12:28
Dümew sanjymy
DÜMEW SANJYMY

Düwew möwsümi ýetip geldi.
Düwewiñ sanjymy (waksinasy, priwywkasy) bolsa ýok.
Koronawurusa ýoluksak, ölme ähtimallygymyz bar, korona keseline dümew bilen bile ýoluksag-a, iş pyrryk - ölme ähtimallygymy iki esse artýar.
Aýratynam howply topara degişli edilen adamlar üçin abanýan howp hasam ulalýar.
Şol sebäpli, dünýäniñ akylly-başly we näme etmelidiginu bilýän ýurtlary ýylda sarp edilýänindenem iki esse köp dümew waksinasyny satyn alyp goýdy. Meselem, Türkiýe bilen ilaty deñ derejedäki Germaniýa 26 million kapsula waksinany taýýarlap goýdy.
Bize bolsa azyndan 20 million kapsula gerek.
On million alsalaram razy bolmaly bolduk.
Emma bary-ýogy 1 million 350 müñ kapsula aldylar. Onuñam diñe 800 müñi geldi
Ýagdaýdan bolsa howatyrlanmaýan ýok...
Gadyrdan ýolbaşçylarymyzam "korona waksinasyny oýlap tapdyk" diýip gygyryşýarlar.
Elimizde şunça biotehnologiýa enjamlary bar, näme ücin dümewiñ waksinasyny öndürip bilemzokka?
Ýeri, öndürmekdenem geçdik, näme üçin ýeterlik mukdarda satyn alyp bilemzok?
Lentany biraz yza saralyñ, ýakyn geçmişi ýada salalyñ...
2009-njy ýylda "doñuz dümewi" bardy.
Saglygy goraýyş ministri Rejep Akdag "doñyz dümewi ýokanjy ymgyr uly möçberlere ýetdi, Türkiýede 21 million adama ýokuşar, sanjym işleri geçirilmese, azyndan 5 müñ adam ýogalar" diýdi.
Şol wagt ilatymyz 72 milliondy.
43 million kapsula waksina satyn alyndy.
Nüfusumuz o tarihte 72 milyondu.
Termal kameralar oturdyldy.
Çünki, Meksikada başlap, ABŞ-dan Ýewropa ýaýran "doñuz dümewi" gyzgynlygy aşa ýokary galdyrýardy, dümewe ýolugan ýolagçylary anyklamak maksady bilen Stambulyn we Ankaranyñ howa menzillerine termal kameralar oturdyldy.
Dokuz million daşary ýurtly turistiñ gelen Antalýa howa menziline bolsa termal kamera oturtmagy ýatlaryna düşürmediler, gynansak-da, "doñuz dümewinde" ilkinji pidamyzy Ankarada berdik.
Ilkinji ölüm uly howsalany özi bilen getirdi. Nezlä (prostuda) ýolugyp, burny akýan, organizminde ýeñilräk tapsyzlyk duýýan raýatlar "waý, dat, öldüm" diýip, hassahanalara eñdi.
Hemme meselede bolşumyz ýaly, waksina meselesinde-de ikä bölündik.
Lukmanlaryñ ýarysy "hökman sanjym etdirmegi" maslahat berýär, beýleki ýarysy bolsa hökmanlygy ýok hasaplaýardy, halkyñ pikiri bulam-bujar ýagdaýdady, näme etjeklerini bilenokdylar.
Şol wagtlar hormatly halypam, kärdeşim Ugur Dündar bilen bile "Star Haber" gepleşiginde işleýärdik, ylmy geñeş diýen zat ýokdy, ABŞ-dan göni ýaýlymda gepleşik berdik, bu ugur boýunça iñ tanymal alymymyz hökmünde-de professor Mehmet Özi ekrana çykardyk.

Ol “men sanjym etdirdim, aýalym etdirmedi” diýdi. Meseläni "ne çiş köýsün, ne kebap" etdi oturyberdi.
Pikirler mazaly bulaşdy.
Saglygy goraýyş ministri ýangynyñ üstüne eli kesewili gitmäge dowam edýärdi. Ol "bäş aýlap hiç kim bilen ogşaşmañ, elleşmäñ" diýýärdi.
Bu çykyşlar sebäpli dümewden has beter gorky-howsala, was-wasy ýokanjy ýaýraýardy.
Halk görgüli çagalaryny mekdebe ugratman başlady.
Bilim ministrligi Türkiýedäki ähli okuw jaýlaryny dezinfeksiýa etmek üçin okuwa dört günläp arakesme berdi, ölçerip-biçip meseläni islän nokatlaryna getirdiler, bir okda iki towşan urdular, 29-njy okýabrda geçirilýän köpçülikleýin medeni çäreleri ýatyrdylar!
Öñki saglygy goraýyş ministri MHP-niñ halk deputaty Osman Durmuş orta çykyp, AKP-niñ saglygy goraýyş ministrini geplemez ýaly etdi.
Satyn alynan waksinalarda “adjuvant” diýilýän maddanyñ bardygyny, bu maddanyñ ölüm howply täsirleriniñ bolup biljekdigini aýtdy, "türk halkynyñ kobaý (deñiz jojugy) ýaly ulanylýandygyny, pes hilli waksina edilýändigini" aýtdy.
Hakykatdanam şeýle ýalydy...
ABŞ-nyñ Federal derman önümçilik edarasy ABŞ-da öndürilen "doñuz dümewine" garşy waksinalarda agzalýan maddany goşmaga hiç hili rugsat berenokdy.
Türkiýäniñ Fransiýadan satyn alýan waksinalarynda bolsa şol madda bardy.
Göwreli zenanlara we çagalara abanýan uly howpdan söz açylýardy.
Bularam az bolýan ýaly, dinçi metbugatam "zart" etdi-de, bolmajak gepini orta atdy: "doñuz dümewine garşy waksinalarda doñuz kletçatkalarynyñ bardygyny" öñe sürdi.
Bazar mazaly bulaşdy.
Din işleri ministrliginiñ telefonlaryna sorag barsy ýagdy: “Sanjym etdirmek jaýyzmy?” diýip soraýardylar. Şol bulaşyklygyñ arasynda saglygy goraýyş ministri-de sanjym etdirdi. "Prezidentdir premýer-ministriñem sanjym etdirjekdigini" aýtdy. Çylşyrymly ýagdaý döredi.
"Asyryñ lideri" şol wagtlar premýer-ministrdi, gahary geldi, saglygy goraýyş ministrine çagasyna käýeýän ýaly käýedi: "Men sanjym etdirmegi pikirime-de getiremok, bu iş mejbury ýagdaýda bolmaz, hiç kimi mejbur edip bilmersiñ, menden bihabar meniñ adymy beripsiñ, derrew sözleriñi düzet!" diýdi!
"Asyryñ liderinden" almytyny alan saglygy goraýyş ministri tut iýen bilbile döndi, dagy-duwara waksina sözüni agzyna almady.
"Asyryñ lideri" žurnalistler bilenem gürleşdi.
"Sanjym etdirjek diýemde, soñky sözümi aýtmandym, özümçe gyzyklandym, maşgala agzalarymam sanjym etdirmekçi däl" diýdi.
Waksina gürrüñine soñky nokat goýuldy...
Ýallakçy we heýjanelekçi metbugat serişdeleri "doñuz dümewi" baradaky habarlaryny şarpa kesdi.
Şol güne çenli her gün gazetleriñ birinji sahypasyny eýelän habar, şol minutdan başlap gazetiñ gyra çüñkünde-de ýer almady.
Şol minutdan başlap "doñuz dümewinden" ýogalanlara "dümewden däl, pnewmoniýadan öldi" diýdiler.
Ölenleriñ haýsy şäherlerde ölendigini ýazmagam gadagan edildi.
"Asyryñ lideriniñ" özüni goramak üçin “ehinaseýadan demlenen çaý” içýändigini ýazdylar.
Millet ehinaseýa (kirpi oty) çaýyny almaga eñdi.
Bularyñ hemmesi gowy zat welin...
Bu waksinalar satyn alynanda, gadyrdan hökümetimiziñ akyly nirededi?
"Asyryñ lideriniñ" jany jan-da, halkyñ jany baklajanmy?
Bu möhüm soraglaryñ jogaby tapmaça bolup galdy.
AKP-niñ beýleki ähli skandalary ýaly halynyñ astyna bukuldy.
Bary-ýogy dört million adam sanjym etdirdi. Agramyna agram gyzyl pul töläp alan millionlarça waksinamyz bolsa zibilden çykdy.
Sadece dört milyon kişi aşı oldu.
Ilatymyz 72 milliondy, 43 million kapsula satyn alynypdy.
Häzir ilatymyz 82 milliona ýetdi. Zordan 800 müñ kapsula satyn aldylar.
Ýagdaý şeýlekä, häzirem...
“Näme üçin ýeterlik mukdarda dümew waksinasy alynmady” diýip soralýar.
Jan gardaşym... dümew sanjymyny etdirip-etdirmejegiñi sen has gowy bilýäñmi, ýa "asyryñ lideri"?
Tudana mürepbesini iýiñ, ehinaseýa otundan demlenen çaý içiñ, sesiñizi-de kesiñ!

Ýylmaz ÖZDIL.

"SÖZCÜ" gazeti, 24.10.2020 ý.
Категория: Medisina | Просмотров: 85 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýylmaz Özdil | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Señkem dogry.. elime 50 manat düşse ors bazara baryp, kone kitap satylyan yerden ozumde yok kitaplary dorjelap bir kitap alanymy gowy goryan, edil çipsi alyp iymesemem.. ))

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bizem-ä yene dümewledik öýdýän, geçen iýunda öldüm-öldümde sypansoñ, azyndan bir ýyla çenli, iñ bolmanda gyşa çenli dümew golaýyma gelmez öýdýädim... sad
Iki-üç gün bokurdagymy ýapdy, bugün durman burnum akýar smile
Assa ýuwaşdan daşyma geçjek öýdýän, peläket ))

0
3 Arzyman   [Mowzuga geç]
Senem öz saglygyňa seretmek babatda şo aýdýan düňlelerimiň hataryna degişli dry

0
1 Arzyman   [Mowzuga geç]
Bärde-hä dümew waksinasy ite ýal ýaly. Göwrelilere, inwalidlere, pensionerlere, çagalara-ha mugut goýberilýär. Beýlekilerem sanepidstansiýalardan tölegli alyp bilýäler weli, biziňkiler mert bolansoň, dümew ýaljak zady keselem hasap edenoklar-da. Öňüni almag-a beýlede dursun, ötüşip, tä ýanlary ýere deginçä pisindem berenoklar. Waksina berjek 50 manatlaryna iki çipsi bilen bir kola alanlary gowy. Ine, aslynda hakyky «özüňe kast etmek» şü.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: