15:25
Gamçyly gyz
GAMÇYLY GYZ

"Sowuk uruş" döwründe türk habar beriş serişdeleriniñ žurnalistligiñ hakyky prinsiplerinden daşlaşyp, birtaraplaýyn "habarlary" bermek bilen meşgullanandygy indi gizlin zat däl. Gorky we endişe döredip, halky antikommunist edip ýetişdirmegi maksat edinen bu habarçylyk düşünjesiniñ ulanan motiwleriniñ biri-de, owadan we blondinka (saryýagyz) "gamçyly gyzdy".
Iññän howply gyzyl kommunistka bolan "gamçyly gyz" Türkiýä nähili aralaşdy? Kimleri toruna salyp, duzagyna düşürdi?
"Hergün" gazetiniñ 1951-nji ýylyñ 20-nji awgustyndaku sanynda çykan habardan:

“Türkiýä syzan gyzyl jansyzlar: bularyñ arasynda Bolgariýanyñ Dahiliýe nazyrynyñ (Içerki medisina ministri) kätibi bolup işleýän "Gamçyly gyzam" bar. Bolgariýadan deport edilen türkler bilen bile ýurdumyza sokulan gyzyl jansyzlar hakyndaky anyklaýyş-derñew işleri dowam edýär. Türkiýä giren we hususanam Stambul uniwersitetine okamaga gelen gyzyl jansyzlar aýratyn öwrenilýär. Mundan üç aý öñ medisina fakultetiniñ 4-nji kursuna kabul edilen we Bolgariýadaky türk gyzlarynyñ arasynda "Gamçyly gyz" ady bilen tanalýan Bolgariýanyñ Dahiliýe nazyrynyñ gyzy ýörite anyklanan gyzyl jansyzlaryñ sanawynda bar.
Asly türkdügine garamazdan sistematiki ta6dan bolgar kommunistik propogandasy bilen ýetişdirilen emigrant "Gamçyly gyz" hususanam Sofiýada ýaşaýan we wagtal-wagtal Bolgariýanyñ Içeri işler uprawleniýesine soraga çagyrylýan türk aýal-gyzlaryny gamçylap ýençýändigi üçin bu ady alypdyr. Gamçyly gyz Bolgariýanyñ Dahiliýe nazyrynyñ buýrugy bilen Türkiýä syzdyrylypdyr, ol özi ýaly emigrant donuna bürenen beýleki jansyzlara şef bellenipdir.
Bu ýagdaýda Türkiýedäki ýaşlardan guramaçylykly gyzyl (kommunist) topar gurmak tabşyrylan "Gamçyly gyzyñ" we onuñ ýoldaşlarynyñ yzyna ymykly düşüldi.”


DURUŞMALAR GIZLIN GEÇIRILJEKMIŞ

1951-nji ýylyñ 22-nji awgustynda "Zaman" gazeti “Gamçyly gyz” habaryna dowam etdi. Birem şuny ýazdy:

“Ankaradaky sowet ilçihanasynyñ howlusynda Diýarbekir harby howa menziliniñ kartasy we krokileri tapyldy.”

Derñew işleriniñ netijesinde medisina fakultetinde okaýan gyzlaryñ biri ele salnanmyş. Bu gyz kimdi?

“Jansyz - saryýagyz, diýseñ owadan we türk milletiniñ ähli aýratynlyklaryny özünde jemlän gyzyl jansyz hökmünde tanalýar.
Bolgariýadaky ady "Gamçyly gyz" bolan bu jansyz ol ýerdäki türklere garşy zalymlygy bilen tanalypdyr we hossarsyz galan nijeme türk gyzlaryny ýalñyşyna we gowulygyna garaman gamçylapdyr. Her dürli jansyzlyk pyrryldaklaryny, goýberiljek ýurdunyñ urp-adatlaryny öwrenen we şol ýurtlaryñ dilini öz ene dili ýaly suwara bilen, jemgyýetçilik ýerinde özüni diýseñ medeniýetli we sypaýy alyp barýan, şeýle-de atyş tälimini alan, uçar, awtoulag, gämi sürüp bilýän jansyzlaryñ biri bolan talyp gyz Içeri işler uprawleniýesine tabşyryldy. Duruşmanyñ wagty gizlin saklanýar.”


Muña meñzeş habar "Son Posta" gazetinde-de çykdy. Şol gün "Vakit" gazeti bu habara goşmaça täze maglumatlary berdi:

"Gamçyly gyzyñ" dürli şahslaryñ adyna alynan şahsy resminamalarynyñ we sapançasynyñ bardygy, aýratynam Bolgariýanyñ Kommunistik guramasyna agzadygy aýdylýar."

1951-nji ýylyñ 27-nji awgustynda "Akşam" gazeti "Gamçyly gyzyñ" adynyñ “Ilhandygyny” ýazdy. 1951-nji ýylyñ awgust aýynda "Gamçyly gyz" gazetleriñ birinji sahypasyndan düşmedi. Size ýalan, maña çyn: toslanmadyk hekaýat, ýazylmadyk senariýa galmady...
A soñ?..

MAKSAT: JEMGYÝETE TÄSIR ETMEK

Sentýabr aýynda çykan gazetlerde "gamçyly gyzly" habar tapba kesildi. Eýse, bu saryýagyz we owadan kimkä? Sowallaryñyzy isleýşiñizçe köpeldip bilersiñiz, emma birine-de jogap tapmarsyñyz.
Çünki dereginde bular ýaly gyz ýokdy!
Polisiýa habar beriş serişdelerine "maglumat" beripdir, žurnalistlerem ýazypdyr.
Maksat bellidi: propoganda maksatly "habarlary" taýýarlamak.
Tilsimem hemişekisi ýalydy: ýaş, owadan we akylly kommunist gyzlar jansyz edilip aramyza sokulýarmyş we ýaşlary toruna salýarmyş.
Bularyñ hemmesi “erkin söýgi” gatnaşyklaryna taýýardy. Bularda utanç-haýa, ar-namys diýlen zatdan nam-nyşan ýokdy. Ellerine birem "ar gamçysyny" berýärlermiş, goý, bularyñ niçiksi sadistdigi bilinsin diýip. Maksat dini ynançly türk jemgyýetine täsir edip, adamlarda kommunizme bolan ýigrenji döretmekdi.
Ýadyñyza düşýärmi?
1980-nji ýylyñ 12-nji sentýabryndaky döwlet agdarlyşygyndan soñ habar beriş serişdelerinde şular ýaly ýaş gyzyñ obrazy bardy: “Akrep Nalan”!
Her eline bir "MP-5" ýaragyny alan gyz näçe kişini atyp öldürenmiş!
Turgutluly “Akrep Nalan” ("Akrap Nalan") gysga wagtyñ içinde türmeden çykypdy, emma bu barada ýeke habar berilmedi.
Maksat, ýene şol öñki - jemgyýete täsir etmek.
"Gamçyly gyzdan" başga-da, propoganda maksatly berilen habarlary sanasañ sanap oturmaly...

"STALINIÑ DOÑDURMASY"

"Sowuk uruş" döwründe antikommunist ýigrenjiñ nyşanasyna mündürilenleriñ biri-de Staliniñ motiwidi. Gyzyl Goşunyñ gitlerçi faşizmi ýeñmegi bütin dünýäde Stalin simpatiýasyny döretdi. Munuñ ýok edilmegi gerekdi. Habar beriş serişdelerini herekete girizdiler.
"Hergün" gazetiniñ 1949-njy ýylyñ 15-nji dekabryndaky sanynda çykan habar:

“Rus KGB-si ýok edilmäge degişli şahslar üçin ýörite çakylyklary taýýarlaýar, olary konsertlere we medeni çärelere, ylmy konferensiýalara çagyrýar, ýörite ýyladylan zallarda derlän myhmanlara doñdurma paýlanýar. Bu doñdurmany iýen görgüliler öýlerine dolanandan soñ az wagtyñ içinde ölýär. Bu öldüriji doñdurma "Staliniñ doñdurmasy" diýilýär.”

Günbatar her halkyñ ynanaýjak habarlaryny toslady? Mysallara ýüzleneliñ:

“Liseýiñ iñ soñky synpynda okaýan Osman Doganyñ we bäşinji synpyñ talyby Ahmet Sandykçynynñ Kaýseride heniz anyklanmadyk salgyda Staliniñ hormatyna tost aýdandygy anyklandy.”(20.05.1949 ý. "Tan" gazeti.)
Ýaşlar derhal tussag astyna alyndy!
"Dünya" gazetiniñ 1952-nji ýylyñ 8-nji iýulyndaky habarynda “Dünýäde Stalinden başga hudaý ýokdur diýip, gygyran bir sapygyñ ele salnandygy" aýdylýar.
Şol ýyllarda Staliniñ ýüz keşbine meñzeş biri bolmagam jogapkärçilige çekmek üçin ýeterlik sebäp bolup bilýär.

“Izmirde täze kommunist guramasy orta çykaryldy. Staliniñ modasyna meñzedip murt goýberen bu guramanyñ agzalarynyñ başga-da şahamçalarynyñ bardygy güman edilýär.” (10.01.1952 ý, "Akın" gazeti.)

Aklyndan azaşyp aýalyny we çagalaryny pyçaklajak bolan iskenderunly Abbas Öner "polisiýa tarapyndan öldürilip zyýansyzlandyryldy". Abbas Öner Stalini gowy görýärmiş we Staliniñ nähoşlap agyr ýatandygyny eşidip, aklyndan azaşanmyş. (07.03.1953 ý, "Vatan" gazeti).
Polisiýa neýlesin? Adam bir kommunist bolansoñ, etmejek zady ýokmuş!
"Vatan" gazetiniñ beren başga bir habarynda Staliniñ ölümine ýas tutup, gara eşik geýen Erdogan Kysa atly raýat jogapkärçilige çekilenmiş. (10.03.1953 ý.)
Indi näme diýilýär, "Demokrat partiýa arkaly demokratiýa geçdik!.." (Ynha, şol partiýanyñ höküm süren ýyllarynyñ ýalan-ýaşryk toslamalary!)

■ [b]NYŞANADA - OBA HOJALYK INSTITUTLARY


Türkiýäniñ Oba hojalyk institutlaryna we öñki Bilim ministri Hasan Aly Ýüjele gönükdirilen hüjümiñ maksady ýene şol bir zatdy:
"Dünya" gazetiniñ habary:

“Edremitde Stalini gowy görýän 38 ýaşly kommunist Haşym Elmajy gyzyl diktatoryñ ölendigini eşidip, göni oba hojalyk insitutyñ binasyna giripdir we ýygnak geçirip duran mugallymlara ýüzlenip: "Men Hasan Aly Ýüjeliñ şägirdi. Stalin öldi. Ýüregime hanjar saplandy" diýip, harby gullukçy kimin sag elini çekgesine ýetiripdir.” (12.03.1953 ý.)

Soñunyñ nähili gutarandygyny çaklamaga hajat barmy?
"Vatan" gazeti bolsa oba hojalyk institutlary barada beren habarynda: “Hasanoglan oba hojalyk institutynyñ aýdym-saz otagyna ýokardan seredeniñde "orak" şeklindedigi bildirýär” diýilýär. (12.04.1952 ý).
Bular ýaly ýalan habarlar sebäpli oba hojalyk institutlary ýapyldy. Hasan Aly Ýüjel ýaly respublikamyzyñ saýlama döwlet işgärleri abraýdan düşürilmäge synanşyldy.
Eýsem, häzir bular ýaly propoganda maksatly habarlar taýýarlanmaýarmy?!..

Her gazetde birküç sany jansyz barmyş

Köpçülige hemişe şol bir propoganda geçirildi. Kommunizm juda hilegärmiş, gaty ünsli bolmalymyş:
1951-nji ýylyñ 16-njy noýabrynda TBMM-niñ nobatdaky mejlisinde Adalat ministri Rükneddin Nasuhiogly halk deputatlaryny habarly etmek we baş gurultaýda çykyş etmek üçin sudýa Şewki Mutlugili münbere çykardy:

“Gynansak-da, gündelik gazetleriñ hersinde birküç sany jansyz bar. Bu jansyzlar mümkinçilik tapan wagty "Cumhuriyet" gazetiniñ geçen Respublika baýramyndaky çykan sanynda görlüşi ýaly, iñ arzyly simwollarymyzy ýañsylamakdan çekinenoklar. 1950-nji ýylyñ Respublika baýramynda çap bolan "Cumhuriyet" gazetiniñ birinji sahypasynda Atatürküñ suratynyñ dik mañlaýynda Staliniñ suraty ýerleşdirilipdir. Bu barypýatan propogandadyr.”

"Milliyet" gazetiniñ berýän habaryna görä, "liseýlerde okadylýan astronomiýa okuw kitabyndaky meteorot daşlarynyñ suratynyñ ortasynda Staliniñ we Leniniñ suratynyñ bardygy anyklanypdyr". (09.03.1955 ý.)
Soñ-soñlar meteorit daşynyñ üstündäki suratlaryñ iki sany çagadygy mälim bolanam bolsa, neşirýatçy Şerafetdin Çintanyñ başyna inmedik bela galmady.
Şilede oba mugallymy Suha Sungur Tanly gyzyl reñkli topragyñ iñ gowy we iñ hasylly toprak bolýandygyny okuwçylaryna birnäçe gezek aýdanmyş we gyzyl palçykdan Atatürküñ býustyny ýasanmyş.

“Sypara sypalgasy galmadyk Sungur býusty gyzyl toprakdan ýasamak bilen hiç hili maksadynyñ ýokdugyny, muña ýaramly başga toprak tapmandygy üçin gyzyl gumy saýlap alandygyny aýdypdyr.” (08.06.1952 ý, "Dünya" gazeti.)

Jemgyýetde, gorky-howsala döretmek üçin hemme ýerden kommunizmiñ simwollary gözlendi. Kärdeşim Derýa Çaglaryñ "Jemgyýetçilik pikiriniñ döredilmegine bir mysal. 1945-1955-nji ýyllaryñ gazetlerindäki antikommunizm" ("Hyýaly kommunizm") işinde muña meñzeş oýunlaryñ birnäçesi sanalýar.

“Saim Kart atly bir sapyk "Sultanahmet" seýilgähinde otyrka elindäki çybyk bilen ýere orak-çekijiñ suratyny çyzanda ele salyndy.” (17.11.1952 ý, "Akın" gazeti.)

“Ankaranyñ piwo zawodynda öndürilen 150 boçkanyñ üstünde Monopoliýa edarasynyñ rumuzynyñ (nik) şekliniñ ezberlik bilen orak-çekijiñ şekline öwrülendiginiñ üsti açyldy.”
(16.11.1952 ý, "Ulus" gazeti.)

Eýsem, biziñ günlerimizde her daşyñ aşagyndan şular ýaly "howply guramanyñ agzasy" gözlenmeýärmi näme?!

Gyzyl lentaly propoganda

1952-nji ýylyñ 3-nji sentýabry.
"Vakit" gazetiniñ habarçysy Haşim Nahit Erbil Izmirden şulary habar berdi:

“Izmir sergisi senagat we oba hojalyk harytlarymyzy ildeşlerimize görkezmek üçin gurnaldy. Çehoslowakiýanyñ kommunistik propogandasyny edýändigi üçin serginiñ garbanyşhanasy ýapyldy. Garbanyşhananyñ ýapylmagyna üç zat sebäp boldy:
1. Çehoslowakiýada ýer - ýeri işläp bejerýäniñkidir (daýhanyñkydyr)!
2. Çagalaryñ bagtly durmuşda azat we erkin ýaşamagy üçin parahatçylyk gerekdir. Döwlet býužetimiz - parahatçylyk býužetidir
3. Işçileriñ bol-elin durmuşda ýaşaýandygyny görkezýän suratlar: ullakan suratlarda işçileriñ tans edişi, iýip-içişleri we wagtlaryny hoş geçirişleri suratlandyrylýar. Aşagyndaky statistiki görkezihiler şol ýerlerde hiç hili işsiz galmandygyny añladýar.
Dört ministrimiz bu garbanyşhanany açýar we "Şowly bolsun" diýýär. Bu dört ministriñ başynda Söwda we ykdysadyýet ministri professor Muhsin Ete dagylaram bar.
Diýmek sergini gurnanlaryñ hemmesi we açylyş dabarasynda gyzyl lentany kesen professoram bulary görmänmiş! Çünki "Kommunizme garşy göreşiñ ýankitapçasy" atly eseri-de gözden geçirmändir, gözden geçiren bolsa, derhal bu zatlary garbanyşhanadan ýitirim ederdi.
Şindi bu zatlaryñ manysyny teswirläliñ:
Bu söz birinji bakyşda obalylarymyzy topalaña we öwrülşige çagyrmagy añladýar. Çünki öwrülşik (rewolýusiýa) bolmazdan ýerleri almak mümkin däl.
Karl Marks aýtmyşlaýyn, ýersizleriñ ýerli bolmagy üçin ýer zabt edip almagyna hajat ýok. Çünki hökümetimiz ýersizlere birnäçe ýyl bäri ýer paýlap gelýär. Bu bir parahatçylygy perde tutunýan bolşewikleriñ kommunistlerdir kommunizmiñ garşydaşlaryna ýuwurtdyrjak bolýan tirýeginden başga zat däl. Dünýä halklaryny bu "tirýek" bilen aldajak bolýarlar.
Ne Russiýada, ne onuñ düzümine girýän ýurtlarda işçileriñ azatlygy diýlen zat ýok, işçiler öz ukybyna görä oñarýan işlerinde däl-de, bolşewikleriñ aýdan işlerinde işledilýär, dyñkyny çykaran işçi ýa oka tutulýar, ýa-da zähmet-düzediş koloniýalaryna ugradylýar.”


"Vakit" gazetiniñ žurnalisti Haşim Nahit Erbil komminizmiñ ganym duşmanydy.
Ol döwlete kommunizme garşy hüşgär bolmagy zol-zol ýatlatdy durdy. Kommunizme garşy göreşmek üçin her tüýsli ýola ýüz urmagy dogry saýdy: "Syýasatçylar gatlagy gyzyl howpy hemişe duýup durmaýar".
Azat-edijilik urşunda türk-sowet gatnaşyklarynyñ miwesi bolan iñlisleriñ Kawkazdan çykmagyna sebäp bolandygy üçin we Sewr şertnamasyny kabul etmän, watançylyk urşuny yglan edendigi üçin Mustapa Kemala diýmedigi galmady!..
"Gyzyl lenta" howply bolýar-da, "gyzyl boýag" bolup bilmezmi?:
"Yeni Gazete" gazetiniñ žurnalisti Sabih Alaçam Üsküdaryñ kaýmakamy (arçyny) Kemal Koraý bilen Şemsipaşa kenarynda aýlanyp ýörkä bir zat ünsüni çekdi:

“Häzır aýny wagty şäheriñ ähli köçelerindäki jemgyýetçilik we beýleki binalary sary ýa-da açyk ýaşyl reñke boýalýarka, şu reñki bilen ähli stambullylary ynjalykdan gaçyran "Tekel" ammarynyñ reñki üýtgedilmelidir. Munuñ gyzyl reñki aýrylsyn.” (13.05.1952 ý.)

Behije Boranyñ DTFC-de “ekzamen kagyzlaryny gyzyl galam bilen okap, bellik etmegi” onuñ uniwersitetden kowulmagyna ýeterlik sebäp saýylypdy!
Häzir biziñ günlerimizde-de şular ýaly absurd netijeler çykarylmaýarmy näme?!.
"Yeni İstanbul" gazeti döwletiñ gözünden "gyzylyñ" sypmaýandygyny çap eden habary bilen görkezdi:

“Tomus aýlarynda Stambulda we Ankarada 75 teññeden uly ölçegli gyzyl ýaglyklar satylypdyr we beýlekilere garanda has arzan bolandygy üçin alyjysy köp bolupdyr. Bu ýaglyklaryñ ýüzüne seredeniñde, ilkibada hiç zat görünmeýär, emma ýuwulandan soñ her ýaglykda yüze golaýy orakdyr çekijiñ suduryny saýgaryp bolýar.” (11.11.1952 ý.)
Şular ýaly toslama habarlar häzir azmy näme?

Ganatly jansyzlar ele salyndy

Bu habary 1953-nji ýylyñ 4-nji fewralynda "Çiftçi" gazeti berdi:

"Iskenderunyñ içeri işler bölümi ýüze çykan iññän syrly we ezberlik bilen gurnalan jansyzlyk operasiýasynyñ derñewine başlady.
Hadysanyñ gysgaça beýany şudur: Düýn Muratpaşa obasynda birküç awçy bir hüwi ele salypdyrlar we hüwiniñ aýaklarynda kiçijik kagyz böleginiñ oralyp dañylandygyny görüpdirler. Kagyz bölekleriniñ biriniñ ýüzüne "Finlandiýa", "Helsinki" we "Mous 2001" ýazgylary bar eken.
Kagyz bölekleri içeri işler bölümi tarapyndan barlanansa, muña meñzeş ýene bir waka gaýtalanypdyr. Osman atly bir sertaraş awa çykan wagty ördek awlapdyr we awlan ördeginiñ aýagynda "Moskwa 22056" ýazgyly kagyz bölegini görüp, muny içeri işler bölümine habar beripdir."
(02.1951 ý.)

"Vatan" gazeti-de muña meñzeş habary çap

“Çeşmelide awçylar häzire çenli duş gelmedik guşuna sataşypdyrlar we dessine tüpeñläpdirler. Çalarak ýaralanan guşuñ bilinde "Moskwa 1287" ýazgyly etiketkanyñ bardygyny görüpdirler. Bu barada dessine degişli žandarma gullugyna habar berildi.” (01.08.1948 ý.)

Ynandyryjylygy artdyrmak üçin daşary ýurtlardanam käbir habarlary aralaşdyryp berdiler.
"Vatan" gazetiniñ berýän habarynda şeýle maglumat ýer aldy:

"Fransiýanyñ Kommunistik partiýasynyñ ýolbaşçylaryndan Žak Dýuklonyñ awtoulagynda iki kepderi tapyldy. Fransuz gulluklary bu iki öli kepderä sud-medisina eksertizasyny belledi. Bular hakykatdanam kepderimi ýa-da habarçy kepderimi, belli karara gelerler." (02.06.1952 ý.)

Şol döwür Konýa, Inegöl, Samsun ýaly Anadolynyñ birnäçe künjeginde “ganatly jansyzlar” ele salyndy.
Günümizde “ganatly jansyzlaryñ” ýerini kiberterrorizm almadymy näme?!

Soner ÝALÇYN.

"HÜRRIYET" gazeti, 20.03.2011 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 81 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Nurdan   [Mowzuga geç]
Blondinkalar baradaky degişmeler ýöne ýere döremändigini düşündirýär bu makala. Sagboluñ Guwanç jigim, gowy terjime üçin

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Başgalara-da şo kinony gormegi maslahat beryärin... "Sowuk uruş" dowruniñ soñlary, 1989-njy ýylyñ Berlini, Berlin diwary, jansyzlyk operasiýalary... gaty gyzykly temalar işlenipdir.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Dagy zadyñy bilemok, Guwanç )) "Gamçyly gyzyñ" temasynda düşûrilen "Взрывная блондинка" (2017) gaty gowy kino. Edil makalada aýdylyşy ýaly olarda edep, utanç-haýa diýen zat yok, tabşyrylan wezipäni ýerine yetirmek ü.n kinonyñ zenan gahrymany başga bir zenan gahrymany b.n teletinbazlyk (lezbiyankaçylyk) edip, maglumat almak u.n yakyn gatnaşyga giryän epizody hem bardy.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: