14:41
Perişdeleriñ jynsy
PERIŞDELERIÑ JYNSY

Fatih Soltan Mämmet Konstantinopoly, ýagny Stambuly eýelemegä taýýarlyk görüp ýörkä, şäherdäki käbir ruhanylar (elbetde, hristian ruhanylary, ýalñyş düşünmäñ) "perişdeler erkekmi ýa urkaçy" diýip jedelleşýän eken. Bu hekaýag "iññän uly howp abananda, peýdasyz we gereksiz meseleleriñ üstünde jedele girýänleri" tankyt etmek üçin aýdylýar. Dogrumy, ýalñyşmy, ony bilemok. Meniñ özüme-hä toslama hekaýat ýaly bolup görünýär. Emma elmydama we hemme ýerde ýalan gep-gybatlary çyn ýaly edip jedelleşip ýörenler bar (sagat 10:00-dan soñ TW-lardaky çekişme gepleşiklerine tomaşa edip göräýiñ). Şol döwürlerde-de Wizantiýada şular ýaly birküç boş paşyrdawuk popuñ ýaşap geçen bolmagy gaty mümkin zat. Emma bu hekaýatyñ bolup geçendigi ýa geçmändigi esasy zat däl. Esasy gep - bu hekaýatyñ many-mazmunynda. Olam şu: gyssagly taýýarlyk görmeli işler durka, dogry çözgût kabul etmegine garaşylýanlar başga zatlar barada ýañrap ýörmese gowy. Eger artykmaç ýañrap ýörseler, ulama hem bolsa aýdýanlaryny äwmän we olary sylaman başlarlar.

MEZAT TEORIÝASY (AUCTION THEORY)

2020-nji ýylda ykdysadyýet ugry boýunça Nobel baýragy "mezat (auksion) teoriýasynyñ" üstünde işlän iki amerikaly professora berildi.
Geçmişde meñzeşine kän duş gelinmedik köpçûlikleýin ýokanç keseli zerarpy dünýä ykdysadyýeti çepbe-çöwrülip we munuñ aşagyndan nädip çykyljagy belli bolman durka, Şwed korollygynyñ Ylymlar akademiýasynyñ "Ykdysat Nobelini" "mezat teoriýasy" ýaly gereksiz temanyñ üstünde işlän kişilere bermegini geñirgenmek bilen garşyladylar. Menem muny "perişdeleriñ jynsy çekişmesine" meñzetfim. Herhal, 2020-nji ýylyñ Nobel baýragyny almaga hödürlenen birnäçe ylmy iş we alym bardy.
Baýragy berenleriñ neçûýn bu pikire gelendigine düşünmäge çalyşdym. Baýragyñ kime berlendigi barada aýdylanyna bir hepde geçdi. Gelen netijäm şu boldy: koronawirus ýokanjy döwründe we ýokanç geçensoñ ýöredilmegi derwaýys ykdysady we maliýe syýasaty boýunça işlän ykdysatçylar bar, emma bularyñ hiç biri-de Nobel baýragyny almaga mynasyp derejede model işläp düzmedi. Şeýle-de "wawwaly" mesele bolandygy üçin b boýunça makala ýazanlara Nobel baýragy beriläýesi ýok diýip oýlapdyrlar.

NYRH MEHANIZMI

“Erkin bazar” ykdysadyýetine serenjam berýän görünmez eliñ göz öñüne tutýan zady - nyrh mehanizmidir.
Nyrhlaryñ
Fiyatların “çeşme bölünşiginiñ optimizasiýasyny” (ýagny, girdejiniñ artyşynyñ maksimizasiýasy) geçirip bilmek üçin "nyrh mehanizmi" göwnejaý işlemelidir. Mälim nyrh teoriýasy "bazar nyrhy" diýilýän nyrhyñ dogry ýerde durmagy üçin gerekli şertleri şeýle sanaýar:

1. Bazarda “köp alyjy-köp satyjy” bolmaly;
2. Monopoliýa ýa-da kartel bolmaly däl;
3. Bazara girip-çykyşlar erkin bolmaly;
4. Maglumatlar elýetlerli we bäsdeşlik adyl bolmaly.
Emma bu sanalýan şertler hemme pudakda ýöräp duranok. Çünki ykdysadyýetde birnäçe pudakda tebigy, kanuny ýa-da tehnologiki taýdan monopoliýalaşmak gutulgysyzdyr.
Bir şäherde on sany howa menziliniñ geregi ýok. "Howa ýollary şereketleri uçarlaryny petekleriñ we iniş rugsatnamasynyñ nyrhyny iñ arzan nyrhda işledýän howa menziline gondursyn" diýip bolmaýar. Derman önümçiliginde, energetikada, tebigy gaz we agyz suwy paýlanşygynda, jemgyýetçilik ulag serişdelerindw, radio we TW tolkunlarynyñ bölünşiginde monopoliýalaşma gutulgysyzdyr. Bu pudaklarda nyrh döwletiñ kesgitlän auksionlary bilen ýöreýär.
2020-nji ýylyñ Nobel baýragyny alanlar "ýeñillikli tenderleri nähili ýerine ýetirseñ, nyrhlar satyjy üçinem, alyjy üçinem, jemgyýet üçinem iñ dogry ýerde bolar" diýen temanyñ üstünde işląpdirler we çözgüdiñ modelini kämilleşdiripdirler. Ýagny, "perişdeleriñ jynsy" bilen känbir gyzyklanyp durmandyrlar.

Soñky söz: Bazarda gören her nyrhyñ bazaryñ nyrhy däldir.

Ege JANSEN.

"SÖZCÜ" gazeti, 22.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Maliýe we ykdysadyýet | Просмотров: 94 | Добавил: Gökböri | Теги: Ege Jansen | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 3
0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ol: "Bazaryň öz-özüni düzgünleşdirmegi" diýilýän düşünje bolsa, edil Kampanellanyň "Gün şäheri", Tomas Moruň "Utopiýasy" ýaly bir zat.
Hany, haýsy ýurtda bazar öz-özüni düzgünleşdirýär?
"Bazar" diýilýän zat, ol mehaniki enjam ýa-da kompýuter däl, oňa haýsydyr bir algoritmi salanyňdan soň, şol algoritmiň çäginden çykyp bilmän, tä döwülýänçä hereket edip durar ýaly.
Bazar - bu ilkinji nobatda, birtopar şahsyýetleriň arasynda emele gelýän we üznüksiz üýtgäp duran gatnaşyklar. Ol gatnaşyklaryň subýektleriniň her haýsynyň kellesinde-de müň hyýal bar. Iň aňrybaşy matematiki hasaplamalara-da adam faktoryny goşsaň, şol deňlemäniň çözülmegi düýbünden bolmajak zada öwrülýär.

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ynsan aňynyň döreden gaýry sosial taglymatlary ýaly, bu nazaryýetem ilkinji nobatda adamlaryň aglaba köp böleginiň, şol ulgam zerur derejede kadaly hereket etmegi üçin ýeterlik "düşünjeli" bolmagyny talap edýär. Adamlar zerur derejede düşünjeli bolan ýagdaýynda bolsa, ol-a "erkin bazar gatnaşyklary" ulgamy ekeni, Zeminde uçmahy bina edip bolýar. Has aňyrraklara seredilende bolsa, eger-de ilkinji adam - Adam alaýhsalam ýeterlik derejede "düşünjeli" bolup, etmeli däl zady etmän, behiştde gadagan edilen miwäni - mekru almasyny (türkmenlerde "bugdaý" diýilýär) iýmedik bolsa, onda ol Jennetdenem kowulmazdy, How ene ikisiniň perzentleriniň hemmesem behiştde ýaşardy.

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
Korrupsiýa, ynsapsyz bäsdeşlik, gizlin hem agressiw reklama, administratiw tarapgöýlük ýaly negatiw faktorlaryň täsiri ýetmezdenem, jemgyýetiň ykdysady zerurlyklaryndan hem mümkinçiliklerinden gelip çykýan "tebigy" monopoliýanyň gutulgysyzlygy, eýýäm "erkin bazar gatnaşyklary" ulgamynyň çaýkanmasyz ýaşaýyşa ukyplylygynyň köküne palta urýar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: