15:18
Duşuşyk / hekaýa
DUŞUŞYK

…Dynç güni bolandygy sebäpli “Älem” dynç alyş merkeziniň adamsy ýetikdi. Çagalaryň şatlyk-şagalaňyndan ýaňa tolkun atyp duran howasy täsir edýärmi nämemi, çagalar ululardan, ulular çagalaryndan beter şadyýandy. Her bir oýun enjamynyň gapdaly perzentlerini gözden salmajak bolup, ber-başagaý ene-atalaryny bir wagtyň özünde çar ýana çekeleýän çagalardan hümerdi…
“Äleme” eýýäm näçenji sapar gelýän bolsalar-da, Begenjiň çagalary hem, her haýsy bir tarapa çekeläp ejeleriniň aňkasyny aşyryp gelýärdiler.
-Eje-how, men saňa geçen aýdan bäri: “indi gitsek, ilki bilen tüpeň atyp görjekdirin” diýip aýdyp goýupdym-a-how! Sen bolsa ýene-de şunuň diýenini edip, bizi oýnawaç ulaglaryň ýanyna alyp gidip barýarsyň ahyry! -diýip ulujasy Maksat özüne basdaş jigisi Merdanyň diýeniniň edilýändigine tüňňerilýärdi.
-Sen geçen aý ejeme aýdyp goýan bolsaň, men seniň aýdanyňdanam öň ýanyndaky aý kakama aýdyp goýdum!-diýip birinden gep alyp galsa takga jany çykaýjaga dönýän Merdanam jedirdedi-de, kakasyny arka tutunmaga çalyşdy: - Hä, kaka?!
Ýaňy dil biten, öýlerinde Merdanjyk näme diýse şony peltek dili bilen gaýtalamagy özüne borç bilýän körpeje gyzjagazy hem bazzyk-buzzuk edip galdy:
-Hä-ä, kakga?!
Olaryň bolşuna myssa ýylgyrýan Begenç ýalandan gaşyny bürüşdiren boldy-da:
-Hany, jetleşmäň! Häzir gezek-gezegine hemme ýerine-de aýlanarsyňyz!-diýdi. Soňam birdenkä sag tarapda patrak satylýandygyna gözi düşdi-de:
-Hany siz ejeňiz bilen oýnawaç ulaglara tarap gidiberiň bakaly! Menem häzir size patrak satyn alyp yzyňyzdan barýaryn!-diýip, şol tarapa öwrüldi. Baryp patrak almak üçin nobata durdy. Şol wagtam eltelefonyna jaň geldi. Begenç telefonyny almak üçin elini kisesine salanda, tötänden öňünde nobata duran gelniň tirsegine degdi. Gelin ynjyk adamlara mahsus tasanjyramly hereket bilen yzyna gaňrylman hüňürdedi:
-Az-owlak seresabrak bolaýyň ahyry! Nobatda ýeke özüňiz durmaýarsyňyz-a!
Gelniň bolşuna Begenç biraz gatyrganjak boldy:
-Bagyşlaň, menem bilgeşleýin etmedim, atanlykda elim degäýdi!
-Şol atanlykda degmezligi üçi….-diýip gelin özüne gatyrganmaga het edýän nätanyşyň ýüzüni demir darak bilen daramak üçin yzyna gaňrylanam şoldy welin, dili tutuldy.
-Hiýh!...Begenç?!-diýip ony tanan gelin oslagsyzlykdan ýaňa nädip içini çekeninem duýman galdy.
Gelniň keşbine gözi düşenden elinde yzyny üzmän jyrlaýan telefonyň düwmesini basmagam Begenjiň ýadyndan çykdy.
-Sähra?! Senmi…
Garaşylmadyk duşuşyga Begenç birhili bolup gitdi. Ýene-de bir zatlar diýmekçi bolup agzyny müňküldetdi, emma kalbynda ýeke pursatda örç alyp galan, aljyraňňy hem ahmyrly şatlykdan, kineli hem gazaply gussadan gatylyp-garylyp emele gelen düşnüksiz duýgy zerarly, göz açyp-ýumasy salymyň içinde, onuň dili äňine ýelmeşene dönäýdi. Kelam agyz gepläp bilmän, öňünde özünden beter sermi-sal hala düşüp duran gelniň güljemalyna şol gözüni petretdi durdy.
Dem salymyň içinde-de Begenjiň aňynda pikirleriň we duýgularyň ençemesi, ýagyşly tupanyň arasynda ýaz gijesiniň asmanyny ýagtyldyp-ýagtyldyp goýberýän ýyldyrymlar deýin ýalpyldap-ýalpyldap gitdi.
...Şol öňküligi! Hamana şol geçen on ýyl, onuň durmuş toýy, meniň öýlenmegim, onuň-a mensiz, meniňem onsuz, özge birleri bilen ýaşaşan günlerimiz, hepdelerimiz, aýlarymyz, çagalarymyz bolmadyk ýaly…Şol öňküsi ýaly owadan, näzik hem nepis! Şol öňküligi ýaly keşbiniň her çyzyjagy, geň galanda gaşlarynyň birenaýy gerlişi, gülende ýaňaklarynda emele gelýän çukanajyklar, daşyna gyrmyzy bägüliň ýaprajyklary dolanana çalymdaş pisse dodaklary, seredende çakdan aşa hyjuwdan ýaňa injigiňi sandyradýan alma gözleri…Barysy şol öňküsi ýaly…Birjik-de üýtgemändir ol, dynnym ýalyjagam!...Hatda kaddy-kamatam öňküsinden tapawut etmeýär!...Ýok, ýok, tapawut edýär, öňküsindenem beter gül-gül bolup açylypdyr…Hemmesi-de mensiz! Hemmesi-de meniňki däl-de özge biriniňki…
Begenjiň kükreginde şeýlebir tükeniksiz, şeýlebir ymgyr, ençeme ýyllary ýaşap, nijeme oýlary oýlansaň-da duýup tükedip, aňyrsyna çykyp bolmajak tukatlyk emele geldi. Edil ýöne, çydar dagy eder ýaly bolmady. Bu tukatlyk zerarly-da, ençeme ýyllaryň dowamynda edilmezlige çalşylan pikirler, edil aňyrdan dyňzap gelen siliň joşgunynyň bendi ýykyp-ýumrup, opuryp gidişi dek, onuň aňynda erk bendini ýüzüniň ugruna çym-pytrak etdi-de, holtumyna düýrläp alyp gitdi. Edil läbige dönen sil suwy deýin agyr oýlanmalar ýeke pursatda Begenjiň kalbyny gark etdiler.
…Gör-ä muny! Hatda keşbi-de solmandyr. Men bolsa geçen şonça ýylyň içinde muny ýatlamadyk ýekeje günüm, ýekeje salymym ýok. Ýok, ýok... has takygy ony ýatlamazlyga çalyşmadyk, ýatlamajak bolup dyrjaşmadyk ýekeje pursadym ýok... Beh, men indi muňa näme diýsemkäm?! Näme diýip söz gatsamkam?! Beýdip, öňünde agaç ýuwdan ýaly, sömelip dursaňam-a bolmaz...
Begenjiň aljyraňňy aňy hasam howsala düşüp, öňünde özünden beter geplemäge söz tapman duran Sähra diýmeli sözleri agtaryp, beýniniň ähli gasynlaryny bir wagtyň özünde gyzyl-dörjük edip, dörüp ugrady.
“Beh, näme diýsemkäm? Ýa “Salam” diýäýsemmikäm? Aý ýok, salamlaşmagyň-a eýýäm müddeti ötdi. Ýa “Ýagdaýlaryň gowumy?” diýsemmikäm?!”.
Begenç öz tapan çykalgasyna begenip gitdi. “Hä, hawa, hawa, şeýle diýeýin. Iň gowusy şol! Hut şeýle diýeýin”.
Begenç özüniň diýmeli sözlerini gyssanyp-aljyrap, aňynda jümlä sepläp emele getirdi-de, diýen etmeýän diline zor saldy. Dil ýaranda howsaladan ýaňa onuň sesi gyryljak çykdy :
-Sähra, gowumy ýagdaýlaryň... bagyşla, ýagdaýlaryňyz... bagyşlaň ýagdaýlaryň...Umum...umuman, bagyşla, öý-içerileriň?!
-Ýagşy, özüňkiler...özüňiziňkiler nähili?-diýende, göýä, Begenjiň ýüzüne seretmekden çekinýän ýaly, ýere garaýan Sähranyň sesi hem pessaýdanam assa eşidildi.
-Hudaýa şükür ýagşy... Hiç neneň däl...Hanha...-diýip aljyraňňy Begenç misli çagalary görünýän ýaly, olaryň giden tarapyna elini salgady:-Ejeleri bilen oýnawaç ulaglaryň ýanyna gitdiler...
-Meniňkilerem kakalary bilen...
Bu sözler diýlen dessine olaryň ikisiniňem ýüzleri boz-ýaz boldy. Ýene-de, indi ikisiniň hem biri-birine däl-de, özgä... özgelere degişlidikleri hakynda dem salym undulan pikir kellelerine geldi. Bu pikirden ýaňa-da olaryň gepleşmeg-ä beýle-de dursun, mundan beýläk ýeke pursadam biri-biriniň öňünde seslerini çykarman durmaga-da ýagdaýlary galmady. Ýüzi gara-ört bolan Begenç:
-Hä bolýar onda...ýagşy bolsaň...örän oňat! Menem özümiňkileriň ýanyna baraýyn...-diýip sakynyp samraşdyrdy-da, çagalaryna patrak almagy-da undup, nobatdan çykdy.
-Menem...-diýip pyşyrdan Sähra hem nobatdan çykyp başga ugra tarap mytdyldap ugrady.
Begenç patrak satylýan ýerden bir ädim daşlaşdy, bäş ädim daşlaşdy, on ädim daşlaşdy. Birdenem... Kalbynyň çuňundan towlanyp-towlanyp ýokarylygyna göterilen ýangynly tüweleý-duýgy, zarbygyp onuň kükregine urdy-da, ýüreginiň gapdalyny ýakyp-ýandyryp gitdi.
...Indi nirä barýarsyň, ýeňsäňi tüňňerdip?! Näme, geçen sapar şeýdip, jyňkyňy çykarman gidip, bagtyňy eliňden aldyryp, geçen on ýylyň dowamynda-da ah çekip gezeniňi az görýäňmi? Ol-a hanha, ýene-de gidip barýar, indem galan ömrüňe onuň bilen sataşjagyň-sataşmajagyň gümana...Indi beri erkek bol ahyry, giderme pursady...göreş öz bagtyň üçin...Ýet yzyndan-da, alyp git ony! Alyp git, bagtyňyza tarap!...
Bu ýalynly duýgy Begenjiň göwnüni aýgytdan doldurdy. Ol sakga durdy-da, yzyna öwrüldi. Dessine-de gözleri bilen dörüp, özünden barha daşlaşyp barýan Sährany hümer adamlaryň arasyndan tapdy. Özüniň näme edýändigini-de düşünmän onuň yzyndan haýdap ugrady. Şol pille-de onuň hälden bäri jübüsine salmagy ýadyndan çykaryp, elinde saklap duran eltelefony ýakymly saza başlady. Begenç Sähranyň yzyndan haýdaşlap barşyna, özüniň näme edýändigine düşünmän, öwrenilen endigine eýerip, eltelefonyň düwmesini basdy-da, gulagyna tutdy:
-Alýo!
-Begenç, patragy her haýsyna aýratyn gapjagaza guýdurawergin, ýogsa ýene-de uly dawa bolarlar, bularyň!-diýip aňyrdan mähirli zenan sesi geldi.
Bu ses Begenjiň depesinden ýekedaban bilen urlan ýaly etdi. Ol edil jylawyndan çekilen dek sakga durdy-da, doňňara-daşa öwrüldi. Ýene-de endigine eýerip, eltelefona:
-Hä bolýar, bolýar!-diýip ýuwaşja pyşyrdady-da, aragatnaşygy kesdi. Birsellem, hiç hili duýgusyz-pikirsiz, mähnet ymaratyň orruk-ortarasynda keserilip duran özüne adamlaryň närazy hem ýazgaryjy bakyşyp, gapdalyndan ötýändiklerini aňşyrman, gymyldy-hereketsiz durdy. Durdy-durdy-da, ahbetinem, Sähranyň giden tarapyna iň bärkisi ýekeje saparam garaman, eginlerini sallady-da, patrak satylýan ýere ýöneldi…

© ARSLAN AÝNAZAROW
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 60 | Добавил: Bagabat | Теги: Arslan Aýnazarow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Dunya   [Mowzuga geç]
Täsirli hekaýa ekeni

0
1 Dunya   [Mowzuga geç]
Gelini wagtynda jaň edip ýetişäýipdir sad

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: