23:55
Köp bilýänler az geplär, köp ýañraýanlaryñ bilýän zady bolmaz

KÖP BILÝÄNLER AZ GEPLÄR, KÖP ÝAÑRAÝANLARYÑ BILÝÄN ZADY BOLMAZ

Geçen gün…
Kadir Mysyroglyny ýanyna alyp, Anadoluda medeni-köpçülikleýin çärelere gatnaşan öñki žurnalist kärdeşim bilen on iki ada meselesinden söz açdyk...
Garşymda edil "Mysyrogly" duran ýalydy - bilmeýän zatlaryny öwrenesi gelmeýän, ýat tutan zadyny gižželeýji çekişmä öwürmegi özüne dereje bilýän pekge bardy!
Taryh - faktlardyr maglumatlar bilen, obýektiw kriteriýalar bilen ýazylýar. Eger ol berebekgeýligine tutdurman, meni diñlän bolsady, şulary aýdyp berjekdim:

1). Italiýa 1911-nji ýylda Osmanlynyñ tabynlygyndaky Tripolä we Bingazä labyryny taşlady. Mustapa Kemal ýaly ofiserleriñ berk garşylygyna uçrap kyn ýagdaýa düşen Italiýa urşy Gündogar Ortaýer deñzinde we Egeýde dowam etdirmegi makul bildi. Beýruta hüjüm etdi.

2). Italiýa 1912-nji ýylyñ 24-nji aprelinde on iki adanyñ biri Stambulýa adasyny basyp aldy. Adanyñ adyny üýtgedip, Stampaliýa" etdi. Osmanly adanyñ basylyp alnanyny iñlis ilçisinden eşitdi! Adalarda ýekeje esgerimiz ýokdy...

3). Italiýa 4-nji maýda Rodos, 9-njy maýda Herke-Halki, 12-nji maýda Stambulköý-Kos adalaryny ýeke ok atmazdan ele geçirdi. Yzyndan... Aýwalyk we Marmarise tiñkesini diken Italiýa kenarýakalaryny topa tutdy.

4). Balkan urşunyñ başlanyna on gün geçensoñ, 1912-nji ýylyñ 18-nji oktýabrynda Osmanly Italiýa bilen bizde "Uşi ylalaşagy" diýilýän, emma italýan taryhynda "Lozan ylalaşygy" (Trattato di Losanna) diýilýän (“Uşi”/“Ouchy” - Lozanyñ bir raýony -S.Ý.) ýaraşyk şertnamasyny baglaşmak üçin ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge başlady.

5). Osmanly Liwiýany Italiýanyñ ygtyýarlygyna berdi. Balkan urşunyñ soñlaryna çenli Italiýanyñ golastynda galmagyna razylyk berdi. Italiýa adalara hemişelik çöküpdi...
Hawa... On iki adany Lozanda elden giderdik, emma munuñ 1924-nji ýyldaky Lozan ýaraşyk şertnamasyna dahylly ýeri ýok!

MISAKY-MILLIDE" HEM ÝOK

6). Gresiýa Balkan urşunda Osmanlynyñ elindäki Gökjeada, Bozjaada Semadirek, Taşöz, Limni, Midilli, Sakyz adalaryny basyp aldy.

7). Iñlisler ara sokjaryp, Demirgazyk Egeý adalarynyñ Gresiýa berilmegi üçin Osmanla zor saldy. Ara birinji jahan urşy girdi...

8).Fransiýa Meis adasyny basyp alyp, Kaşy, Finikiýany, Fethiýäni bombalady. On iki adadan başgalary-da Osmanlynyñ elinden gitdi. Özem adalardan el çekýändigi barada Osmanla Limni adasynyñ Mondros portunda resmi ýagdaýda gol çekdirdiler...

9). Uruş gutaransoñ on iki ada kimiñ eýelik etjekdigi Italiýa-Gresiýa gepleşiklerine (Tittoni-Wenizelos duşuşyklaryna) goýuldy.
Osmanly Sewr ylalaşygynyñ 122-nji maddasyna laýyklykda on iki adany Italiýa berdi. Şeýtmek bilen sekiz ýyl owal baglaşylan Lozan ylalaşygyny resmi güýjüne girizdi. Şeýlelikde... soñ Osmanly Mebusan (deputatlar) mejlisiniñ kabul eden "Misaky-Milliýäniñ" (basybalyjylardan azat etmäge degişli hasap edilen ýerler -t.b.) çäklerinde on iki ada ýer almady...

10) Mustapa Kemalyñ grek basybalyjylaryny derbi-dagyn etmegi netijesinde Sewr ylalaşygy ýyrtylyp, aýak astyna alyndy. Türkiýe Lozan gepleşiklerinde Bozjaada, Gökjeada, Semadirek, Sakyz, Rodos, Meis adalarynyñ özüne gaýdyp berilmegini talap etdi. Angliýa, Italiýa, Gresiýa, Fransiýa muny inkär etdi. Hususanam Türkiýe bilen Italiýanyñ arasyndaky ähli diplomatiki gatnaşyklar çylşyrymlaşdy. Çünki Çanakkale bogazyna türk baýdagy dikilip, mehmetçik (türk esgeri) Towşan adasyna gelipdi...

11). Italiýa Lozanda "on iki ada meselesi dagy-duwara orta atylan ýagdaýynda kapitulýasiýalar meselesinde bökdençlikler döretjekdigini" mälim etdi... Şol ikiarada... Mosuly hiç bir tutaryksyz ele geçiren Angliýa faşist Mussolinä meçew berip, Egeý deñziniñ üsti bilen Türkiýäniñ gaýtadan basylyp alynmagyna ýardam berjekdigini aýtdy.

12). Osmanlynyñ 1912-nji ýylda Italiýa bilen baglaşan “Uşi”, 1913-nji ýylda Gresiýa bilen baglaşan “Afiny” şertnamalary Lozanda Türkiýäniñ elini-aýagyny baglady. Muña garamazdan Türkiýe çäklerine üç mil golaýlykda ýerleşen Gökjeada, Bozjaada, Towşan ýaly ähli kert gaýalyk adalary gaýdyp aldy.

GÖREŞE DOWAM

13). Lozandan soñam Türkiýe adalary gaýdyp almak hyýalyndan el çekmedi. Kekowa adasyna labyryny taşlady, Meis, Çatal ada, Sary ada, Gara ada ýaly adalara türk baýdagyny dikdi. Italiýa muña jogap edip, Kaş adasyny bombalady. Düşünişmezligi Halkara adalat diwanynda çözmek müwessa bilindi, çözgüt Türkiýäniñ garşysyna çykdy.

14). Türkiýe baş egmedi, 30-njy ýyllarda diplomatiki manýowr edip, Egeý deñzinde täsirli güýje öwrülmäge başlady, Italiýa bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. On adany we gury ýer bölegini aldy. Montrýo ylalaşygy arkaly bogazlaryñ gözegçiligini ele aldy. Hataýy çäklerimize birikdirdi. Bu oñyn üýtgeşmeler dowam edýärkä-de, ikinji jahan urşy turdy...

15). Uruşda Egeý adalary käte Italiýanyñ, käte Germaniýanyñ, käte-de Angliýanyñ, Fransiýanyñ arasynda paýlaşyldy.

16). Italiýa-Germaniýa ýaranlygy ýeñlişe uçransoñ, urşuñ ýeñijileri ABŞ, Angliýa, Fransiýa we SSSR Pariž şertnamasyny baglaşdylar we on iki adany Italiýa-Germaniýanyñ elinden alyp, harby goşun bölümlerini ýerleşdirmezlik şerti bilen Gresiýanyñ ygtyýarlygyna berdi...

17). AKP häkimiýeti döwründe Egeý deñzinde Türkiýä degişli 17 ada we gaýalyk Gresiýa tarapyndan basylyp alyndy. Gresiýa adalarda goşun ýerleşdirdi. Muña demini-düýtüni çykarmadyk Kadir Mysyrogly ýalylary goldaýan häkimiýet geplemäge maý tapsa, "Lozan - biabraýçylykdyr" diýip gygyrdy we häzirem gygyrmagyna dowam edýär...
Eger diñläp başaran bolsa, tanşyma şulary aýtjakdym...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 22.10.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 68 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 6
0
6 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Taryh nädogry propogandirlenende onuñ nesillere berjek zyýany bimöçberdir... Munuñ zyýanyny, yaşlaryñ añynda döredyan ýykgynçylygyny "Mülhit" hekaýamda açyp görkezmäge synanşypdym..
http://kitapcy.com/news/2019-11-16-3022

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Saparmyrat Türkmenbaşy baryp-ha togsanynjy ýyllarda Stambul uniwersitetinde eden çykyşynda Seljuk imperiýasynyñ mysalynda bu ruhy näsaglygyñ beryän zyýanyny iñ täsirli şekilde açyp görkezipdi...

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Taryhyñ sahypalaryna garylan imperiýanyñ hyýaly bilen yaşamak - megerem, ruhy taydan näsaglygyñ iñ ötüşen görnüşi bolsa gerek.

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Kellesine osmanly şapkasyny (fes) geyipdir "men osmanly raýaty" diyp gygyryp ýör... taryhçy diyjeksiñ, sadagasy bolaýyn..

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Görenler "sag dälmi näme" diyer geçerler, ya-da gülerler...

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Göz öñüne getiriñ: belli taryhçylarymyz Öwez Gündogdyýew, Myrat Annanepesow, Ýegen Attagarryýew ... yalylar silkme telpekli, gyrmyzy donly aramyzda gezip yorseler... ya-da hazirki taryhçylarymyz...
Nähili gülkünç gerek?.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: