09:50
Köwüş / hekaýa
KÖWÜŞ

Dostunyň ogul toýuna, yrym edip, golaýda alnan täp-täzeje köwşüni geýdi.
Lowurdysy dagy-y-y...
Gözüňi deşip gelýär.
Ýüzünde ýüzüňi görüp, sakgal-murtuňy syrybermeli.
Aýna gerekgä.
Bahasam ep-eslije.
Soňky alty aýyň dowamynda aýlygyndan gysyp-süýşürip alnanja zady – aýagyna-da şapylaşyp, gelşip dur.
Ökjesem şol bir wagtyň özünde, hem-ä dabanyňa ýumşak, hemem köçäň asfaltynda “tyrk-tyrk” edip, tyrkyldap barýan, gataňsy.
Edil, ýeňse astyna naljagaz kakylan ýaly.
Wah, sesiňe döneýin!
Köwüş dagam däl-de, asfaltly köçeleriň şeýda bilbilisiň-le sen!
Ejiz janymyň jananasy!
Garyp köňlümiň gamhanasy!
Yzaly derdimiň dermanasy!
Wah, bu köwüş geýeni barypýatan şahyram etjek-le-e-e!
Aýajyklam onuň gurbanasy!
Men pakyram perwanasy!
Boldum waspynyň diwanasy!...
...Ýaşy kyrkdan aganam bolsa, göwnüne bolmasa, şol bir mahalky jahyl döwürlerinde täze eşik geýip köçä çykandakysy deýin, ýolda gabatlaşýanlaryň hemmesiniňem gözi özüniň köwşünde örklenip galýan ýaly...
Kellesiniň-ä keýpi kök, aýagam täze köwüşli, bardy bärden, ogul toý gaýrylýan, şagalaň-şowhunly, göm-gök matalar bilen bezenip-beslenen mekana.
Dosty gadyrlap garşy aldy. Takmynan ep-esliň ýarysyndanam gowrak adam sygar çenräk gabaraly, depesi üçgümmez çadyra girmäge mürehet etdi.
Ol täzeje köwşüni “basaýmasynlar, hapalaýmasynlar” diýen ätiýaç bilen, käbir eýleň-beýleňräk soň pullanan, bolşundan bäşbeter pullysyraýanlaryň köşksüreýän, parlaňküş tamlaryna “gaýra dur” diýdirýän çadyryň girelgesinden sowarak ýerde çykardy. Bol naz-nygmatly desterhanyň başyna geçende-de köwşi göz aýtymyna iler ýalyrak ýeri saýlady.
Öňüne alnan dograma-palaw-ýarmadan gapdalynyň işdäaçarydyr-şerbeti, çal-çapyrdyr, süzme-gaýmagy bilen garnyny gözäp oturyşyna-da, öwran-öwran baş galdyryp, köwşüne garşy nazar oklamagy unutmady.
Naharyň töwirinden soň, bu zamanlaryň soňky tapynylan dessuryna eýerip, dürli-dümen maňyz-kişmişdir, süýji-köke bilen gaýym derçiräp çaý süzdi. Çar ýanynda oturanlaryň ikibir-üçbir bolup edýän mesawy söhbedine-de başardygyndan goşulyp, diňlensin-diňlenmesin gep gatyp galdy.
Ýöne, köwşüne herniçe hatyrjem otursa-da, onuňam ahmalyna galdylar. Gapdalyndakyň gyzykly gürrüňine gulak gabartmaga gümra bolup oturan ýerinden, birdenkä köwşüni goýan ýerine tarap gözüni gyýtagyny aýlanda, onuň ýüregi jigläp gitdi.
Özünden takmynan on-on bäş ýaş dagy kiçidigi keşbinden bildirip duran, daýaw, garynlak pyýada, birjik-de “utanaýyn” dagam diýmän, äwmän-alňasaman, onuň apalap toýa geýip gelen, şeýle arzyly köwşüni geýjek bolup, hakyýt çemeleni-i-i-p dur-da.
Özem, onuň eýesine jany-teni bilen berlendigi sebäpli, haýsydyr bir entäp ýören bigänäniň läheň aýagyna sygmajak bolup jan çekýän, wepadar köwüşjigini myžžardyp, dyzap-dyzap aýagyna sygmasa-da sokjak bolup, ber-başagaý. Töwereginden bihabar, agyr göwresine zordan erk edip, gara dere batyp, myşlap-myşlap, agyrdan-agyr dem alýar.
Çişik pyýadanyň mähnet aýagynyň agramyna myžžygy çykyp, burunjygyny naýynjar lowurdadyp ýatan halalja zadyna dözmedik ol, nädip, sende ýok mende, zyňlyp ýerinden galakga, iki ädende läheň bihaýa bilen alkymma-alkym bolanynam duýman galdy.
Herniçigem bolsa, ol ilki bilen-ä köpçülikde goh turuzmaga ejap etdi. Galyberse-de: “belki, ýalňyşyp, özüniňkidir öýdýän bolaýmasyn? Meňzeş zat gytmy nä?!” diýen müňkür pikirem soňky pursatda böwrüne dürtüp ýetişdi.
Ýöne şonda-da ol, özüniň köwşüni hiç kimden jinnek ýalam myzaýyk etmän hamana eýesi kimin, bihaýalayk bilen gündiziň-günortany, giden mähelläniň içinde, ap-arkaýyn we göz-görtele ogurlap duran pöwhe pyýadanyň alkymyna dykylyp baran badyna:
-Halyp-pa, sen nädip otyň-how?!-diýip, pessaýdan hemleli haşşyldaman saklanyp bilmedi.
-Göreňokmy, köwüş geýýän...-diýip eýgörmüşiň pöwhe zaňňaram, sojap köwşi aýagyna sokjak bolmakdan dem salymlygam ünsüni sowman, hatda başynam galdyrman, göwnübir jogap gaýtardy.
Misli: “Ogurlyk eden uýalmaz, üstüne gelen utanar” diýen atalar aýtgysynyň çyndygyny hut öz mysalynda tassyk etjek bolýan ýaly.
Ol, pöwhe zaňňaryň bihaýalygyna birhili az-owlak aljyrajak ýaly etse-de, ýene-de näme, halalja zadynyň gözüniň alnynda alnyp gidiljek bolup durmasy janyna batandyr-da, derrew çuslandy-da, biraz aşak eglibräk pyşyrdady:
-A-how jigi! Bu geýjek bolup geýip bilmän ýatanyň seňki däl-de meňki ýaly-la-how?!
Pöwhe agyr göwresine çakdan aşa zor salýandygy zerarly gan urup, çym-gyzyl bolan ýüzüni galdyrdy. Üstüne abanyp diýen ýaly duran oňa geň galyjylyk bilen äňetdi. “Myş-ş-ş” edip burnundan içiniň ýelini boşadanda, ylla bir ýük ulagynyň tekeri ýarylandaka barabarrak “paşşyldy” eşidildi.
Gabarasy: “Şu bendänem dogram aýal adammyka? Ýa-da ony haýsydyr bir döwden ýa-da pilden ogullyga alaýdylarmyka?” diýdirýän, çişik adamyň gahary gelse ýaman gorkunç bolýan ekendigini, öz köwşüne eýe çykýan hut şuş-şu mahal, elinjek göz ýetirdi.
Mähnetden gelen äpet zaňňaryň aşakdan ýokarylygyna özüne garşy garaýan, mäzerip duran juw-ak bäbeneklerine ýokardan aşaklygyna gözlerini elek-çelek edip bakyp durşuna, ol ýuwaşjadan aýaklaryndan ysgynyň, gursagyndanam aýgydyň gidýändigini syzdy.
Ýa, “giden bir köwüş bolsun, jähennem-le” diýäýsemikä?!
Bu ýöwsel pikir onuň aňynda emele gelen dessine, kükregindäki züwwetdin ýürek dälirän ýaly urup, ol pikiri tassyklamaga howlukdy.
-Seňki dä-how, agam! Özümiňki. Ýalňyşýaň!-diýip semiz zaňňar, ýüzüni boz-ýaz edip pyşyrdady-da, özüne ogurlyga ýakyn bir günä ýapyp duran bu tenteksöw ynsanyň ýanyndan bahymrak garasyny saýlap, ýamandan başyny satyn almak üçin ýene-de köwşüni aýagyna sokmaga gümra boldy.
“Yhlasa myrat” diýleni, şol pille-de hälden bäri onuň dyzamasydyr-zoruna per bermän ýatan köwşüň birinji taýy “myjyrt” etdi-de, aýagyna geýildi. Ol dem salymlygam wagt ýitirmän, köwşüň sol taýyna ýapyşdy.
Pöwhe zaňňaryň bolşuna görä mylakatlylyk bilen aýdan: “ýalňyşýaň” diýen sözüni eşiden dessine köwüş eýesi, ýüreginiň emrine tabyn bolup: “Hä, eýle bolsa, onda bagyşlaweri, inim! Özüňki bolsa, geýiber, noş bolsun!” diýip ol ýerden ýeňsesini el ýaly edäýjegem boldy. Emma, ýap-ýaňyja, toýa gelýärkä-de “janynyň jananasyna” deňän, arzyly köwüşjagaz janynyň sag taýynyň mähnet zaňňaryň aýagyna girende çykaran naýynjar “myjyrt” eden sesi, ok bolup onuň bagryna sanjyldy. Teniniň däl-de, hut kalbynyň bu yzasam onuň gursagyndan ýöwselligini ýom-ýok edip, aýgydyna aýgyt goşdy.
-Şol-a seňki däl-de meňki-aý, han ogul!-diýip ol arryk göwresini bolşuna görä ekezlendirip, petekesini gaýşartdy.
-O nähili bu köwüş meňkikä, şol bir wagtda seňkem bolup bilýär-aý, ýäş-şü-li?!-diýip, pöwhe-de, henizem çygylyp oturmagyny bes etmän güňleç pyşyrdady.
-Meňki bolsa meňki bolar-da-how, han ogul! Meňkikä seňki nirden bolsun? Iliň zadyna eýe çykmankaň, gözüňi giňräk açaýarlar! Ýa, nä, bilip, aňyrsyna ýetip, bilgeşleýin edýäňmi?
-Näme ýäş-şü-li, ogurlyk ýapjak bolýaňmyň-aý?! Hä?! Gözümi açyk-da-how! Öz zadym bolsa, dagam “meňki” diýerin-dä! Nä, dagy meňkikä “seňki” diýeýinmi? Onsoňam, beýdip, ýalňyşyp, iliň zadyna dawa etjek bolup ýatman, öz zadyňy goýan ýeriňi gowuja bellärler. Seret, ine, meniňki täzeje köwüşdir, dükandan düýnjük satyn aldym...
-Menem köwşümi Maru-Şahu-Jahanyň bazaryndan, eddiljek Tuli han oňa çozmanka satyn alyp gaýtmadym ýa-da maňa-da ol Oguz handan miras galmady. Meniňem köwşüm täzeje, dükandan satyn alnanyna bolsa iküç gün bolandyr...
-Gutly bolsun!-diýip, entegem köwşüni geýip bilmeýän zaňňar, üstünden güljek bolýarmy ýa-da çyndanam, tüýs ýüreginden gutlaýarmy, üstüne abanyp duran dawagärini mübärekledi.
Olam gep alyp galmady.
-Seňkem gutly bolsun! Toýda tozsun!-diýip özüne oklanan “daşy” howadaka gapyp alyp, bada-badam yzyna “zyňyp” iberdi.
-Sag bol! Ömrüň uzak bolsun!
Onýança çadyrda oturan märeke-de girelgäniň agzyndaky “köwüş bazarynda” özara hyşy-wyşy edişýänleriň arasynda, iň bolmanda bir gybatlyg-a gep-gürrüňiň bardygyny ýedinji duýgulary bilen aňyp, şol tarapa gulaklaryny üşertdiler.
Jemagatyň ünsüni assa-ýuwaşdan özlerinde jemleýändiklerini duýan bu ikisem çaltrak çözlüşmek üçin, isleseler-islemeseler gepleşiklerini ýygjamlatmaga mejbur boldular:
-Onnoňam-how, ýäş-şü-li, seret, bu meniň köwşümiň sokulýan erňeginde demirden nyşanjyk bar ahyry! Men ony şondan tanaýan...-diýip, semiz pyýada pyşyrdap janykdy:-Beýdip “ýatanyň üstüne turan gelmesin” edip ýatma-da-how! Köpçülikde masgara edýäň-how!
-Menmi indi masgara edýän?! Nä, dagy seni masgara etmejek bolup, men indi gözümiň alnynda gözüme basdyryp saňa köwşümi äkitdirip, özüm toýdan aýakýalaňaç gaýdaýynmy?! O diýýän demirjigiň bolsa, meniň köwşümde-de bar-da-how!-diýip, köwüş eýesem, läheň pyýadanyň gep urşundan özüniň edil şu wagt, gepsiz-gürrüňsiz, bada-bat ýenjilip başlamajakdygyna göz ýetirenden soň, hasam ekabyrlanyp, hüžžerildi.
-Aý agam jan, ol-a demri ekeni, seňkiň nämesi bolsa şonsy bolsun-how! Gowusy-erbedi, hemmeje zady bilen özüňe nesip edewersin! Ýöne, ýene-de bir ýola özelenip haýyş edýän – meniň köwşüme dawa etme-dä!
Köwüş eýesi gürrüňdeşiniň üstüne has awulyrak çöwjemek üçin döşüne ýel ýygnap başlanam şoldy welin, arkasyndan kimdir biri:
-Agam,-diýip seslendi.
Ol yzyna gaňrylanda, toýa hyzmat edýän jahyllaryň biriniň barmagyny çommaldyp:
-Hanha agam, seniň köwşüň. Ýaňy aýagyňdan çykaranyňdan soň, gelmäge-geçmäge päsgel bermesin diýip gyra süýşüripdik. Bu ýaşuly bolsa, senden soň gelip, seniňkiň ýerinde öz köwşüni çykarypdy!-diýdi.
Köwüş eýesiniň utançdan ýaňa ýüzi boz-ýaz boldy.
“Häk, seniňem bir, edeniň bar bolsa! Şeýtana özüni oýnadan, aňsyz akmak diýsäni!” diýip, içinden öz-özüne käýinjirän köwüş eýesi, ýüzüni sapajak-supajak edip:
-Bagyşla, inim...-diýip, eşidiler-eşidilmez hümürdäp, ahbetin köwşüniň beýleki taýynam aýagyna sokan daýaw pyýadadan ötünç sorady-da, tizräk toýdan ýeňsesini el ýaly etmek bilen boluberdi...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 74 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Gurgencli   [Mowzuga geç]
"Köpçülik nemeçilik" diýilenindä:)

0
1 Dunya   [Mowzuga geç]
Aýajyklam onuň gurbanasy!
Men pakyram perwanasy!
Boldum waspynyň diwanasy!...

Serdar akgam indi şahyr boljak bolýana meňzeýä biggrin
Bu gezekki hekaýa öňkilerden ha-a-asam beter gyzykly eken. Ylhamyň egsilmesin agam

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: