20:05
Perişdeleriñ jynsy bolup bilermi?
PERIŞDELERIÑ JYNSY BOLUP BILERMI?

Mahal-mahal daşary ýurtlara syýahat edip, belli bir wagta çenli ýurdumyzdan aýry galmaly bolýaryn.
Dolanyp gelenimde, seredip görýän welin, hemme zat giden günümdäki ýaly... Üýtgeýän zat ýok... Bulam-bujarlyk... Şo-ol öñki hammam, şo-ol öñki kersen... tellaklaram (hammamlarda erkekleriñ endamyny owup, sabynlap berýänçiler) şo-ol öñki tellaklar!
Hawa, Türkiýäniñ gündelik meseleleri aý aýlanyp, ýyl geçse-de hiç üýtgänok!
Bir pyrlampajyñ içinde aýlanyp duran ýaly bir duran ýerimizde başymyza pyrlanýarys!

* * *

Tükenmezgalam deý gutarmaýan gürrüñleriñ birem - türban (başörtgüsi, çabyt -t.b.) ...
Aslynda tükenmezgalam hem tükenýär, emma türbanly gürrüñ asla tükenenok!
Men bu türban meselesini AKP-iñem ymykly çözjek bolýanyna hiç ynanamok. Çünki, türban häkimiýet partiýasy üçin "saýlaw kozyrlarynyñ" biri.
Hut şonuñ üçinem türbanly meseläniñ çözgûdi saýlawlardan soña, ýagny 2011-nji ýylyñ soñuna goýuldy.
Döwletiñ binýady yranýar, mähnet bina jaýryk atýar, biz bolsa häzirem türbanyñ üstünde gyrlyşyp ýörüs!

* * *

557 ýyl öñ Fatih Soltan Mämmediñ Stambuly gabaw astyna alan günlerinde wizantiýalylar ýurtlaryny goramaly ýerde "perişdelerjñ jynsynyñ" üstünde jedelleşýärlermiş. "Perişdeler erkekmi ýa urkaçy?" diýip, biri-birleriniñ etini iýäýjek bolupdyrlar.
Bedibagtlar... Wizantiýa ahyrky günlerini başdan geçirýär, ýurtlary elden gidýär! Muny aklyna-oýuna getirýän ýokdy! Olar "Perişdeleriñ jynsy bolup bilermi, bilmez?" diýip, jedelleşil bolýançalar ýurtlaryny elden giderdiler. Türban dawalary maña bu taryhy wakany ýatlatdy!

* * *

Dünýäde dostumyzdan duşmanymyz köp!
Ermeniler bir tarapdan, kürtler we rumlar başga bir tarapdan gysýarlar, birnäçe ýurtda Türkiýäniñ garşysyna kararlar kabul edilýär, kanunlar çykarylýar, töweregimizdäki halka gün geçdikçe daralyp barýar, böleklenme howpy barha ulalýar, biz bolsa häzirem türbanyñ üstünde dawalaşýarys.
“Türban - azatlyk meselesifir. Aýal-gyzlar diñe ýokary okuw jaýlarynda däl, eýsem ähli bilim ojaklaryna başörtgüli sapaklara girip bilmelidir" diýip gygyrýanlaryñ sesi mazaly batlandy.
Bulam az bolýar! Käbirleri hasam öte geçip, "Elbetde bir gün ýapyk başlar, tahýalylar jemgyýetçilik edaralarynda-da işlemäge başlar" diýýär.
“Türbanly mugallym... Türbanly sudýa... Türbanly prokuror... Türbanly lukman... Türbanly ofiser... Näme üçin bolmaly däl? Näme üçin döwlet edaralarynda işleýänler türban dakynmaly däl?” diýýänlerin sany köpelýär. Hiç kim bolmaz öýtmesin! Indi ýurdumyzda bolmajak zat ýok!
Barybir wakalaryñ şeýle bolup gutarjagy bellidi. Edil penşenbäniñ gelişi ýaly...
Adamyñ iñ gymmatly baýlygy - onuñ akyl-paýhasydyr!
Goh-galmagallara syn edip "Eý, Tañrym, sen bizi bir aklymyzdan jyda düşürme!" diýip, doga-dileg edýärin.

* * *

Ýadyñyzda bolsa, raki (aragyñ bir görnüşi) barada birki sany makala ýazypdym... Makalalar aşa yñdarmadyklary görnüp duran käbir kişileriñ degnasyna degen bolarly... Birnäçesi "Seniñ dogalaryñ kabul bolmaz. Çünki günä edýärsiñ. Ony içen herkes günäkärdir, dowzahydyr!" diýip, sms ugratdylar.
Elbetde, kimiñ günäkärdigine, kimiñ jennete ýa-da dowzaha girjekdigine birküç sany sopysumaklar däl-de, Beýik Allatagala karar berer... Men Tañrynyñ adalatyna tüýs ýüregim bilen ynanýaryn.

* * *

Bir sopy bilen bir bekdaşy tötänlikde gabatlaşypdyrlar, olar bir ýerde oturyp doga-dileg edenmişler. Sopy:
- Allahym! - diýipdir. - Meni imanymdan bir mahrum etme!
Bekdaşy ellerini açyp:
- Eý, Tañrym! - diýipdir. - Meni-de rakisiz goýma!
Sopy oña alarylyp-alarylyp seredipdir-de, hüñürdäpdir:
- Bre! Bu niçiksi doga bolýar? Utanañokmy?
Bekdaşy:
- Gaharlanmasana! - diýipdir. - Nämä gaharlanýarsyñ? Herkes Alladan özünde ýok zady dileýär. Saña iman lazym, maña-da raki!

Rahmi TURAN.

"HÜRRIYET" gazeti, 01.11.2010 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 73 | Добавил: Gökböri | Теги: Rahmi Turan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: