23:56
Nostalgiýa göknary

NOSTALGIÝA GÖKNARY

Baryp-ha 1450-1850-nji ýyllar aralygynda şweýsariýaly hakyna tutma esgerler giñden meşhur bolupdyr.
Şweýsar oba-kentlerinden toplanyp, urşujy edip ýetişdirilýän ýaş ýigitler ilki Fransiýadyr Ispaniýada we beýleki Ýewropa ýurtlarynda kireýne gulluk edipdirler...
Wagtyñ geçmegi bilen şweýsariýaly esgerleriñ saglygynda meseleler ýüze çykyp başlaýar. Näsaglan esgerlerde özüñden gitme, gyzgynlyk, sabyr-takatsyzlyk, aşgazan agyrysy ýaly alamatlar bardy...
Sebäbi anyklanmadyk bu hassalyga "şweýsar keseli" diýip at goýuldy.
Gutarnykly diagnozy 1688-nji ýylda Bazelde Ýohannes Hofer goýdy:
Esgerler hususanam zol-zol gulaklaryna ilýän çyrlawugyñ sesinden tebil tapýardylar. Diñe bulam däl: meselem, şweýsariýaly esgerler “Kuhreihen” atly ýerli halk aýdymlaryny aýdanlarynda-da ruhy taýdan sarsgyna uçraýardylar!
Näsaglyga sebäp bolýan zada “Schweizerheimweh” diýildi, ýagny - "şweýsar watan telwasy!"
Şweýsariýanyñ Alp daglarynyñ eteklerindäki sonarlyklarda çyrlawuk sesleridir halk aýdymlary bilen ulalan esgerler dogduk depelerinden uzaklarda muña meñzeş sesleri eşdenlerinde psihologik taýdan täsirlenmä düşýärdiler…
Netijede, bu ruhy kesele ýörite at goýuldy: Nostalgiýa...
Nostalgiýa - (nostalgia), latyn dilinde “nostos”, (öýe-dogduk depä dolanma ýaly manyda), “algia” - (zar, hasrat, telwas, küýseg ýaly manylarda) sözleriniñ birikmeginden emele geldi...
Hawa, nostalgiýa sözi adamzat leksikonyna - medisina terminologiýasyna psihiki näsaglygyñ bir görnüşi bolup girdi.
Nostalgiýanyñ biziñ dilimize geçen manysy bolsa - geçmişde galan gözelliklere bolan küýseg duýgusy we bu duýgynyñ basalykly ýagdaýa öwrülmegi, geçmişsöýüjiligi añladýar...
Žan-Žak Russo 1767-nji ýylda ýazan “Dictionnaire de Musique” ("Saz sözlügi") kitabynda şweýsariýaly hakyna tutma esgerlere halk aýdymlaryny aýtmazlyklary üçin olara berk temmi çärelerini ulanyp, gözleriniñ odunyñ alynandygyny ýazdy...
Sözüme şunuñ ýaly bir mysal bilen başlamagymyñ bir sebäbi bar, gürrüñsiz.

HASSALYKLY ÝARAG

Nostalgiýa esasanam ýakymsyz duýgularyñ döremegi bilen hasam örç alýar…
Nostalgiýa özüñe erk edip bilmezlik duýgularyndan gelip çykýar...
Nostalgiýa - hakykatlardan gaçmagy üpjün edýän goranyş mehanizmidir...
Nostalgiýa - agyr-stresli wagtlaryñ gözlenýän zadydyr...
Nostalgiýa - arkasyna kynçylyklar hopba bolan adamyñ men-menlik duýgusyny we durmuşdaky agramyny artdyrmagyñ hemaýatçysydyr...
Adam kynçylyklara garşy göreşmek, ruhy ahwalyny gowulandyrmak üçin nostalgiýanyñ syýyndan ýapyşýar (Nostalgiýa aýdymlary has köp diñleýär, nostalgiýa kitaplary has köp okaýar, nostalgiýa kinofilmlere has köp tomaşa edýär).
Geçmişde, taryhyñ dürli döwürlerinde bolup geçen, şahslaryñ öz başyndan geçirmedik, emma gürrüñ berilýän zatlardan eşiden wakalary näme üçin enaýylap ýatlaýandyklary, näme üçin şol döwürlere degişli maglumatlara aýratyn üns berýändikleri psiholog alymlaryñ hemişe diýen ýaly ünsüni çekip geldi...
Mysal üçin… professor Kleý Rautlej belli bir maksatlar üçin ideallaşdyrylan-çeperleşdirilen geçmiş pikirine ýüzlenip, nostalgiýanyñ syýasy propoganda serişdesi hökmünde ulanylýandygyny aýtdy...
Kleý Rautlej ýurdumyzda her gün diýen ýaly bolup geçýän propoganda-demagogiýa metodyna degip geçýär!
Häkimiýet kynçylykly meseleleriñ astyndan çykyp bilmän, nostalgiýany syýasatyn serişdesine öwürdi we häzirem şeýtmegine dowam edýär. Aýdaly, goý "edibersin" diýeliñ! Emma şahslaryñ we gatlaklaryñ düşünjelerine, özüni alyp baryşlaryna täsir etmek üçin has beterini edýär:
Nostalgiýasyna "serişde" tapmak üçin taryhy täzeden şekillendirýär, çeper fantaziýa bilen real hakykatyñ arasyndaky çägi hemişe diýen ýaly düşnüksizleşdirmäge jan edýär. Meselem:
“Lozan - biabraýçylykdyr” diýmeleri munuñ tipiki mysalydyr…
“Soltan Abdylhamyt II - deñsiz-taýsyz patyşady" diýmeleri munuñ tipiki mysalydyr... Sözüñ paroly şu:
“Şu günki gün başdan geçirýän meselelerimiziñ düýp çeşmesi - Lozan şertnamasy!”
“Osmanly döwleti dowam eden bolsady - häzie dünýä döwleti bolardyk!”
AKP garyplykdan, ýetde-gütdelikden, güýçsüzlikden bizar-peteñi çykan argyn halka we krizisleriñ astyndan çykyp bilmeýän öz häkimiýet toparyna “nostalgiýa göknaryny” berýär…

MESELÄNI ÇÖZÜP BILENOK

Garward unisersitetiniñ professory Swetlana Boým "Nostalgiýanyñ gelejegi" kitabynda şu kesgitlemäni berdi:
"XX asyr - gelejege dahylly gurulan utopiýalar bilen başlady, geçmişe dahylly nostalgiýa bilenem tamamlandy!"
Gep diñe AKP-de däl...
Gep, diñe Türkiýedäki beýleki partiýalarda-da däl...
Bütin dünýäde syýasat ýöretme işi teoriýada-da, tejribede-de krizisi başdan geçirýär.
Partiýalar neoliberalizmiñ getiren agyr meselelerini çözmekden ejiz gelýär. Täze düşünjäni kemala getirip bilmeýändikleri üçinem nostalgiýany syýasatyñ baş temasyna öwürdiler we öwürmegine dowam edýärler…
Hawa, partiýalar ýagty gelejegi berkarar etmäge däl-de, indi diñe “geçmişde nähili bagtly durmuşda ýaşaýardyk” sözlerine gujak açýarlar. Edil Tramp ýaly...
Bular ýaly syýasat ýöretme biçüwi bilen gatlaklar real durmuşyñ kynçylyklaryndan "nostalgiýa tirýegi" arkaly daşlaşdyrylýar we mesele başga ýerden gözledilýär. Emma... ýurtlary, jemgyýetleri, adamlary geçmişe sary gaýybana syýahata çykaranyñ bilen şu günki günüñ krizislerini çözmek mümkin däl...
AKP ýaly häkimiýetler şuña düşünenok.
Galyberse-de nostalgiýa çişirmesi arkaly geçmişi ýalñyş suratlandyrmak gelejekde çözmesi kyn kynçylyklaryñ döremegine sebäp bolýar. Gözüñiz bilen görüp, gulagyñyz bilen eşdip ýörsüñiz: Türkiýe müñ dürli howp-hataryñ astyndan çykyp, hiç aýñalyp gidiberenok.
Erdogan "pikir häkimiýetini" beýdib-ä gurup bilmese gerek.
Bu kesgitlemäni berenimize, häkimiýet toparlary ýene burnundan demini alarlar!
Düýnem şeýledi:
Şweýsariýaly hakyna tutma esgerler özlerine “nostalgiýa” kesel kesgitlemesiniñ goýulmagyny ullakan masgaraçylyk, kemsidilme saýardy!

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 23.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.

Категория: Publisistika | Просмотров: 93 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 10
0
10 Gökböri   [Mowzuga geç]
ОПИСАНИЕ

Вероятно, первое письменное описание ностальгических переживаний содержится в эпопее Гомера «Одиссея». Однако сам термин изобретён швейцарским врачом Иоганном Хофером в 1688 году, описывая заболевание швейцарских солдат, служивших наёмниками вдали от своей родины, и студентов, исцелявшихся сразу после возвращения домой[3].
Длительное время ностальгия считалась болезнью (так она трактуется и в «Толковом словаре живого великорусского языка» В.И.Даля). Философия, психология и социология стали интересоваться ностальгией лишь в первой половине XX века. Развивая идеи Анри Бергсона, ученик Эмиля Дюркгейма Морис Хальбвакс в 1920-е годы поставил проблему социальной обусловленности памяти и выдвинул тезис о том, что воспоминания являются не репродукцией, а реконструкцией прежнего опыта человека. Из этого следует, что воспоминания, в том числе ностальгические, не в точности воспроизводят ход прошлых событий, а включают в себя субъективные оценки и ошибки того, кто вспоминает. В этом заключается парадокс ностальгии: люди тоскуют даже по ужасным периодам прошлого.
Вопрос о том, какие события лучше запоминаются: связанные с положительными или отрицательными эмоциями, — является дискуссионным. П.П.Блонский в работе «Память и мышление» пришёл к заключению, что дольше всего помнится неприятное. Большинство же других авторов пришли к противоположным выводам. Так, проведенное В. В. Нурковой исследование специфической разновидности памяти показало, что «в нейтральной ситуации жизненных воспоминаний предпочтение отдаётся позитивным событиям, что отражает индивидуальную избирательность автобиографической памяти (исключение составляют только двое из 60 человек)».
Е.В.Новиков, исследуя отношение к ностальгии в различных культурах и в истории философии, пришёл к выводу, что за некоторым исключением ностальгия в них оценивается положительно. По словам А.А.Гусейнова, «многие из великих моралистов черпали идеалы из прошлого, полагая, что там остался золотой век. Согласно их представлениям, человечество движется вспять. Основной признак деградации они усматривали в том, что люди всё больше отдают предпочтение материальным интересам перед моральными обязанностями. Они стремились остановить губительный, с их точки зрения, процесс смешения критериев».
Говоря об этическом смысле ностальгии, о её роли в принятии человеком моральных решений, Е. В. Новиков относит её к типам моральной рефлексии, однако считает, что вопреки расхожему мнению нравственные последствия ностальгии неоднозначны. Например, Карл Ясперс описал случаи убийства детей юными нянями-провинциалками, которые избавлялись от своих подопечных в надежде, что после этого смогут вернуться на родину, поскольку нянчить будет некого.[4]
В целом же, согласно Е. В. Новикову, ностальгия играет позитивную роль в жизни человека и общества: способствует утверждению идентичности «Я» человека, укрепляет связь с ранними этапами его жизни, с «корнями», формирует моральные идеалы, сохраняет моральные ценности прошлого и обеспечивает преемственность традиций, «примиряет» в общественном сознании прошлое с настоящим, стабилизирует отношения между оппонентами в споре («породнив» их между собой через общее прошлое), «ломает» коммуникативные барьеры между людьми и так далее.

https://ru.m.wikipedia.org/wiki....8%D1%8F

0
9 Gökböri   [Mowzuga geç]
Ностальги́я (от др.-греч. νόστος — «возвращение на родину» и άλγος «боль, печаль») — тоска по родине или прошлому[1]. В психиатрии форма реактивного состояния, обусловленная длительным отрывом от родины и проявляющаяся депрессивным синдромом, принимающая иногда форму тяжёлого невротического или психотического состояния, протекающего с гипотимией, бессонницей[2].

0
7 Dunya   [Mowzuga geç]
Bu makalada bahana bilen "nostalgiýa" sözüniň manysyny öwrendim, sag bol Guwanç agam smile

0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Türk häkimiýeti taryhymyzy ýoýandanam has beteri, jemgyýetini ummasyz çykdajylar edip çykaryan düşnüksiz, yarym çeper, yarym toslama obrazlar bien baylaşdyrylan taryhy öwüşginli seriallar bilen güýmäp, ünsüni başga zatlara sowýar, halky güýmemegiñ gowy usulyny tapdylar ))

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Çeper obrazlar b.n real şahslar hem garym-gatym... ya-da dûrli döwûrlerde yaşap geçen gahrymanlar dowurdeş yaly hereket edyar...
Mysal u.n "Gorkut ata" eposynyñ çeper we rowayaty gahrymany Bamsy Birek "Ärogrul" serialydna real şahs Ärtogrul Gazynyñ iñ yakyn egindeşi, "Gorkut atanyñ" başga bir gahrymany Sylyjan hatyn serialda Gündogdy be giñ ayalynyñ ady bilen çykyş edyar, ya-da seljuklar döwründe Ärtogruldan iki asyr öñ yaşap geçen Artykly türkmen begi Ärtogrulyñ dowurdeşi bolup oynayar.
Soñky "Oyanyş" serialynda-da şeyle: Gorkut ata çagalara hekget aýdyp ýör... Mälikşanyñ dowri nire, Gorkut ata nire...

0
8 Dunya   [Mowzuga geç]
Şondanmyka, şol kinolary näçe görsemem hiç düşünip bilemok bangin uhm

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Diñe türk taryhy däl, umumy türk taryhy, biziñ taryhymyz - türkmen taryhy hem ýoýulýar...

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Agzalan seriallara görnetin AKP syýasaty siñdirilýär, garşydaş partiýalaryñ wekillerini duşmanyñ obrazlary bilen tipikleşdirmek, olary kese yerlileriñ gizlin yaranlary edip suratlandyrmak meyli duýulýar.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Direliş. ÄRTOGRUL", "Gurulyş. OSMAN", "Paýtagt. ABDYLHAMYT", "Oýanyş. BEÝIK SELJUKLY" seriallary hut şu makalada gozgalýan meseleler sebäpli halamandym.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bir demde okadym. Sag bol, Guwanç.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: