00:43
Halaýygyñ prezidenti
HALAÝYGYÑ PREZIDENTI

Tanzimat döwrüniñ münewweri Ybraýym Şinasy (1826-1871)…
“Tercüman-ı Ahvâl” we “Tasvir-i Efkar” gazetlerini çap etmegi bilen ýa-da Günbataryñ stilinde ilkinji türk pýesasy bolan "Şahyryñ öýlenmegi" komediýasyny ýazyp giñden tanalan Şinasy şol bir wagtda şygyr-da ýazýardy.
Ol "tarapdarlygyny" edýän "Tanzimat" permanyny yglan eden baş wezir Mustapa Reşit paşanyñ şanyna dört kasyda methiýe ýazdy. Mysal üçin:

“Adl-ü ihsânyny ölçüp biçemez Newtonlar,
Akl-ü irfânyny derk eýlemez Eflâtunlar…”


Ýagny, “Seniñ adalatyñy we jomartlygyñy Nýutonlar ölçäp-biçmez, aklyña we danalygña Eflatunlar añlap-düşünmez…”
Şinasynyñ pikiriçe...
- Reşit paşa döwleti direltmek-janlandyrmak üçin ýollanypdy...
- Akyl-paýhasy mertebelän Reşit paşa gan döküp döwlet dolandyrmandy...
- Reşit paşa soltany-da kanunlara eýerer ýaly ýagdaýa getiripdi...
Şinasy patyşaha däl-de baş wezire kasyda ýazmak bilen çäklenmän, patyşalar üçin aýdylýan "uzak ýaşa" (“çok yaşa”) jümlesini Reşit paşanyñ şanyna “müñ ýaşa” sözüne öwürdi:

- Eý Reşit paşa! Sen, belent derejäñ, belent mertebäñ we ýokary bilimli adamlara ýaraşýan aklyñ bilen ýurdy gowy we dogry edara edip müñ ýaşa!..

Geleliñ, esasy gürrüñe...
Şinasy Sadrazam (baş wezir) Mustapa Reşit paşany "halaýygyñ prezidenti" (“ahalinin cumhurreisi”) diýip taryp etdi!

ILKINJI ÄDIMLER

Türkiýe respublikasy yglan edilende munuñ maddy binýady nämelerden düzülendi?
Şeýle aýdylýar:
Günlerde bir gün säher bilen Atatürk oýananda, Çankaýa köşgünde ministrler kabinetini toplanmyş we olara şeýle diýenmiş:
- Jenaplar, ertir respublika yglan etmekçidiris.
Eýse... raýatlyk merkezli syýasy ideologiýa bolan respublika düşünjesi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri osmanlynyñ üns merkezinden düşmändir. Özem munuñ ilkinji ädimleri atylmanam durmandyr. Mysal üçin...
Tanzimat döwründe halk köpçüligi döwlet dolandyryş işlerine dahylly bolup başlady. 1864-nji we 1870-nji ýylda çykan eýeçilik kanunlaryna esaslanyp gurulan eýeçilik mejlislerine girmek arkaly musulman däller bilen birlikde halk köpçüligi belli bir derejede-de bolsa, ilkinji gezek döwlet dolandyryş işlerine gatnaşma mümkinçiligini aldy. 1877-nji ýylda ilkinji gezek saýlawlar geçirildi.
Osmanly apparaty “Kawanin-i şeriýýäniñ” ýerine “Kawanin-i mewzuat” ýa-da “gul” sözüniñ ýerine yerine “tebaa” (ýagny, tabynlykdaky raýatlar -t.b.) sözüni ulanmagy makul bildi. Emma:
Däbe öwrülip giden döwlet dolandyryş düşünjesi kem-kemden özgermäge başlasa-da, respublika sözüni ulanyş girizäýmek añsat däldi. Bu hem-ä dine, hemem döwlete duşmançylyk etmekligi añladýardy! Adalga syýasata garşy gidýän tarapy garalamak maksady bilen ulanylýardy.
Meselem, garşydaşlary Mustapa Reşit paşany "respublikaçy" bolmakda aýypladylar. Munuñ bilenem çäklenmän Mithat paşany-da "respublika yglan edip, Mekgäniñ şerifini respublikanyñ başyna oturjak bolmakda" aýyplap, ölüm jezasyna höküm etdiler.
Eýse... Harby mekdebiñ kursanty Mustapa Kemalyñ düşünje binýadynyñ ilkinji kerpiçlerini goýan Namyk Kemal respublikaçymydy?
1860-njy ýyllardan 1870-nji ýyllara çenli Stambulda bolgar buthanasynyñ hemaýatkärliginde “Le Courrier d'Orient” atly fransuz dilinde gazet çykaran Žan Piýetriniñ Namyk Kemalyñ añyna "respublika" pikirini guýandygy öñe sürüldi.
Jedelli mesele, çünki Namyk Kemal hiç wagt özüniñ respublikaçydygyny, belki-de, şol döwrüñ kynçylykly şertleri zerarly aýan etmedi. Emma... osmanly meseleleriniñ düýbünde halka wekilçilik etmeýän režimiñ gurulmandygyny görkezdi. Çözgüt hökmünde bolsa halk häkimiýetine wekilçilik edýän dolandyryş formasynyñ gurulmagynyñ tarapyny tutdy...

RESPUBLIKAÇY OSMANLYLAR

Agalyk hukugyny teokratik formadan çykaryp, dünýewileşdiren respublikanyñ tarapyny tutmak osmanly döwründe mümkin däldi. Emma munuñ tarapdarlary ýogam däldi...
Bularyñ başyny Aly Suawy çekdi.
Ol "dünýäde respublikadan başga bir bitewi hökümet bolup bilmez" diýip, ilkinji gezek respublika pikirini oñyn hasaplady. Osmanly döwletiniñ ilkibaşda respublika meñzeş bolandygyny, patyşanyñ taýpa tarapyndan saýlanandygyny, absolýut monarhiý režimiñ soñ-soñlar emele gelendigini aýtdy.
Ziýa paşa-da şahsy dolandyryş bilen respublika dolandyryşyny deñeşdirip, respublikanyñ oñyn taraplaryna ünsi çekdi:

“Dolandyryşyñ respublika formasynda patyşa, imperator, sadrazam ýokdur. Respublika dolandyryşynda birnäçe million halk birküç sany bähbitparazyñ hökmüne we keýpine ýesir bolman, baý-garyp - hemmesi hukuk azatlygyny goramakda erkindir. Respublika dolandyryşynda halk mejlisi bolýar. Onuñ agzalaryny-da halaýyk saýlaýar…”

Gepi uzadyp durjak däl. Respublikamyz ur-tut dörän köksüz režim däl.
Doktor Abdylla Jewdet ýaly akyldarlar günleriñ bir güni hanedan (dinastiýa) ýörelgesinden el çekilip bilinjegini aýtdy: "Dünýäde hanedan hökümdarynyñ ady bilen tanalýan halky ýa-da döwleti görkezip biljegiñiz barmy?"
Aýan mejlisinde-de respublika barada çekişmeler bolupdy.
Ahmet Ryza ýaly ittihatçylar "Yslam - respublikan režime hiç hili ýagdaýda garşy däldir" diýip ýazdy.
Ýagny...
1923-nji ýylyñ 29-njy oktýabryndan öñem respublika düşünjesi osmanly intellektuallarynyñ üns merkezindedi.
Muny syýasy režime öwren bolsa deñsiz-taýsyz Atatürkdür.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 27.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 45 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Ok

0
3 Gökböri   [Mowzuga geç]
Men o diyyän kitabyñy bilemogam..

0
2 Jeksparro   [Mowzuga geç]
@Gökböri Aydyn Topaloglunyñ ''Ateizm ve eleştirisi'' atly kitabyndaky makaladan ýetirip bilermiñ. Bolmasa mende bir kitaby bar welin sadagasy gitdigimiñ terjimeçisi S. Ärnazaryñ terjimesinden geçipdir welin näme yazandygy belli däl. Gayrat edip sen şonuñ makalalaryndan yetirsene!?

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Erdogançy we dinçi mediýanyñ aýdanlaryna gulak gabartsañ-a, onda: Mustapa Reşit paşa, Mithat paşa, Aly Suawy, Namyk Kemal... barsy mason, barsy dönük...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: