08:36
Gülşat /goşgy
Gülşat

Gelen "bagt" ýaly göýä ömrüme,
Ümür basan pikirlerim uçurduň.
Lal duýgyma, güýç bereňde göwnüme,
Şatlyk bilen pikirlerim açardyň.
Ahmal bolman giç barmazdyň öýnüze,
Taýym bolup men bagtdan uçardym.!

&&&

Gülýän ýüzi aglatmasyn zenanlar,
Üzüm ýaly galsyn süýjülikleri.
Lapykeç ykbaly hüsnüň jemaly,
Şatlandyrsyn berýän öpüjikleri.
Akly alsyn, bagta eltsin ruhuňy,
Titresin bedeniň ap-ak öýjügi.

&&&

Gök ýüzünde uçup ýören göwnüm bar,
Ümre basyp münüp bilsem bulutlaň.
Laýyk bolmak tebigaty söýmäge,
Şat durmuşyň wadasy däl unutmak.
Adyňa mynasyp adam ogly sen!
Taňrynyň öňünde gerek utanmak.

✍Ahally
Просмотров: 73 | Добавил: ahallydan | Теги: Ahally | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 6
0
6 yaprakdokimi95   [Mowzuga geç]
Wot goşgy diýip şuña aýdylýar. Öpejikler gowy gelişipdir goşga smile

-1
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Gülşat... Gülşat... Gülşat...
Dikligine oka, keselikgän ýatyp oka, tüýnükden sallanyp başaşak oka, barybir goşgy gowşak...
Soñky döwür öz yazyp biliş ukybyñdan pesdäki goşgulary ýazýañ, Şamuhammet..

0
4 Dokma2442   [Mowzuga geç]
*Magtymgulynyñ adyna

0
3 Dokma2442   [Mowzuga geç]
Dikligine baş harpyny okañda, Magtymgugylyñ adynyna bir goşgy okapdym. Onda "Gylyç Mülli" diýip düzülipdi

0
2 Dunya   [Mowzuga geç]
Mbäh, kimkä bu Gülşat

Taňrynyň öňünde gerek utanmak.
Şu setire düşünmedimdä

0
1 ahallydan   [Mowzuga geç]
Dikligine baş harplary okaňyzda goşgyň adyna düşünersiňiz... cool

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: