08:21
Fransiýa
FRANSIÝA

Fransiýa bolan gaharymyz dik depämize çykdy.
"Asyryñ lideri" açdy agzyny, ýumdy gözüni.
“Siz dälmidiñiz, Ruandada adamlary gyran!" diýip gygyrdy.
“Siz dälmidiñiz Alžirde adamlary palaç ýatyran ýaly ýatyran!” diýip, hasap sorady.
“Siz dälmidiñiz koloniýa üçin Afrikany basyp alan” diýip ýatlatdy.
“Siz ganhorsuñyz, ganhor!” diýdi.
Elbetde, barsy-da adam çagasy, hiç kimiñ hiç kimi öldürmegini islämzok welin, Ruandadan bize näme?
Taryhda adamzadyñ öñünde eden etmişleri üçin Fransiýadan hasap soramaly bolsak, ala-böle ýadymyza Alžir düşýärmikä?
Fransiýanyñ koloniýa edinmek üçin basyp alan ýurtlaryna mysal getirjek bolsak, hökman ýeriñ añry ujundaky Afrika gitmäge hajat barmy?
Antep näme üçin Gazy?
Maraş näme üçin Kahraman?
Urfa näme üçin Şanly?
Kimiñ basybalyjylygyna garşy dakdyk bu atlary şäherlerimize?
Kim ýaragyñ güýji bilen labyryny taşlady ilimize?
Türklere garşy genosidiñ añrybaşyny kim etdi?

■ Antepde “14 şehit ýadygärligi” bar, Azat-edijilik goşunlaryna ("Kuwaýy Milliýe" müfrezesine) suw-çörek äkidip barýarka ele salnyp, biri-birilerine dañylyp, pulomýota tutulan jansyz bedenleri tüpeñiñ tygy bilen sünjüm-sünjüm edilen on iki ýaşlyja 14 sany çaganyñ hormatyna dikildi... Kim ganyna galdy olaryñ?

■ “Eger duşman geçjek bolsa, diñe meniñ maslygymyñ üstünden geçer” diýen Şahin beý haýsy duşmana garşy tenini galkan etdi?

■ Barrikadalar gurup, raýonma-raýon, köçeme-köçe uruşmadykmy Antepde? Kimiñ bilen uruşdyk?

■ Jemagat namaz okap durka, metjitlerimizi topa tutanlar kimdi?

■ Aýal-gyzlarymyz tohumlyk saklanýan zerdaly şäniklerini owup-owradyp, üwäp, kepek bilen garyşdyryp çörek bişirýärdi, atdyr eşekler iýlip gutarypdy, pişikleri tutup iýmäge mejbur bolupdyk... Antepi şular ýaly gözgyny halda gabaw astynda tutanlar kimdi?

■ Maraş galasyndaky türk baýdagyny ýyrtyp zyñan kimdi?

■ Maraşda obalarymyzy kim ýakdy?

■ "Tekge" buthanasyny ýarag ammarynyñ deregne ulanýardylar we daşyny gala ýaly goraýardylar, ony ýarmak üçin şirin janyny pida edip biljek, gaşyny çytman ölümiñ üstüne ýöräp biljek bir meýletinçi gerekdi. Ýusup çawuş muña döwtalap boldy, küdüñ ýaly pälwan adamdy, biline dinamit böleklerini dakyndy, garañkyñ gatlyşaryna garaşdy, tüm garañkyda binanyñ arkasyna ýakynlaşdy, öñ tarapda nobatçylyk edip duranlara görünmän ýokaryk dyrmaşmagy başardy, üçege çykdy, keramzit örtükleri galdyrdy, köwe-köwe deşik açdy, şahadat getirdi, çakmagyny çakdy, uçgurlary ýekän-ýekän otlady, dinamit böleklerini yzly-yzyna buthananyñ içine taşlady, gulaklary goparara getiren güwwüldi turdy, ýarag ammary-buthana asmana sowruldy, Ýusup çawuş şehit boldy... Kime garşy şehit boldy?

■ "Kuwaýy Milliýäniñ" hatarynda Urfanyñ azat edilişine gatnaşan yrakly taýpa serdary Ujeými Sadun paşa haýsy ýurduñ leşgerine garşy söweşdi?

■ Adanada sözüñ doly manysynda türk genosidini eden, goragsyz galan bigünä raýatlary öldüren, agaçlardan asan, guýulara zyñan, aýal-gyzlarymyza zalymlyk bilen jynsy zorluk ulanan, aýal-gyzlarymyzyñ bileziklerini, gulakhalkalaryny talan, ýa-da meselem Kozanda depderdar Hamdi ependini, hatçy Aly Ryza ependini, otstawkadaky ýüzbaşy Mehmet beýi diriligine tamdyrda ýakanlar kimdi?

■ Kiprdäki harby lagerde iñlisler tarapyndan tälim berlen 120 ermenä harby lybas geýdirip, üstümize küşgürenler kimdi?

■ Bugün Alžiriñ, Afrikanyñ hak-hukuklaryny gorajak bolýarys, emma... Şol günlerde alžirli, senegally esgerler biziñ ýurdumyzda haýsy ýurduñ harby lybasynda türkleri öldürýärdi?

■ Ankara müftüsi Börekçizada Ryfat ependiniñ ýolbaşçylygynda watansöýüji işan-mollalarymyz tarapyndan taýýarlanan Anadoly fetwasynda "Adana, Antep, Maraş we Urfa zorluk-zuljm astynda" diýilmeýärmidi? Topraklarymyza zorluk-zulum edenler kimdi?

■ Sewr şertnamasynyñ talabyna görä Adana, Antep, Urfa kimiñ ygtyýarlygyna berlipdi?

■ Mersini kim oda berdi?

■ Hataýy bize gazetlerden toplan kuponlarymyza berendirler öýdýäñizmi?

■ Stambulyñ alnan gününi baýram etmek gadagan edilende, hut şol Stambulda haýsy ýurduñ rewolýusiýasynyñ ýubileý güni bellenýärdi?

■ Türk halky gyrylýarka, ýurdumyzda agyr-agyr syýasy jenaýatlar bolup durka, “Liberte, Egalite, Fraternite!”, ýagny “Azatlyk, deñlik, doganlyk!” şygary astynda "Taksim" ploşadynda parad geçirenler kimlerdi?
Döwlet öýke-kinedir ar alyş duýgusy bilen dolandyrylmaýar.
Akyl-paýhas bilen dolandyrylýar.
Urşulýar, uruş gutaransoñ, gelejege seredilýär.
Geçmişdäki ýaralary gorjalamagyñ döwletiñ bähbitlerine hiç hili peýdasy ýok.
Emma, hökman bir fransuz etmişini gözleýän bolsañ, Ruandada nä körüñ bar?
Antepi aýdyp ber. Maraşy ýatla. Urfanyñ hasabyny sora. Adanany mysal görkez.
Ýok, eger-de, kes-kelläm taryhy aýyp gözleýän bolsañ...
Öz taryhyñy unudypsyñ.
Asyl aýyp şu!

Ýylmaz ÖZDIL.

"SÖZCÜ" gazeti, 30.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 105 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýylmaz Özdil | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 10
0
10 syrlywakalar   [Mowzuga geç]
Dogry ol ýöne şondada etmelidä dosdum bolmasa bolanok Ýewropa elmydama ejizleri ezen şo sebäpli muna ses çykarmasak başga ses çykarmasak bizi ejiz hasaplaýarlar, oýnamana aýdanoklar "Yslam dini krizde" diýip, şo sebäpli eýtmeli beýtmeli garşylyk görkezmeli bu Dünýäniñ kanuny ýaly zatda dosdym başga nädip düşündireýin

0
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bagyşla welin, "ejeñi pylan edeýin..." diyilse, oñ b.n ýakalaşmak, ýa "men señ ejeñi pylan edeýin" diýmek protest bildirdigiñ däl, akyllylygyñ alamaty-da däl...

0
8 syrlywakalar   [Mowzuga geç]
@Gökböri dosdym aýdanlaryña goşulýan, bolman ol kim biziñ dinimize dil ýetirer ýaly. Ýöne protest hereketler etmek gaty möhüm dosdym. Hökman garşylyk görkezilmeli, eger hiç zat diýilmese kem - kemden beter zatlara girişyär. Dünýä musulmanlary terrorçy diýip görkezjek bolýar, we bu ynanmasañyzam Yewropa döwletlerin köpüsinde şeýle pikir edilýär. 2 - 3 gün mundan öñ Germaniýada agentler ir bilen metjidi basyp ýör içinde ýaragly zatly. Ýene mundan 1 - 2 gün öñ Awstraliýada metjidiñ içine girip tans oýnap ýatanlar bar. Ine düýnjek Fransiýada agşam metjidi ýakjak boldylar ýöne bolmady. Muhammet (S.A.W) pygamberimiziñ karikaturasyny ýasap onam gazetlerde çap edip çykarýarlar. Eýranda, Sudanda, Siriýada we başga ençeme ýerlerde Makronyñ suratlary ýakylyp önümleri alynmaly däl edildi. Habarlary zatlary göriñ, ondan şeýdip durkalar musulmanlaram hiç zat diymän oturmaza şeýle dälmi. Intek Fransiya gaty erbet bolar bu gidişine gitse...

0
7 turkmentug   [Mowzuga geç]
Alžiri mysal getirmek ,Antebi unudanlygyny ýa-da bilmeýänligini görkezýärmikä ? Sözi edilýän adamyň Ýylmaz ýaşulydan tapawutlylykda ,tejribeli bir syýasatçylygyny göz öňünde tutsak ,her sözüniň dünýäň her künjinde yzarlanýanlygyny pikir etsek ,belki has giň täsir üçin Alžiri we beýlekileri agzaýan bolmagy ahmal . Içeri syýasatyny bilemok,gyzyklam däl .ýöne daşary syýasatda ,konfliktlerde öz döwletiň liderine aslyşjak bolup durmak maňa kän gelşikli görünenok .

0
6 Gökböri   [Mowzuga geç]
Din dawasyny etseñiz olardanam beter pes yagdaya duşeniñizi bilman galarsyñyz.

0
5 Gökböri   [Mowzuga geç]
Fransiýanyñ futbol komandasynyñ deñ yarsy musulman... ilaty-da az-uçuk däl... bu yerde bir oyun bar bolsa, ilki zyyan gorjek yene Fransiyanyñ özüdir... oña protest bildirip yormegiñ geregi yok.

0
4 Gökböri   [Mowzuga geç]
"Kiçi" görse, ol eýýäm kişiniñ öz kiçiligi. Yslam Makron ýalylaryñ masgaralajak, kiçeltjek dini däl, munuñ üçin özüñizi kemsidilen ýaly duýmagyñyz gerek däl.

0
3 syrlywakalar   [Mowzuga geç]
Fransiýanyñ prezidenti Emmanuel Makron şuwagt musulman dinini kiçi görip masgaralap dur. Dünýäniñ ençeme ýerinde protesto edildi

0
2 Gökböri   [Mowzuga geç]
Hawa, zerdaly hakyky türkmen sözi we erigiñ bir sorty, türkçede hem manysy üýtgemeýär, şol bir manyda. Mysal:

"Zerdaly saýasynda Mätäji taryp etse, 
Galam alyp goluna, kätip ýazar, Aýperi. 
(Mätäji).

0
1 Gorkut   [Mowzuga geç]
Zerdaly türkmen sözümi?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: