22:39
Ol muny duýmandy...
OL MUNY DUÝMANDY...

Mahal-mahal hyýalymda biraz gartaşyp başlan duýgularymy ürküzip goýberip, asman reňkli köýnek peýda bolýar. Onuň dünýäme mähir çaýyp, howada galgap gitmegi meni aňňat-aňňat gum depeleriniň arasy bilen mekdep ýyllaryma sary alyp gidýär…
Ol meniň göz öňümde asman reňkli ala köýnegi bilen galypdy. Çärýek asyrdan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, şeýle reňkli köýnege gözüm düşende ýüregim ýerinden gozganyp giden ýaly bolýar. Eýsem-de, ýüregimi şeýdip, ýerinden gozgadyp bilýän ýigit kimdi?! Men onuň entegem syr bolup galmagyny isleýärin. Ýöne haçanda söýgi söhbetleriniň gidýän ýerinde olara goşulyşyp, özümden biygtyýar dil ýaranymy, iň bolmanda asman reňkli köýnegi gowy görýänligimi, onuň diňe bir gyzlara däl, eýsem, ýigitlere hem juda gelişýändigini aýdanymy duýman galardym.
Ýeke gezek gürleşip görmedigem bolsam, men onuň akylly oglandygyny bilýärdim. Ýöne gürleşip görmäge bahana ýa esas hem ýokdy. Ol menden bir synp ýokarda okaýardy. Öz synpdaşlary, deň-duşlary bardy. Dogrusy, ol goňşy obadan gatnap okaýardy. Olary tüssäniň ysy çykyp duran köne ulag gatnadardy. Şonda men hatda onuň bilen bir ulagda gatnap okaýan synpdaşlarymy hem bagtly görerdim. «Menem bu obada däl-de, goňşy obada ýaşaýan bolsam, onuň bilen bir ulagda gatnap bilerdim. Belki gürleşmek hem miýesser ederdi…» diýip, hyýaly dünýäde ýaşaýardym. Ulagyň sesini eşitdigim tisginip giderdim. Ondan böküp düşýän oglan-gyzlar bilen birlikde, gök köýnekli oglany hem ogrynça synlardym. Kä ýarym ulag wagtynda gelmän, olaryň daşarda durmaly bolýan wagtlaram bolaýýardy. Şonda mekdebe ýanaşyk duran öýümiziň penjiresinden ony tä ulag gelip, ugraýança synlar durardym. Indi-indi bu bolşuma gülkimem tutýar. Içimden: «Ulagam gelenok, üşäýmesin!» diýýärdim. Ýeri, üşände saňa näme diýsene?! Daş-töweregi oglan-gyzlardan doly! Käte bolsa  kösenip, bu bolup ýörüşime haýpym gelip, «Şunça bakyşymy, yhlasymy duýmaýan bolsa, üşese üşäp geçsin!» diýip, gahar eden bolýardym. Kim duýup dur diýsene, seniň gaharyňy?!
Meniň derdimden penjirämize, onuň Güne saralyp giden tutusyna-da gün ýokdy. Olaryň üýşüp durandyklaryny gördügim, tä ulaga münüp, ugraýançalar synlap durardym. Şondan lezzet alýandyryn-da. Has anygy, gözüm bilen ugradardym. Meniň bu hereketjiklerimi inçe bolansoň, özümden uly aýal doganym duýaýýan ýaly. Bir gün gapyny giňden açdy-da, «Biz-ä seniň ýaşyňda aýnanyň öňünden aýrylamzokdyk. Seniň bar ýapyşalgaň şu penjire. Ýa onuň öňünde gül ekdiňmi?» diýip, meni utandyrdy. Iki ýaňagym lap-lap gyzyp gitdi. Biri ýaňagyma şarpyk çalsa-da şondan enaýy boljakdy. Näme diýjegimi bilmän, özümi ýitirdim. Eýsem-de, men oňa näme aýdyp bilerdim?! Birini gowy görýän diýeýinmi? Diýäýenimde-de düşüner öýdýäňmi?..
Şondan soň ojagaz bagtymdanam jyda düşüp, penjiräň öňüne arkaýyn baryp bilmedim. Baraýdym «Näme işläp dursuň?» diýip, gapydan aýal doganym giräýjek ýalydy. Men bu syrymy oňa-ha däl, hatda syr alyşýan jorama-da aýdyp bilmändim. Gyşyň sowujak günleriniň biridi. Men ejeme agamlara gidesimiň gelýändigini aýtdym. Ejem närazy bolmady. Ýöne ulag-beýleki az bolansoň, maňa okuwçylaryň gatnaýan ulagy has amatlydy. Aslynda, meniň maksadym asman köýnekli oglan bilen bir ulagda gidip görmekdi. Elbetde, meniň bu arzuwym aňsatlyk bilen amala aşdy. Gumak ýoldan bir eýläk, bir beýläk çaýkap, ulag bizi sähel salymda goňşy oba getirdi.  Ýöne üsti açyk ulagyň içinde mazaly üşedim. Arasynda gözümiň gyýtagy bilen ol oglana seredip goýberýän welin, hiç zat duýanogam. Deň-duş oglanlary bilen gülüşip başyna gaý. Dogrusy, bu ulagdan düşmek kynrakdy. Şonda gyzlary köplenç elinden tutup, oglanlar düşürýärdi. Ýöne maňa ol bagt hem miýesser etmedi. Asman köýnekli oglan hemmelerden öň düşüp, tirp-tirp edip urup duran ýüregimiň bolsa bir bölejigini alyp, öýlerine baka gidiberdi…
Bir gün obamyzyň medeniýet öýünde dabara boldy. Men onda alypbaryjydym. Oňa mekdebimiziň ähli okuwçylary gelmelidi. Şonda hem men sahnanyň entek syrylmadyk perdesinden hiç kime bildirmän, ony gözleýärdim. Tapaýdygym, içimden: «Bar eken!» diýip, rahatlyk tapýardym. Dabarany öňküden hem gowy alyp barmaga çalyşýardym…
Ony okuwy tamamlan badyna gulluga aldylar. Ine-de, ondan öýlerine hat gelip başlady. Kakama derek hat-petek paýlaýançy bolup işlämsoň, ol hatlar ilki bilen meniň elime düşerdi. Onuň öz elleri bilen ýazan hatlary hem meniň üçin eziz bolup görünerdi. Daş-iç gulakdan eşidip, men onuň garyndaşlarynyň bir gyzy bilen adaglanandygyny hem  bilýärdim. «Eger, şeýledigi çyn bolsa, ol oňa hem hat ýazar» diýip garaşýardym. Ol şeýle hem boldy. Ondan şol gyza gelen haty elimde saklap durşuma men hakyt saňňyldaýardym. «Içinde näme zatlar ýazdyka?» diýip, ony okap göresim gelýärdi. Ýöne hakym ýokdy. Şol günüň ertesi men, hakykatdan-da, syrkawladym. Ejem görgüli «Balam hat-petek paýlajak bolup üşäýipdir» diýip, maňa burçly unaş bişirip berdi.
Şuňa özümem haýran galýaryn. Onuň gulluk eden ýeri otur, nokady bilen entegem ýadymda. Otyrkamam şol salgyny gaýtalap aýdyp goýberenimi duýman galýaryn. «Nesibe çekip duşsam, özüne dagy aýdyp beräýsem, geň galar» diýýärin. Sebäbi nirede gulluk edendigi onuň ýadyndanam çykyp giden bolmagy ahmal welin, meni gije turuzyp soraýsalaram, anyk aýdyp biljekdigim gümansyz.
Men ýurdumyzdan juda uzakda bolan şäherleriň birinde okap ýördüm. Tomusky dynç alyşa gelipdim. Maňa onuň toýunyň bolýandygyny aýtdylar. Birbada doňup galana döndim. Ýüregimden gaýdan ýaşlar orta ýolda doňup galdy. Ädimlerimi çaltlandyryp, öýe ýetmäge howlugýardym. Çünki meniň maksadym, hezil edip aglap, içimi boşatmakdy. Bolsa-da, öýde hiç kim ýok ekeni. Meniň horkuldapjyk aglan sesimi eşiden adam bolmady. Olar otagymyň sowuk diwarlaryna siňip gitdiler.
Özünden kiçi jigisi synpdaşymyz bolansoň, dogrusy, biz onuň toýuna gitdik, tansam etdik. Şonda meniň gözlerim diňe ondady. Arasynda olam maňa seredýän ýaly duýulýardy. Onuň ýanynda bürenip oturan gyzy diýseň bagtly hasaplaýardym. Toýdan soň biz gaty bir uzak bolmansoň, üýşüp, pyýada gaýtdyk. Joralarymyň ählisiniň keýpi kökdi. Degişýärdiler, gülüşýärdiler. Olaryň arasynda diňe bir gyzyň ýüzi salykdy, keýpi ýokdy. Ol hem mendim. Içiňden aglamagam ýeňil zat däl eken. Ýolboýy içimden aglap gelemsoň, bu ýol meniň üçin juda uzak bolup göründi.
Häzir oýa çümýän, şol arzuwlaryň amala aşmagy hökmanmydy ýa-da ýok?! Hiç bir adam görmeýänem, duýmaýanam bolsa, başymy ýaýkap goýberýärin. Diýmek, meniň hemme zadym gowy. Durmuşdan nägile ýerim ýok. Ol hem meniň durmuşymyň bir sahypasy. Eger-de onuň bilen baglanyşykly bu ahwallar bolmadyk bolsa, onda meniň durmuşymyň şol sahypalaryny boşluk eýelärdi. Häzir bolsa okap otyryn welin, şol ýere ýetenimde asman reňkli köýnegiň eýesi bolan şol ýigit peýda bolýar.
Dymýan, dymýan! Beýle-de bir dymmak bolar oguşýan?! Agyr hyýallara ulaşyp, daş ýaly agralýan bolsam, käte-de, ýeňiljek hyýallara ulaşyp guş ýaly ýeňleýän. Bilmedim, haýsysy ýeg bolardy. Şun-a bilýän, ykbal bizi duşuran bolsa, men boýnumdan ýüpli gabymy asyp, düýe sagar ýörerdim. Newanyň kenarynda saçlaryny ýaýyp gezmezdim. Täçmahalam görmezdim. Baýram hanyň kimdiginem bilmezdim. Hezreti Magtymgulynyň aramgähine-de zyýarat edip biljegim-bilmejegim gümanady. Goşgy ýazmaga-da rugsat bermän bilerdi…
…Bir ýerlerden şatlygam, gussasam, ahmyram, armanam özüne ýetik täsin bir ses gelýär. Ol, meger, meniň ýüregimiň sesi bolsa gerek. Meniň düşünişime görä, yşka eýlenen ol ýürek sesimi — yşkymy, küýseglerimi hatda awara ýellerem, bir açylyp, birem solup oturan güllerem, ähli zady görüp duran Eýämem duýupdy, ýöne ol duýmandy.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
şahyr, «Galkynyş» gazetiniň bölüm redaktory.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/atawatan-eserleri-tk/ol-muny-duymandy/
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 51 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 0.0/0
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: