagdaýdyr. Ýagny käbir Ateistler Tañry ynanjyny tankyt edýän wagtlary otrisatel tassyklamalaryñ arasyna rasionallyk (pähimlilik) düşünjesini girizýärler.
Tañry ynanjyny rasional görkezmeýän bir ýagdaýyñ özi-de, dogrusy rasional bolýan däldir. Çünki, rasional kabul edilmeýän her haýsy bir düşünje hakyndaky hökümleriñ (teklipleriñ) ählisiniñde rasional bolmazlyk töwekgelçiligi bilen garşy-garşadyr. Bu ýagdaýda ateistleriñ özleri-de öz prinsiplerine görä, akyl daşy bir pozisiýa görkezjekdirler.
Tañry ynanjy başda bolmak bilen bir azdan hemme meselede bir adamyñ raional bolmagy mümkindir. Netijäniñ polo£itel ýa-da otrisatel bolmagy ähmiýetli däldir. Tañra ynanýan bir kişi ynanjynu akyl-pähimler netijesinde gorap bilse, bu pozisiýasynda-da öz içinde deñagramly, giñ göwrümli, logikaly we sistemaly bolsa, onuñ rasional bolýandygyna şübhe ýokdur. Şonuñ ýaly görnüşde bir adamyñ-da meñzeş bir ýagdaýy bilen ynançsyzlyga barmaga çalyşmagy daşda däldir. Şonuñ üçin rasional bolmak dogmatik bolmagyñ tersi, antonimi hökmünde ähli adamlara häsiyetli bir ýagdaý bolmalydyr. Her haýsy bir ynsanyñ monopoliýasynda bolan bir şahsylyk hökmünde pikirlenmeli däldir.
Dogrusy, ortada ýekeje-de akyl düşünje ýokdur. Käbir akyldarlaryñ pikirine görä, tapawutly rasionallyk kesgitlemeleri bar. Şeýle bolsa, käbir ateistleriñ ynançdan akly daşda bolýandygy bilen baglanyşykly tezisleri-de manysyz hem düşnüksiz bolýar. Meselem, aslynda materialist bolan maddany, materiýany esas edip alýandygy üçin akyly her hili ylymyñ, maglumatyñ çeşmesi hökmünde görmäýän käbir ateistler din meselesi gün tertibine gelende, näme üçindir, pozisiýa üýtgetmekde we akyl ýaragyna saralyp, dini tankyt etmäge çalyşýarlar. Käbirleriniñ pikirine görä, akyl bilen Tañra gidilmegi mümkin dälkä, bir başgasynyñ pikirine görä-de, mundan has akylly hereket görlen däldir.
Ýöne her zada garamazdan, akylsyzlyk we logikasyzlyk hakda kötekleme her iki tarapyñam ulanmazlygy gerekdir. Ýagny Tañrynyñ barlygyna ynansa akylly, ynanmasa akylsyz bolýar ýa-da tersine, onuñ barlygyny red edende, rasional, kabul edende-de, dogmatik bolýan usul adamyñ öz-özüni (tebigatyny) inkär etmegi we akyl-pähimini-de çekilişler ýagdaýa getirmegi bilen netijelenjekdir.
Bir adamyñ Tañrynyñ barlygyny uzak oýlanmalardan we belli bir paýhaslanmadan soñra akyl taýdan zerur görmesinden başga tebigy näme bolup biler? Ýene bir ynsanyñ şol bir meselede parhly pikirlenmegi, iñ azyndan parhly pähimlerde bolmagy-da, teoretiki taýdan ähtimaldan daşda däldir. Şonuñ üçin ylmylyk meselesinde bolşy ýaly, rasionallyk bolmak ýagdaýynda-da bir tarapyñ absolýut üstünligi gürrüñ obýekti bolup bilmez. Dagy näme, bu ýagdaý ylmyñ we akylyñ ynsany ynançsyzlykdan artykmaç Tañrynyñ barlygyna äkidýän hakykatyny üýtgetmez. Şeýle hem akyl bilen Tañrynyñ barlygynyñ subut edilmeýändigi hakyndaky usul hökmany suratda ateizm bilen netijelenmez. Şonuñ ýaly teoretiki akyl bilen Tañrynyñ subut edilmeginiñ mümkin bolmaýandygyna ynanan Kant hem, ýokarda aýdylşy ýaly, ateist bolmandyr, tersine Tañra giden başga bir ýoluñ gözleginde bolupdyr.
Akylly we logikaly bolmagyñ nämedigi hemme kişi tarapyndan belli zat. Filosofiýada bularyñ haýsy mana eýedigi äşgärdir(38). Mundan başga-da filosoflaryñ akylly we logikaly bolandyklaryny ýa-da olaryñ bu meselelere ähmiýet berendigini pikir etmek kyn däldir. Bu nukdaýnazardan garalanda, rasional bolýandygyndan şübhe edilmeýän logiki sistema bilen düşünjelerini beýan eden birnäçe filosoflar Tañrynyñ barlygyna ynanýandygy garaşylmadyk ýagdaý bolaýmaz. Ynanmaýanlaryñ köpüsi ynanmak bilen ynamsyzlygyñ arasynda kynçylyk çeken kişilerdir. Şonuñ üçin akyl, filosofiýa we ylmy düşünjäniñ Tañryny red edişi ýaly tassyklamalar diñe hakykat bilen baglanyşmaýan ideologik gipotezadyr. Filosoflaryñ adaty we gadymdan gelýän dindarlar bolmandygy dogrudyr. Ýöne olaryñ köpüsiniñ, ateistler ýaly Tañrysyz dünýäni oý-pikirinde janlandyrmaýandygy we dinsiz ýaşaýyş gurmagy maksat edinmeýändigi aýry meseledir.
Rasional bolmagy, ýagny pähimliligi tehniki termin hökmünde akylçylyk (rasionalizm) manysynda alsak, ýene ýagdaýyñ üýtgemeýändigini göreris. Filosofik mekdep hökmünde pähimi bilen meşhur bolan akyldarlar Dekartes, Spinoza we Leýbnis ýaly filosoflary red edişleri ýaly Tañrynyñ barlygyny subut etmek üçin köp zähmeti sarp edipdirler(39). Şonuñ üçin ateistleriñ bu meselelerde ynanýan adamlara ýöñkeýän kötekleme ýañzytmandyrlar. Çünki beýle kötekleme we düşünjeler ideologik maksatly bolup, hakykata alnyp biljek zatlar däldir.
Käbir dindarlar tarapyndan, akyl taýdan Tañrynyñ barlygynyñ düşünip bolmajakdygy tassyk edilipdir. Hatda, Tañrynyñ barlygyna ynanaýan ýagdaýynda örän köp adamyñ akyl meselesinde kararsyz, ynamsyz aýdýandyklaryna gabat gelmek bolýar. Ýöne bu garaýyş bizi ol kişileriñ ynançlary meselesinde ýalñyşdyrmaly däl. Olaryñ göz öñünde tutan zatlary akylyñ ynanjy red edişi ýaly tassyklanan däldir. Tersine,akylyñ bu meslede ýetersiz galyşy, çäksiz bolşy we hemme zady bilmeýändigi bilen baglanyşykly tezisdir. Şonuñ üçin bu garaýyş nukdaýnazaryny beýlekilerinden aýyrmak gerekdir.

____________________
(38) Süleýman Haýri Bolaý, Filosofik doktrinalar we terminler sözlügi, Ankara 1996, s.6-13.
(39) John Cottingham, The Rationalists, Oxford 1988, s. 175-185.

Aýdyn TOPALOGLY
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 25 | Добавил: Jeksparro | Теги: Aýdyn Topalogly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: