22:12
"Ýer göteren sary öküz"
“ÝER GÖTEREN SARY ÖKÜZ”

"Kökler"

Magtymguly:
Ýer göteren sary öküz,
Bilmen nije ýaşyndadyr.
Tört müň tört ýüz aýagy bar,
Hemmejesi döşündedir-
diýýär.
Şahyryň bu goşgusy öküz şekilli mifiki jandary göz öňüne getirýär. Dört müň dört ýüz aýagyň hemmesiniň döşde ýerleşmegi akyla syganok. Bu sany Magtymguly Lukman hekimiň ýaşy babatda-da ulanýar. Çakdanaşa köplügi aňlatmak üçin diňe şu sanyň alynmagynyň asyl manysy entek maňa aýan däl. Burnunyň üstünde Mekge- Medinäni tutup duran, guýrugy Ýewropadan ötýän, göwresi dünýä barabar, Magryp bilen Maşrygyň hersini bir şahynda göteren öküziň sary reňkde bolmagynda-da bir many bolmaly. Näme üçin onuň reňki gara bolmaly däl?
Aşgabadyň ortasynda ýaňy-ýakyn goýlan, Ýer togalagyny şahyna mündürip duran äpet öküziň heýkelinde ýokarky mifik alamatlar bolmasa-da, onuň şol Ýer göteren öküzdigi düşnükli. Ýeri gelende aýtsak, jandarlaryň mifiki keşbini çekmäge Magtymgulynyň goşgulary hudožhniklere baý material berýär. Muhammet pygamberi ar- şa göteren Byrak diýen atyň suratlandyrlyşyny ýada salyň. Bu at yslama degişli mif. Magtymguly sary öküzi-de yslama dahylly etjek bolýan ýaly Mekge-Medinäni birki öwre gaýtalaýar.
Hakykatda, zemini göterip duran öküz bilen bagly mifiň aňyrsynda nähili many ýatyr? Näme üçin öküze beýle gudrat berlipdir?
Türkmenleriň geçmişiniň öküz bilen baglanşygyny Oguz hanyň mysalynda bilýäris. Ahmet Bekmyradow “Göroglynyň yzlary” kitabynda Pazryk depesinden tapylan täsin haly hakynda söz açyp, şeýle ýazýar: “Halynyň merkezinde alty hatara dört-dörtden birmeňzeş nagyş salnypdyr. Bu-hunlaryň Modä-Oguz hanyň döwründäki döwlet gurluşyna doly gabat gelýär. Soňky döwürdäki “Oguznamalarda” Oguz hanyň alty oglunyň hersinden dört agtygy bolupdyr diýilýär. Halyda ýene bir özboluşly detal bar. Şol birmeňzeş ýigrimi dört gölüň daşyndan şonça sandaky öküziň suraty çekilipdir. Oguz hanyň adynyň “Öküz” sözündendigi bize belli. Hatda uýgur elipbiýinde göçürlen “Oguznamada” onuň suraty şeýle diýlip, öküziň şekili çekilip görkezilipdir. Biziň pikirimizçe, halyda ýigrimi dört gölden soň şon-ça sandaky öküz suratynyň şekillendirilmegi, ýigrimi dört hun taýpa birleşigi Öküz hanyň ýa-da Oguz hanyň raýatlary bolmaly diýen simwoliki manyny aňladýar”.
Eýse, legendar Oguz hanyň Öküz atlandyrylmagy tötänlikmikä? Belki, Oguz hanyň güýjüni alamatlandyrmak maksady bilen öküze deňelendir? Hawa, beýle bir meňzetmäniň bolmagy-da ahtimal, ýöne ol Oguz han babatda ýüzleýräk boljak.
Geliň, asyrlaryň jümmüşine gideliň. Öküziň obrazyna hormat-sylag, oňa keramat hökmünde garamak gadymy dünýäniň sungat ýadygärliklerine, rowaýatlaryna, halk däp-dessurlaryna häsiýetli. Muny Ýewropanyň, Alynky Aziýanyň mysalynda-da tassyklap bolar. Bu haýwana belent hormat nähili sebäbe görä döredikä? “Mif we simwol” diýen kitaba salgylansak, onuň sebäbini ylmy garaýyşlaryna ynançlara görä awtorlar dürli-dürli düşündirýärler. Meselem, gady- my müsürlilerde keramatly Hapy (grekçe Apis) öküziniň kultuny totem bilen düşündirýärler. Beýle diýjek bolsaň, onda öküz Ispaniýadan Hindistana çenli aralykdaky, halklaryň köpüsiniň totemi bolupdyr. Gadymy simwollary, däp-dessurlary sada hem rasional jähtden düşündirmäge ýykgyn edýänler öküze bolan hormaty bu haýwanyň daýhan hojalygyndaky zerurlygynda görýärler. Ýer sürmekde öküziň hyzmatyny bitirip biljek ýok. Beýle diýilse ýene bär-den gaýdylar, sebäbi irki daş asyrynda, ýagny paleolit zamanynda entek daýhançylygam, maldarçylygam bolmandyr, ýöne öküze bolan hormat uly bolupdyr. Gadymy Müsürde hudaý saýylyp sejde edilen Hapy öküziniň reňki garadyr. Jaýlaryň maňlaýyndan, iç ýüzün den öküziň çakyr kellesini asyp goýmak däbini Zemin hudaýynyň öýlere penakärlik edýändigi bilen düşündirilýär. Zemin hudaýynyň sim woly hökmünde-de, öküziň kellesi goýlupdyr. Bu simwolyň döremegi ýöne ýerden däldir. Daş eýýämine degişli jaýlar tapylanda öküziň çakyr kellesi çykýar, diýmek, şol zamanlarda-da Zemin hu daýyny jaýlaryň penakäri diýip bilipdirler.
Gadymy Müsüre dolanalyň. “Altyn şaha” diýen kitapda müsürlileriň baş hudaýy Osiris hakynda rowaýat berilýär. Ony gysgaça beýan edeýin. Osiris ýeriň hudaýy Seb bilen asman hudaýy Nutyň söýgüsinden dörän hudaý. Hut gün hudaýy Ranyň aýaly eken. Ra aýalynyň biwepalyk edenini bilip, dergazap bolýar, çaganyň dogmajakdygyny aýdýar. Ýylyň aý hasabyny gün hasaby bilen deňleşdirmek üçin on ikinji aýyň ahyrynda bäş gün goşmaça berilýän ekeni, şol günleriň birinjisinde Osiris dogulýar. Galan dört günde-de Nutdan Gor, Set, Isida, Neftida dünýä inýär. Soňra Isida öz dogany Osirisiň aýaly bolýar. Zeminde patyşalyk eden Osiris müsürlileri ýabanylykdan, wagşylykdan çykarýar, olary kanun bilen ýaşamaga, hudaýlara sejde etmäge imrikdirilýär. Şoňa çenli olar biri-birini iýýän ekeniler. Osirisiň aýaly Isida hyrawa bugdaýyň, arpanyň dänesini tapýar, Osiris tohumy ekmegi adamlara öwredýär, müsürliler adam etine derek nan iýmäge endik edýärler. Osiris agaçlaryň miwesini ýygnamanyň, üzümden çakyr ýasamagyň başyny başlaýar. Ýurdy dolandyrmagy aýaly Isida tabşyrýar, özi jahankeşdelige ýüz urýar. Üzümiň bitmeýän ýurtlarynda adamlara arpadan piwo ýasap berýär. Halklaryň hormat-serpaýyna eýe bolan Osiris ýurduna dolanyp gelýär, ýone dogany Set ýetmiş iki hudaý bilen dildüwşik guraýar, hile bilen ony sandyga salyp Nil derýasyna oklaýar. Sandyga salyp derýa oklamak däbi, belki, şu ýerden gözbaş alýandyr? Tahyryň derýada akyşyny ýatlaň. Bu habar Isida ýetende ol gara geýnip, gan aglap, dady perýat bilen äriniň gözlegine çykýar. Sandyk derýadan deňze düşýär Siriýanyň gabadynda tolkun ony kenara zyňýar. Bada-bat erika diýen agaç (erik bolmasyn?) ýerden ösüp çykýar, sandygy düýbünde gizleýär. Agajyň ýogyndygyny gören patyşa ony kesip jaýyň üçegine goýmagy niýet edinýär, emma Isida muny wagtynda bilip sandygy alyp gaçýar. Set doňuz awlap ýörkä sandygyň üstünden gelýär, ony kesip on dört bölege bölýär, olary çar tarapa zyňýar. Isida her bölegi tapan ýerinde jaýlaýar. Ol adamlardan haýwanlaryň birini Osirise niýetlenmegi, dirikä ony hudaý ýaly mukaddes görmegi, ölende-de, hudaýa mynasyp hormat bilen jaýlamagy buýurýar. Müsürliler ökü- zi saýlaýarlar. Öküz daýhanyň iň ygtybarly kömekçisi, şonuň üçinem ony Osiris ýaly görüp, oňa sejde etmek makul bilinýär. Osirisiň on dört bölege bölünen göwresiniň hersini bir ýerde jaýladylar diýdik. Dender hramynda saklanan ýazga görä, ýüregi Atribiýada, oňurgasy Busirisde, boýun tarapy Letopolda, kellesi Memfisde ýatyr. Hudaýyň mukaddes göwresiniň bölekleri git-gide ýaýrawyny giňeldýär. Eger şu ýaýrawa görä öküziň göwresini göz öňüne getirsek, Magtym gulynyň beýan eden, Zemine söýget bolup duran sary öküziniň nire- den kök alyp gaýdýanyna düşünmek kyn bolmasa gerek.
Geografiýa taýdan keramatly öküziň biziň Orta Aziýa sebitimize bagly taraplary barada-da “Mif we simwol” diýen kitapda aýdylýar. Ýassy atlandyrylan taýpalar gadym zamanlarda Demirgazyk Kawkaz-da, Don derýasynyň boýlarynda, häzirki Rumyniýada ýaşapdyrlar. Rumyniýada Ýassy diýen şäher hem bar. Edil şu at bilen Orta Aziýada-da şäher bolandygyny bilýäris. Häzir Türküstan atlandyrylýan bu gadymy şäherde on ikinji asyrda meşhur pir hem şahyr Hoja Ahmet Ýasawy ýaşap geçipdir. Ýassy taýpalary bir mahal Kiçi Aziýada-da mesgen tutýarlar, şol taýpalaryň adyndanam “Aziýa” ýa-da “Asiýa” sözi döräpdir. Bu taýpalaryň ählisi öküziň obrazyndaky hudaýa sej- de edipdirler diýilýär. Kawkaz halklarynyň, has takygy osetinleriň, köneçe aýtsak alanlaryň tans edenlerinde gyzyşyp “assa” diýip gygyrmalary bar. “As-assa”-öküz manyny berýär. Alanlar öň Orta Aziýada ýaşanlar, etniki taýdan türkmenlere ýakyn halk. Öküziň ga- dymy şekillendirmesi ýer bilen, has dogrusy, Zemin hudaýy bilen utgaşdyrylypdyr. Öküziň şahy, şüdügärlenen ýeri aňladýan, gyralary dişli- kertli suratlar nagyşa öwrülip gidipdir. Şuňa meňzeş şekilleri türkmen hagyşlarynda-da görse bolýar. Ýa-da, öküz kellesiniň şeki-linde egrem-bugram çyzyk bardyr. Bu şekil suwarylan ýeri aňladýar Siz dünýäniň dürli ýerinde heýkel ansambllarynda agzyndan suw çüwdürilýän öküz kellesine gabat gelensiňiz. Bu görnüş ýerden çykýan suw bulagynyň simwolydyr. Öküz arkaly Zemin hudaýynyň ob-razy teswir edilýär. Topraga duwlanýan merhumlaryň ruhy öküziň ygtyýaryna geçýär diýen ynanç dowam edip gelipdir. Munuň şeýle- digine Orta Aziýada gadymky däp hem şaýatlyk edýär. Öleniň jesedini öküziň hamyna dolap jaýlar ekeniler.
Biziň günlerimizde Hindistana gidip gelenler bir ýagdaýy geň galyp gürrüň berýärler. Adamdan, ulagdan ýaňa ýer tapylmaýan şäherlerde sygyrlar agaýana gezip ýörler olary kowýanam ýok! Bu düz güniň aňyrsynda-da gadymyýetden gelýän ynanç bar. Eger öküz Ze- miniň hudaýy bolsa, onuň aýaly-da asmanyň hudaýy bolmaly. Diý- mek, sygyr Asman hudaýynyň simwoly. Dogrudanam, daş eýýämin- däki Beýik Aýal hudaýyň emri, häsiýeti berlen gadymy müsür hudaýy Isida, şumerleriň hudaýy Iştap ýarymaýal, ýarymsygyr keşbinde göz öňüne getirlipdir. Gördüňizmi, gadymy hudaýyň simwolyna bolan ägirt hormat Hindistanda henize bu güne dowam edip gelýär.
Taryhy temadan alnan filmlerde depesi goşa şahly, şlemli (demir telpek) nökerleri görensiňiz. Göwnüňe bolmasa, duşmana haýbat üçin tapylan zat ýalydyr, emma bu ýerde başga many bar. Öküz erkekligiň başlangyjy, onuň şahy erkeklere mahsus mertligiň alamatydyr. Şah daş eýýäminde şu manyny beripdir, orta asyrlarda ol ry- sarlaryň mertebesine, bezegine, buýsanjyna öwrülipdir. Alynky Aziýada öküziň şahy diňe hudaýlaryň nyşany bolman, ol patyşalaryň simwolyny-da aňladypdyr. Ýokarda Osiris hudaýyň keramatyna niýetlenen mukaddes haýwanyň öküzdigini, adynyň Hapy, ýa-da Apisdigini, reňkiniň gara bolandygyny aýtdyk
Magtymguly “ýer göteren sary öküz” diýýär-le? Gadymy müsürliler sary reňk adamlary-da, öküzleri-de ýigrenipdirler, olary Osirisi öldüren Setiň ýigrenji obrazy bilen gabatlaşdyrypdyrlar. Emma welin, ilkiler sary öküzleri Sete meňzeşligi üçin öldürmän, Osirise meňzeşdikleri üçin öldürýän ekeniler. Olarda dänäniň ruhy bar diýip düşünipdirler, edil ekin meýdanynda-da öldüripdirler, gurban beripdirler diýse-de bolar.

Tirkiş JUMAGELDI
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 61 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: