09:37
Haýsy ýazyjynyñ nähili arzuwy bardy?
HAÝSY ÝAZYJYNYÑ NÄHILI ARZUWY BARDY?

Tunislileriñ "syýasy arzuwy" ugrunda eden çykyşlary sebitde domino täsirini döretdi. Könelşen gurluşlar ýykyldy, ýykylmagyna dowam edýär. Adamlary dar gysajyñ içinde saklamaga jan edilen döwürlerde utopiýalara ýiti zerurlyk duýulýar. Tomas Moryñ 1516-njy ýylda dosty Erazm Rotterdamskä bagyşlap ýazan "Utoiýasyndan" bäri adamlar alternatiw jemgyýet maksatnamasyny pikir-oýundan çykaranok. Eýse, biziñ inteigensiýamyzyñ has gowy gelejek üçin meýilleşdiren utopiýalary barmydy, bar bolsa haýsylar?
Utopiýa - adamyñ ýer ýüzünde jennet durmuşyny döretme arzuwydyr. Hyýalbentlikdir. Has gowusyna, has oñaýlysyna gowuşma meýlidir. Eflatunyñ "Döwlet" eserini, belki-de, utopiýa boýunça ýazylan eserlere ilkinji mysal hökmünde görkezip bolar. Emma Täze Eýýamyñ Ýewropasynda utopiýalara has kän gabat gelýär.
Türkiýäniñ "utopiýa" düşünjesi bilen tanyşlygy XIX asyryñ ortalaryna gabat geldi. 150 ýyllyk geçmişi bolan türk utopiýasy esasan "syýasy arzuwdan" başlanýar. Bu döwür şol bir wagtyñ özünde türk jemgyýetiniñem döwrebaplaşmasynyñ we modernleşmesiniñ başlangyjydyr.
Bu düşünjäniñ pelsepewi, syýasy we edebi nukdaýnazardan öwrenilmegi elli ýyl ozala, baş tema öwrülip işlenmegi bolsa 1980-nji ýylyñ döwlet agdarlyşygyndan soñky ýyllara degişlidir.

HEMIŞE GORKUZYP GELDI

Adamyñ adama bolan basyşy artdygysaýy täze-alternatiw jemgyýet taslamasy-utopiýa pikiri döredi.
Aslynda, utopiýalar jemgyýetçilik çaprazlyklaryna ünsi çekýän ilkinji tankydy tekstlerdi. Hakyky manifestdi.
"Utopiýanyñ" awtory Tomas Mor syýasatçydy. Premýer-ministr wezipesinde işledi. Angliýanyñ premýer-ministridigine garamazdan, bu eseri bilen harlananlaryñ we hususanam obalylaryñ hor-homsulygyna ünsi çekdi. Emma "Utopiýa" baý gatlaklaryñ gazabyna uçrady. Mor gözden düşdi we ölüm jezasyna höküm edildi! "Utopiýalar" ornaşykly häkimiýetleri hemişe gorkuzyp geldi.
Utopiýalaryñ Günbatardan nusgalanyp alynýandygy, Günbatar merkezlidigi baradaky pikir - aslynda özümize gönükdirilen ýerliksiz tankytdyr. Çünki, Gündogar edebiýatynyñ “Müñ bir gije”, “Şanama” ýaly ölmez-ýitmez eserlerinde utopiki unsurlar az däl.
Biziñ ýazyjy-şahyrlarymyzyñ käbir utopiýalaryndan mysallar bereýin...

HALIDE EDIP ADYWARYÑ "UTOPIÝASY"

XIX asyryñ soñlaryndan başlap, osmanly münewwerleriniñ (intelligensiýasynyñ) baş temasy - "Turan" hyýalydy.
Mysal üçin, Halide Edip Adywaryñ 1912-nji ýylda ýazan "Täze Turan" (“Yeni Turan”) eseriniñ baş gahrymanynyñ ady Oguzdy.
Oguz osmanly halkyny galkyndyryp, töweregine jemleýär, olary "Ittihat we Terakki" jemgyýerinde toplaýar. Ittihatçylaryñ häkimiýete gelmegini üpjün edip, halkyñ aýdyñlanmagyna sebäpkär bolýar.
Anadoly boýdan-başa mekdepler bilen doldurylýar. Netijede barça osmanly raýaty dost-doganlyk esasynda jebisleşýär.
Bûtin ýurt özüni tutýar, oba-şäherler demir ýollar arkaly biri-birine baglanýar. Her köçäniñ boýunda seteran zawod-fabrikler gurulýar. Mundan beýläk garyplyk diýen zatdan nam-nyşan galmaýar. Halk bagtyýar durmuşda döwran sürüp ýaşaýar.

ZIÝA GÖKALPYÑ "UTOPIÝASY"

“Turan” utopiýasy şygryýetde-de özüni görkezdi. Ziýa Gökalp “Gyzyl alma” (1915) goşgusynda türklük söýgüsi bilen dolup-daşan azerbaýjanly gyzyñ Turana bolan ymtylyşyny beýan etdi.
Waspy ýetirilýän "Turan ýurdunda" ylmyñ her pudagyna niýetlenen aýratyn medrese, oba hojalyk, söwda we döredijilik merkezleri bar Hemme ýer ösen, garyplyk bütinleý ýok edilen. "Turan" ülkesi düýpgöter täze adamy kemala getiripdir. Aşyklaram hökman maksadyna ýetýäe
Ahmet Haşym öz döwrüniñ söýgä bolan garaýşyny düýbünden özgerden yklymy arzuwlaýar. "Şol şäheriñ" (“O Belde”, 1921) zenanlary inçe billi, asylly we owadan bolýar.
Hüseýin Jahit Ýalçyn, Tewfik Fikret, Mehmet Rauf, Hüseýin Kazym Kadri dagylaryñ Täze Zelandiýa gidip, kommunizm jemgyýetini gurmaga synanşandygy barada öñ ýazypdym.
Hüseýit Jahit Ýalçyn “Hayaty- Muhaýýel” atly eserinde arzuwlanýan şol utopiýany suratlandyrdy.
Türkiýäniñ kommunistik partiýasynyñ gurujysy Ethem Nejatyñ "Bagtly oba" (“Mesut Köy”, 1918) eseri ekerançylyga gönükdirilen ýaşaýyş-durmuş formasyny, ýagny oba hojalyk institutlaryny goldaýar. Oba hojalygy basalykly, deñgyrañly, azar, gök öwsüp duran ýurdy meýilleşdirýär. Ethem Nejat taryhymyzda mekdepler arkaly ilkinji bolup "Agaç baýramy" çäreleriniñ başyny başlan pedagogdyr.
Müfide Ferit Tek hanym “Aýdemir” (1918) eserinde halkçy-sosialist jemgyýetiñ obrazyny döredipdir. Roman haýsydyr ýurdy alamatlandyrmaýar, emma Türküstanyñ obrazynda gelejegiñ Türkiýesini suratlandyrýar. Bu ýurtda ekerançylyk ösen, işçiler soýuzy bar, ýobazlyk ýok edilen, halk giñ gözýetimli.
Kitabyñ gahrymany Aýdemirden täsirlenen Şewket Süreýýa 1934-nji ýylda Aýdemiri özüne familiýa edip aldy.

YSLAMY JEMGYÝET UTOPIÝASY

Kylyçzada Ybraýym Hakgynyñ "Oýalykdaky uky" (“Pek Uyanık Bir Uyku”, 1915) eseri-de respublikamyzyñ ilkinji ýyllarynyñ öñ ýanyndaky döwrüñ çeper beýanydyr. Eserde akyl-paýhasyj jemgyýete agalyk etjekdigi aýdylýar. Adamlar jemgyýeti ýaltalyga, owarramçylyga iteren sopysumaklardyr şeýhlere däl-de, "Gurhana" ynanýarlar.
Doga-tumar berme ýaly ýaramaz däpler gadagan edilýär. Tekgeler, zawiýeler, medreseler ýapylýar. Erkekler beýlede dursun, aýal-gyzlaram sportuñ dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Aýal-gyzlar islän egin-eşiklerini geýýärler. Ýerli önümçilik ösüp, zawod-fabrikler gurulmaly.
Molla Dawutzada Mustapa Nazymam "Düýşdäki Terakki we yslam medeniýeti düýşi" ("Rüyada Terakki ve Medeniyet-i İslamiyeyi Rü’yet", 1913) eserinee galkynan, modernleşen yslam siwilizasiýasynyñ hyýalyny gurýar.
Adamzadyñ syýasy arzuwlary hiç haçanam gutarmaýar. Ol düýşler, hyýallar bugün Tunisi, Müsüri, Liwiýany ýer bilen ýegsan edýär...

ZIÝA PAŞANYÑ "UTOPIÝASY"

1869-njy ýyl. Ziýa paşa bir ýyllap Londonda sürgünde gezip ýör. Ol Namyk Kemal bilen bile "Hürriyet" gazetini çykardy. Olar Osmanlynyñ çöküşini togtatmak üçin meýilnamalar işläp düzdüler:
Parlamentar sistema, Günbataryñ basybalyjylygyndan we syýasy basyşyndan gutulmak, halkyñ asuda durmuşyny üpjün etmek ýaly meseleleriñ iñ aktual meselä öwrülen atmosferasynda Ziýa paşa "Düýş" (“Rüya”) eserini ýazdy. Serediñ, "Düýş" romanynyñ baş gahrymany näme edýär:
Ir bileb gazetleri, gelen hatlary okap, Osmanlydaky iñ täze habarlar bilen tanşyp, gahary gelýär. Ünsüni sowmak üçinem “Hamiş Fort” seýil bakjasyna gidýär. Birdenkä özüniñ Stambulyñ Bosfor bogazynda gezip ýörendigini duýýar. Patyşanyñ ýanyna baryp, ýurduñ gelip düşen nebsagyryjykly ýagdaýyny, baş weziriñ daşary ýurtly ilçileriñ elinde nädip oýnawaja öwrülşini aýdyp berýär. Patyşa haýran galýar, çünki ol bu zatlardan habary ýok eken!
Romanyñ gahrymany sepil ýagdaýdan çykmak üçin hökümdara şu teklibi berýär: Halk mejlisi açylmaly, Baş kanun kabul edilmeli.
Ziýa paşanyñ utopiýasy şeýleräk. Patyşa bulary ýerine ýetirse, ýurt halas bolýar!

NAMYK KEMALYÑ UTOPIÝASY

NamyK Kemal "Görülen düýş" (“Görülmüş Bir Rüyadır”) eserini 1877-nji ýylda ýazdy. Namyk Kemal şeýle diýdi: "Bu kitaby Stambulda hiç kim çap edip bilmez". Aýdyşy ýalam boldy. Eser Ýewropada neşir edildi. Çünki eseriñ stili şol döwrüñ syýasatyna düýbünden tersdi:
Romanyñ gahrymany agşamara Bosfor bogazyna deñiziñ ýakasyndaky howlusynda oenjiräniñ öñünde oturyp oýlanýar we uklap galýar. Ol düýşünde fransuz rewolýusiýasynyñ azatlyk şuglasyny bir buludyñ içinde hüýr-periniñ keşbinde görýär: şpl ýalkymly peri Osmanlynyñ çägindäki ähli ýerleri janlandyrýar, nurlandyrýar.
Gül-gunçalar bark urýar, çar tarap gök agaçlara bürenen. Bar ýere nur ýagýar. Ýurtda hemme kişi ahlakly, her şahs özüni kämilleşdirip gezýär.
Hukuk goraýjy edaralarda adalat höküm sürýär. Hökümet doly halkyñ eýeçiliginde. Jemgyýetçilik gatnaşyklary akyl-paýhasyñ ygtyýarlygynda. Ýurduñ iñ baýy-da, iñ garyby-da patyşa kimin bagtly.
Iñ pes düşünjeli adamyñam beýnisi bir uly kitaphana ýaly ylym-bilimden doly. Halk gaflat ukusyndan oýanan. Adam şekilli ýaşamak üçin göreşmegiñ gerekdigini bilýärler.
Gynansak-da, Ziýa paşa we Namyk Kemal ýaly "täze osmanlylaryñ" düýşpisint hyýalbentlikleri Soltan Abdylhamyt II sebäpli "gara düýşe" öwrüldi.

RESPUBLIKA DÖWRÜNIÑ UTOPIÝALARY

Ýakup Kadri Karaosmanoglynyñ “Ankara” (1934) eserini respublika döwründe ýazylan utopiýalaryñ iñ gowy nusgasy hökmünde görkezse bolar.
Karaosmanogly üç bölümden ybarat eserinde arzuw edilýän täze jemgyýetçilik düzgünini ýazdy. Romanyñ gahrymany Selma hanymyñ kämil obrazy arkaly aslynda Türkiýe suratlandyryldy.
Ysmaýyl Hakgy Baltajyogly bolsa "Hyýalymdaky mekdepler" (“Rüyamdaki Okullar”, 1936) atly eserinde gelejegiñ oba hojalyk institutlaryna yşarat etdi.
Bu bilim sistemasynda herkes özüne gerekli ugur boýunça okaýar, bilim zor bilen okadylmaýar.
Memduh Şewket Esendal "Gaýdyp gelmek" (“Yurda Dönüş”, 1940) eserindäki utopiýasynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýan daýhanlardan söz açýar.
Onuñ arziwy halkçy-sosialist jemgyýet döretmekdir. Romanyñ gahrymany birnäçe ýyl geçensoñ ýurduna dolanyp gelende, görýän zatlaryna añk bolup galýar.
Gümrük nokatlarynda ýokary bilimli, asylly türk zenanlary işleýär.
Könäniñ kütek we peýdakeş işgärleri bireýýäm işden kowulan.
Ýurduñ çar künjegi gök öwüsýär. Obalar, etraplar, şäherler ösen.
Peýami Safa-da "Ýalñyz biz" (“Yalnızız”, 1951) romanynda Simeraniýa atly täze ýurduñ hyýaly kartinasyny çekýär.
Simeraniýada akyl-paýhas birinji ýerde goýulýar. Ýurtda kommunizm ýogam bolsa, hususy eýeçilikdäki deñsizlikden nam-nyşan ýok!
Respublika döwrüniñ ýazyjylarynyñ birinji halkasynyñ iñ soñky wekili Şewket Süreýýa Aýdemirdir. Onuñ "Ýer oýananda" (“Toprak Uyanırsa”, 1963) romanynda oba mugallymynyñ garyplyga garşy göreşi çeper beýan edilýär. Rewolýusioner mugallum obaly daýhanlara azat, başy dik biri bolup ýaşamagyñ nusgasyny öz mysalynda görkezip başarýar.
Utopiýalar hiç haçan gutarmady. Indem gutarmaz...

Soner YALÇYN.

"HÜRRIYET" gazeti, 27.02.2011 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 57 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: