08:58
Epeý, hortap we maslahatçy / hekaýa

EPEÝ, HORTAP WE MASLAHATÇY

-Üh-he, üh-he! Mümkinmidir?!-diýip, etrap hukuk maslahathanasynyň açyk gapysyndan orta ýaşa ýakynlaberen, saçlaryna çala çal sepen erkek kişiniň hortap keşbi garady.
“Beh, bu edaraň ýagdaýy günde şeýlemikän-aý?! Ýa-da şu gün şeýtan meniň sabyr-kanagatymy synag terezisine mündürýämikän?” diýip, tukat oýlanan Oraz, başardygyndan ýüzüniň terzini biparhrak etmäge çalşyp, kürsüden turdy:
-Hawa agam, mümkindir. Geliberiň.
-Girmän nä?! Beterem gireris, inim! Hut, şu girmek üçinem şü ýana gelindi-dä!-diýip, hortap kişiniň aňyrsyndan kimdir biriniň hüňürdeýän sesi geldi.
Soňra aňyrdan görnen etli-ganly, orta ýaşlaryndaky adam, diwara gysylyp, özüne hormat bilen ýol beren hortap kişä süýkenip ötdi-de, dolmuş göwresini bosagadan geçirdi.
-Saglykmy, inim?!-diýip ol, epeýlik bilen salamlaşdy-da, oturmaga ýer saýlap töweregine nazar aýlady.
-Ine, bärik geçäýiň, ýaşuly!-diýip sypaýyçylygy elden bermeýän Oraz oňa boş oturgyçlary görkezdi.
Epeý pyýada ylalaşyjy baş atdy-da, sözüni dowam etdi:
-Jigi, men bu ýana maslahat soramaga geldim. Ine, büýem, meniň kömekçim!-diýip, oňa oturgyç süýşürip, oturmaga kömek etjek bolup, şol bir wagtyň özünde-de özüne ynanylan gymmatly hazynany – elindäki portfeli goltugyndan gaçyrmazlyga çytraşyp, onuň daş-töwereginde yşga gelen peýker kibi perwaz urýan kişä tarap, çala baş atdy.
-Jijim, meň özbaşyma firmam ba!-diýip, kömekçisiniň yhlasy wysal bolup, ep-esli wagtdan soň agyr göwresini oturgyçda, edil şa tagtynda oturan ýaly edip jaýlaşdyran epeý pyýada sesine nazym berdi:
-Tup-tutuşlygyna iki sany dükandan ybarat!-diýdi-de ol, özüniň dabara bilen yglan eden biçak wajyp habarynyň ýaş ýigide ýetiren täsirini görmek isleýäne çalymdaş, sözüniň arasyny böldi.
Emma ýaş hukukçynyň öz möhüm maglumatyna kän bir ähmiýet bermändigini görüp, muny öz ýanyndan onuň heniz juda gögeledigi, durmuşda nämäniň nähili agramynyň bardygyna düşünerden entek bijaý agzysaryjadygy bilen aklap, ýene-de sözüni dowam etdi:
- Onnoň meň şo dükanlamdaky satyjylammam hakyna tutma. Onnoň men ine şü,-diýip epeý pyýada ýene-de gapdalynda söm-saýak bolup, her bir tabşyrygy salym salman, gözüne gül salyp, bejit ýerine ýetirmäge desbi-dähil taýýar halda hatyrjem duran kömekçisine tarap başyny çala yrady:
-Kömekçim bilen olary günde-günaşa rewiz edýäs.
Her hili edip görýäs, üstlerini duýdurman gapyl basybam gördük, dükanlaň içine kamera-da goýup çykdyk.
Emma, onno-da, ol Ouşeniň on bir dostundan sapak alanlary ogurlygynyň üstünde-de tutup bilemzok, dükandaky kemçiliklerinem tapyp bilemzok.
Ýöne onno-da, ine şü,-diýip epeý pyýada ýene-de ýanynda durana ümledi:-kömekçim ikimmiz, o ogurlyk akademiýasyny gyzyl diploma gutaryp gelen jüwlüklere heýç ynanyp bilemmzok.
Heýç!
Düşünýäňmi, inim?!
Heýç-ç!
Teý janym ynanmyýa olara!
Näçe mysapyrsyran bolsalar-da, barybir aýagaldygyna gözüme çöp atyp, dükanlammy gündiziň güni talap-talap jüllükgöten tüwmaýak galdyryp barýandyklaryny iki bolup iki ýerden duýup ýatyrys!
Epeý pyýada öz sözleriniň Orazyň kellesinde mäkäm özleşmegi üçin puryja bermek isleýän ýaly, sözüne dyngy berdi.
Nämedir bir zadyny gözläp jalbarynyň jübüsini dörmäge başlady.
Şol pille ýanyndaky kömekçisi edil ussat gözbagçy ýaly howadan elýaglyk emele getirdi-de epeý pyýada uzatdy.
Epeý pyýada muny adaty bir bolaýmaly zat ýaly kabul etdi.
Äwmän-alňasaman elýaglygy aldy-da, derçirän maňlaýyny, boýnuny süpürdi.
Soňra elýaglygy kömekçisine gaýtardy.
Elýaglyk ýene-de howada eräp gidene çalymdaş, gürüm-jürüm boldy.
Epeý pyýada dowam etdi:
-Inni, kepiň juk-jukly ýeri, “şo ikisini ýaman zakonnyý ýol bilen näme edip bolýa?” diýip soramana geldik, inim biz şu ýere!
Oraz ýaýdandy.
Biraz geplemän oturandan soň özüne soragly garaýan goşa nazaryň öňünde ses-selemsiz durup bilmän, dil ýardy:
-Agam, bi meseläň bize degişli zat däl ahyryn!
Eger-de işgärleňňi ogurlyk etmekde güman edýän bolsaň, kanunda bellenen tertipde, çäk degişliligi boýunça polisiýa bölümine ýüz tutmaly ekeniňiz!
-Wah, jan inim, sen okuwly bolsaňňam, biziň bu,-diýip, epeý pyýada endik edip giden bolara çemeli, ýene-de kömekçisine ümledi:-kömekçim ikimiz ýalaky okuwsyzlary halys düýpgöter çöňňe-de hasap etmegin!
O diýýän polisgäň biziň birinji maňlaý dirän ýerimiz boldy.
Ýöne o taýda bir “nobatçy” diýip atlandyrylýan, gepe düşmez keçjal bar ekeni, şo bir aýdanyny tutup: “entek dükanyňyzda jenaýat bolmandyr, haçan-da jenaýat ýüze çykar, şonda ýüz tutmaga geliň” diýip, sanawaç sanaýan ýaly şol gaýtalap gidip otyr.
“A-how, jan dogan, o dükanymyň bar harydyny ogurlap tükedenlerinden soň, men size ýüz tutamda-tutmamda ne peýda?” diýip kepimi düşündirjek bolsam, o hötjet, gaýta: “Kanun şeýle, agam!” diýip tersimizden tutýa, bu kömekçim ikimiziň.
“Onna biz näme etmeli, inni?” diýsegem, “Hukuk maslahathanasyna gidiň, şo ýerde size ähli kanunlary bolmalysy ýaly edip düşündirerler” diýýä.
Onnoň bizem kömekçim ikimiz gaýdyberdik, bi ýana.
Kömekçim ikimiz.
Hä, inim?!
Gepini tamamlan epeý pyýada: “Ýeri, indi muňa näme diýersiň?” diýýän terzde, Oraza çiňerildi.
Oraz näme diýjegini bilmedi.
Ol dymyp oturmagy özüne uslyp bilmän, üstesine-de öňünde oturan epeý pyýadanyň aýdanlaryny kellesinde aýlamak üçin wagt utmakdan ötri:
-Agam, aýdýanlaryňyz-a düşündim welin, siz bu hukuk maslahathanasyndan näme isleýärsiňiz?!-diýip, soran kişi boldy.
Epeý pyýadanyň ýüzi ýagtyldy. Ol bogazyny arçady-da söze başlady:
-Inim, bi kömekçim ikimiz, hemmeje zadyň alajyny pikirlenip-pikirlenip, ölçerip-döküp, ahbetin oýlap tapdyk. Sen bir uly edaraň işgäri. Ýaňky polisge diýilýän ýere jaň etseň. Olaram, şol jenaýatçylary gabyrdadyp tutýançy, jyn ýaly spesnazlaryny şu gün gijara meniň dükanlamma ugratsalar…-diýdi-de, epeý pyýada, birden bir zat ýadyna düşen ýaly, Orazyň ýüzüne soragly äňetdi:
-Jigim, ýohha-da, sen şü “Tom Kukuruz” diýilýän iňlisiň, ýüpden asyl-asyl bolakga, se-re-wu bolup oýnaýançy kinosyny görüpmidiň özi?! Hä?!
Oraz sesini çykarman baş atdy.
Onuň baş atmasyny kanagatlanma bilen kabul eden epeý pyýada, ýene-de sözüni dowam etdi:
-Gören bolsaň, inim, ine, onnoň şol spesnazlaryň has ezberrägem, şo kinodaky Itan Hant kibi, biline demir ýüp dakakga, dükanymyň ýalpyldap duranja potologyndan dik başaşaklygyna sallanyp, jyňkyny çykarman gizlenip dursa.
Ýaňky kümsük satyjy ýekeje sakgyjy ogrynça kisesine salan dessine-de, şo kinoda edişi ýaly, howada aşyr atyp, dükanymyň ýalpyldap duranja poluna aýaklaýyn düşse.
Ýere düşüp-düşmänkä-de: “Biriňem butnaýmaň ýeriňizden! FBR! Ýüzüňizi ýere beriň! Bi ýanda OMON işläp ýatyr! Güpür-tapyr ýatybermeseňiz, özüňizden görüň, enesi ýalamadyklar! Ruki werh, ogry paşist!” diýip, bir demde jynssyz sesi bilen gygyraýsa, näder öýtýäň, inim?!
Oraz ilki düşünmedi.
Düşünendirin öýdenden soň bolsa, ol epeý pyýada oýun edýändir diýip çaklap, onuň ýüzüne şübheli nazar oklady.
Gara çyny.
Oraz näme diýjegini bilmedi. Ýeňsesini gaşady-da, sypaýyçylygyny saklap:
-Agam, kinolara köp tomaşa edýäňiz öýdýän?!
Epeý pyýada öz aralaryndaky gepiň gerdişine laýyk gelmeýän bu sowala, näme üçindir geň galmady.
Göwnübir jogap gaýtardy:
-Hawa, dagy nä, inim?! Bü mahal, inni şo kinolardan bir ýagşy zat öwrenäýmeseň, adamlarda-ha öwrenere, öýkünere gowulyk galmady. Kimi görseň, agzy ýetse iki çigninem çeýnejek. Onnoňam baryp-ha, biziň ýaş döwürlemmizde, Leýliniňem zynharlap ötenini aýdýadylar ahyry: “Bizler üçin kinolaryň içinde iň wajyby kinodyr” diýip…
“Öwrenilen endik örkleseňem durmaz” diýleni.
Orazam, mekdep okuwçylygyndan galan edähetine biygtyýar eýerip, epeý pyýada düzediş berenini duýman galdy:
-Lenin: “Sungatyň görnüşleriniň içinde biziň üçin iň wajyby kinodyr” diýen bolaýmasyn, agam?!…
Indi müňkürlik bilen söhbetdeşine çiňerilmek gezegi epeý pyýada geçdi. Ol öz sözüne düzediş berlenine haýsydyr bir görnüşde närazylyk bildirmäge ýetişmänkä, hälden bäri agzyna suw alan ýaly bolup, çetde söm-saýak duran kömekçisi öňürtdi:
-Jigi!-diýip ol, Oraza garşy hemleli owsundy:-Özüňden ulular bir zat geplände, olaryň pohunyň içinden monjuk agtaryp, köpbilmişsiräp oturman, işiň bilenjik bolubererler! Düşdüňmi?! Hä?! Ýa düşmediňmi?!
Ýaş oglan-da.
Orazyň girre gahary geldi.
Ol tasdanam: “Näme-eý, güjük?! Hojaýynyň elinden iýýän ýalyňy ödemekçi bolýaňmy?!” diýip, jabjynyp goýberýärdi.
Bar gazabyny gözüne üýşürip, zordan saklanaýdy.
Özüne basalyk bermek üçin dem salym dymyp oturdy. Soňam mümkin boldugyndan parahat geplemäge çytraşyp, dil ýardy:
-Ýaşuly, bu aýdýan ýagdaýyňyz boýunça biz size hiç hili kanuna laýyk maslahat berip bilmeýäris. Sebäbi hereket edýän kanunçylykda, amala aşmadyk etmiş üçin kimdir biriniň: “şol adam şeýle etmişi etmegi mümkin” diýýän çaklamasyna eýerip, kimdir birini jogapkärçilige çekmek göz öňünde tutulmaýar. “Cogitationis poenam nemo patitur” (Lat. Hiç kim pikirleri üçin jezalandyrylyp bilinmez), ýaşuly! Bu aksioma! Şol sebäpli-de, size bu aýdyp beren ýagdaýyňyz boýunça edip biljek kömegimiz ýok!
Ony ünsli diňlän epeý pyýada, birhili, Orazyň sözleri birbada aňyna ýetmedik ýaly, birsellem, lopbuş ýüzünde çyzyjak-gözlerini ýumjukladyp, seda çykarman oturdy.
Birdenem onuň sallanyp duran etlek ýaňaklary dym-gyzyl bolup, gyzaryp ugrady.
Ol tarsa ýerinden turdy-da, örboýuna galyp, özüniň äpet göwresi bilen Orazyň üstüne abandy.
Özünden uly adamlar dik durka oturmagyň edepsizlikdigi çagalygyndan gulagyna guýlan Orazam dikeldi.
Onýança onuň ýüzüne tiňkesini diken epeý pyýada, birhili, demi-demine ýetmän sojap gepläp ugrady:
-Sen-eý, burny sümükli, nä “inim-inim” diýilse, kelläň pyrlanýamy ýa?! Hä?!
Bu gödek sözlere, dessine gulagynyň ýeňsesi gyzyp giden Oraz, gaýtargy bermek üçin agzyny müňküldetdi.
Emma, epeý pyýada oňa dil ýarmaga maý bermedi.
Göýä, onuň agzyny hereketi bilen ýumdurmakçy bolýan dek, ellerini kelemenledip, kiçeňräk şöhlatça çalymdaş süýem barmagyny gözüne dürtäýjek bolup, gykylyga ýakyn gepini dowam etdi:
-Bi nä, baran gapymdan: “Munyň bolannok, onyň bolannok! Bar oňa git, bar muňa git!” diýlip, kowlup ýörülerim ýalaky, men nä, entäp ýören öýsüz-öwzarsyz itmi?! Hä?!
Biler bolsaň-eý, gögele, ýaňam aýtdym, ýene-de gaýtalamaga ýaltanammok! Meniň özbaşyma firmam ba! Tutuşlygyna iki sany dükanym ba! Il deňinde iliňki ýaly kömekçimem…-diýip, öz gykylygyna özi beleň alyp, sesini barha gataldyp gidip barýan epeý pyýada, sözüniň arasynda, eýesi kime küşgürse topulmaga taýýar halda, jüýje horaz kimin petekesini hüžžerdip, kellesini boýnuna ýygryp gapdalynda duran hortap kişä ümledi-de, öz aýdýanlaryna hasam nazym bermek üçin, lopbuk barmagyny dik ýokarylygyna çommaltdy:-…ba!!!
Diýmek, şu ýagty ýalançyda, özüne göwni ýetýänleň ykrar edýän zatlarynyň hemmejesem mende-de boldugy bolýa şo!
Ýöne, näme üçin, onda, mende şü aýdýanlammyň ählijesi barka, siz meniň aýdýanyma gulak gabartmaly dälmişiňiz-ä?! Hä?!
Ýa, näme, sylaňzokmy?! Hä?!
O ýaňky: “Komu satýaňyz piwänem, näme satyp otyň?!” diýen bolup, nemisçä bukup, diýjegiňi diýen bolup, iňlisçeläp oturmaňam näme-how, seň?!
Näme satsam-da öz dükanymda satýan.
Seňkide satammok, elbetde!
Dokuwmentlemmiňem hemmejesi düp-düzüw!
Näçe barlasaň barlaber, elbetde! Hä?!
Näme: “şü ýandan gaty bahym garaňy saýlamasaň, dükanyňa baryp, dokuwmentleňňi barlap başlaryn” diýip, boş haýbat atan bolýaňmy-eý, gögele?! Hä?!
Orazyň näme jogap berjegini bilmän ýaýdanyp durandygy sebäpli, epeý pyýada özüniň dolmuş göwresini hasam haýbatlandyryp çişdi-de, gazaply hem resmi keşbe girdi:
-Gepiň kelte ýeri, şu meseläm boýunça maňa maslahat bermegi men sizden talap edýärin!-diýip ol, özüniňkiden has asgyn taýpanyň hanyna paç salýan mongol kaganyna meňzäp, ýel berlen topa döndi-de, güberildi. Özem-özem burnuna salyp, eşidiler-eşidilmez hüňür-hüňür etdi:
-Gör-ä munyýnyň: “Bi aksowma!” diýen bolup, gele-gelmäşe, hol atgaýtarym daşdan aýlap, hiç zat edip bermänkä aklyk dilän bolup durşuny! Aksowma-aklyk gerekmiş bulara! Utanç-haýasam ýok bularyň! Eger-de elaklyk aljagyň çyn bolýan bolsa, ilki bir etmelije işiňi et-de, degerlije maslahat ber ahyry! Onsoň, saňa: “belaň sapynam berjekgä” diýip, aýak depip ýatan ýog-a! Elbetde, il näme berýän bolsa, bizem şony gysganjakgä ahyry...
Ertirden bäri her gelen müşderisi tarapyndan beýnisi gorjalana-gorjalana, kellesi sary garynjanyň hinine dönen ýaş hünärmen, çydamady.
Ol birdenkä ümzügini öňe atakga, stoluň üstaşyr epeý pyýada bilen alkymma-alkym boldy-da, onuň göni garaçygyna dikilip:
- A men bolsa siziň talap etmezligiňizi talap edýärin!-diýip, jynssyz azgyrylyp goýberdi.
Ziňk!
Hiýk!
Oslagsyzlykdan ýaňa epeý pyýadanyň ýumrugyny gaşap duran kömekçis-ä ziňkildäp gitdi.
Epeý pyýadanyň özüniňem bada-bat hynçgylawugy tutup başlady.
Ol hynçgylawugyny saklap bilmän, “hiýk-de-hiýk”, içini çekip durşuna, ýüzüni boz-ýaz etdi-de:
-Äý, ýo-laý…hiýk…bi…hiýk…bolmyýa-laý…hiýk…Bi, men bu edaranyň ketde başlygynyň ýanyna barmajak boldum welin, bolmaz-laý…hiýk! Bi, bu ýanda bir meýnisi bişmedik…hiýk…ýaş oglany goýupdyrlar…hiýk…olam…uly diýmän…hiýk…kiçi diýmän…hiýk…geleniň üstüne it bolup çöwjäp dur-laý…hiýk…“Aýryň-a-how, o ýarak itiňizi o ýandan!” diýmeseň bolmaz-laý…hiýk…-diýişdirip, hüňürdeý-hüňürdeý epeý pyýada, moýmudyklap, kabulhanadan ýeňsesini el ýaly etdi.
Onuň hortap kömekçisi bolsa, bosagadan ätläp barýarka: “Senjagaz-eý, entek dur bakaly! Bi, biziň hojaýyny nädäýdiň?! Hä?! Dörtburç dünýäniň bir künjünde mazaly sataşarys entek!” diýýän dek, az-kem köşeşmäge ýetişen Orazy awuly garaýşy bilen dalady.
Olar çykyp gidenden soň mejalsyz göwresini köne kürsä goýberen Oraz, özüniň ertirden bäri gerşi bilen daş daşan dek, endam-janynyň owum-döwüm bolup gelýändigini duýdy.
Birsalym sesini çykarman, gözüni bir nokada dikip oturandan soň, näme üçindir:
-Beýleki hünärleriňem-ä agramy ýetikdir welin, şü lukmanlar bilen hukukçylara-da Allanyň özi rahmet edip, sabyr-kanagat berewersin!-diýip pyşyrdady.
Ýene-de dymdy.
“Ýa, bu gün bärik gelýänleriň hemmejesi aklyndan azaşanmyka?! Ýa-da bu gün haýsydyr bir dälihana “açyk gapylar gününi” yglan edip, özlerinde bejergi berýän syrkawlaryny şähere gezim etmäge goýberäýdilermikä?! Özem: “Hemmäň diňe hukuk maslahathanasyna hökman maňlaý diräp gaýdyň” diýip, sargap-sargap ugradaýdylarmyka?!” diýip, içinden pikir öwrende, öz oýlanmasyna özüniň gülküsi tutdy.
Talyp ýoldaşlarynyň biri, özlerini hukuk psihologiýasy dersinden okadýan ýaşuly mugallyma, şuňa meňzeş sowal berende, ol ýeserlik bilen:
-Hemmeler gözüňe däli bolup görünýän bolsa, onda seniň özüň psihiatra ýüz tutmaly wagtyň golaýlan bolmaly!-diýip degşipdi.

Serdar ATAÝEW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 85 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 10
0
6 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Şikaýatçy bende ussat ogra satašan bolmaly...
Ýakyn tanşymyñ dükanynyñ işgäri ogurlygy iki bolup işläpdir.Ýagny,biri satyjy biri alyjy.Olar kamerada hiç hili şübhe döretmän ogurlyk etmegi başarypdyrlar.mes:Alyjy 80 manatlyk sowda edýãrde satyja 100 manat uzatýar.Satyjy hem pully çekmäñ içinde bildirmän 20 manadyñ içine 100 manady salýarda yzyna berip goýberýär we işden soñ alyjyñ öýünde harydy we puly paýlaşýar. smile

0
10 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ana, gör, olary! Gazanmaga gezek gelende adamlaryň kellesiniň sagdyn işleýşi hut hoşuňa geläýsin. cool

0
5 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Ýazyjy bolmak üçin ýadamany-ýaltanmany bilmän elmydama gözlegde bolmak gerek şoň üçinem iň kyn iş hasaplaýan

0
9 Bagabat   [Mowzuga geç]
Kynçylyk barada bir anekdot bar:

Çary atly, haýsy işiň başyna barsa-da edeni ugruna bolmaýan, kemyrsgal biri, öz garamaňlaýlygyndan halys ýadap, kart bilen pal atýan bilgije ýüz tutupdyr.
Bilgiç kartyny seçip, Çarynyň täleýine garapdyr. Ol keçäniň üstünde çaşyp ýatan kartlaryň arasyndan zenan şekili çekilen gara hatyny ("dama garga" diýilýär ýa-da Puşkiniň dilinde "пиковая дама" diýmeli) çekip çykarýar. Soňra ýüzüne kölege inderip:
-Çary jan ýakyn birki ýylda-ha, seniň öňüňde gowulyk ýok. Görjegiň görgi, etjegiňem bergi bolar!-diýýär. Soňam Çarynyň gam laýyna batyp ýüzüni sallandygyny görýär-de, oňa dözmän, ýene-de bir gezek onuň has alys ykbalyna garap bermegi teklip edýär. Çary az-maz ekezlenip razy bolýar. Palçy ýene-de kart seçýär. Ýene-de gözüni ýumup, düňderilgi kartlaryň çem gelenini çekýär welin, ýene-de açyp görseler gara hatyn diýýär. Onsoň palçy ýüzi boz-ýaz bolan Çara näme diýjegini bilmän:
-Äý soňam Çary jan öwrenişip gidýäň-le!-diýip, göwünlik beren bolupdyr diýýär. cool

0
4 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Serdar aga sen "şazadanyň şikäri" hekaýaňda gaplaňyň aýak hereketini inçelik bilen, ussatlarça suratlarlandyrýaň. Hekaýaň şol bölegini okap "Serdar aga nädip gaplaňyň aýak hereketini suratlandyryp bildika, ony suratlandyrmak üçin bir topar wagtyny sarp edip gaplaňyň wideosyna tomaşa etmeli bolandyr " diýip oýlapdym.

0
8 Bagabat   [Mowzuga geç]
Sag bol, minnetdar. Ýöne Gurbanmämmet Ýegenmyradowyň (ýazyjy, žurnalist, şahyr Çary Ýegenmyradowyň agasy) aýdyşy ýaly: "Şol gaplaňjyg-a ýaman gowuja gaplaňjyk bolup çykdy", meniňem özüme-de ýarady, şonuň garadangaýtmazlygy... biggrin

0
3 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Ýöne men iň kyn kesp ýazyjylykdyr diýip oýlaýan. Sebäbi ýazyjy diňe ýazyjy bolup galman näçeden näçe kesp-käri iň ownujak syrlaryna çenli bilmeli, bir topar zatdan başy çykmaly. Meselem ýazyjy eline pil tutup görmedik halyna daýhan hakynda eser ýazyp bilmez ahyryn, ýa-da deňize baryp görmedik halyna deňizi hem suratladyryp bilmez, suratlandyraýan ýagdaýynda hem ol eseri gowşak bolar.

0
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
@Gurgencli, elbetde, nämedir bir zat barada belli bir derejede okalar ýalyrak edip ýazmak üçin, ýazýan zadyňy gowy bilmelidigiň hakynda aýdýanlaryň bilen ýüz göterim-ä däl, müň göterim hem ylalaşýan. Ýöne, ýazyjynyň görmedik zatlary hakynda ýazyp bilmejekdigi baradaky pikiriň welin jedelli. Bu pikiriň maňa öz tejribämde bolup geçen bir wakany ýatlatdy. 1995-nji ýylda Owgan urşy, owgan ýetginjegi barada ilk-ä "Kagyzdan uçarjyk" atly hekaýany, soňam "Semender" atly powesti ýazdym. Onam halypa mugallymlaryň birine okamaga berdim welin, ol maňa: "Sen Owgan urşunda bolup gördüňmi?" diýip sorag beripdi. Ýaňy on alty ýaşyny dolduryp, on ýedisine giden gögelä... biggrin
Halypalarymyň biri özüniň dosty bilen geçen asyryň 70-nji ýyllarynda Azerbeýjanyň Baku uniwersitetine aspirantura okamaga baryşlaryny gürrüň beripdi. Halypamyň dostunyň ejesi türkmen, kakasy orus bolandygy sebäpli, ol Iwanow Allaberdi ekeni. Onsoň uniwersitetde iki aspirant öz ylmy ýolbaşçylary boljak ýaşuly azerbeýjan professory bilen tanşanlarynda, halypamyň dosty: "Men Iwanow Allaberdi" diýip özüni tanyşdyrypdyr welin, ýaňky professor äýneginiň üstaşyr seredip: "Eý bala! Iwan harda?" diýip gözüniň gyýtagy bilen ýere görkezipdir, soňam: "Alla harda?" diýibem asmana garşy gözüni göteripdir.
Şonuň ýaly, on ýedi ýaşda men nirde, Owgan urşy nirde?!
biggrin

0
2 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Ähli kesp-käriňem özüne ýaraşa kynçylygy bolýarda, elbetde

0
1 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Bu hekaýalary okap hukukçylaryň işem aňsat däl eken diýdim

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: