08:10
Bäbek gandary
BÄBEK GANDARY

SSSR 1989-njy ýylda çagşamaga başlady. Sowet döwründe özygtyýarly bolanam bolsalar, garaşsyz bolup bilmedik Azerbaýjan we Ermenistan döwletleri garaşsyzlygyny yglan etdiler.
Sowet döwründe ermeniler we azeriler birnäçe ýerde birek-birek bilen garym-gatym bolup ýaşaýardylar. Azerbaýjanda ermenileriñ, Ermenistanda-da azerileriñ köpçülikleýin ýaşaýan raýonlary bardy. Şolar ýaly derejede garym-gatym bolup ýaşadylar: 1989-njy ýylda Bakuda 180 müñ ermeni ýaşaýan eken. Sowet soýuzynyñ dargamagy bilen birlikde bu "köpmilletli" düzgün bozuldy. Etniki arassalaýyş çärelerini geçirdiler. Elbetde, ýer dawalary ýüze çykdy. Ermenistan Garabagy Russiýanyñ “beýtme” diýendigine garamazdan, 1989-njy ýylda okkupirledi. Munuñ bilenem çäklenmedi, Azerbaýjanyñ ýerleriniñ bir bölegini basyp aldy. BMG-nyñ "okkupasiýany bes ediñ, basyp alan ýerleriñizi Azerbaýjana gaýdyp beriñ" çagyryşyna garamazdan, basybalyjylykly syýasatyny häzire çenli dowam etdirdi. Geçen otuz ýylda nebit tütjary we 10 million ilatly Azerbaýjan Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirdi. Basylyp alnan ýerlerini gaýdyp almak üçin 3 million ilatly Ermenistana garşy harby hereket başlatdy. Ýerleriniñ bir bölegini eýýämden yzyna gaýdyp almagy başardy.

ÝARAŞYK DUŞMAN BILEN BAGLAŞYLÝAR

Ysraýylly syýasatçy Şimon Peres jöhitler bilen palestinaly araplaryñ ýaraşygyny isleýärdi. Ysraýylyñ içindäki Peresiñ garşydaşlary ony "Duşman bilen ýaraşyk baglaşmaga synanyşmakda" aýypladylar. Peres "Ýaraşyk - dost bilen däl-de, duşman bilen baglaşylýar" (You make peace with your enemy, not with your friends) diýip, taryha geçen sözleri bilen jogap berdi. Her bir uruş hernäçe uzak dowam etse-de, soñy ýaraşyk bilen gutarýar. Ýaraşyk - deñme-deñ tamamlandygy manysyny añlatmaýar. Ha içerki uruş bolsun, ha daşarky uruş, her bir urşuñ hökman bir ýeñijisi, birem ýeñileni bolýar. Emma ahyrynda taraplar haýsy bolanda-da, bilelikde agzybir ýaşaşmagy makul bilýärler. Hatda käbir ezeli basdaşlar Fransiýa bilen Germaniýa ýaly el-ele berip, Ýewropa bileleşigi ýaly bileleşigem gurup bilýärler. Uruş hernäçe esasly bolsa bolsun, netijesi erbetdir. "Uruşda başa-baş garpyşyk bolmaýar, başly-barat çaknyşyklar bolýar". Bu çaknyşyklarda atylan bombalar bolsa, isleseñ-islemeseñ bäbekleriñem ganyna galyp bilýär. Hiç bir tarap garşydaş tarapa "bäbek gandary" diýip bilmez. Çünki, bu gutulgysyzdyr. Uruş - stadionyñ içinde esgerleriñ oýnaýan, ýönekeý ilatyñam tribunalardan tomaşa edýän harby oýuny däldir. Uruşda wepat bolýan esgerlerem adam, olaram bir enäniñ we atanyñ göz guwanjy, balasy. Diñe ýönekeý ilat däl.

ÖJÜKDIRIJI JÜMLELERDEN GAÇA DURMAK GEREK

Uruş - ýaşaýşyñ bir bölegidir. Dünýä döräli bäri adamlar urşup-çapyşyp gelýärler. Dünýä döräli bäri adamlar ýaraşyp gelýärler. Urşañda ýaraşygy, ýaraşañda-da uruşy ýatdan çykarmaly däl. Azerbaýjanda türki gandan gelýän adamlar ýaşaýar. Eýranyñ ilatynyñ agramly bölegi-de asly türki şejereden gelýär. Gepiñ keltesi, hemmämiz bir bitewi türki halk. Olar biziñ ganybir doganlarymyzdyr. Emma ermenilerem bize ýat millet däl, olaram biziñ jana-jan garyndaşlarymyzdyr. Aramyza pitne-pesat sokulýança, müñ ýyldan gowrak wagt bu topraklarda bilelikde ýaşadyk.
Azerbaýjan-Ermenistan urşy döwründe habar beriş serişdelerimizde çykan "Bäbek gandary - ermeniler" rubrikasy meni diýseñ ynjalykdan gaçyrdy. Bu aýyplama jümlesi mundan öñem ulanylanda-da geñirgenipdim. Bu şekilde aýyplanan kişiler bilen hut AKP hökümetiniñ özi ýaraşyk gepleşiklerini geçirdi. Ýüzbe-ýüz geldiler. Gynansak-da, bu oñlanylmaly proses PKK tarapyndan bulaşdyrylandygy zerarly şowuna bolmady. Ýönr belli bir derejede ýaraşyk üçinem oñaýly şertler döredi. Hernä, "bäbek gandary" sözü-de ýitdi. Enşalla, ermeniler we azerilerem gysga wagtyñ dowamynda ýaraşarlar.

Jemleýji söz: Öldür, ýöne kemsitme!

Ege JANSEN.

"SÖZCÜ" gazeti, 23.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
Категория: Publisistika | Просмотров: 190 | Добавил: Gökböri | Теги: Ege Jansen | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 22
0
22 turkmentug   [Mowzuga geç]
Arada ,şuňa meňzeşiräk bir temada araplar hakynda ýazylanlar ýadyma düşdi .Araplary ýepbekleýärdiler .bedewi,5 teňňä gymmat, pylan pysmydan ... men onam goldamok ,ermeni ýa da owgan ,ors ... hiç milleti kemsitmegem goldamok .ýalňyşmasam,şolam sözçi gazetindendi öýdýän :-)

0
21 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Has aga ýüregiňä gysdyranoklar öz-ä smile .

0
20 syrlywakalar   [Mowzuga geç]
Ermeniler hiç wagtam öwer ýaly millet däldi, diñe töhmetçil milletdir. Ony şuwagtam görip bilýäris. Halky şuwagt basybalyjydygyny bilsede, çagalaryñ üstüne bomba atanyny bilsede olary ýigrenýär, her ýerde olary kiçi düşürjek bolýalar. Halk hökümet eýle beýle diýmegiñ geregi ýok. Ermenileriñ ganynda bar olar ýaly zat. Taryhy okamagy hem maslahat berýän size...Bilersiñiz Ermenileriñ nähilidigini. Özim milletparazçy däl ýöne dogry şu. Özem kommunist döwlet diýip zat ýokdyr hemme ýerdede bar milletparazçylar, ýöne hakykady boýun almak gerek

0
15 Nurdan   [Mowzuga geç]
Her millet nirede ýaşasa-da barybir onuñ asly-edähedi ganynda aýlanýandygyna-da olar bilen bile işleşip ýa-da goñşy bolup ýaşamaklygam hüý-häsiýetleri, hereketleri, gylyklary babatynda-da taryhy ýazgylardan bir zat okabam şol tanyşlaryñyñ häsiýetleiniñ aslyny ýitirmän, nähili sypaýysireselerem şol bir asly häsiýetleriniñ gabat gelip "behhh ermeni-da" ýa-da "behhh azeri-da" diýdirip bilişlerine-de şaýat bolupdym birnäçe gezek.. iki milletiñem
"Öñ akan ýerinden akarmyş aryk" diýilşi ýaly azeri gardaşlarmyz-a entek-mentek gowşagyrak bolsañ eliñdäki şahsy emlägiñem öz adyna geçirip biljek derejedäki süwümsizräk halk, ermeniler bolsa öz bähbidini gazanmak üçin "başlyk" görse arkalanyp, "başlygyñ" yzynda ylgaşlap adam satmak meýilli hiç bir ýamanlykdan gaýtmajak häsiýetleri ganyna siñen, halkdygyny subut edip biljekler nirede bolsalaram, haýsy künjekde ýaşasalaram.. elbetde her milletiñem gowusam bardyr erbedem.. Biziñ paýymyza bolsa dünýäñ ýüzi abat bolsun, adamzat kowmy abadan, agzybir bolup ylalaşyp ýaşasynlar diýip ýagşy umytda, niýetde bolmaklyk düşýär.

0
14 Nurdan   [Mowzuga geç]
Azeriler bilen ermenileriñ çözülişip bilmezlikleriniñ sebäbini seljerme niýetim ýogam welin ýanymda işleýän ermeni gyzyñ gürrüñ bermegine görä Ermenistan gaty garyp hem içgysgynç ýurt bolmaly. Aşgabatly ermeni gyz. Biziñ şäherimizde Karen diýen ermen oglana durmuşa çykan. Onuñ aýtmagyna görä 2017-de Ermenistana giden wagty Türkmenistany başynyñ täjine deñesede az görünendigi, bahymyrak Türkmenistana ýetip bilse gaýdyp hiç wagt Ermenistana dolanyp barmajakdygy hakyndaky duýgyny oýaryp bilen pursatlar, gaýdyp Türkmenistana gelip Aşgabat aeraportynda düşen badyna türkmen topragyny eline alyp, biygtyýar aglap, Türkmenistan ýaly mähriban ýurduñ ýokdugyny, türkmenler ýaly pespäl milletiñ arasynda ýaşaýandygy üçin ýüz müñ kerem ykbalyndan razydygyny gaýtalamaga mejbur eden duýgy nämäniñ añlatmasydygyna düşündigiñçe öz aslyña-da, şu günki günüñe-de şüküriñ hem söýgüñ hasam artýar gursagyñda.

0
13 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Ermeniler, ermeniler..." diyip gygyryan, ermenilere garşy öjûkdiriji jûmleleri ulanyan islendik tûrk ya azerbayjan žurnalisti Hrant Dinkden öte watanperwer, öte adamkärçilikli daldir...

0
12 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ynsan bolan ynsanyñ öñ hatarda durýandygy, ynsanyñ ynsanperwerliginiñ onuñ milletin b.n hiç hili dahylynyñ yokdugyna Hrant Dink diyen ermeni iñ gowy mysaldyr...

0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@syrlywakalar, başgalar erbet diyp, biz hem erbet bolmaga borçly däl, haklykañ haksyz yagdaya düşmek biziñkilere gelşiksiz bor...
ol diyyanleriñem nädogry propogandanyñ pidalary... olarda günä yok.

0
9 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Arada azerbaýjan habar kanallaryna seredip durkam şu makalanyñ awtoryny ynjalykdan gaçyran hususlara meniñem gözüm ildi we menem şol habaryñ berliş biçüwini nädogry hasapladym...
Habarda ermeni esgerleriniñ gorkak, züwwetdigi aydylýar, aydylyşyna görä, harby awtoulag sûryan esgerleriñ daşyndan awtoulagyñ gapysyny gulplayan ekenler (çykyp gaçmaz yaly), ellerini-de ulagyñ ruluna gandallap goyyan ekenler...
Azeri habar beriş serişdeleri muny ermeni tarapy öjükdiriji şekilde beryar, munuñ tersine azeri gardaşlar bigüna halkyñ hiç wagt biri birine duşman bolmayandygyny, bar belanyñ körûginiñ Russiya, ABŞ yaly yurtlaryñ hokumetine syrtyny direyän ermeni hökümetindedigini we olaryñ yaş yigitleri yurt basyp almagyñ hatyrasyna ölüme, okuñ öñüne süryandigini has tasirli şekillerde görkezip bilerdiler...

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
*hat

0
7 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
*Aleksandr

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Beyik Watançylyk urşy ýyllarynda frontda gulluk edip yoren beyik yazyjy Aleksande Solženisyn Staline urşy bes etmegiñ ýollaryny salgy berip, eger-de uruş wagtynda bes edilmese urşuñ soñunda wepat boljak ahli adamlar ü.n Gitler b.n den derejede onuñam günäkär boljagyny we nesilleriñ muny näletläp yatlajagyny yazyp har ugradypdyr...
Solženisyna gulak asan bolmady, gaytam ony sürgün etdiler, katorgadan çykardylar..

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Eýran, Hywa, Buhara basybalyjylarynyñ günäsi-de az daldir welin, şol dowurleriñ şolar yaly gapma-garşylykly bolmagynda biziñ käbir han-beglerimiziñem gûnasi az bolan daldir. "Şükür bagşy" kinofilminde ar-namysy bahanalap, alamançylyga gitjek bolýan serdaryñ obrazy muña iñ gowy mysal..
Ýa-da uruşy halklar däl-de, az sanly toparlar döredyandigini, şol az sanly toparlaryñ bahbidi ü.nem garamayaklaryñ ozara gyrlyşmaly bolyandygynyñ yene bir gowy mysaly "Magtymguly" kinofilimde gowy suratlandyrylýar... Ýadyñyzda bolsa, Magtymgulynyñ obasyna çozan gyzylbaş alamançy türkmene gyrnak bolup gelen uýasy yzyndan "menem alyp git..." diyip gygyranda, "men neylaýin..." diyip hyrçynyny dişläp durandyr...

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Türkmen halkynyñ 110 ýyllyk rus baknalygynyñ sebäplerini belkäm, Gökdepe, Gazawat gyrgynçylyklaryndan däl-de, has öñräklerden: şol söweşlerden, hatda ondanam has añyrraklardan: ýedi-sekiz asyryñ bidöwletliginden, agzalalykdan, urha-urlukdyr çapha-çaplykdan, alamançylyklardan, soñky XVII-XIIX asyrlaeda hasam möwjän tire-taýpa oñşuksyzlygyndan gözlemelidir...

0
16 Nurdan   [Mowzuga geç]
Her milletiñ özüne ýetik beýik ýerem pes ýerem bolandyr. Türkmeniñ iñ pes gelen, asyrlañ dowamynda utulan ýerleri, ýitiren ýitgileri öz aralaryndaky tire-taýpa ýaly bölünişikleri, bir millet bolup bilmän eden agzalalyklary bolsa gerek.

0
17 Dunya   [Mowzuga geç]
Nämüçin türkmen türkmeni kemsitýä, hemmämiziň aslymyz bir dälmi näme?

0
19 syrlywakalar   [Mowzuga geç]
Biz agzybir millet dal bolany so

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Uruş ýowuz zat, köpçülikleýin halk tragediýasy, jemgyýetçilik we ahlak katastrofasy, abyrsyz uly heläkçilik... we ol hiç bir halka-da bähbit getirmeýär, hatda ýeñiji tarapa-da...
Mysal: XIX asyryñ Garrygala, Sarahs, Mary söweşleri bolmadyk bolanlygynda, şol söweşleriñ döreden maddy we ruhy weýrançylygy bolmadyk bolanlygynda, şol ganly ýeñişleriñ yzysüre gelen Russiýa imperiýasynyñ goşunlaryna türkmenler añsat-añsat ýeñ berermidiler?

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ermenistan hökümetiniñ basybalyjykly agressiw syýasat ýöredyandigi dogry. Emma munuñ ermeni halky b.n baglanyşdyrjak bolmak hem yalñyş...

0
10 syrlywakalar   [Mowzuga geç]
Halky bn baglanyşdyrmak bolmazmy ? Halky na Azerbeyjanlary Turkleri halayandyr oytyanmi ? Gayta Azerbeyjanyn basylyp alynmasyny isleyarler

0
18 Nurdan   [Mowzuga geç]
Döwlet eýeleri,Häkimiýeti bilen halky gatyşdyrylmasa ýagşy. Käbir döwlet ýolbaşçylarynyñ ýörelgeleri, oñuşyksyzlyklary netijesinde kösenýän, horlanýan bigünä halk bolupdyr köplenç.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Gundagdaky bäbegini aldyran ene atalaryñ ýangynyna düşünse bolar welin, dogrudanam, haýsydyr bir döwlet muny syýasat derejesine çykaryp, özüni hakly görkezjek bolmasy düybünden yalñyş...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: