17:09
Töhmet / hekaýa
TÖHMET

...Kadyryň başyndan kyýamat indi.
Belanyň körügem özünden.
Çagalygyndan gursagyna guýlan akýürekliliginden...
Ata-babalaram: “Ýamanlykdan ýaýnan, biperwaýlykdan baýnan, gowulykdanam gönenmän galan ýok” diýip aýdanlarynda-da, doly aňyrsyna göz ýetirmän, lap urup, dilujundan sözlän ekenler...
On alty ýaşly jahylyň şahsy kyýamatynyň başy bolsa, ol gije sagat takmynan onlarda, hepdede üç gün gatnaýan türgenleşiginden gaýdyp gelýärkä başlandy.
Iki gyrasy gür tutluk, tüm-garaňkylyga beslenen, adam-garasyz çola köçäniň ugry bilen, argyn süňňüne zor salyp, öýlerine garşy mytdyldap gelýärdi.
Birdenkä, çatryga ýakynlanda, belent haýadyň düýbünden eşidilmeze ýakyn çala gelýän, düşnüksiz hyşy-wyşy gulagyna ildi.
-Beýtmäňsene-e-e...-diýlip, özelenip aýdylan naýynjar ses, degenek jahyly şol tarapa üşerilmäge mejbur etdi. Ol aýak çekdi-de, naýynjar sesdir, ýakymsyz hasyrdy eşidilýän tarapa siňe-siňe seretdi.
Nähilidir bir gümürtik gara üýşmekleri...
Nämedir bir zada gorsanyp, misli “çekdi-gopardy” oýnaşýan dek, özaralarynda ala-başagaý...
Has takygy, iki sany gara suduryň, özlerine görä ejizräk, uzynköýnekli garany aralaryna alyp, ony iki ýaňa çekeläp, dartyp, haýadyň gapdaly bilen tutluk ýaba süýrejek bolup, dert-azara galýandyklary bildirer-bildirmez saýgardýar.
Şol ejiz suduram, daşyna geçen iki allaja baş bermejek bolup, güýç-kuwwatynyň ýetdiginden gaýtawul bermäge dyrjaşýarmy, nämemi...
Ýöne, ol ejiz suduryň üýtgeşik garaw gaýtarmaga gaýratynyň ýokdugynam garaňkylykda aňşyrsaň bolýar. Belki, şondandyr, ol uzynköýnek sudur, aram-aram, ýaňkysy ýaly: “Beýtmäňsene-e-e...” diýip, pessaýdan-naýynjar ýalbarýar...
Gözüniň alnynda bolup geçýän myrtarlyga aň ýetiren dessine Kadyryň heýýaty göçdi. Bada-badam, edil suwdan çykan itiň silkinişi deýin, öz-özünden tisginip, çuslanyp giden bedeni, bir demde türgenleşigiň argynlygyndan saplandy. Heniz özüniň näme etjek-goýjagyny aňynda aýlap ýetişmänkä-de, onuň türgenleşiklerdäki ýekme-ýek garpyşyklara endikli, çeýe göwresi, beýnisinden öňürti herekete girdi.
Ilki bilen egnaşyr asylan sport sebedini sypyryp, ýere taşlady.
Edil, sürüni çapmaga gelen gelegurduň üstüne hyňranman topulýan gaýyň kibi, ol iki bökende, öz gaýyrýan pisliklerine başagaý iki garanyň ýeňsesinde peýda boldy.
Sende ýok, mende, düwülgi ýumrugy bilen bir uranda özüne ýakyn garany, öňlügine – beton haýata garşy südenekläp gitmäge mejbur etdi. Almytyny alan gara, öňe garşy süssenekläp birki ädim ätdi-de, haýaty süsdi.
Onýança oslagsyzlykdan ýaňa allaniçigsi bolan ikinji gara, özüniň naýynjar pidasyny tüýtmelemegini bes etdi-de, sakga durdy. Emma, onuň doňňara-daşlygy uzaga çekmedi. Kadyr oňa tarap öwrülen badyna, ol tapyr-tupur gapdala bökdi-de, jyňkyny çykarman, garaňky köçäniň ugry bilen gaýralygyna garşy ökjäni göterdi.
Ikinji sudur üstüne topular öýdüp, garpyşmaga taýyn bolup durandygy üçin, beýle herekete garaşmadyk Kadyram dem salym äm-säm bolup durdy-da, olam onuň yzyndan eňdi. Emma, janyna dowul düşen peläkediň yzyndan ol-a ylgap ekeni, atly bolubam ýeter ýaly däldi. Kadyryň türgenleşikden soňky ýadawlygam üstesine.
Öz göwnüni aldaýan ýaly edip, gaçyp gideniň yzyndan tä ol nobatdaky çatrykdan sowlup, gözden ýitýänçä kowalan Kadyr, ahyry: “Jähenneme gitsin-le!” diýip, pyşyrda ýakyn hüňürdedi-de, yzyna dolandy.
Gelse, ýaňky uzynköýnekli, inçemik suduryň ýeke özi haýada gerşini diräp, hapa-hupa diýmän aşak çöküpdir-de, horkuldap aglap otyr. Kadyryň ýumrugyny dadan bolsa, eýýäm gürüm-jürüm bolupdyr. Diňe, hol esli daşlykdan kimdir biri höküdikläp gaçyp barýana çalymdaş, “güpürt-tapyrt” aýak sesi eşidilýär.
Horkuldap duran gyzyň üstüne abanyp, söm-saýak bolup duran Kadyr näme etjegini bilmedi.
“Bäh, kinodaky ýaly-aý, meniňem bolup ýörşüm!” diýip ol, içinden aljyraňňy oýlandy. Megerem, şu oýlanma-da onuň gögele aňyny herekete girizendir. Ol hasyr-husur sebedine ýapyşdy-da, onuň gapdal gözünden hemişe türgenleşige göterinýän suwly düpbesini çykardy.
-Al...neme...-diýip, heniz ýüzi ýyrtylmadyk, hemişe-de geplemeli bolsa karz dileýäne dönýän ýetginjek, başyny galdyrman guma bulaşyp, horkuldap oturan gyza näme diýip ýüzlenjegini bilmän kösendi:-...suw içäý..-iň...içäý, bolmasa...
Gyz, Kadyryň sözlerine pitiwa etmedi.
Ýeri, indi näme etjek diýsene?!
Bu mahal, suw berjek ýa-da ýerinden turuzjak bolup, bir ýerini elläýdigiňem, onuň ulili bilen gözüne urlan ýaly wägirip başlamajakdygyna kim güwä geçjek diýsene?!
Haý, seniňem bir...
Ýeri, munuň düşüp ýören gününi diýsene?!
Ýeri, şu gün şu köçeden gaýtman, başga köçeden ýöräýeniňde, eneň käýýäp, ataň urjakmydy diýsene?!
Öz-özüne, öz düşen ýagdaýyna içinden käýinjireýän Kadyr, garaz, eýdip-beýdip, başardygyndan, gödeňsirägem bolsa, horkuldap oturan gyza düpbeden birki ýola owurtlatmagyň hötdesinden geldi. Soňra yzyny üzmän aglamjyrap duran gyzyň, üzlem-saplam sözlerinden onuň kimiň gyzydygyny anyklady.
-Ýör hany...neme...men seni...nemedeýin...öýňüze elteýin...-diýibem, şujagaz gysga ömründe ilkinji gezek munuň ýaly gümürtik ýagdaýa düşüp görýän jahyl, emaý bilen goltugyndan tutup, gyzy ýerinden turuzdy. Soňam onuň iki-baka yraň atyp, “ýykyldym-ýykyldym” bolup durandygy zerarly, tas goltugyna girip diýen ýaly, gyzy öýlerine tarap alyp gaýtdy.
Ýolboýam ýüzüni bir gyzardyp, bir bozardyp barşyna: “Alla janym, şü mahal şeýdip barşymyzy hiç kim görmäwersin-eý! Ýogsa, oba gürrüň bolaryn!” diýip, ýetişibildiginden içinden dileg etdi bardy.
Gyzyň öýüniň gädigine ýetenlerinde, derwezäniň çepindäki krandan bedresine suw alyp duran gelin Kadyryň gözüne ildi.
-Gelneje...-diýip, gyzy dähedem-dessem idip gelýän Kadyr, köçäniň syýa tümlüginden howludan düşýän çyranyň ýagtysyna çykdy.
Kadyr hernäçe asuda geplejek bolsa-da, duýdansyzlykdan ýaňa tisginip giden gelin, allaniçigsi bolup bärsine bakdy. Öwrülenindenem Kadyra ýaplanyp diýen ýaly, itseň-ä däl, üfleseňem ýykyljak halda yraň atyp duran baldyzyny, onuň tot-tozan üsti-başyny görüp:
-Hiýh!-edip içini çekdi.
-Wa meýitjigi ýanan! Bi gyzjagazy nädäýpsiň-ä?! Hä?!-diýip, bedresini undup baldyzyna topulan ýeňňe, misli möjegiň girisinden guzujygy sogrup alýana dönüp, Kadyryň döşünden itiberip goýberdi-de, mejalsyz başyny şalkyldadyp, zordan duran gyza ýapyşdy:-Sen muny nädäýpsiň diýýän, haram meýdi ýanan?!
Gelniň bolşuna, onuň agzyndan çykýan gepe Kadyr ör-gökden geldi. Öňem-ä agzyndan gep almak hyllalla bolan dymma ýigdekçe, gelniň nähak üstüne çöwjemesine hasam dilini ýitirdi.
“A-how, genneje! Sen nä, üşäp turduňmy?! Bi, nämeler gepläp otyň-ň-how?! Bi nä, “doýranyň sakgalyna” eden ýaly edip, maňa üýrmäň näme-how? Baldyzyňy halas eden-ä men welin, gaýta: “onyýny nädäpsiň?” diýip, meni günäläp ýatmaň näme-how seniň?! Hä?!” diýip, içinden nadaralyk bilen özüni goraýan sözleri hetjiklese-de, Kadyr hemişeki dilsiz-agyzsyzlygyny edip, daşyndan aýtjak gepini düzüwli düşündirmegiňem hötdesinden gelmedi:
-Bi, neme-how...genneje...o nemäňi...nemeden...neme...men dä-how...-diýip sakawlap, iki sözüň başyny çatyp bilmän, dikilgazyk boldy durdy.
Alyp-ýolup barýan, aýran-jowran gelin bolsa, aman-esen hossarynyň eline gowşandan soň süňňi gowşanyndanmy ýa-da başyna düşen külpetden soň halys ysgyny gidenindenmi, ýarym bihuş ýagdaýda, barha haly teňleşip barýan baldyzyny pugta gujaklap, öýe garşy idekläp barşyna, diliniň ýetişdiginden soňuny saýman, bolan zatlaryň änigine-şänigine ýetjegem bolman, iki egninden “saman sowurmagyny” dowam edýärdi:
-Häý ýerçeken! Sypatyň gursun, sypaty gurmuş! Gör-ä muny, etjegini edibem: “ony entek nemetmedim” diýen bolup durşuny...Seni Hudaýym ýer ýuwutsyn, ýer ýuwutmyş! Ýüzüňi garaňka tutup gelenem bolupsyň welin, men seni ýamanam berk tanandyryn! Men seniň ejeňe-de, kakaňa-da beletdirin! Gör-ä bi ýer ýuwdanyň nemedibem “nemetmedim” diýen bolup durşuny! Senjagaz bir garaş bakaly! Häzir şu ýerden butnama-da dur, men bu gyzy öýe eltip, kakasy bilen doganlaryna bir ýetireýin, sen ýeksurunyň eden işiniň habaryny! Onsoň görersiň, nämäni nemedendigiňi ýa-da nemetmändigiňi...Duruber, duruber...Ýöne, bigaýratlygyňy edip, gidäýmegin...
Gelniň zäherli jümlelerine öňem aljyraňňy gögele hasam howsala düşdi. Henizem derwezäniň öňündäki alagaraňkylykda dikilgazyk halda, gelindir-baldyzynyň öýe girip baryşlaryny synlap durşuna, Kadyr näme etjegini bilmedi. Birdenem: “Äý, häzir gyzlary özüne gelip, hemme zady bolşy-bolşy ýaly aýdar-da! Onsoň, bu taýda meniň nämä geregim bar-aý?!” diýip ýöwsel oýlandy-da, ol bu ýerden tizräk garasyny saýlamak bilen boldy.
Öýlerine barýarka-da özi bilen bolup geçen wakany dynnym ýalyjagam alada etmedi.
Dagy nä?!
Näme üçin alada etsin?!
Gyza el uranlar gaçanda näme?
Gyz olary tanaýandyr ahyry. Tanamasa-da, huşuna gelenden soň, iň bolmanda özüni kimiň halas edendigin-ä aýdar...
Şol arkaýynlygy bilenem gögele öýlerine baryp, ilk-ä gündekisi ýaly hammama girdi, soňam gatyk-patyk bilen ýeňilräk ýürekselik edindi. Ýolda gelýärkä başyndan geçen hadysa hakda-da, ne eje-kakasyna, ne-de agalaryna, kelam agyz aýtmady.
Haçan-da, içki otagda özüne atylan düşege geçip, ýatmazyndan öň birsellem eltelefonyna güýmenmek üçin eline alanam şoldy welin, ilk-ä, gapylary kakyldy. Soň daşardan ejesiniň kimdir biri bilen galagoply gepleşýändigi eşidildi. Soň galagoply gürrüňe kakasynyňam sesi goşuldy. Soň agalarynyň...
Birdenem:
-Kadyr-r-r!!!-diýip, kakasy daş işikden jynssyz nagra dartdy.
Şu ýaşyna çenli ne ejesi, ne kakasy, ne agalary tarapyndan beýle ýürekgopduryjy haýkyrylyp çagyrylmadyk Kadyryň ýüregi jigläp gitdi. Ol zyňlyp ýerinden galdy-da, daş işige haýdady.
Çyksa, kakasy, ejesi, doganlary, “ýatanyň üstüne turan gelmesin” şekilde, birtopar nätanyş erkek kişiler bilen hümer bolşup, üýşüp durlar. Ýüzlerindenem gar ýagýar. Ne hossarlarynyň, ne biwagt gelen kesekileriň eňşäp duran keşplerinde yşnak ýok. Hemmesem gözleri bilen gapydan çykan ýerinde kürtdüren Kadyry iýäýjek bolýarlar. Kadyryň göwnüne bolmasa, bimahal çak üstlerine gelen bigäneleriň bir-iki sanysynyň ýüz-keşbi, özüniň hälki halas eden gyzyna azak-tenek çalym edýän ýaly bolup göründi.
Onýança, kakasy, gazap bilen:
-Şü-mi?-diýip, öňünde duranlaryň hemmesine birden sowal berdi.
-Şü, howwa...-diýip öňde duran erkek kişileriň ýeňsesinden hälki gyzyň gelnejesiniň ýakymsyz, tanyş sesi eşidildi.
Başyna düşüp barýan bir melamaty syzan ýetginjek bu jogaby eşidip, birhili öz-özünden uýalýan dek, boýnuny içine gidiräýjek bolup, düýrükdi.
Şol pille-de onuň ýüzüne birinji ýumruk degdi:
-Häk, seniňem bir eneňi...!-diýip, paýyş sögünen kakasy, bar gazabyny bir zarbasyna jemläp, Kadyryň kellesine urdy:-Seniň ýaly kişiň gyzyna el gatýan haramy doglandan, müjerret öten bolsam ýagşy bolardy! Wa-a-a-h, dogman geçen!
Soňam kakasy, Kadyra geplemäge-de maý bermän, saçyndan tutup, bulap ýere ýykdy-da, onuň çem gelen ýerine urup-depip, suwasalma ýenjip başlady. Özem, hem-ä has-has edip, ýetişibildiginden gögele ogluny ýençýär, hemem agzyna gelenini gargynýar:
-Wa-a-a-h, diriligime ýakdyň-a, ýakdyň-a meni, haramy! Wa-a-a-h, şol bäbekkäň ölen bolsaň, beýdip, bütin tohumymyzy ile wejera edip, diriligime çüýretmezdiň ahyry! Aýt, haramy üflis! Indi, men, ejeň, doganlaryň, ile nädip çykaly! Geple ahyry!...
Malç!
Malç!
Hylk!
Hylk!...
Dumly-duşdan ýagýan urgulardan ýaňa, süňňi lerzana gelýän ýetginjek, ýekeje pursadam bolsa, demini dürsäp, dogabitdi gyzma, çagalaryny terbiýelemäge mydama-da zabun çemel;eşýän kakasyna, hemme zady bolşy-bolşy ýaly, dogry düşündirjek bolýar.
“Kaka, beýtme, urmasana! Men beýle myrtarlygy edemok, ol gelneje ýalňyş düşündi. Men gaýta ol gyzy halas etdim ahyry! Häzir biraz özüne gelse, ondan sorasaňyz onuň özem şeýledigini tassyklar!” diýip, özelenjek bolýar...
Bolanok.
Ýene-de agzynyň üstüne, ýüzüne-gözüne “patylap” degýän ýumruklardyr-depgiler, oňa ýuman agzynam açmaga mümkinçilik bermeýär.
Daş-töwerekde heşerlenişip duranlaryň hemmesem onuň bigünä halyna hunaba ýuwdup ýatyşyna seredişip durlar. Biri dagysam, huşy başyndan uçup, jynlana dönen kakasynyň elinden alaýyn diýmeýär.
Agalaram, ejesem...
Dogrusy, çar ýanyndan ýagýan urgulardan ýüzüni gorap, busurylyp ýatyşyna, ejesiniň özüne garşy owsunyp-owsunyp gidýändigi, ýene-de kakasyndan eýmenipmi ýa-da balasyna ýöňkelýän aýylganç wejeralyk zerarly öz çagasyndan göwni geçipmi, ýerinden gymyldaman doňup galýandygy käte bir Kadyryň gözüne kaklyşýar.
Malç!
Malç!
Hylk!
Hylk!...
Kakasy Kadyry kän urdy...
Ahbetin özi ýadap, demi-demine ýetmän, saklandy-da, sojap durşuna:
-Eden işi şol bolsa, hanha, äkidiň! Dograň-da itiňize ýal edäýiň! Munuň ýaly çaga maňa-ha gerek däl...-diýip ganguýma gyzaran gözlerini, henizem hümerlenişip duran gyzyň hossarlaryna garşy aýlady. Soňam gaharyna bäs gelip bilmän, ýerde büküdip ýatan Kadyryň üstüne maçyladyp tüýkürdi-de:
-Jähennem bol, şu öýden! Mende seniň ýaly ogul ýok!-diýip, öýe girip gitdi.
Şondan soň gyzyň hossarlaram uzak durmadylar:
-Biz näme edeli, munuň ýaly üflisi! Muňa elimizi garyp, biziň-ä türmä gitmek islegimiz ýok. Ertir polisiýa bararys. Onsoň näme etseler, şolaryň özleri görer-dä...-diýşip, hüňürdeşip, olaram gitdiler.
Kakasynyň yzyndan agalaram, göýä, haýsydyr bir porsy nejasadyň üstüne basmakdan ätiýaç edýän dek, onuň daşyndan köwejekleşip, seňriklerini ýygryşyp, gitdiler.
Ýene-de dözmezi, bir ejesi gidip suw alyp, ony ýuwundyrdy, kürüşgeden içirdi. Diňe, şondan soň güp ýaly çişen ýüzüni elleşdirip oturyşyna, Kadyra dil bitdi:
-Eje?!
-Hümm...-diýende ejesiniň sesi hem-ä aglamjyramaly, hem-de lapykeç çykdy.
-Olaryň diýýänini men nemetmedim...Men gaýta, ol gyzy halas etdim...Meniň nemetmändigimi ertir nemedersiňiz...
Ejesi kelam agyz geplemedi.
Käbesiniň dymmagyndan onuň özüne ynanmaýandygyny syzan ýigdekçäniň kalby bir pursatda buza döndi.
Şondan soň olam hiç zat geplemedi.
Ýerinden turdy.
Daşardaky suw kranynyň ýanyna baryp, bolşuna görä üsti-başyny kakyşdyrdy, ýüzüniň gan-gabarçygyny ýuwdy. Soň birsalym gädiklerindäki uly şatuduň astyna geçip oturdy.
Niredenden bir ýerden timisgenip, onuň ýanyna garry köpekleri Garagöz geldi. Göýä, oňa göwünlik berjek bolýan dek, onuň öňjagazynda garysyna ýassanyp ýatdy-da, up-ullakan, akylly gözlerini dikdi.
-Sen bir maňa ynanýaňmy?!-diýip, nähak ezýet çekenine göwni galan ýigdekçe, pyşyrdady-da, ajymtyk ýylgyrdy.
Garry köpek, göýä: “Ynanýan-la, ýaş hojaýyn! Ýöne, men haýwan-da, alajym ýok, nädeýin!” diýýän dek, sodajadan naýynjar çyňsady.
“Gör-ä muny! Iň ýakyn adamlaryň diýjeksiň welin, bir itçe-de bolup bilmediler!” diýip, gussaly pikir öwren ýetginjek, ýerinden turdy-da, köçäniň ugry bilen nirädir bir ýere mytdyldap ugrady.
Garry köpegem, göýä, öz eýeleriniň adalatsyzlygy üçin ötünç sorap, bu ýigdekçäniň bagyşlamagyny gazanjak bolýan dek, halparan garnyny haltyldadyp, seňkildäp, şol onuň yzyna düşdi bardy. Diňe Kadyr: “Bar janawer, gaýt! Ugradandan ýoldaş bolmaz!” diýip kowandan soň, Garagöz yzyna gaýtdy...
...Ertesi gün, gyz mazaly özüne gelenden soň, nämäň nämedigi doly bilindi.
Gyzyň hossarlary ötünç soramaga-da geldiler. Günä özlerinde bolansoň, Kadyryň kakasynyň aýdan ähli hapa-paýyş sözlerinem jyňklaryny çykarman, boýunalyk diňlediler. Ýöne...
Birnäçe günden soň Kadyry kakasydyr-agalary agtaryp tapdylar...
Emma, dogabitdi dymma ýigit, bir gijede garran ýaly bolan ýüzüni daşa dönderip, dommarylyp oturyşyna:
-Mende ejede ýok, kakada, doganam. Men ýerden ýeke çykan ýetim...-diýip, şol bir aýdanyny gaýtalady durdy...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 142 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Ähli teswirler: 14
0
13 turkmentug   [Mowzuga geç]
Gowy hekaýa eken. dili ýiti, Ýadadanok ,yzyna düşirýä ... ýöne maňa ynyndyryjy duýulmady. Şu mazmunly ençe gysga hekaýalar,klipler ,şm zatlar görenligimiz üçin bolmagy ahmal ,başynda hekaýaň soňuny çak edip bildim .

0
14 Bagabat   [Mowzuga geç]
@turkmentug, hekaýaň soňunyň nähili gutarjakdygyny menem öňünden bildim-aý! Diýmek ikimizem ýaman bilgir-bilegen ekenik! biggrin

0
12 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Ýa w şoke diýdirýäniski hekaýa bolupdyr cool .
Türkiýaly Kadir Şekeriň başyndan inen wakany ýada saldy.

0
11 Bagabat   [Mowzuga geç]
Hemmäňiziňem janyňyz sag bolsun. Ýagşy sözleriňize taňryýalkasyn. Okaýanyňyza minnetdar.

0
10 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Bir zarbada okadym. Bu gyzyklanma hekayañ caklañjalygyndan dal de, onuñ yiti syujet liniyasynyñ juda yowuzlygynda. Bir adamkarcilikli yetginjegiñ abrayyna, ykbalyna, butun omrune dalash gurayjak wakanyñ mazmuna endigan siñdirilen ahwalatyñ ozune cekijilik bilen beyan edilishi hic bir okyjyny tolgundyrman goymasa gerek.

0
9 Dunya   [Mowzuga geç]
Arzyman, agam, gorkunç zatlar ýazmaňda. Hasam beter gorkunç edýäňizä

0
8 Arzyman   [Mowzuga geç]
Hekaýaň soňuna 3 nokat goýulmagy juda aýylganç bolupdyr. Belki-de ol iň ýakynlarynyň özünden geçendigini ýüregi göteribilmän özüne kast edendir!

0
7 Dunya   [Mowzuga geç]
Ot belasyndan, suw belasyndan, töhmet belasyndan, heleý belasyndan özüň sakla, jan Alla!

0
6 Dunya   [Mowzuga geç]
Hekaýaň içinde ýaly bolup gitdim. Sag bol agam, gowy hekaýa bolupdyr

0
5 Dunya   [Mowzuga geç]
Wahh, sen geliniň iki gulaç dilini...

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Durmuşy hekaya.. sag bol agam

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýöne bumatky käbir gyzlar bular ýaly yagdaya düşse, garamatyny Kadyr yalylaryñ ustune atjak bolup, töhmete şärik hem bolaýýarlar... Durmuşda kan bolyar..

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Osman aganyñ hekaýalarynyñ haramhor gahrymany Şadyman ýaldyry ýada saldy...

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bähhh....

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: