17:47
Syýahatçylaryň şikaýatlary ☺
SYÝAHATÇYLARYŇ ŞIKAÝATLARY ☺

“Syýahatçylygyň inçe ýerleri” atly internet žurnaly dürli ýurtlara syýahat edip gelen jahankeşdeleriň öz gezen ýerleri barada internetde galdyran şikaýatlaryny seljerip, olardan has gülkünçleriniň 23 sanysyny öz okyjylarynyň dykgatyna ýetiripdir:

1. Durmuşa çykjak ýigdim ikimiz myhmanhanada iki sany aýratyn ýatyş sekili (krowatly) otag sargyt etdik. Muňa derek bizi king-size (uly göwrümli bütewi) ýatyş sekili otaga ýerleşdirdiler. Indi men göwreli. Eger-de bize sargyt edenimiz ýaly otag beren bolsalar munuň ýaly ýagdaý ýüze çykmazdy.

2. Ýamaýkadan Angliýa uçuşymyz tutuşlygyna 9 sagat wagtymyzy aldy. Amerikanlara bolsa, öýlerine dolanyp barmak üçin bary-ýogy 3 sagatjyk ýeterlik boldy. Bu iňňän uly adalatsyzlyk.

3. Tanyşdyryjynyň (gidiň) hötjetlik bilen “Beýik Binagär Gaudiniň şedewrleri” diýip atlandyran, nähilidir bir ýarym gurlan binalaryny synlamaklyga ýarym günümi bihuda sarp edenimden soň, men syýahatçylygy gurnaýjy hususy kärhananyň (firmanyň) maňa bu ekskursiýanyň bahasyny yzyna gaýtarmagyny we obamyzda-da ite dökün bolan bu taşlandy-gurluşyklary synlamagym zerarly maňa ýetirilen ahlak zyýanynyň öwezini dolmagyny talap edýärin.

4. Suwa düşülýän kenarda (plýažda) biliňden ýokaryňy ýalaňaçlap (toples görnüşde) güne ýanmaklyga ýol bermeli däldir. Çünki bu görnüş meniň ärimiň ünsüni sowýardy. Ol bolsa iňňän rahatlanyp, örän dynç almak isleýändigine garamazdan, dynç alyşdaky günleriniň ählisini daş-töweregine gözüni çarhlap geçirmäge mejbur boldy.

5. Suwa düşülýän kenarda (plýažda) juda çäge köp boldy. Haçan-da biz öz bolýan otagymyza dolanyp gelenimizde hemişe üsti-başymyzy kakyşdyrmaga mejbur bolduk.

6. Goada (Hindistanyň günorta-günbataryndaky ülke) zähmet rugsadymy geçiren wagtymda men her bir restoranda karri (hindileriň ajy tagamy) berýändiklerini ýürekbulanma bilen anykladym. Men ýiti ajy tagamlary düýbünden halamaýaryn-a!

7. Haçan-da biz Ispaniýa gidenimizde ol ýerde ispanlar juda köp ekeni. Myhmanhananyň resepşenindäki işgär ispança gepleýärdi, hemme berilýän tagamlar ispan tagamlary ekeni. Bize dynç alyş wagtymyzda şunuň ýaly köp daşary ýurtlularyň boljakdygy barada hiç kim duýduryş bermändi.

8. Men myhmanhanadaky özümiziň alan bir ýatylýan otagly apartamentimiz bilen dostlarymyzyň alan üç ýatylýan otagly apartamentini deňeşdirdim. Dostlarymyzyň otagy has uly ekeni!

9. Ýollarda örän köp çukur bar ekeni. Şol sebäpli biz dynç alyş zolagyna awtobusda barýan wagtymyzda ýolkitapçasyny okap bilmedik we şonuň üçinem biziň dynç alşymyzy has şadyýan etmegi mümkin bolan örän köp jikme-jikliklerden bihabar galdyk.

10. Özlerini goh-galmagally we bihaýa alyp barýan myhmanlar hakda duýdurmak – syýahatçylygy guranýjynyň gönüden-göni borjy bolup durýar.

11. Biz kanoede (inçe gaýyk) ýüzüp gaýtdyk. Ýöne, bize hiç kim gaýykda hajathanaň bolmajakdygy hakynda duýduryş bermedi. Bu juda uly oňaýsyzlyk döredýär ahyry!

12. Syýahatçylygy gurnaýjy kärhananyň işgäri bize, biziň barýan şäherimiziň ýanardagyň (wulkanyň) eteginde ýerleşýändigini aýtdy. Ýöne biz ol ýerde hiç-hili akyp duran ýalynly ergini görmedik. Meniň pikirimçe, bizi elten ýerleri adaty bir dagyň etegi bolaýmasa...

13. Meksika aýlagyndaky suw örän duzly ekeni. Bize hiç kim deňizde duzyň bardygy hakynda duýduryş bermedi. Bu örän ýürekbulanjy hereket!

14. Syýahatçylygy gurnaýjy kärhananyň işgäri bize, biziň ýaşajak ýerimiziň üçeginde serhowuz (basseýn) bolar diýipdi, ýöne biziň üstümizde ýene-de bir biziňki ýaly otag bardy...

15. Biz Täze ýylyň öňüsyrasynda Awstraliýa syýahata gitdik we ol ýerde maýylganlykdygyny görüp aňk-taňk bolup galdyk!

16. Restoranyň girelgesiniň öňünde: “Çagalar mugt iýip-içýärler” diýen bildiriş bardy, ýöne şol restorandaky kezzaplar barybir biziň on dokuz ýaşlyja çagajygymyzyň iýip-içen zatlarynyň bahasyny tölemäge mejbur etdiler!

17. Biz zähmet dynç alşynda wagtymyz, obamyzda-da howa örän gowy bolupdyr. Şu sebäpli biziň dynç alşymyz örän manysyz bolup çykdy.

18. Men serhowuzda (basseýnde) suwasty ýüzüş bilen meşgullanmak üçin Müsüre geldim. Ýöne, men öz maksadyma ýetip bilmedim, sebäbi ol ýerde iňňän köp sanly araplar ýüzüşip ýördüler we olaryň ählisiniňem gözleri mendedi...

19. Bukingem köşgi (iňlis patyşalarynyň köşgi) barada: “Maňa-ha ýaramady. Diňe ýöne bir daşynda durup gaýtmak üçin Angliýa gitmegiň manysy barmyka? Içine girmek bolanok. Näme, şa zenan, öz köşgüne hatda ony synlamaga-da adam goýbermez derejede husytmyka?!”.

20. Londonda bolanymyzda, biziň bolýan myhmanhanamyzyň ummana (okeana) bakýan penjiresi ýokdy.

21. Tanyşdyryjynyň (gidiň) çakdan aşa betnyşan bolandygy sebäpli biz öz syýahatymyzdan jinnek ýalam lezzet almadyk. Siz öz öňüňizde şonuň ýaly keşbi görüp duran wagtyňyzda ajaýyplyklardan lezzet alyp bilmeýäňiz.

22. Biz dynç alyşa gelenimizde bize salamlaşyş dürüşdelerini (kokteýllerini) gowşurdylar. Ýöne men “Kenardaky jynsy gatnaşygy (seksi)” halamog-a!

23. Meniň uzyn saçym günüň aşagynda biraz ýanypdyr. Saçjagazymyň öňküje reňkjigini halaýadym-a!...

Çeşmesi: https://tonkosti.ru/Журнал/23_самые_упоротые_жалобы_туристов, _которые_только_можно_представить. 30.10.2020ý.
Категория: Sport we turizm | Просмотров: 69 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Pegas   [Mowzuga geç]
Haçan-da biz Ispaniýa gidenimizde ol ýerde ispanlar juda köp ekeni. Myhmanhananyň resepşenindäki işgär ispança gepleýärdi, hemme berilýän tagamlar ispan tagamlary ekeni. Bize dynç alyş wagtymyzda şunuň ýaly köp daşary ýurtlularyň boljakdygy barada hiç kim duýduryş bermändi. biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: