18:08
Entoni de Mellodan meditasiýa-hekaýajyklary - 2
ENTONI DE MELLODAN MEDITASIÝA-HEKAÝAJYKLARY - 2

Çapak çalýan perişde

Gadymy rowaýata görä, haçan-da Hudaý dünýäni ýaradýarka onuň ýanyna dört sany perişde gelipdir. Olaryň birinjisi: “Ýa Ýaradan, sen muny nädip edýärsiň?” diýip sorapdyr. Ikinjisi: “Ýa Ýaradan, sen muny näme üçin edýärsiň?” diýen sowal bilen ýüzlenipdir. Üçünjisi: “Ýa Ýaradan, men saňa ýardam edip bilerinmi?” diýen soragy beripdir. Dördünjisi bolsa: “Ýa Ýaradan, şunuň bilen meşgullananyňa degýärmikä beri?!” diýipdir.
Perişdeleriň birinjisi – alym, ikinjisi – pelsepeçi, üçünjisi – altruist (özgeleriň göwnüni görmäge ilgezik adam), dördünjisi – gozgalmaýan emläk boýunça agent (dellal) ekeni.
Bäşinji perişde bolsa Hudaýyň ýanyna barman, bolup geçýän zatlary guwanç bilen synlap durşuna, tüýs ýürekden çapak çalyp durupdyr. Ol mistik (doga-jada ynanjaň) ekeni.

Jonni mekdep sahnasynda oýnaýar

Kiçijik Jonnini mekdep sahnasynda oýun oýnamak üçin barlap görýärdiler. Onuň ejesi oglunyň sahna juda gatnaşasynyň gelýändigini bilýärdi, ýöne ol ony saýlap aljakdyklaryna şübhelenýärdi. Bir gün okuwçylara sahnada oýnamaly keşpleriniň edebi esasyny paýladylar. Jonni öýlerine dolanandan soň ejesiniň gujagyna özüni oklady. Ol buýsançdan hem-de tolgunçdan ýaňa dyňzap durdy.
-Eje!-diýip, ol gygyrdy:-Meni saýlap aldylar! Maňa çapak çalmagy we “Ura!” diýip gygyrmagy ynandylar.

Okuwçynyň gündeligindäki ýazgy: Samuel, aýdymçy topara, özüniň ony ünsli diňleýändigi bilen kömek edýär.

Astronawtyň guwanjy

Aýda bolup gören astonawtlaryň az sanlysyndan biri, özüniň şol ýere barandan soň gursagyny doldurýan guwançly duýgulary basyp ýatyrmaga mejbur bolandygyny gürrüň beripdir.
Ol özüniň bir gezek Zemini görüp, guwançdan ýaňa doňup galandygyny ýadyna salypdyr. Ol duran ýerinde doňňara-daşa öwrülipdir-de: “Hudaý jan! Neneňsi owadan!” diýip oýlanypdyr.
Soňra ol nerme-näzik duýgulary bir gyra zyňypdyr-da, öz-özüne diýipdir: “Wagtyňy biderek ýitirme, bar, topragyň nusgasyny topla!”.

Bilimiň iki görnüşi bar: biri nädip gazanç etmelidigini öwredýär, beýlekisi nädip ýaşamaldygyny...

Munuň nähili edilýändigini undupdyryn

Endrýu Karnegiden, dünýäde tütjar baý adamlaryň birinden sorapdyrlar: “Siz islendik pursatda saklanyp bilýärdiňiz, şeýle dälmi? Çünki siziň maýaňyz ýeterlikdenem köp ahyry”.
Karnegi jogap beripdir: “Hawa. Örän dogry. Ýöne, men saklanyp bilmeýärdim. Men munuň nähili edilýändigini undupdyryn”.

Köpler, pikirlenmegi we nämedir bir zat bilen gyzyklanmagy bes etseler, soňra muny täzeden başlap bilmeris öýdüp gorkýarlar.

Ummandaky ajaýyp ada

Goja ömrüniň agramly bölegini, dünýäde iň gözel ýerleriň biri hasaplanýan adada ýaşapdyr. Haçan-da ýaşynyň soňunda ol uly şähere göçüp baranda, kimdir biri oňa: “Jahanyň täsinlikleriniň biri hasaplanýan adada şunça ýyl ýaşamak, diýseň ajaýyp bolmaly!” diýipdir.
Goja biraz oýlanypdyr-da, şeýle jogap beripdir: “Bilýäňizmi, dogrusyny aýtsam, eger-de men ol ýeriniň şeýle meşhurdygyny bilen bolsam, iň bolmanda ony doly synlab-a çykardym”.

Adamlara nähili seretmelidigini öwretmek gerek däl. Olary diňe olary kör edýän mekdepden halas etmeli.

Uistleriň çagalary

XIX asyryň ortalarynda amerikan suratkeşi Jeýms Mak-Neýl Uistler, West-Poýntda, ABŞ-nyň Harby akademiýasynda akademiki bilimiň nukdaýnazaryndan şowsuz hem gysga bolan bilim almak tapgyryny geçipdir. Aýdyşlaryna görä, şol döwürler, haçan-da ondan köprüniň suratyny çekmegi haýyş edenlerinde, ol gür ota beslenen iki kenary birikdirýän nepis daşköprüni we şol köprüde durup balyk tutýan iki sany çagajygy çekipdir.
-Çagalary köprüden aýryň! Bu sap-arassa inženerçilik ýumuşy!-diýip, ondan tälimçisi haýyş edipdir.
Uistler çagalaryň suratyny köprüden aýrypdyr-da, olary kenarda balyk tutýan görnüşde çekip, ýene-de suratyny görkezipdir. Gahary gelen tälimçi:
-Men size çagalary ýok ediň diýip aýtdym ahyry! Doly ýok ediň! Çagalary suratdan ýok ediň!-diýip gygyrmaga başlapdyr.
Ýöne, Uistler özüniň döredijilik alawyny söndürmegiň hötdesinden gelmändir. Şol suratyň indiki görnüşinde suratda çagalar hakykatdanam ýok ekeni. Olar derýanyň kenarynda, iki sany kiçeňräk mazardaşynyň astynda jaýlanypdyr...

© ENTONI DE MELLO
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 60 | Добавил: Bagabat | Теги: Entoni de Mello | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: