16:59
Husyt / hekaýa
HUSYT

Husyt öldi.
Üç günden soň, jesedi porsap ugranda-da bilindi...
Daşy suwagsyz-zatsyz, çig kerpiçden salnan, hütdügiň öň ýanyny dolan jaýda, aýal-ebtatsyz, bala-çagasyz, dogan-garyndaşsyz garamaňlaýyň sopbaş ýeke özi ýaşaýardy.
Bu oba göçüp gelenine tas çärýek asyrdanam gowrak wagt boluberen hem bolsa, obanyň adamlary, hatda duldegşir goňşularydyr, kärdeş-işdeşlerem onuň dogduk ilinem, nirededir bir ýerde hossar-howandarynyň bardygyny-ýokdugynam bilmeýärdiler.
Nireden geldi?
Näme üçin geldi?
Doga ýetimmi?
Ýa, atasy sypap, enesi ýalamadykmy?
Bellisi ýok.
Mälimi bir Alla mälim...
Öz-ä hiç haçanam gepläp ýören jemende däl. Ile-güne gatybir goşulybam barmandygy zerarly, onuň iç döküşip, derdinişýän dost-ýaram ýokdy. Hemmeler bilen deňagramly gatnaşykdady.
Çagyrylsa-ha baraýýardy...
Soralsa-da dil ýaraýýardy...
Galan wagt bolsa, gara ýerem bir, şolam bir...
Soňabaka bolsa, onuň puly çenden aşa eý görüji häsiýetine belet bolan oba adamlary, onuň ýok ýerinde adyny diňe “Husyt” diýip tutmaga başladylar-da, hatda onuň asyl isminem assa-ýuwaşdan unduberdiler.
Oňa şeýle lakam ýelmemez ýalam däl.
Oba göçüp gelenden soň, asylky işleýän işi daýhan birleşiginiň sygyr fermasynda süýt ulagynyň sürüjisi bolsa-da, ol bendäniň elinden gelmeýän zat ýokdy.
Ulag bejermelem bolsa, kerpiç örmelem bolsa, suwag etmelem bolsa, jaýyň binýadyny ölçemelem bolsa, haýsydyr bir zady kebşirlemelem bolsa, tok ugrundan ussa gerek bolsa-da, telewizor diýdi, gaz plita diýdi, her öýde ulanylýan enjamlary ýeňil-ýelpaýrak gulaş-kakyş etmelem bolsa, mal-gara uşak-düşek kesel degse-de, hatda adamlarda-da eli çykany bolýar, aýagy çykany bolýar, bili gypjynany bolýar...garaz, maýda-çüýde tebipçilik etmelem bolsa, her kim: “Ýakyndan tapsaň alysdan gözleme” diýen nakyla eýeräkge, şol görgülä ýüz tutaýýardy.
Onuňam kim näme diýip gapysyny kaksa-da, ýogy ýokdy. Başardygyndan bejerýärdem, seýikleýärdem, kebşirleýärdem...
Diňe ýekeje ýetmezi: “şü gelen-ä goňşy arasy-how” ýa-da “şunuň bilen-ä duz-emek bolup, bir ýerde bile işleýäris-ow” diýip, ýüz görüp gapyrga syrmasy bolmazdy. Aklyk diýlip uzadylanjany, mundan buýanky beýlekileriňki ýaly, hatda, iň bolmanda sypaýyçylyk üçinem bolsa: “gerekgäl-le, azar edinmelem däl ekeniň-le” diýen bolup durman, jyňkyny çykarman alardy. Özem, gysga wagtyň içinde, haýsy “kömek, goldaw, ýardam” üçin, şol aklygyň möçberi näçeräk bolanda “ylaýyk” boljakdygyna, näçeräkden az bolanda bolsa “birhili, ýamanam bir dogry gelmän duran ýaly” boljakdygyna, adamlaryň öz-özlerinden düşüş bolmaklaryny üpjün edipdi.
Onsoň ol bendä müşgilini asan etdiren her kes işi biten dessine elini goltuk kisesine sokup ugramaga endik edinipdi. Ýatlatmak gerek däldi.
Ýöne, ýogalan bendäniň özi aýtmyşlaýyn: “käbir ýüzi eşegiň hamyndan galyňraklara” ýatlatmak zerurlygy emele geläýende-de, ol bende myzaýyk edip, nädip diýjegini bilmän, elini-aýagyny owkalap durmazdy.
-O nemäni nemetdejik nemäň aşagyna nemedip goýber!-diýip eşidiler-eşidilmez hümürdär goýbererdi.
Onsoň oňa işini bitirden hamy galyň, şondan soňam düşünmese, keşbini daşa döndererdi-de, gönüläp, hüňürdäbererdi:
-“Ol goýjak bolýanja aklygyňy keçäniň aşagyna gysdyrdajyk öteýt!” diýýän-dä, düşünseň!...
Özem, şol gazanýan pullaryny näme edýär, niresine çyrşaýar?
Bellisi ýok.
Mälimi bir Alla mälim...
Ýöne, şunça ýylyň dowamynda elinden dür dökülýän ussa hökmünde şunça gazansa-da, ne öýüni dikledi, ne-de üsti-başyny düzetdi.
Şol maýryk kepbe...
Şahalary bulam-bujar, üzümçilik mellek...
Daşy haýatsyz-derwezesiz, çar ýany alaň-açyk howly...
Egninde-de gyşyn-ýazyn, haçan görseň, daşy beýlebir eleşanam bolmasa, köne güpbi.
Aýagynda, il arasynda: “pätinke” diýilýän, galyň köwüş.
Kellesinde köne papak...
Jalbardyr-köýnegem, ýokardaky agzalanlara muwapyk...
Tikilenine milliard ýyl öten...
Ýüzi-gözem, kaddy-kamatam, edil egnindäki eşigidir, mesgen tutunan öýüne kybapdaş.
Kös-köne...
Diňe göreniň ýadynda galýan birje zat, olam biri-birine sepleşip ösüşine, giň maňlaýynyň hut ýarysyndanam gowragyny ýapyp durana çalym edýän, gür gaşlarynyň astyndan ötgürlik bilen garaýan şar-gara, guýy kimin çuň gözleri...
Hiç kime mälim bolmadyk, nämedir bir zatlar owsunýar, olaryň bakyşynda...
Näme, ol zat?
Bellisi ýok.
Mälimi Alla mälim...
Garaz, husyt bendäniň pakyr bolandygy, şunuň ýaly erbet ýagdaýda-da bolsa, töwerege äşgär bolandan soň, adamlar derrew üýşdüler. Hossaryň bolsun-bolmasyn, obanyň şu dessury gowy. Kazasy dolan husyt bendäni illäp-günläp jaýlamakdan hiç kim syrt gaçyryp durmady. Ähli edilmeli-goýulmaly zatlary derrew edişdirip, Gün öýleden agandan soň ol görgülini ýere duwlap gaýtdylar.
Soňam, merhumyň hossary ýogam bolsa, ata-baba dowam edip gelýän däbi berjaý edip, ýogalanyň howlusyna üýşdüler.
Ýakyn goňşular keçe süýräp getirip, kölegeräk ýere düşek atdylar. Öýlerinde demledip, gapdalynyň süýji-käsesi bilen çaý çekdiler.
Üýşenleriň arasynda husyt bendä walla-çynym bilen gynanaýyn diýende-de, ezizi-ýakyny ýok, bolaýanda-da adamzadyň zanny-ýasawy, edäheti şeýle. Özüne ezýet berýän zatlardan çaltrak daşlaşmaga, ünsüni başga ugra sowmaga dyrjaşýar.
Hemişe şunuň ýaly ýerde bolşy ýaly, husydyň horaşaja tamynyň işiginde oturanlaryň arasyna aralaşan dymyşlygam, ilki bilen goňşularyň mundan buýanky beýlekilere garanyňda has ýeserräk biri bozdy:
-Mbäh!-diýip ol, gijemese-de ýeňsesini gaşady-da, elinde saklap duran käsesinden şirpildetdi:-Bütüki bü Husyt akgam, munça ýyllap toplan puluny näme etdikä-raý?! Hä?!
Ýeser goňşy, hälden bäri köpleriň beýnisini gorjalap duran pikiri orta atanam bolsa, adamlaryň birlän-ikilän mundan buýanky beýlekilere garanyňda ejaplyragy, gabak astyndanam bolsa, oňa garşy ýazgaryjy äňedişdiler.
Emma, oturanlaryň hiç haýsy: “Äl-aýt halypa, älhepusam bir morta kişi ekeniň-aýt! Heýem, heniz bi goňşy bendäniň mazarynyň gumy gurap ýetişmänkä-de, edil tokly osuran ýalaky edip, şeýlekin bir boggusyz sowaly bererlermi? Ýa näme, bendäň maly terekä salnanda, özüňe-de äwüp-säwüp bir ülüş, ýarym ülüş ýetäýer umydyň dagy barmydy?!” diýip, ýeseriň al-petinden almady.
Onýança:
-Howwa-aý! Husyt dädem, öz-ä birnemejik ýygnab-a bilen bolmaly!-diýip, ýene-de has sabyrsyzrak biriniň ýeseriň aýdanyny goldaryna mähetdel, oturanlaryň gep haltasy böwsülene dönäýdi.
Her kim bilenjesini orta oklap, bu gyzykly gürrüňe ýerli-ýerden goşulmaga başlady.
-Äý, Husyt agamyz sammyk dädir-le! Hemmeje ýygnap-ýygşyranjasyny birmahal tokga gyzyla öwrüp, bir ýerlerde elinjek gömüp goýandyr-la...-diýip, biri bir çaklamany oklasa, beýlekisi:
-Äý ýo, bü zamanda gyzyl küje, zat küje. Men-ä pikir edýän, Husyt agam, barypýatan döwrebap adam hökmünde, öz adyna bankda hasap açdyrandyr-da, gazananjasyny şoňa goýum goýup ýatdymyka diýýän. “Gara günümde goldaw bolsun” diýäkge. Sebäp diýseň özüm-ä bir zatjyk artdyryp bilsem, edäjegim şoldyr. Puluň hem-ä abat ýatyr, hem-de öz-özünden semreýär...-diýip, oňa garşy çykmaga howlukdy.
-Men-ä çak edýän, Husyt gardaşymyz, ýekeje özi ýoldaş agtarman bukulyp çekýänje, pynhanyňam barypýatan pidul neşekeşi bolup, gazananyny bezenine ýetirip bilmän, tapanjasyny düdeden geçirdi ýördümikä diýýän...-diýip, gözüniň çorbasy akyp duran, nijeme ýylyň süpügidigini arrykdan gelen soguljan sypatam aýdyp duran biri myňňyldady:-Sebäp diýseň, ol arakkeş ýa-da heleýbaz bolan bolsa-ha, şunça ýylyň içinde muny uly il bilerdi...
Garaz, adamlar merhum bendäniň işiginde çaý süzüp oturan ýerlerinden, ol barada, onuň öz toplan baýlygyny näme edendigi hakynda biri-birinden mojuk, biri-birinden täsin çaklamalary öňe sürüp, birsellem dilleriniň keýpini gördüler.
Soňam öýli-öýüne dagadylar...
Husyt pahyryň jaýlanyna üçülenji gün diýlende-de, goňşular täsin wakanyň şaýady boldular. Ir bilen oýansalar, husyt bendäniň ata-baba mydama çöp-çalam basyp ýatan howlusynda ýigrimi-otuz sany eli pil-çarşakly degenek ýaş ýigitler haýdaşyp, işläp ýörler. Ýene-de bäş-alty sanysam arassalanyp, tämizlenen ýere düşek ýazyp, üstüne kölegelik çadyr dartýar. Iki-üç sany orta ýaşdan agan adamam, bir ýaşulynyň beýemçiliginde gazan atarypdyrlar.
Bu nämäniň gadry?
Bu nämäniň hormat-sylagy?
Geň galan goňşular assa-ýuwaşdan ojak başyna üýşdüler. Salam-helik alşylandan soň goňşularyň biri ýaňky beýemçi ýaşula ýüzlendi:
-Agam, garyndaşymydyňyz?!
-Hawa. Doganoglan inimdi...-diýip, ýüzi gara-ört ýaşuly, gussa bilen kellesini silkdi-de, başyny aşak sallady. Ýöne, şeýle halda dem salym durup-durmanam, dessine diýen ýaly ýüzüni galdyrdy.
-Şu mahal: “Garyndaşy bolýan bolsaňyz, bu bendäni, näme üçin tä ýalňyz özi ölüp galýança idemediňiz?” diýýän bolmagyňyzam mümkin...-diýip ýaşuly, müýnli hümürdäp ugrady:-Özi getirmeýärdi... “Gelmäň. Sizi görsem, şolarym ýadyma düşüp, ýüregim sanjyp başlaýa. Onsoň nijeme günläp, ol-a ine-gana ýaşamak ekeni, dem almam-da hyllalla bolýa” diýerdi...
Garry, göýä sözüni dowam edip bilmeýän dek, ajy dymdy-da, kynlyk bilen ýuwdundy. Soňam misli, husyt bendäniň özüni sypdyrman synlap duran goňşularynyň öňünde bahymrak hemme aýdasy gelýän zadyny aýdyp dynmak isleýän dek, pessaý hümürdäp başlady:
-“Şolarym” diýýäni...Bendäň...otuz ýyl mundan ozal iki oguljygy, bir gyzjagazy, baýdak ýalam gelni bardy. Öz ulagynda toýdan içgili gaýdypdyr...Gije...Yzynda-da ýaňkylary...Serhoş halda-da ulagyny çuň jara düňderipdir...Özüniň-ä teninde uşak-düşek sypjyryk diýäýmeseň, bitiniňem burny ganamadyk welin, ojagazlarynyň dördüsem...şo taýda...
Garry ýene-d gepini dowam edip bilmän dymdy. Göýä, öz bolşundan özi utanýan dek, tersine bakdy-da, kisesinden äpet elýaglygyny çykaryp, zoňtar sümgürindi. Soň ogrynça gözlerini syldy. Bogazyny arçady. Soňra birneme özüni dürsän bolarly, ýene-de kyn gürrüňini dowam etdi:
-Şonuň üçin, soň bäş-alty ýylmy nämemi oturybam çykdy. Boşap gelenden soňam, gül pürkülen ýaly edilip gurnalan howlusyny ýakyn garyndaşlaryň zordanrak günemasyny aýlaýan birine başbitin bagyş etdi-de, obadan göçüp gaýtdy. Bu siziň obaňyza göçüp gelenini bolsa, bir ýyldan soň bildik. Onam özi: “Meni idemäň. Dogduk obam meniň üçin indi dowzah. Niresine seretsem, kim tanşymy görsem, şojagazlarymdyr-halalym edil diri ýaly göz öňümde dikelip, bu ýagty jahan meni gysyp-gowrup, alyp gelýär” diýensoň, idemedik-dä.
Şonda-da ol oba gelip, maňa: “Obada kimiň güni has ýetde-gütde? Ýör, şuny şoňa berip gaýdaly! Bir ýylda gazananym, ine şü!” diýip, düwünçek doly puly somlaýar...
Şondan bärem, çärýek asyrlap şol, şeýtdi ýördi...
Ýylda bir gezek oba geler.
Meniň bilen tirkeşibem obada kim günemasyny kynrak aýlaýan bolsa, şonuň üstüne bararys. Hal-ahwal soraşar-da, ol bendäniň zeruryny gandyryp gaýdar...
Ogul öýerenmi, jaý guranmy, ulagsyz kösenýänmi, hassasyny bejertmäge harjy ýetmeýänmi, çagalaryny zordanrak ekleýänmi...
Şol geçen ýyllarda, bu inim bendäniň delalatynyň ýeten bendeleriniň sany sajakdan geçendir-le...
Şol bolup ýörşünden ýaňa, biz taraplarda bu bendäniň ata-enesiniň dakan asyl ismi-de undulyp, oňa hemmeler ýöne “Sahy aga” diýäýerdiler...
Hanha, bende, şonuň ýaly ýagşylyk baryny edip-edibem, iň soňunda, hatda ölüp, jaýlananynam düýn eşidip galdyk. “Belli günlerini bir deňli-derejeli sowalyň” diýibem gaýdyşymyz şü boldy...
Beýemçi ýaşuly, misli gepläp-gepläp, ýüreginde gert baglap giden derdini egisjek bolýan dek, ýogalan bende barada nämedir bir zatlary pyşyrda ýakyn, pessaýdan-pessaý gürrüň bermegini, şol dowam edip durdy, şol dowam edip durdy...
Ony ünsli diňleýän goňşular bolsa, utançdan ýaňa ýüzlerini ýerden galdyryp bilmeýärdiler...
Düýnki çaklamalar, merhum bendä çärýek asyr mundan ozal ýelmenen “husyt” lakamy...
“Husyt öldi” habary...
Estagfurulla! Hudaý günämizi ötsün!
Adam öldi...
Adamyňam gowusy...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 112 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
0
5 Gökböri   [Mowzuga geç]
Allah allah biggrin

0
2 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Molodes, berekella we ýene şuňa meňzeşler

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Thanks, спасибо, haýhaý, asante, täşekkurlär, ngiýabonga, mersi, graziýe, arigato, rahmet, madloba, danke we ýene-de şuňa meňzeşler. biggrin

0
1 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Juda täsirli hekaýa bolupdyr, brawo cool

0
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
Sag bol. Minnetdar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: