22:37
Ymamoglunyñ ýoly
YMAMOGLUNYÑ ÝOLY

Ekrem Ymamogly "Karar" gazetesinde makala bilen çykyş etdi. Makalada gowy seljermeleri berdi:
“1873-nji ýylyñ ykdysady krizisiniñ birinji jahan urşuna sebäp bolandygy aýdylýar.
1929-njy ýylyñ abyrsyz uly çöküşligi bolsa ikinji jahan urşuna...
Eýse, bu köpçülikleýin ýokanç geçmişde bolup geçenlere meñzeş netijeler döredip bilermi?”

Ymamogly dogry belleýär. Pandemiýa döwrüne diñe saglyk-medisina taýdan baha berilýär, onuñ ykdysady-syýasy taraplary barada dil ýarýan ýok!
Global kapitalizmiñ iki uly ykdysady krizisi iki jahan urşuna ýol açdy. 2008-nji ýyldan bäri bolýan we aşylyp gidilibermeýän ykdysady krisiz nädip çözgüdine gowuşarka?
Global pandemiýa arkaly bize-ýer ýüzüne nämäni kabul etdirjek bolýarkalar?
15 milliona golaý adamyñ wepat bolan birinji jahan urşundan soñ uly kapitalistik döwletleriñ arasynda güýç deñagramlylygy üýtgedi. Käbir imperiýalaryñ soñy geldi. Täze ideologiýalar, režimler orta çykdy...
61 million adamyñ wepat bolan ikinji jahan urşundan soñ dünýä ikä bölündi. Angliýa bilen Fransiýanyñ agalyk edýän öñki imperialistik düzgüniñ täze bäsdeşleri orta çykdy: ABŞ we SSSR. Dünýä syýasatynyñ we ykdysadyýetiniñ ugruny bu iki ýurduñ arasyndaky "Sowuk uruş" kesgitledi.
Ýagdaý şeýle bolýan bolsa...
Käbirleriniñ "üçünji jahan urşuna" meñzedýän pandemiýasynyñ soñunda adamzada näme garaşýar? Ýa-da şeýle sorasak gowy bolar: ýurtlara nähili ykdysady we syýasy doktrina ýöretdirerlerkä - adamlaryñ gerşine haýsy agyr ýükler ýüklenerkä?

ULY NOLLAMA

ABŞ-nyñ "Time" žurnalynyñ soñky sany “The Great Reset” (Uly nollama") rubrikasy bilen çykdy. Žurnalyñ sahabynda täzeden şekillendirilen ýer şarynyñ kartasy bar.
"Time" žurnaly "COVID-19 ýokanjy biziñ arzuwlaýan gelejegimiz hakynda pikirlenmek üçin bize çäksiz mümkinçilikleri berdi" diýip, dünýäniñ tanymal şahslaryndan makalalary bir ýere jemledi: Gelejek nähili bolarka?
Dawosda geçirilýän meşhur Bütindünýä ykdysady forumunyñ düýbüni tutujy başlygy professor Klaus Martin Şwab şolaryñ biri. Ol şeýle ýazdy:

"COVID-19 baradaky şum habarlar pandemiýadan öñem ýüzbe-ýüz bolan ykdysady, töwerekleýin, sosial we syýasy kynçylyklaryñ üstüne urna boldy.
Ýyl geçdigiçe birnäçe adamyñ görnetin görüp-synlap durşy ýaly, bu meseleler hasam ýaramazlaşýar, gowulaşmaýar...
Ikinji jahan urşundan soñ global ösüşimizi we demokratiýamyzy elýeterli eden syýasy sistema indi jemgyýetçilik çaprazlygyny we ýakymsyzlygy artdyrýar. Hemmesi asylly maksatlydy, emma islenilmejek netijeleri boldy...
Geçen 30-50 ýylda neoliberalistik ideologiýa dünýäniñ agramly böleginde has köp höküm sürdi. Bu çemeleşme bazaryñ iñ gowusyny bilýän "iş durmuşynyñ işi diñe iş" bolan we hökümetiñ bazarlaryñ işleýişine açyk kadalaşdyryjy düzgünleri ýola goýmakdan gaça durmagyñ gerekdigine ünsi çekýär. Bu dogmatik prinsipleriñ ýalñyşdygy subut edildi. Emma, biz hernä olara eýermäge mejbur däl…
Has gujurly kapitalistik sistemanyñ oñaýly bolup biljekdigine bolan ynanjymy ýitiremok…”


Neoliberalizm krizisini aşmagyñ ady-da bar: “Paýdaş kapitalizm!”
Hawa, global güýç merkezleri täze dünýä sistemasyny guraýar...

ON SEKIZ ÝYLYMYZY ÝITIRDIK

Öñ birnäçe gezek neoliberalizmiñ ýykylşyny we täze paradigma-model gözlenşini ýazypdym.
Şeýle-de şäher häkimi bolup işleýän Ymamogly hem ýetip gelýäni görmegi başaryp, ýörelmeli "ýoly" salgy berdi:

“ - Doly garaşsyzlygymyzy gaýtadan berkarar etmeli...
- Senagatdan tehnologiýa, ekerançylykdan kosmos maksatnamalaryna çenli bütin dünýä bilen utgaşykly millilikden, garyp-gasaryny ezdirmeýän solidarist-halkçy taglymyny täzeden dikeltmekden, gury sözde däl-de, iş ýüzündäki halk häkimiýetinden söz açýaryn.
- Işçisini, daýhanyny, işgärini, pensionerini azgyn bazara gurban etmeýän, günübirin we yzygideroi biri-birine çapraz gelýän boş "hekemlik" satýan daşary syýasatyñ ýerine Atatürküñ edişi ýaly çuññur paýhasly diplomatik manýowrlary edip, hakyny hiç kime iýdirmeýän Türkiýäni berkarar etmelidiris…
- Täze "Aýdyñlanma döwrüniñ" ruhy bilen ýola çykmaly... Başga çykalgamyz ýok. Elmydama bilelikde üstün çykarys we şuña ynanyñ: hemme zat ajap bolar..."


Görşüñiz ýaly:
JHP öñümizdäki döwür Atatürke hasam mäkäm ýapyşjaga meñzeýär. Munuñ uçgunyny Kylyçdaroglynyñ birinji ýüz ýaşyna giren respublikamyzyñ ikinji ýüzýyllygy barada sözlän "Ikinji ýüzýyllyga çagyryş beýannamasy" (“2. Yüzyıla Çağrı Beyannamesi”) nutugynda görüpdik.
Başga bir ýandan: ykdysady krizisiñ astyndan çykyp bilmän urunýan häkimiúet bolsa ABŞ-nyñ "Time" žurnalynyñ sahabyndaky ýazgy barada kelle döwmegiñ deregne, Fransiýanyñ "Charlie Hebdo" žurnalynyñ redaksiýasy bilen sene-mene edip wagtyny ýitirýär! Kime diýýän: on sekiz ýylymyzy şeýdip ýitirmedikmi?

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 30.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 39 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: