09:43
Mehmet Aly
MEHMET ALY

Balkondan köçä seredýärin…
Ýükçi kurýerler (dostawşikler -t.b.) bir eýläk-bir beýläk zygyr-zygyr geçip durlar.
Meniñ pikirimçe-hä bularyñ ýerden birnäçe metr beýiklikde çekilen ýüpüñ üstünde motosikl sürýän gözi dañylgy darbazlardan parhy ýok.
Ujypsyz aýlyk üçin ölüm howpunyñ arasyndaky pyçagyñ ters ýüzünde ýaşaýarlar.
Işleseler - ölme ähtimallyklary bar.
Işlemeseler - öýe çörek puly äkidip bilenoklar.
Çalışırlarsa, ölme ihtimalleri var.
Olar şular ýaly durmuş şertinde kişä mätäç bolman ýaşamaga çytraşýarlar.
Çabgaly ýagyş bardyr, meselem, şäheri sil basýar, şol wagtam hamana şo bolmasa bolmaýan ýaly internetden şypbyk zakaz edýäris, kurýer getirýär... Şol gazaply ýagyşda motosiklli haýdap gelendigi sebäpli üstünden bedreläp suw goýberlen mysaly boýdan-başa öl-myžžyk, üst-başyndanam tekerlerden syçran palçyklar syrygyşyp ýatandyr.
Hondanbärsiräp, "şo taýda goý-da, ötägit" diýýäris gapynyñ agzyndaky köwüş goýulýan ýeri görkezip, ýüzüne-de seretmän...
Durawer, şypbykly gutyny şwabranyñ ýanynda bir goýma, saña ýokuşýan bolsa ýokuşsyn, şwabramyza bir wirus ýokuşmasyn!
Meselem, iş wagtymyzyñ gutaranyna bäş sagat geçipdir, gijäñ ýary pižamalyja ýatyrkak, krem örtüklije şokolad iýesimiz gelýär. Gidip alaýyn diýseñ, dükana on minudyñ içinde gidip-gelip bolýar, emma birden wirus ýokuşaýmasyn diýip, el telefony arkaly zakaz edýäris. On minutlyk ýoldaky dükandan bäş minutda getirmedi diýibem kurýer görgülä agzymyzdan geleni sögünýäris!
Çünki kurýerler "Supermen" bolmaly, uçmak lazym.
Men bu setirleri köpçülikleýin ýokanjyñ ýañy başlan döwründe düşürilen gabarçakly eliñ suratyna seredip ýazýaryn... Bir kurýer ildeşimiziñ elleri...
Her baran salgysynda elligini çykardyp, eline howpsuzlandyryjy suwuklyk sependikleri üçin eliniñ aýasy şular ýaly gözgyny hala gelipdi. Suraty ramkalardym-da, stolumyñ üstünde goýdum.
Haýyş, sizem setirlerimi şu surata seredip okañ.

* * *
Mehmet Aly.
Kyrk ýaşynda. Bu ýaşa gelensoñ oña iş berjek barmy nä? Başga alajy bolmansoñ motosiklli kurýer bolup işleýän eken.
Ejesi segsen ýaşynda, kakasy togsan ýaşynda.
Garry görgüliler Mehmet Alynyñ idi-issiwady bilen ýaşaýarlar. Oglunyñ ujypsyzja aýlygy bilen günlerini dolajak bolýarlar.
Mehmet Aly özüni bileli bäri işsiz galmakdan, ýarym aç-ýarym dok işlemekden, üstesine, ene-atasyna esewan etmäge mejbur bolandygyndan görmedik görgüsi galmandy. Öýlenmäge, maşgala gurmaga ne wagt tapdy, ne mümkinçiligi boldy.
Päk ýürekli, çaga ýaly göwni kir-kimirsiz ynsandy, emma durmuş oña hiç gülüp bakmandy.
Bir hepde öñ Stambulyñ Çekmeköý raýonunda zakaz boýunça bir salga barmalydy, ýüküñ üstündäki barmaly salgy doly ýazylmandy, müşderi diñe telefon belgisini ýazypdyr, "maña näme, byradar, özleri gelip alsyn" diýip, yzyna, ammara-da äkidip bilýärdi, ýöne beýtmedi, hemişeki bolşy ýaly ýene adamkärçilikli çemeleşdi, kimdir bir nätanynyñ ýumşuny bitirjek boldy, garşysyndaka adam kimin ýüzlendi, müşderiniñ telefonyna jañ etdi. Ýük salga gelende müşderi dazzarylyp çykdy, ýüki giç gelendigi üçin ýumrugyny kurýeriñ ýazzy mañlaýyndan berdi.
Biçäre Mehmet Aly ýere ýazylyp girdi. Ýykylan ýerinden galyp bilmedi. Görgüliniñ beýnisine gan inen eken.
Bäş gün komada ýatdy, amanadyny tabşyrdy...

(Goñşusyny ýumruklan Halil Sezai derhal tussag edilip, 13 ýyl azatlyk mahrum etme jezasyny bermek talap edilýärkä... Mehmet Alyny reanimasiýa sokan hülgent jogapkärçilikden boşadyldy.
Diñe Mehmet Aly bu ýalançy dünýäniñ azabyndan ölüp dynansoñ, tussag astyna alyndy.)

Herkes köpçülikleýin ýokanç başlanda näme diýýärdi, ýadyñyza düşýärmi?
"Göz ilmeýän kinniwanja wirus bütin dünýäni dyza çökerdi, ýokanjyñ saýasynda adamdygymyzy duýdul, özara duşman döwletlerem indi biri-biriniñ kömegine ylgaýar, mundan soñ biri-birimize has sylag-sarpaly adamlar bolarys, hoşniýetli, adamkärçilikli jemgyýet bolarys" diýýärlerdi.
Bar ýadymyza salyp bilen adamkärçiligimiz şujagazdy.
Ol-a entek "kinniwanja wirusmyş", Saturn saýýarasy gelip Ýer togalagyna urulsa, bu gidiş bilen ynsan bolasy gelmeýänleriñ ýurdudyr, bu ýurt.

Ýylmaz ÖZDIL.

"SÖZCÜ" gazeti, 27.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 67 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýylmaz Özdil | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
0
5 Dunya   [Mowzuga geç]
Gynançly hadysa sad dogry aýtýa

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Çünki kurýerler "Supermen" bolmaly, uçmak lazym" - Hekaýalyk jümle ekeni! Sag bol, @Gökböri, minnetdar ýetireniňe! Tüýs döwrebap hem şireli dil bilen ýazylan makala ekeni. Çeper eser derejesine çykypdyr. Adamkärçiligem bar, urbanoidleriň egoizmi bilen biparh doňýürekliligem...

0
3 Gurgencli   [Mowzuga geç]

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Yer şary ertir Saturn planetasy b.n çakyşyamyş diyselerem şugun etjegini edip dynjaklar az dal.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýylmaz aga, dogry aydyar, yone hiç yurduñam yagdaýy edil şumat şulañkydan gowy daldir-laý...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: