09:02
Ejem

EJEM

Tomsuň soňky aýy,
ýedinji güni,
Ýüregimde goýdy bitmejek ýara.
Gidirmejek bolup mähribanymy,
Näçe urunsakda tapmadyk çäre.

Kim oýlapdyr, heniz elli ýaz görmän,
Mährem dideleriň ýumuljagyny.
Elli ýaş toý üçin alynan malyň,
Seniň pataň üçin soýuljagyny.

Aýşat janyň aý jemalyn solduryp,
Kuwwat janyň gara bagryn gan etdiň.
"Aglama" diýip,
uly gyzyň diňdirip,
Neçüýn özüň uly ili aglatdyň.

Ýary giden kakam bir ýarym göwün,
A meň barym gitdi, barymdyň eje!
Dünýä sygman, kalpda galanda düwün,
Men seniň goýnuňa sygardym eje!

Diýmek sen dünýäden giňdiň ezizim,
Beýikdiň barlygyň bar zynatyndan.
Ýok, men asla ynanamok henizem,
Bu ogurlyk,
Dünýäň hazynasyndan.

Çäre ýok Alladan gelen ahwala,
Ýaşarsyň elmydam ýürekde eje.
"Adam başy daşdan gaty" wah ýöne...
Adam-da ýürek bar,
ýürek-dä eje

Gülşat ATAÝEWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: ahallydan | Теги: Gülşat Ataýewa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: